Merkezi Aziýa döwletleri, Russiýa-Ukraina söweşiniň başlanmagy bilen Ýewropa’da ýüze çykan energiýa krizisinden soň, Ýewropa’nyň üns merkezine öwrüldi. 2022’nji ýyldan başlap, Ýewropa ýurtlary Merkezi Aziýa’nyň döwletleri bilen energiýa hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýa etmäge çalyşýarlar.
Merkezi Aziýa’nyň tebigy gaz baýlyklarynyň esasy oýunçylaryndan biri bolan Türkmenistan, häzirki wagtda Ýewropa’nyň esasy tebigy gaz üpjünçileriň biri bolmaga mümkinçilik gazanýar. Ýewropa Bileleşiginiň resmileri energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistan’yň ýokary derejeli wekilleri, şol sanda Brýussel’däki ilçisi bilen ýygy-ýygydan duşuşyklary geçirýärler.
Türkmenistan ýakyn ýyllarda ähli ugurlar boýunça köp mukdarda tebigy gaz eksport edip biler. Emma bu ýagdaýyň durmuşa geçirilmegi Russiýa’nyň rugsadyna bagly. 2024’nji ýylyň Mart aýynda Antalýa’da geçirilen Diplomatiki Forumda Türkmenistan’yň dünýäde energiýa boýunça dördünji orunda durýandygy we Günorta Ýolöten gaz ýatagynyň 27 trillion kub metrden gowrak tebigy gaz ätiýaçlyklaryna eýedigi bellenilipdi.
Bu wakadan soň, Türkmenistan bilen Türkiýe arasyndaky gepleşiklerde türkmen gazyny Türkiýe arkaly Ýewropa bazarlaryna üstaşyr geçirmek boýunça ylalaşyk baglaşyldy. Ýöne soňlugy bilen, Türkiýä’niň kesgitlän bahasy Türkmenistan’a peýdasyz bolandygy üçin bu ylalaşyk bozuldy. Netijede, Türkmenistan’yň ýer asty baýlyklary Russiýa’nyň dolandyryşynda bolup, Russiýa bu baýlyklary Türkmenistan’dan beýleki döwletlere eksport edýär we ondan gazanan girdejileri öz gaznasyna geçirýär.
Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda Ýewropa Bileleşigi üçin esasy strategiki hyzmatdaş bolmak mümkinçiligine eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistan’yň ýolbaşçylary Ýewropa Bileleşigi bilen köp ugurly diplomatiýa strategiýasyny durmuşa geçirýärler. Russiýa’nyň 2022’nji ýylda Ukraina döwletine garşy eden hüjüminden soň, Ýewropa ýurtlary Russiýa garşy sanksiýalar girizip, Russiýa’nyň energiýa bazarynda ornuny çäklendirdiler. Şeýle ýagdaýda, Türkmenistan dünýäniň iň uly gaz ýataklarynyň biri bolan Günorta Ýolöten’iň ätiýaçlyklaryna esaslanyp, gaz üpjünçiligi boýunça Ýewropa üçin möhüm oýunçy bolup çykyş edýär.
Ýewropa Bileleşigi 2019’njy ýylda Türkmenistan’da doly hukukly wekiliýet açyp, hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin strategiki gyzyklanmalaryny görkezdi. Şondan bäri, Türkmenistan’a sapar edýän Ýewropa’nyň işewür we resmi wekiliýetleriniň sany ep-esli artdy we bu iki tarapyň arasyndaky gatnaşyklary has-da güýçlendirdi.
Gysgaça aýdylanda, soňky on ýylda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistan’yň arasyndaky energiýa hyzmatdaşlygy ep-esli ýokarlandy. Russiýa-Ukraina söweşinden soň, Türkmenistan Ýewropa’nyň gaz üpjünçiligi boýunça strategiki we möhüm oýunçy hökmünde öz ornuny pugtalandyrdy.
Şeýle-de bolsa, Russiýa häzirki wagtda Türkmenistan’yň gaz baýlyklarynyň Ýewropa bazarlaryna çykarylmagynda esasy dolandyryjy roluny dowam etdirýär. Türkmenistan’yň ýolbaşçylary bolsa, öz baýlyklaryny geljek nesilleriň peýdasyna däl-de, daşary ýurtlara peýda getirmek üçin ulanýarlar.
Komentariýalar
İtalmaz Çörliýew
27 trilion kub metr gaz bar. Bu Türkmen halky üçin gaty ult uly bir rezerw Türkmenistanda 7 million halk bar, ýöne halky gedaý ýaşatýarlar. Gazynñ pullary nirede ey samsyk hökümet. Siziñ hemmäñiziñ gelejegiñiz ýokdur .
Merdan Meredov
Türkmenistan’a syýasy reforma gerek,
şeýle mümkinçilikden halk öz ygtyýarly bolmaklygy dikeltmeli.
Halk mertebesi bilen ýaşap biler we guşaklarynyñ(nesliniñ) gelejegi görüner.