Light
Dark

Türkmenistanda diniň öwüşgünleri

Türkmenistanda din wagtal-wagtal öz ugruny syýasata görä üytgedip durýar. Muňa ýakyndan düşünmek üçin men hem bu sahypada yz galdyrmaga karar berdim. Aşakda gürrüňini ýazjak wakam Türkmen jemgyýetinde gürrüňi açyk edilmeýän, emma edilmegi hökman bolan hakykatlardan biri.

2016-2018-nji ýyllarda käbir şahslar akyl almaz zatlary başyndan geçirdiler. Olaryň käbiri bir gijede ýitirim boldylar, soňra tussaghanalardan çykdylar. “Dini söhbetlere gatnaşýar”, “namaz okaýar” diýip wahabistlik bilen günäkärlendiler. Olaryň öýlerinden ähli öý goşlary alnyp aýaly we çagalary dört diwaryň içinde hiç zatsyz galdyryldy, elektrikleri hem kesildi. Içeri alynan şahslaryň garşysyna gözgyny usullar ulanyp, beýleki ýoldaşlarynyň atlary orta çykarylmaga synanyşyldy. Ýoldaşlarynyň ady berilmese bir-birden el-aýagynyň dyrnaklary çekildi, toga tutuldylar, uky wagty urup ýatyrmadylar. Bu ýagdaýa garşy durup bilmän ölen dost-ýarlarymyz bar.

Tussaghanalardan syzylyp çykan bu gözgyny ýagdaýlar bizi hem howsala saldy, binjalyk edýärdi. Ýokarda agzalan sahnalar nirede, haçan we nähili ýagdaýda başyňa geljegi gümana, gorky bilen işe gidip gelinýärdi. Indi size şol wakalardan birini ýakyndan gürrüň bereýin. Men bu wakany size öz başyndan geçiren bir pidanyň agzyndan göni boluşy ýaly ýazýaryn.

— Bir gün irden işe geldim, müdir yzyma öýe ugratdy. Ugradylmagymyň sebäbi, öýi dini kitaplardan arassalamakdy. Polisiýa işgärleri deň-duşlarymyzyň öýlerine duýdansyz basyşlar edip başlapdylar. Dini hasaplap boljak islendik zat günä hasaplanýardy. Öýde kitap, žurnal köpdi. Ýolda öýe gelyärkäm kitaplary nädip ýok etjegime çäre pikirlenip, çäräni ýyrtyp ýakmakda tapdym.

Ejem işden biwagt gaýdyp gelenime geň galdy. Maňa meseläni düşündirmek, ejeme-de düşünmek kyn bolsa-da, ýeňilräk görnüşde gorkuzmajak bolup düşündirdim we dessine ejem bilen işe goýuldyk. Ojakdaky ýüz litrlik gara gazany suwdan dolduryp kitaplary sahypa-sahypa ýyrtyp ýakyp başladyk. Gepiň gysgasy, gazandaky suw gaýnap bir garyş kemelýänçä kitap ýakdyk. Ol gün ejem ikimize adaty däl gün boldy. Eden işimiz bizi ruhy tarapdan basdy, çökerdi.
Dini ses ýazgyly CD-ler hem bardy. Birini ýakyp gördük erbet ys we tüsse çykdy. Goňşular bimaza bolup howlynyň haýatyndan bizi synlar gorkusy bilen galanyny ýakmadyk.
Gurhan kitaplar we içi arapça ýazgyly beýleki kitaplary ýyrtyp ýakmana elimiz barmady. Olary gat-gat paketler bilen soňra uly mazutly kagyz bilen berk dolap, gonamçylyga äkidip merhum kakamyň baş ujyna gömdim.
Sumka doly CD-leri ýoklamagyň çäresini Amy derýa zyňmakda tapdym. Derýa ýetýänçäm jeňňelde adam görsem uzaklaşdym. Amatly gören ýerimde ulagy saklap, CD-leri suwa elimiň ýetdigiçe uzaga zyňdym. Garaňkyny düşürip öýe yzyma geldim.

Ertesi gün müdir ýagdaýymy soranda öyi dini hasaplap boljak ähli zatdan doly arassalandygymy aýtdym.

Iki-üç ýyldan soň kakamyň baş ujyna gömen Gurhan we beýleki kitaplarym garşyma başga mesele bolup çykdy. Bu meseläni häzirlikçe gürrüň etmegi dogry hasaplamaýaryn.

Şondan bäri aradan köp ýyl geçmändir. Emma, häzirki wagtda ýurtda adamlary dindarlaşdyrmak möwç alýar. Din häzirki syýasata goldaw bermek üçin dört-bäş ýyl mundan öňki gorky propagandasyndan çykyp täze öwüşgüne bürendi.
Din we syýasat gatnaşyklaryny ýeňil-serpaý iş hasap etmeli däl. Bu iki hadysa bir gün bir-birlerine duşman bolup görüner, başga gün dost bolarlar. Arasynda ýene adamlar heläk bolarlar.

Islendik mesele köpçülige çykarylandan soň çözülmäge başlanýandyr.

Bolup geçýän wakalary bize Telegram arkaly ýetirip bilersiňiz ýa-da täzeliklerden dessine habardar bolmak üçin Telegram kanalymyza ýazylyp bilersiňiz

Komentariýalar

  1. GökTürk

    2 years ago

    Menem mhm diýenleri çagyryp maýdajyk ýazylan hatynyñ arasynda adymy tapyp sorag baryny berip 1.5 sagat saklanylar ynanmarsyñyz namazy dessine taşladym we juma namaza barmabymyda goýdum . Şondan aýyryp berenlerine begenýän indi namaz kuran diýseler içi doly hekaýalara uýup namazhor adam bolanyma gülkim gelýär . Ildeşlerime maslahat beresim gelýär araplaryñ toslama kitabyna uýmañlar hemmejigem ýalan yslam dinide kuran kitabyda boş hekaýalar . 🤧

    • Merdan Meredov

      2 years ago

      Dohry.

  2. Aman

    2 years ago

    Hayran galdym,din araplañ gazanjy

    • Garagum çöli

      2 years ago

      Bu waka hökman taryha girer. Ýigrenç bilen hem ýatlanar

  3. Gadam

    2 years ago

    Din bizi yaradanyñ kanuny araplañ gazanjy dal
    Allatagalany tanamayan din duşmanlarynyñ pikiri

  4. Gadam

    2 years ago

    Sen namazy Allah üçin dâlde mhm-lar üçin okapsyñ ve taşlapsyñ sen ertir biri gün başyña iş dülse ejeñi bajyñam satarsyñ haramzada bi vepa

    • Merdan Meredov

      2 years ago

      Ozüni musurman hasaplaýänlaryñ düşünjesi: Bizden bolmasañ, biziñ düşmansyñ.
      Ýagny dütlü düşünjä, kellede ýer ýok.
      Bu terrordyr.
      Bu düşünjä eýeren Terrorist-dyr.

Komentariýa ýaz

Your email address will not be published. Required fields are marked *