Light
Dark

Türkmenlere Türk Howa Ýollary Adalaty

Türk Howa Ýollary (THY) arkaly Daşkentden Stambula uçmak, Aşgabatdan Stambula uçmakdan 4 esse arzan. Munuň üstüne, Daşkent Aşgabada görä Stambula 1 sagat uzakda ýerleşýär. Iň ýakyn taryha we iň arzan baha bilen bilet alyp, Daşkentden Stambula gitmegi ýüregine dügen Özbek ýurtdaşy, $260 (3.130.288 UZS) möçberinde töleg töläp wizasyz ýagdaýda Türkiýä gidip bilýär.

THY-niň Özbegistan bilet satyşlary

Onuň ýerine, bir Türkmen ýurtdaşy iň ýakyn wagtdaky we iň arzan bahadaky bileti almak üçin $1087 (21.197 manat) çykdajy etmeli bolýar. Halkyň THY-den Türkmen manadynda bilet alma mümkinçilikleri hem ýok, diňe Amerikan dollary pul birliginde alyp bilýärler. Manatda alyp bilmeýänlikleriniň sebäbi ýurtdaky dollaryň 2 kursy bolsa gerek. Muňa goşmaça, wiza üçin hem wagt we maddyýat sarp etmeli bolýar. Şunça edilen zähmete garamazdan, wizasy çykman, bileti hem köýüp bilýär.

THY-niň Türkmenistan bilet satyşlary

THY-niň Türkmenistanda durumuşa geçiren adalatynyň aňyrsynda näme bar? Näme sebäpden Türkmenistanda satylan THY biletleri Özbegistanda satylana görä 4 esse gymmat? Gymmatlyga we böwetlere garamazdan, näme üçin adamlar Türkmenistandan gaçmaga yzygiderli synaşýarlar?

Islendik mesele köpçülige çykarylandan soň çözülmäge başlanýandyr.

Bolup geçýän wakalary bize Telegram arkaly ýetirip bilersiňiz ýa-da täzeliklerden dessine habardar bolmak üçin Telegram kanalymyza ýazylyp bilersiňiz

Komentariýa ýaz

Your email address will not be published. Required fields are marked *