Light
Dark

Ýolötendäki Suw Howdanlar Bugarlaşyp Ýok Boldylar

Türkmenistanda döwlet gurluşy doly çöküp, halky daşyna gaçyp durka, ýurduň günortasy tomusyň ortarasynda gurakçylyga ýeňildi.

Wideolar Ýolöteniň 2 suw howdanyndan geldi. Hindiguş we Zanalny bentlerinden. Hindiguşda görülýän suwyň mukdary Murgap derýasynda akyşyň togtaýyş nokadyna gelendigini görkezýär. Ýolöten we töweregindäki ýerleşikleriň ýekeje suw çeşmesi bolan bu derýanyň mundan 4 ýyl öňki ýagdaýy bilen häzir ýagdaýyny deňeşdirer ýaly däl.

Derýanyň birnäçe km ýokarsynda ýerleşen Zanalny bendiniň howdanynda-da ýagdaý bir meňzeş. Bu ýerde birnäçe km kwadratlyk suw howdan gurap ýok boldy. 4 ýyl mundan öň bu ýerde-de aňyry ujy görünmeýän suw bardy. Indi bolsa, suwyň ýerini takyr bir meýdan eýeleýär.

Bu gorkunç waka hakynda bikanun hökümet tarapyndan hiç hili habar ýa-da maglumat berilmeýär. Halk bolsa, ýurdy terk etmek üçin goşlaryny taýýarlap, bähbitli gününe garaşýar.

Adatdan daşary ýagdaýyň yglan edilmegi gerekli bu hadysada häzirlikçe hiç kimden ses çykanok. Eger-de yzly-yzyna 2 ýyl Murgap derýasynda suw bolmasa, onda Türkmenistanyň günortasyndan Garagum kanalynyň kenarlaryna we beýleki welaýatlara köpçülikleýin göçleriň başlamagy mümkin.

Derýanyň guramagy hadysasynyň sebäpleri henize çenli doly belli däl. Emma, muňa Owganystandaky täze Taliban hökümetiniň syýasaty sebäp bolýandyr diýmek kyn bolmasa gerek. Türkmenistanda akýan derýalaryň her ikisi-de Owganystanyň içinden geçip gelýär. Talibanyň planynda diňe Murgap derýasy däl, eýsem öňümizdäki 2 ýylyň içinde Amyderýanyň uly möçberini hem Guşdepe kanaly arkaly almakçy.

Bu bolýan wakalara garamazdan, Türkmenistandaky bikanun hökümet Taliban bilen saçakly gatnaşmaga dowam edýär. Türkmenisandaky bikanun hökümet ýurduň geljegini howp astyna goýýar. Ýene 2 ýyldan soň suw ýetmezçiligi sebäpli ýurdumyz ýaşalmajak ýagdaýa gelip biler.

Islendik mesele köpçülige çykarylandan soň çözülmäge başlanýandyr.

Bolup geçýän wakalary bize Telegram arkaly ýetirip bilersiňiz ýa-da täzeliklerden dessine habardar bolmak üçin Telegram kanalymyza ýazylyp bilersiňiz

Logo_1080x1080

HSM Habar Youtube'da

Ýurdumyzda bolup geçýän wakalary ähli detallary bilen paýlaşýan HSM Habar Youtube platformasynda-da özboluşly wideolary paýlaşýar. Kanalymyza ýazylyp, soňky çykan habarlardan siz ilkinji bolup habarly boluň.

Komentariýa ýaz

Your email address will not be published. Required fields are marked *