Taliban režiminde aýallaryň gul derejesinde görülmegi ynsan haklarynyň garşysyna gidip, ynsanlyga garşy uly jenaýat edýär. Emma Taliban bolsa, muny diniň ugry boýunça kanun esasynda diýip hasaplaýar.
Taliban režiminde aýallaryň gul derejesinde görülmegi ynsan haklarynyň garşysyna gidip, ynsanlyga garşy uly jenaýat edýär. Emma Taliban bolsa, muny diniň ugry boýunça kanun esasynda diýip hasaplaýar.
Owganystanyň Farýab welaýatynyň Döwletabat etrabynyň Tor Dana obasynda ýaşan Rahime atly bir türkmen gyzy, şol obadan jogapkär bellenilen Seýfullah atly Taliban tarpyndan zor bilen öz ýegenine almakçy bolýandygy sebäpli obada galmagal turdy.
Rahimäniň öňden bäri adaglysynyň bardygy Talibana hiç hili ahlak taýdan päsgelçilik bermedi. Adalgysy Abdulhalyk we Rahime bu bolýan zatlaryň garşysynda çykalgasyz galdylar. Gyzyň näräzylygyny eşiden Taliban agzasy, gyza we onuň ejesine ýarag diredi. Kakasy Abdusalamy hem gorkuzyp, gyzyny berer ýaly etmek üçin haýbat atypdyrlar.
Bu adalatsyzlygy obanyň halky Talibanyň merkezine ýetiripdirler. Talibanyň merkezinden gelen jogap bolsa adamlary has-da geň galdyrdy. Talibana görä, türkmenler dildüwüşüp Talibany ýamanlamak üçin prowakasiýa edýärler. Şol sebäpli, obanyň ähli türkmenleri Talibanyň gözünde kesekileşdi we şikaýatlaryny dykgata almady.
Şondan soň, obanyň halky bileleşip bu betbagytçylygy ähli türkmenler bilen paýlaşyp, olardan kömek soramagy karar edindiler. Bu wideo ýüzlenmede obanyň aýallary we erkekleri çykyş edip bolan wakany giňişleýin gürrüň berdiler.
Gyzyň ejesi türkmenlerden kömek sorady we bu bolýan zatlara çydaman kameranyň öňünde erbetleşdi.
Rahime hem, özi söz alyp Talibanyň ýegenine durmuşa çykmajakdygyny açyk edip aýtdy.
Taliban režiminde aýallaryň gul derejesinde görülmegi ynsan haklarynyň garşysyna gidip, ynsanlyga garşy uly jenaýat edýär. Emma Taliban bolsa, muny diniň ugry boýunça kanun esasynda diýip hasaplaýar.
Ýurdumyzda bolup geçýän wakalary ähli detallary bilen paýlaşýan HSM Habar Youtube platformasynda-da özboluşly wideolary paýlaşýar. Kanalymyza ýazylyp, soňky çykan habarlardan siz ilkinji bolup habarly boluň.