Türkmenleriň Rus basybalyjylaryna garşy aýaklanmalary we watanlaryna eýe çykmak ugrundaky eden (milli) söweşleri Sowetler tarapyndan dünýä köpçüligine “Basmaçylyk” diýip tanadylýar we dünýä literaturyna-da şeýle bir ýalňyşlyk bilen girýär.
Türkmenleriň Rus basybalyjylaryna garşy aýaklanmalary we watanlaryna eýe çykmak ugrundaky eden (milli) söweşleri Sowetler tarapyndan dünýä köpçüligine “Basmaçylyk” diýip tanadylýar we dünýä literaturyna-da şeýle bir ýalňyşlyk bilen girýär.
Gurbangeldi GUTLYÝEW
Terjime eden: Serdar ATAÝEW
Basmaçylyk Hereketi Bolşewikleriň Hokand Özbaşdak Jemhuriýetini ýykmagy (1918) bilen orta çykdy we gysga wagtyň içinde tutuş Türkistan’a ýaýrapdy. Şolar ýaly-da Türkmenistan’a (ol döwür Türkmenistan adyny almadykdy) hem gelip ýetipdi. Jüneýit Han’yň tutanýerli söweşi saýasynda, Türkmenistan – bu hereketiň merkezi gonalgasyna öwrüldi diýen ýalydy. Ruslara garşy bu ugurda söweş edenleriň asyl maksatlary Türkmenistan’y Rus imperiýasynyň elinden gutuldyrmak we bu geografiýadaky Rus barlygyny soňlandyrmakdy. Gynansak-da, watanlarynyň gutulyşy üçin beren bu gutly söweşleri olary halk içinde Gahrymanlar bolup tanalmagy üçin ýetmedi. Sowet režimi olaryň bu söweşleriniň talaňçylyk hereketidigini we bu hereketiň-de, Iňlis goldawy bilen edilýändigini öňe sürdi. Watanlarynyň we milletleriniň gutulyşy üçin söweş eden Jüneýit Han we Eziz Han ýaly Türkmen öňdegelenleri üçin Sowet režimi döwründe her näçe garalaýjy ýazgylar ýazylyp, olaryň garşysyna dürli ýazgarmalar çykarsalar-da, olaryň hiçbiri bu gahrymanlary halkyň kalbynda ýer etmeginiň öňüni böwetlemäge ýetmändir.
“Basmaçylar”, olar barada ýaramaz bir at bolup, bu at juda ýalňyşdyr. Çünki “basmaçy” sözi bilişimiz ýaly talaňçy, galtaman, bandit diýmekdir. Emma Türkmenistan’da, Sowet häkimiýetine garşy söweşenler basmaçy ýa-da talaňçy däldirler. Olar ýöne ýere ýazyksyz kişileriň janyna gyýan we malyna el goýan kişiler däldirler. Olar bilen Gökdepe söweşinde Ruslar’a garşylyk beren gahrymanlaryň arasynda tapawut ýokdur. 1881’nji ýylda Sarlyk Russiýa’sy Türkmenleriň ýerlerini basyp alýarka, Türkmenler Ruslar’yň ‘boýun bol’ diýmegine uýman olar bilen söweş etmegi nädip göze alan bolsalar, nädip Gökdepe söweşinde Nurberdi Han, Magtymguly Han ýaly gahrymanlar halkyna baş bolup soňky damja ganlaryna çenli söweşen bolsalar, şonuň aýnasyny-da Türkmenler XX ýüzýylyň başlarynda (1918-1924) Türkmenistan’da Ruslar’yň häkimiýetini ýaňydan janlandyrmak isleýän Sowetlere garşy alyp bardylar. Edil Gökdepe söweşinde boluşy ýaly XX ýüzýylyň başlaryndaky Türkmenleriň Garaşsyzlyk söweşinde hem Eziz Han we Jüneýit Han ýaly Gahrymanlar Türkmen halkyna baş bolup, Ruslar’a garşy söweşlerini dowam etdirdiler. Resmilikde Basmaçylyk söweşleriniň bolan ýyllary 1918-1924 bolup görkezilse-de, aslynda kiçi gapyşmalar 1936’njy ýyla çenli dowam edipdir. Türkmenler Ruslar’a garşy 20 ýyllap garşylyk beripdirler, olaryň munça wagtlap garşylyk görkezen döwri ýoklukly we kynçyly bolup, olara aňsat düşmändir.
Ruslaryň iň köp çekinen ülkelerinden biri Türkmenistandy. Türkmenleriň Ruslar’a beren gorky ýönleri, Özbekleri ýatdan çykardypdy.
Iň ajysy-da Türkmenleriň Rus basypalyjylaryna garşy aýaklanmalary we watanlaryna eýe çykmak ugrundaky eden (milli) söweşleri Sowetler tarapyndan dünýä köpçüligine “Basmaçylyk” diýip tanadylýar we dünýä literaturyna-da şeýle bir ýalňyşlyk bilen girýär. Sowet taryhçylary bu işde üstlerine düşeni gowy ýerine ýetiripdirler we şeýlelik bilen ýasama bir Sowet taryhçylygy doglupdyr. Ýalanlar bilen doly bu ýasama Sowet taryhçylygy diňeje Sowet bähbitleri dogrusynda hereket edipdir we ony bu maksat bilen ýazyp pozupdyrlar. Sowet bähbitleri üçin olar bilimden ýüz döndüripdirler. Hut şonuň üçinem gerek Türkmenistan’da bolsun, gerek bolsa Türkistan’yň beýleki ýerlerinde Sowet häkimiýetine garşy edilen bu milli söweşlere “Basmaçylyk” ýagny “Galtamançylyk”, “Talaňçylyk” diýip atlandyrypdyrlar. Sowet taryhçylygyna görä Sowetler bir “Gutuldyryjy (Halasgär)”, olara garşy çykanlar bolsa galtaman ýa-da talaňçy toparlar diýip kabul edilipdir. Olar barada okuwlarda-da şol görnüşde öwredilipdir. Sowetler näme üçin beýle bir ýalany gerekli gördi? Jogaby gaty ýönekeý, ony etmek bilen Ruslaryň öz basybalyjylykly hereketlerine sebäp hökmünde “Mejburlyk” ýagdaýy gazandyrmakdy. Muňa Türkmen taryhynyň biraz öňünçäsine gitsek has hem gowy aňlaşyljakdyr.
Türkmenler Sar (Rus patyşasy) goşunlaryna we goňşy hökümdarlarynyň (Hywa, Buhara we Eýran hökümdarlary) çozuşyna garşy uzyn we ganly söweşler görkezipdiler. Sarlyk Russiýa her ýyl ýaňy (täze) ýerleri ele geçirseler-de, Türkmen topraklarynyň içine atan her ädimleri iki tarapdan hem ýüzlerçe kişiniň ýaşaýşyny soňlandyrmagyna ýol açdy. Bu ýagdaý şöhrat düşgüni bolan Rus generallaryny gaharlandyrdy we olaryň her biri Türkmenleri doly ýok etmek adyna bir-birine meňzeş düşünjeleri dile getirdiler. Rus generallarynyň özleriniň basyp alyşlaryna hökmany ýagdaýy gazandyrmak üçin aýdanlaryndan käbirleri şulardy:
“Men Türkmenleriň bize garşy ap-açyk duşmanlarça hereketlerini göz öňünde tutup, olaryň dolulygyna ýok edilmekleri hak boldy diýip düşünýän”
General Golowaçow
“Türkmenler ýerýüzüniň gara tegmilidir, bu bolsa ynsanlyk üçin utançdyr”
General Grodekow
“Diňe ýekeje zat, soňunda bu talaňçy ýuwasyny (Türkmen ýurduny) ýok etmek gerekli, bu gaty ýüzgaralykdyr we biziň döwrümiziň tegmilidir. Bütün Orta Aziýa, Horosan, Owganystan, Buhara, Hywa biziň bu ýabany wagşylary, gorkusyz talaňçylary ýok etmegimiz üçin garaşýarlar“
General Lomakin
Şular ýaly sözler bilen basyp alyşlary üçin özlerine görä bir ýer taýýarlamak ýoluny saýlapdyrlar. Rus generallarynyň duşmanlarça aýdan bu sözleri, Türkmenlere talaňçy diýilmegi Sarlyk Russiýasynyň Türkmen topraklaryny basyp alan wagtlarynda başlandygyny görkezýär.
Ýogsam bütün zat Sarlyk Rusýanyň basypalyşlarynyň üstüni örtmek we “basyp almaga mejburdyk” diýen ýaly aňlaty üçin baş goşulan bir hileleridimi? Bu soraglaryň dogry jogabyny bilmek üçin bir deňeşdirme etmegimiz ýeterlik bolar. Meselem Sowetler 1917 Oktýabr Rewolýusiýasy bilen köne Sarlyk Rusýanyň mirasyna el goýmak uçin Türkistan’y we Türkmen ýurtlaryny ýaňydandan basyp almaga başlady. Türkistan’da Rus sömürgeçiligine garşy söweşen Türkistan göreşijileri Bolşewikler tarapyndan Basmaçy diýilip tanadyldy. Bu ýol bile olaryň we halkyň arasyna diwar çekmek islediler. Muňa garamazdan “Basmaçylaryň” talaňçy ýa-da galtaman bolmandyklary hut ol ýerde söweşen Rus kommandir Frunze tarapyndan ýalanlanypdyr. Rus ýazary Basmaçylaryň beýik şöhrata eýediklerini aýdypdyr. Ol wagtky gaty Sowet režimi sebäpli Söwet döwri eserleriň hemmesine-de Basmaçylaryň talaňçy we galtaman bolandygy baradaky birmeňzeş düşünjeler öňe sürdürilipdir. Olaryň talaňçylygy Angliýa’dan goldaw alynyp edilýändigini we maksatlary bolsa, Türkistan’y Sowet Russiýa’dan goparyp köne režimi gurmak bolandygyny aýdypdyrlar.
Sowet režimi basybalyjylyga garşy duran Türkmenlere-de “Basmaçy” adyny dakypdy. Has öňünçäde aýdylyşy ýaly Sar generaly Lomakin Türkmenlere “talaňçy” adyny dakypdy. Arkasyndanam Gökdepe söweşleri bilen Türkmen topraklary basyp alynypdy. Ýokarda dogry jogabyny aran soragmyza şeýle jogap berip bileris: Sarlyk Russiýa öz basyp alyşlaryny örtmek we oňa mejburylyk gazandyrmak üçin beýle bir ýola, Türkmenlere talaňçy diýmäge baş goşmaly boldular. Şeýlelik bilen Ruslara Türkmenistan’y sessiz-sedasyz basyp almak üçin “hakly bir hakykaty“ orta goýduklary bolýar. Ýogsam-da ne Türkmenler ne-de Türkmen ülkesi “Talaňçy ýuwasy” diýip ele alynmazdy. Aslynda Türkmenleriň nähili medeni bir millet bolandygy bu ýerik gelen gezginleriň gezginýazgytlarynda we käbir doktor tezlerinde görkezilendir. Bu temada Mehmet Emin Efendi (2000) we Muhammed Zahir Biginiň gezginýazgytlary (2005) bilen Jihad Jihanyň (2010) taýýarlan doktora tezinden aýratynlykda bilgi edinilip biliner.
Sowet häkimiýetlerine garşy söweşenleriň talaňçy toparlar bolmandygyny orta goýmak üçin birnäçe aýratynlyga açyklyk getirmegiň ýaramly boljagy düşünilýär. Onuň üçin ilkinji bolup ol günleriň kişisanyna bakylmagy gereklidir. Meselem 1920’njy ýylda 640.844 kişi ýaşaýjysy bolan Horezmiň 1922-1923 ýyllarynda bu kişisany 460.905 kişä düşendigi bilinýär. Kişisanynyň azalmagy 179.939 kişidir we juda uly ýitgidir. Bu azalma basmaçylaryň belli bir halk köpçüliginden emele gelendigini görkezýär. Ýagny halkyň köp bölegi olara goldaw berýärdiler. Eger beýle bolmasady Horezm kişisanynyň bular ýaly az wagtyň içinde beýle uly ýitgi bermegine getirmezdi. Bu ýitgi Horezm halkynyň ¼’den hem kändir. Elbetde bu ýitgi üçin ýekeje açyklama bolupbiler, olam ýokarda aýdyşymyz ýaly Basmaçylar halkyň belli bir bölegine eýedi. Horezm halkynyň uly bölegi Basmaçylara goldaw beripdi. Bu ýagdaý Türkistan’yň beýleki ýerleri üçinem degişlidi. Bular barada Frunze şeýle diýýär: “Basmaçylar aslynda talaňçy däldiler. Beýle bolsady olary bireýýäm ýok ederdik. Basmaçylygyň asyl güýji, öňki häkimiýetlere gaharlanan müňlerçe ynsandyr”. Bu ýerde Frunze bir çyna barmak basypdyr, ol-da Basmaçylaryň Sowet goşunyna garşy belli bir güýç toplandygydyr. Ýagny bulam bize olaryň bir talaňçy topary bolmandygyny görkezýär. Çünki talaňçy ýa-da galtaman toparlary hemişe kiçi toparlardyr we bir goşun garşysynda esasanam Sowet goşuny garşysynda durup bilmegi mümkin däl. Hut şunuň üçinem Frunze “eger olar talaňçy bolsady bireýýäm ýok ederdik” diýipdir.