Türkiýede saglyk ýagdaýynyň gitdikçe erbetleşýändigini gören Ýaranyň ýoldaşlary, ondan özüniň hassahana gidip, analiz tabşyrmagyny maslahat berdiler…
Türkiýede saglyk ýagdaýynyň gitdikçe erbetleşýändigini gören Ýaranyň ýoldaşlary, ondan özüniň hassahana gidip, analiz tabşyrmagyny maslahat berdiler…
Türkiýede saglyk ýagdaýynyň gitdikçe erbetleşýändigini gören Ýaranyň ýoldaşlary, ondan özüniň hassahana gidip, analiz tabşyrmagyny maslahat berdiler. Saglyk ýagdaýyna we ýoldaşlarynyň maslahatyna doly gulak asmadyk Ýaranyň, ýagdaýy barha-da agyrlaşmagy netijesinde ony ýurda ibermek kararyna barypdyrlar.
Bu karara garşy çykan Ýaranyň aýaly, hat-da, onuň Türkmenistandaky dostynyň öýüne baryp, “Siz göriplik edýäňiz. Şonuň üçin ony Türkmenistana yzyna ugratjak bolýaňyz” – diýip, goh turzup, Ýaranyň Türkmenistana gitmegini gijikdiripdir.
Ýagdaýyň has-da agyrlaşyp, iň bärkisi ýolda ýöremäge mejaly galmandan soň, ony Türkiýede işleýän aýal doganynyň kömegi bilen keskitli karar alyp, Türkmenistana ugratmak maksady bilen, Stambul howa menziline alyp barypdyrlar. Howa menzilinde aýaly bilen telefonda çekeleşen Ýaran, aýaly sebäpli Türkmenistana gitmezlik kararyny özbaşdak alypdyr. Onuň Türkmenistana gitmändigi barada, aradan birnäçe gün geçýänçä hiç kimiň habary bolmandyr.
Köp wagtlyk gözlegiň ugruna çykan ýakynlary, ony Stambulda hassahanadan tapypdyrlar. Hassahanada ony gören ýakynlaryna, Ýaranyň rak keselidigini aýdypdyrlar. Iň soňky derjesine gelen keseliň bejergisiniň ýoklygy onuň saglyk ýagdaýy hem aýdyp dur. Ýaran heniz hassahanadaka, ony ýurda ugratmak üçin onyň ýakynlary Stambuldaky Türkmenistanyň Konsullygyna ýüz tutupdyrlar. Konsullyk olary şol ýerinde kowupdyr. Şeýlelikde, Oktýabr aýynyň 22-de aradan çykan Ýaranyň jesedini Türkmenistana ugratmak üçin tanyşlary we ýakynlary ýene täzeden alada baryny edipdirler. Hassahanada birigen bergileriniň hem az däldigi habar berildi.
Ýurdumyzda bolup geçýän wakalary ähli detallary bilen paýlaşýan HSM Habar Youtube platformasynda-da özboluşly wideolary paýlaşýar. Kanalymyza ýazylyp, soňky çykan habarlardan siz ilkinji bolup habarly boluň.