Halkda “prezidente” bolan ýigrenji öňden oýardylar we “prezidenti” ýigrendikleri üçin onuň ýanyndakylary-da…
Halkda “prezidente” bolan ýigrenji öňden oýardylar we “prezidenti” ýigrendikleri üçin onuň ýanyndakylary-da…
Halkda “prezidente” bolan ýigrenji öňden oýardylar we “prezidenti” ýigrendikleri üçin onuň ýanyndakylary-da ýigrendiler, çünki halkyň gözünde hemmesi bir adamdy. Muny ýörite etdiler. Sebäbi haçan-da “prezident” ekranda bir ministri ýa-da bir häkimi işinden aýyryp türmä ugradan-da, halk sorgusyz-sowalsyz muny kabul edip, begenç duýgusyna boýun bolup bilýär. Çünki, ozaldan olar halkyň gözünde ýigrendirilýärdiler we şunuň bilen bilelikde öç almak duýgulary oýanýardy. Bu duýguny oýandyrmak üçin ýörite ulanýan sözleri hem bar, “pylan ministr wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanyp halkyň, döwletiň malyny ogurlady” diýmekleri ýeterlikdi. Soňra halkyň içindäki ýokary wezipeli işgärlere bolan ýigrenç has-da köpelýär we bu kultura yzygiderlik gazanýar.
Aslynda halk bilgisiz bolany üçin hemmesini bir arada tutýar, ýigrenmeli adamlary we goramaly adamlary. Bu 2 synpy seljerip bilenoklar, bilmez ýaly edilipdir. Munuň şeýledigini imperial güýç-de bilýärdi şonuň üçin döwletiň iň ýokarsyndaky adamlary halkyň ýigrenmesi gerekdi, soňra özlerine bähbitli bolmajak adamlary arkaýyn päsgelsiz ortadan aýyryp bilýärdiler.
Biz geçen 31 ýylyň dowamynda imperial güýçleriň ýüzlerçe sapar halkyň aýdyň gatlagyny ýok edişine şaýat bolduk, ýöne bilimsiz we maglumatlardan uzakda, öz gara gününi geçirmek üçin günüň dogumyndan batymyna işlemäne mejbur bolan halkyň bu zatlardan habary hem ýokdy.
“Ogurluk edipdir, wezipesini hyýanatçylykly peýdalanypdyr, halkyň malyny talapdyr, bilet satmandyr wezipesinden boşatmaly we derňew işini başlatmaly”. Bulary eşiden halk, “nädip, nirede, näçeräk zyýan ýetirildi, hany ogurlan zatlary nirede we şu wagt olar gaýtarylyp alyndymy, hazyna tabşyryldymy” diýen ýaly soraglary bermegiň ýerine, “basmaly bulary öldürmeli, Owadandepede çüýretmeli, basylan bolsa bir iş edendir, haram iýenler, ine şular biziň kösençlik çekmegimize sebäpkärler” diýen ýaly birgiden jahylçylykly kararlary özleri alyp aýaklaryna paltany urýarlar. We soňunda, hiç zat ogurlamadyk, gaýta tersine ýurduň gelejeginiň has erbet ýerlere gidip barýandygyny öňünden görüp halkyň halas bolmasy üçin bir çykalga gözläp ýören birnäçe aýdyň adamlaryň ölüm kararyny ýene-de halkyň özi berip geldi. Bizi gol astynda saklap ýören imperial güýçler üçinem geregi şoldy. “Halk öz halasgärlerini özleri öldürsinler” diýýärdi ol imperial güýç.
Işiň has geň ýeri-de, şu güne çenli türmelerde ölen, öldürülen müňlerçe Türkmen halkynyň aýdyň adamlary bar we muny hemme kişi bilýär, ýöne şolar hakda gürrüň etmek bolanok, erbet zatmyşyn. Bular biziň gözümüze basyp, ýüzlerçe ýetişen bilimli-tejribeli adamlarymyzy öldürýärler. Özlerem aç-açan edýärler, ýöne halk munyň gürrüňüni etmeli däl. Elbetde gürrüňüni etmeli däl diýildigi üçin-de şu güne çenli şol öldürülen Türkmeniň naýbaşy adamlary barada ýagşydan-ýamandan dil açan bolmady.
Çünki halk öz halsgärlerini özleri öldürdiler. Öz jenaýatlary hakynda dil ýarmak islemediler. Jellatlaryny bolsa sylaglandyrdylar, gahryman etdiler, arkadag etdiler, akadagly serdar etdiler.
Komentariýalar
Merdan Meredov
Rus imperiýasy, Türkmenistanlylary -Mankurt
ýetişdiripdir
Aşgabat
Sowatsyz bolmak gorkunç zat eken. Adamlar özüne peýda berip biljek adamlary ýok etdirdip, zyýan berjekleri başyna täç etdirýär eken.