Light
Dark

Türkmenistanyň daşyna çykarylmaýan okuwçylaryň ene-atalary adalat gözleýär

Lebap welaýatynyñ Çärjew şäherinde ýaşaýan bir ildeşimiz Oktýabr aýynyñ 23’ne Özbegistan’yñ Taşkent şäherine okuwa…

Lebap welaýatynyñ Çärjew şäherinde ýaşaýan bir ildeşimiz Oktýabr aýynyñ 23’ne Özbegistan’yñ Taşkent şäherine okuwa gitmek üçin Farap etrabyndaky Farap gümrükhanasyna baranynda, ony şol ýerdäki emigrasiýanyň işgärleri serhetden geçirmändir.

Hossarlardan Biri Bize Bolan Wakalary Biz Bilen Paýlaşdy

“Meniñ çagam Özbegistan’yñ Taşkent şäherine okuwa gitmekçi bolup, gerekli bolan ähli resminamalaryny öñünden taýýarladyk we kemsiz bir ýagdaýda Oktýabr aýynyñ 23’ne Özbegistan’a geçmek üçin Farap etrabyndaky Farap gümrükhanasyna geldik. Biz ol ýere baryp ýetenimizde, bizden başga-da 7-8 sany ýaş oglanlar we gyzlar Özbegistan’a okuwa gitmek üçin serhede gelipdirler. Netijede, çagalarymyz şol gümrükhananyñ pasport barlagyndan geçmekçi bolanlarynda, şol ýerdäki emigrasiýanyň işgärleri olaryñ hiç birinem serhetden geçirmän, yzyna ugratdylar.

“Bu Soragy Gidiň-de, Ýaşaýan Ýeriňize Degişli Bolan Migrasiýa Gullugundan Soraň”

Soñra biz, ene-atalar bolup, “näme üçin çagalarymyzy serhetden geçirmeýärsiñiz” – diýip, şol emigrasiýanyň işgärlerinden soradyk. Olar bize, “bu soragy gidiñ-de, ýaşaýan ýeriñize degişli bolan migrasiýa gullugundan sorañ, sebäbi şolar siziñ ýurtdan çykmagyñyza rugsat berenoklar”- diýip, jogap berdiler. Mundan başga-da, “gümrükhanadaky şol emigrasiýanyň işgärleriniñ özlerini alyp baryşlary gödek we tertipsiz. Biz bilen gürleşişleri gaty agyr we bizi sylaman haýbatly sözler bilen bize jogap gaýtarýarlar”- diýip, başyndan geçiren  ýagdaýlaryny bize gürrüñ berdi.

Uniwersitet Spisokda Ýok Diýdiler, Emma Bar Bolup Çykdy

“Farap gümrükhanasyndan biz yzymyza gaýdanymyzdan soñ, şol ýerdäki 7-8 sany serhetden geçip bilmedik Türkmen okuwçylaryň ene-atalary ýaşaýan ýerimize degişli bolan Lebap welaýatynyñ migrasiýa gulluguna baryp, ýagdaýy bolşy ýaly gürrüñ berdik we biziñ çagalarymyzy näme sebäpden serhetden geçirmeýärler” – diýip soranymyzda, siziñ çagalaryñyzy ugradýan Taşkentdäki Uniwersitetiñiz bilen Türkmenistanyñ arasynda ylalaşyk baglanşylmadyk we şol sebäpden serhetden geçirmeýäris” – diýip, jogap berdiler.

Özbegistana Okuwçy Ibermeli Däl Bahanasy Döredi

Soñra ol ene-atalar migrasiýadan çykyp, welaýat bilim bölümine baryp ýagdaýlaryny bolşy ýaly aýdypdyrlar. Bilim bölümi hem şol Özbegistan bilen Türkmenistanyñ arasyndaky ylalaşyk baglaşylan uniwersitetleriñ sanawyny çykaryp beripdirler we hakykatdan-da Taşkentdäki uniwersitet şol sanawyñ içinde bar. “Biz Bilim bölümüniñ beren resminamasyny alyp täzedan Welaýat migrasiýa gullugyna bardyk we alan resminamamyzy şol gulluguñ ýolbaşçysyna görkezdik. Gulluguñ ýolbaşçysy bolsa bu gezek bize bahana tapyp bilmän, “bize Oktýabr aýynyñ 23’den soñ Türkmenistandan Özbegistan’a okuwçy goýbermeli däl, Aşgabat’dan buýruk geldi we şol sebäpden biz sizi ýurtdan çykaryp bilemzok”- diýip jogap beripdir.

Meselä degişli bolmaýan sözde “Ministirlikler” Bilen Başagaý Edişlikler

Migrasiýadan kanagatlanarly jogap alyp bilmedik ene-atalar, soñra Çärjew şäheriniñ Poçta gullugyna baryp, 4 sany sözde Ministirliklere arza ýazýarlar olar, 1. Sözde Daşary işler ministirligi. 2. Sözde Adalat ministirligi. 3. Sözde Bilim ministirligi. 4. Sözde Içeri işler ministirligi. Bu Ministirliklere jemi 16 sany ene-ata arza ýazýar. Ýazan arzalaryny degişli ministirliklere ugradanlaryndan soñ, 4 sany ene-ata, Aşagabtdaky migrasiýa Ministirligine gidyärler we başyndan geçirenleri gürrüñ berip Ministirlige degişli arza ýazandyklaryny aýdýarlar. “Olar bize ýazylan arzanyñ jogabyna garaşmagymyzy tabşyrdylar. Netijede ol ýerdenem kanagatlanarly jogap alyp bilmedik” – diýip, çykgynsyz güne düşendigini dile getirdiler

Akyl Daşy Şertiň Goýulmagy

Soñra welaýatymyzdaky migrasiýa gulluguna baryp 4 sany degişli Ministirliklere arza ýazandygmyzy aýtdyk. Bu gezek bize migrasiýa gullugynyñ ýuristi bolan Babamyrat diýilýän bir şahs: “Eger-de, şol 4 ministirlik, ýazylan arzalary seljerenlerinden soñ, hemmesi hem bir agyzdan siziñ çagalaryñyzyñ ýurtdan çykmagyna rugsat berseler, biz çykaryp bilýäs. Eger-de, içlerinden birisi rugsat bermese, onda biz hem siziñ çagalaryñyzyñ  ýurtdan çykmagyna rugsat bermeris” – diýip, jogap berendigini we şular ýaly zerur bolmadyk işler bilen, ýurduñ hökümeti bilkastlaýyn öz halkyny meşgul etdirýändiklerini gürrüñ berdiler

Islendik mesele köpçülige çykarylandan soň çözülmäge başlanýandyr.

Bolup geçýän wakalary bize Telegram arkaly ýetirip bilersiňiz ýa-da täzeliklerden dessine habardar bolmak üçin Telegram kanalymyza ýazylyp bilersiňiz

Logo_1080x1080

HSM Habar Youtube'da

Ýurdumyzda bolup geçýän wakalary ähli detallary bilen paýlaşýan HSM Habar Youtube platformasynda-da özboluşly wideolary paýlaşýar. Kanalymyza ýazylyp, soňky çykan habarlardan siz ilkinji bolup habarly boluň.

Komentariýa ýaz

Your email address will not be published. Required fields are marked *