Uniwersitetiň ýolbaşçylaryna “watandaşlarymyza goldaw berenligi üçin” minnetdarlygyny bildiren konsulyň “aladasyndan” soň, Türkmenistanly talyplaryň başyndan geçirenleri…
Uniwersitetiň ýolbaşçylaryna “watandaşlarymyza goldaw berenligi üçin” minnetdarlygyny bildiren konsulyň “aladasyndan” soň, Türkmenistanly talyplaryň başyndan geçirenleri…
HSM Habar telegram kanalymyzda belleýşimiz ýaly Russiýa’nyň Stawropol şäherinde okaýan Türkmenistanly talyplaryň wakasy şeyle ýagdaýda orta çykypdy.
Wideoda görnüşi ýaly 2025’nji ýylyň 6’njy Martynda Türkmenistanly talyplaryň üstüne Russiýa’nyň hukuk goraýjy işgärleri hüjüm etdiler.
Bu wakanyň başy okuwdan çykarylan Demirgazyk Kawkaz Federal Uniwersitetinda okaýan Türkmen talyplaryna degişli resminamalary yzyna gaýtarylyp berilmänligi we talyplaryň arza-şikaýatlary diňlenmänligi sebäpli başlapdy.
Wakanyň dowamynda bolsa, Türkmen talyp gyzynyň Rus polisiýasy tarapyndan urlandan soň bu gyzy goramaga milt eden talyp ýigitleri polisiýa işgärleri zor bilen ellerini gaňyryp, ýerli polisiýa bölümüne alyp gidipdi.
Türkmenistanly talyplar, Stawropol ülkesiniň adam hukuklary boyunça wekiline, Nikolaý Lisinski’ýe: diskriminasiýa, mejbury okuwdan çykarmalary, pasportlarynyň zor bilen ellerinden alynmagy we bikanun administratiw tussag edilmeler barada arza bilen ýüz tutdylar. Arzada talyplaryň Kursk we Belgorod sebitlerindäki yokary okuw jaýlaryna geçmäge mejbur edilmekçi bolunýandygy bellenilýär.
Şol bir wagtda, olar saýlan ýokary okuw jaýlaryna geçmek üçin zerur resminamalary almakdan bikanun görnüşde mahrum edilip, dokumentleri ellerinden alynyp, zor bilen umumy ýaşaýyş jaýyndan çykaryljakdyklary bilen haýbat atylandygyny aýdýarlar. Mundan başga-da, talyplaryň aýtmagyna görä, polisiýa olaryň hukuklaryny bozýan gödek hereketler amala aşyrypdyr.
7’nji Martda talyplar uniwersitet binasynyň daşynda ýygnanyp, hukuklaryny talap etdiler. Talyplaryň protest aksiýasy uniwersitet işgärleriniň çagyran güýç ulanyjy organlary tarapyndan dargadyldy, azyndan 7 adam tussag edildi. 8’nji Martda bolsa, olaryň umumy yaşaýyş jaýlaryna reýd geçirildi.
Habar berilişine görä, Demirgazyk Kawkaz Federal Uniwersitetinde harby temada gürrüňdeşlikler we tanyşdyryş çäreleri giňden geçirilipdir. Russiýa’nyň Ukraina’daky basybalyjykly uruşuna höweslendirmek çäresimi?
Näme sebäpden Turkmenistanly talyplary ölüm-ýitimli, söweş hereketleriniň dowam edýän sebitleri bolan, Kursk we Belgorod’a göçirilmäge synanyşylýar?
Talyplaryň wakasy bu tanyşdyryş çäreleri bilen baglanyşykly bolup bilermi, henize çenli belli däl.
13’nji Martda Türkmenistan’yň Russiýa’daky konsuly Gadam Ilamanow uniwersitetde Türkmenistanly studentler bilen duşuşdy. Uniwersitetiň metbugat bölüminiň habaryna görä, okuw şertleri, mesele çözgütleri we indiki ädiljek ädimler hakynda gürrüňdeşlik geçirildi – diýilýär. Ýöne, Gadam Ilamanow’yň geçiren wagyz çäresiniň doly mazmuny köpçülik bilen paýlaşylmady.
Uniwersitetiň ýolbaşçylaryna “watandaşlarymyza goldaw berenligi üçin” minnetdarlygyny bildiren konsulyň “aladasyndan” soň, Türkmenistanly talyplaryň uniwersitete tölän pullary gaýtarylyp berilmän, üstüne wizalary hem ýatyrylypdyr.
Türkmenistan’yň watandaslarynyň hak-hukuklaryny, howpsuzlygyny goramak göniden-göni borjy bolan Türkmenistan tarapy, öz ýurtdaşlaryna eýe durmaklykda başarnyksyz we islegsiz hereketlerini dowam edýändikleri ýenede bir gezek subut boldy.
Ýurdumyzda bolup geçýän wakalary ähli detallary bilen paýlaşýan HSM Habar Youtube platformasynda-da özboluşly wideolary paýlaşýar. Kanalymyza ýazylyp, soňky çykan habarlardan siz ilkinji bolup habarly boluň.
Komentariýa
Merdan Meredov
Ýaşlar ýurduň gelejegidir.