Owganystanda yzly-yzyna bolan 3 sany ýertitreme Türkmenistanyň serhet ýaka şäherlerini hem bimaza etdi. Bularyň arasyndan iň köp…
Owganystanda yzly-yzyna bolan 3 sany ýertitreme Türkmenistanyň serhet ýaka şäherlerini hem bimaza etdi. Bularyň arasyndan iň köp täsirlenen Tagtabazar we Guşgy boldy. Waka ýerinden gelýän habarlar bolsa şeýleräk:
“Adamlar öýlerine girmäge gorkýarlar, çagalar aç-suwsuz, emma şol wagt biziň öýümiziň ýanyndan, Gurbanguly Berdimuhammedowyň adyndan Owgan doganlarymyza ynsanperwerlik kömegi, diýlip ýazylan üç sany uly ýük ulagy geçip gitdi.”
Bu sözler şol ýük ulaglaryny surata düşüren, Tagtabazarly ildeşimize degişli. Onuň iberen maglumatlary bize ýene-de bir gezek Türkmenistandaky sözde ”Döwlet” diýilýän guramanyň halka peýda bermeýändigini subut etdi.
Hat-da, ol ugradylan kömekler Owganystandaky Türkmenleriň hem eline geçmändir. Iberilen kömekleri beýleki milletler öz arasynda paýlaşypdyrlar. Emma, Baraman atly Türkmen obasy şu wagt aç-suwsyz, gijäniň sowugynda daşarda, 2 hepdeden bäri durmuş sürdürip gelýär. Olaryň aýtmagyna görä, garrylar we çagalar keselçilige tutulypdyrlar. Şu wagt ellerinde galan iň soňky azyklary hem sarp edendiklerini aýdýarlar.
Şol sanda, Berdimuhamedowlara ýakyn garyndaş, ýagny “ýegenler” ady bilen ýakasyny tanadan terror toparyň ilen-çalanlary Afrika ýurtlarynda guýy gazyp, mal öldürip, Afrikalylara sadaka paýlaýar. Bularyň bu häsiýetleri halkda uly nägilelikleri döretmäge dowam etdirýär.
Ildeşlerimiziň aýtmagyna görä,
“Adamlar gorkup, öýlerine girip bilmeýärler, bize ýertitremäniň boljakdygyny TMCELL telefonlarymyza sms ugratmady, hat-da, ýertitreme boldy diýip, garyndaşlarymyzy habardar etmek üçin ýazan hatymyzam gitmedi”
-diýip, özleriniň şular ýaly hadysalardan habardar edilmeýändiklerini, gaýta tersine habar bermek üçin ýazan “Ýertitreme boldy” diýlen söze-de, TMCELL tarapyndan gadagançylyk girizilendigini bize habar berdiler.
Ýurdumyzda bolup geçýän wakalary ähli detallary bilen paýlaşýan HSM Habar Youtube platformasynda-da özboluşly wideolary paýlaşýar. Kanalymyza ýazylyp, soňky çykan habarlardan siz ilkinji bolup habarly boluň.
Komentariýa
GökTürk .
Halka hyzmat etmeýän Döwlet sistemasyny hem işçi gatlagy ” hökimetdekileri ” ýok etmeli Halkyñ doly haky bar .