Light
Dark

Stambul’da galp spirtli içgilerden ölenleriň sany 30’y geçdi.

Metanoldan zäherlenen hassalaryň 37’si öldi. Hassalaryň 4’si bu zäherlenmeden bejerildi, galan hassalaryň bejergisi dowam edyär.
Galplaşdyrylan, ýagny, elde ýasalan spirtli içgi içip, zäherlenmegiň netijesinde…

Türk mediasynda görkezilşi ýaly galp spirtli içgiler sebäpli zäherlenmeler bilen Stambul’yň dürli hassahanalaryna 66 adam ýüz tutupdyr.
Metanoldan zäherlenen hassalaryň 37’si öldi. Hassalaryň 4’si bu zäherlenmeden bejerildi, galan hassalaryň bejergisi dowam edýär.
Galplaşdyrylan, ýagny, elde ýasalan spirtli içgi içip, zäherlenmegiň netijesinde 7 Türkmenistan watandaşynyň ölendigi habar berildi.
Bu merhumlaryň käbirileriniň atlary we suratlary biziň habar kanalymyza gelip gowuşdy.

Surat 1

1’nji suratdaky merhum, Mary welaýatynyň, Baýramaly şäheriniň ýaşaýjysy, ady Sapar. Türkiýe’de ýakyn hossarlary bolmandygy sebäpli, Türkiýe’de wagtlaýynça ýaşaýan Türkmenistan’lylar tarapyndan kömek edilip, üç gün mundan öň merhum Türkmenistan’a iberilip, jesedi topraga berlipdir.

Surat 2

2’nji suratdaky merhum Mansur Amanow, Lebap welayatynyň, Darganata etrabynyň, Gyzylbaydak geňeşliginiň ýaşaýjysy. 14.01.2025 senesinde galplaşdyrlan spirtli içgi zerarly aradan çykýar. Merhumyň hossarlary, Türkmenistan’yň Stambul’ daky konsullugyndan kömek bolmanlygy sebäpli, merhumyň jesedini Türkmenistan’a ugradylmagy üçin, Türkmen halkyndan maddy kömek soraýalar.

Türkmenistan’yň Stambul’daky täze baş konsuly Muhammetnur Öwezow’yň Stambul’yň häkimi bilen duşuşygy

Bize ýetirilýän habarlara göra, Türkmenistan’yň Stambul’daky konsullygy bu ajy habarlaryň ýaýramagynyň netijesinde, Türkmen halkynda dörejek gahar-gazabyň öňüni almak üçin, merhumlaryň ölüm sebäplerini galp spirtli içgiden däl-de,  gan basyşlarynyň ýokarlanmagy ýa-da saglyk ýagdaylarynyň ýetmezçiligi zerarly aradan çykdylar diyip, konsullygyň resmi bolmaýan işgärleri tarapyndan halk arasynda ýalan habarlar ýaýradylýar.

Türkmenistan’yň başyna bikanun ýagdaýda gelip, özüne ” hökumet” diýip atlandyrýan terror topar zerarly, Türkmen halky ýurdy terk etmäge mejbur boldy. Yüz-müňlerçe maşgalalar biri-birinden jyda düşdi. Eklenç üçin ýurdy terk edenler, pajygaly sebäplere görä, Türkiýe topraklaryna siňip galýarlar. Şol bir wagtda-da dürli ýollar bilen, pul gazanmagyň derdinde bolan Türkmenistan watandaşlary, galp spirtli içgileri ýasamakdan, satmakdan we ullanmakdan ýüz öwurmeýärler.

Galp içgi ýasamakda aýyplanýan 2 Türkmenistan watandaşy

Tebigy resurslara baý bir ýurdyň bikanun hökümeti, eklenç üçin ýurt daşynda sergezdan bolan halkyna eýe çykmaýandygy aý-aýdyň ortada. “Asuda asman” ýalanyny dowam edip gelýän Türkmenistan’yň “Döwlet” mediasy, şunuň ýaly ajy habarlary halka ýetirmekden uzak durýarlar.

Islendik mesele köpçülige çykarylandan soň çözülmäge başlanýandyr.

Bolup geçýän wakalary bize Telegram arkaly ýetirip bilersiňiz ýa-da täzeliklerden dessine habardar bolmak üçin Telegram kanalymyza ýazylyp bilersiňiz

Logo_1080x1080

HSM Habar Youtube'da

Ýurdumyzda bolup geçýän wakalary ähli detallary bilen paýlaşýan HSM Habar Youtube platformasynda-da özboluşly wideolary paýlaşýar. Kanalymyza ýazylyp, soňky çykan habarlardan siz ilkinji bolup habarly boluň.

Komentariýa ýaz

Your email address will not be published. Required fields are marked *