Light
Dark

Türkmenleriň Russiýa’daky ölüm duzagy

“Bir adamyň hukuklaryny inkär etmek — onuň adamlygyny inkär etmekdir.”

2022’nji ýylyň 24’nji Fewralyndan bäri  Russiýa, Ukraina’daky alyp barýan ýurtbasar harby hereketleri üçin ýiti esger ýetmezçiligi çekýär. Esger ýetmezçiligini bolsa, işçi migrantlaryň üsti bilen üpjün etmegi dowam edýär. Bu hakyna tutma işinde Afrika ýurtlary bilen bir hatarda Merkezi Aziýa halklaryndan hem doldurulýar. Şol Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda Türkmenleriň paýy az däl.

Bu hakynda Hukuk goraýjy guramalar şeýle belleýärler.

“Russiýa Federasiýanyň, Merkezi Aziýa ýurtdaşlaryna migrant ýigrenji, milletparazlyk üstünden güýç ulanma, basgy etmeklik, deport etmeklik gorkusy üstünden Ukraina’daky ýurtbasar söweşe zor bilen, Russiýa’nyň Goranyş ministrligi bilen şertnama baglanyşmaga mejbur edilýärler.”

Human Rights Watch

“Merkezi Aziýadan gelen işçi migrantlar, dini garaýyşlary sebäpli ekstremist lakamy bilen töhmet ýöňkemek bilen,  Ukraina’daky ýurtbasar söweşe gitmekleri üçin şertnama baglanyşmaga zorlanýarlar.”

Business and Human Rights

“Reýdleriň dowamynda polisiýa bikanun migrantlary we resminamalarynyň möhleti geçen adamlary saklaýar, olara türme ýa-da deportasiýa bilen haýbat atýar. Migrantlara garşy toslama jenaýat işleri gozgalýar, bu ýagdaýdan soň olaryň öňünde diňe bir ýol — fronta gitmek galýar. Muňa meňzeş wakalar köp, emma bize edilýän ýüzlenmeleriň sany azaldy. Ýöne bu ýagdaýyň sebäbi, reýd wagtynda olaryň telefonlarynyň derrew ellerinden alynmagy bilen baglanyşykly diýip pikir edýärin — bu bolsa maşgalasy ýa-da ýardam soramak isleýän beýleki taraplar bilen habarlaşmagy mümkiçiliginden mahrum edýär. Şeýlelikde, kömek soramaga edilen synanşyklaryň öňi alynýar.”

Hukuk goraýjy Aleksandr Kim

Muňa mysal edip, Türkmenistanly ýurtdaşymyz şeýle aldawa we zorluk bilen söweşe ugradylan Toýly Ýazberdiýew’den we Yhlas Ataberdiýew’den habar ýokdur. Rüstem Anaweliýew,  Şükür  Hamanow, Myratjan Jumanazarow Ukrain tarapynda ýesirlikdeligi bilinýär.

“Ýaşamak isleýärin” ukrain proýektiniň we “Werstka” rus media guramasynyň maglumatyna görä,

“Russiýa tarapynda söweşýän Türkmenleriň sany ýüz ýetmişden üç ýüz altmyşa ýokarlandy”

Mundan başga-da, “Ýaşamak Isleýarin” ukrain proýektiniň ýakyndaky çap eden bilgilerine görä,

“Diňe 2025’nji ýylyň başlangyç 6 aýynyň dowamynda RF’iň Goranmak ministrligi bilen şertnama baglaşan Türkmenistanly hakyna tutma esgerleriň sany 122’ä ýetdi.”

Bu statistika syn salsak häli bilinmeýäň ýitgileriň has köp bolmagy çak edilýär. Türkmenistan’da ykdysady betbagtçylyk we adalatyň ýoklugy sebäpli ýurtdaşlarymyz janlaryny saklamak üçin gazanç gözleginde Russiýa çykmagy dowam edýärler.
Türkmenistan režimi, halkyň öňündäki borçlary bolan:

  1. Ýurtda konstitusion gurluşyny diri tutmak.
  2. Adalatly hukugy dikeltmek.
  3. Ýurtlaşlary dünýa standartlaryna laýyklykda bilim üpjün etmek.
  4. Ykdysady reformalary girizmek

— ýaly özgerdişleri yzarlamak ýerine, “asuda asman” ýalan propogandasyny dowam etmekligi makul görýärler.

Türkmenistan’y dolandyrýan režimiň “Bitaraplyk” propagandasyna garamazdan, şeýle akyldan uzak hereketleriň üsti bilen, Türkmenistan’y Russiýa’nyň basybalyjylykly urşuna tarap edýärler. Türkmen halkyny şahsy eýeçilikden uzak tutup halkyny ezik ýagdaýda, maşgala institutyny bozuk ýagdaýda tutup, ýurduň demografik gurluşyny ýykyk ýagdayda tutýarlar.

Islendik mesele köpçülige çykarylandan soň çözülmäge başlanýandyr.

Bolup geçýän wakalary bize Telegram arkaly ýetirip bilersiňiz ýa-da täzeliklerden dessine habardar bolmak üçin Telegram kanalymyza ýazylyp bilersiňiz

Logo_1080x1080

HSM Habar Youtube'da

Ýurdumyzda bolup geçýän wakalary ähli detallary bilen paýlaşýan HSM Habar Youtube platformasynda-da özboluşly wideolary paýlaşýar. Kanalymyza ýazylyp, soňky çykan habarlardan siz ilkinji bolup habarly boluň.

Komentariýa

  1. Merdan Meredov

    7 days ago

    Rus Imoeriýasy Türkistan topraklaryny basyp alanyndan bäri Türkmenleri öz bähbidine ulanyo gezdi:
    1) Awstriýa söweşi.
    2) Aklar-Gyzyllar söweşi.
    3) Dünýa söweşi.
    4) Owganystan.
    5) Ukraina.

Komentariýa ýaz

Your email address will not be published. Required fields are marked *