Türkmenistan’yň Statisitika baradaky döwlet komitetiniň resmi saýtynda 2022’nji ýylda Türkmenistan’yň ilatynyň 7 057 841 adamdan ybaratdygy barada maglumat ýerleşdirilen.
Dünýä Banky’nyň saýtynda ýerleşdirilen maglumata görä 2016’njy ýylda Türkmenistan’yň ilaty 5,7 mln. adam bolupdyr. Türkmenistan’yň Statisitika baradaky döwlet komitetiniň saýtynda berlen 2022’nji ýyl üçin ýurdumyzyň ilat sanyny göz öňünde tutup, 6 ýylda Türkmenistan’yň ilatynyň 1,3 mln. adam köpelendigini hasaplap bolýar.
Türkmenistan’yň Medeniýet ministrliginiň saýtynda ýerleşdirilen maglumatdan 2022-2023’nji okuw ýylynda Türkmenistan boýunça orta mekdebi tamamlaýan okuwçylaryň sanynyň 81882 ýetýändigini hasaplap bolýar.
Türkmenistan’yň Statisitika baradaky döwlet komitetiniň saýtynda ýerleşdirilen Durnukly ösüş ulgamynda global Gün tertibiniň durmuşa geçirilişi barada Türkmenistan’yň milli synynyň 82’nji sahypasynda Türkmenistan’yň çagalarynyň 99,6%’i orta bilim alýandygy barada maglumat berlen. Bu maglumaty, şeýle hem Türkmenistan’yň Medeniýet ministrliginiň saýtyndaky orta mekdebi tamamlaýan okuwçylaryň sanyny göz öňünde tutup, her ýyl dogulýan çagalaryň sanyny takmynan hasaplap bolýar. Hasaplanan maglumaty artdyryp, 1 ýylda dogulýan çagalaryň sanyny 85 müň diýip bellesek hem, 6 ýylda dogulan çagalaryň sany 510 müňden köp bolmaly däl. Bu sandan ölýän adamlaryň sanyny aýyrsak ilatyň 6 ýylda 1,3 mln. köpelmeginiň mümkin däldigini aýtmak bolar.
Komentariýa
Merdan Meredov
Medeniÿet ministrligini gurup bilen-“hökümetden” garaşyp boljak hereket.