Ýewropa Bileleşiginiň Daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Kaja Kallas’yň Türkmenistan’a gurnamakçy bolýan sapary ýatyryldy. Kallas’yň ofisindäki çeşmeleriň habaryna görä, 4’nji martda meýilleşdirilýän bu sapar garaşylmadyk şahsy sebäplere görä ýatyryldy. Saparyň ýatyrylmagy barada entek resmi beýanat ýok.
Ýewropa Komissiýasynyň Wise-prezidenti wezipesini ýerine ýetirýän Kaja Kallas, ÝB we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň ýygnagyna gatnaşmagy meýilleşdirdi. Mundan başgada, onuň maksatnamasynda, Türkmenistan’yň “prezidenti” Serdar Berdimuhamedow bilen gepleşikleri geçirmek plany bardy. Bu barada 28’nji Fewralda Kallas’yň ofisinden metbugat beýanatynda habar berilipdi. Ýöne, 3’nji Martda irden sagatlarynda bu resminama ÝB’niň daşary syýasat bölüminiň web sahypasyndan aýryldy.
Kallas’yň ofisi owal bu saparyň Mart aýynyň ahyryna çenli amala aşyryljakdygyny aýdypdy.
Birnäçe gün mundan öň Aşgabat’da geçirilen ministrler ýygnagynda Russiýa’nyň Ukrain topraklaryny basyp almak üçin başladan söweşiniň Merkezi Aziýa respublikalaryna edýän täsiri ýaly howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilipdi. Şeýle-de gündemde, 3-4’nji Aprelde Özbegistan’yň Daşkent şäherinde geçiriljek Ýewropa – Merkezi Aziýa sammitine taýýarlyk görüldi.
Kallas’yň Aşgabat saparynyň ýatyrylmagynyň Daşkent’däki geçiriljek sammite täsir edip biljekdigi entek belli däl.
Özbegistan’da geçiriljek sammite, Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Antonio Kosta we Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen’iň gatnaşmagyna garaşylýar. Ozal habar berlişi ýaly, sammite Özbegistan’yň prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýolbaşçylyk eder we Gazagystan’yň, Gyrgyzystan’yň, Täjigistan’yň hemde Türkmenistan’yň prezidentleri gatnaşar. Esasy meseleler, Russiýa’nyň Merkezi Aziýa döwletlerine ählitaraplaýyn edýän täsiri we ÝB döwletleri tarapyndan Russiýa garşy girizilen sanksiýalaryň, aýlanyp geçme ýollaryny kesgitlemek we bu döwletlerdäki howpsuzlyk pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek bolar diýilip bellenilýär.
05.03.2025











