Light
Dark

Sessiz Howp: Ýagly bagyr keseliň 8 sany alamatlary

Ýagly bagyr keseli ‘hepatic steatosis’ diýlip tanalýan ýagdaýa, bagryň ýag gurşap almagyna diýilýär. Wagtynda üns berilmese…

Ýagly bagyr keseli ‘hepatic steatosis’ diýlip tanalýan ýagdaýa, bagryň ýag gurşap almagyna diýilýär. Wagtynda üns berilmese, bagryň ulalmagyna, garyn boşlugynyň giňelmegine alyp barýar. Netijede, ýagly bagyr, gan basyşyň beýgelmegi, diabet, böwrek funksiýasynyň bozulmagy we öt haltajygyň çişmegi bilen baglanşykly bolup biler. Wagtyň geçmegi bilen bagra ýeten zeper sebäpli, ýara dokumalary, fibroz emele gelýär. Bu bolsa bagyr öýjükleriniň dykylmagyna getirýär, şol sebäpli hem gan damarlaryny arassalama funksiýasyny togtadýar. Gan-damar arassalama funksiýasy bozulansoň, ähli öýjüklerde zäherli toksinler emele gelýär.

Nädogry iýmitlenme sebäpli, dünýäde 25%-den gowrak uly adamlaryň, ýagly bagyr keseli bilen göreşýändigi aladalandyrýar.

Ýagly bagyr keseliň sebäpleri

Omega 6, ösümlik ýagynyň aşa köp ulanylmagy! Omega 6 iň köp şu aşakdaky önümlerde duş gelýär:

  •  margarin
  •  pagtaçigit ýagy
  • soýa ýagy
  • jöwen ýagy
  • kanola ýagy
  • işlenen (içine omega 6 goşulan) zeýtun ýagy
Omega 6 ýaglary

Munuň üstesine, artykmaç şekerli önümler,

  • şeker,
  • ak çörek (adaty çörek),
  • kola ýaly şekerli içgiler,
  • alkogolly içgiler,
  • gaýtadan işlenen, ýarym-fabrikat önümleri,
  • käbir halatlarda dermanlar ulanylýan bolsa,
  • hem-de wirus keselleri bagra zeper ýetirip biler.
Ýagly bagyr üçin zyýanly iýmitler

Bellemeli zat, ýagly bagyr keseli, köplenç bagyr fermentiniň testlerinde kesel ötüşýänçä gizli galýar. Bu ýagdaýyň sebäplerini anyklamak üçin, iň esasy 8 alamatlaryny agzap geçeliň.

  1. Sag eginde, boýunda, eňekde, pilçede oňaýsyzlyk, dartgynlyk duýulsa,
  2. Garyn ýaglylygy,
  3. Möý şekilli gan damarlar,
  4. Göwüs dokumasy, (erkeklerde estrogen gormonynyň köpelmegi, göwüsleriň ulalmagy)
  5. Sag aýagyň çişmesi,
  6. Eliň aýasynyň we daban astynyň gijilemesi,
  7. Tiroid mäziniň funksiýasynyň peselmegi,
  8. Yzygider ysgynsyzlyk, ýadawlyk.

Ýagly bagyr keseliň öňüni almak üçin, indiki 6 sany durmuş ýörelgesini berjaý ediň

  1. Ýokarda agzalam ösümlik ýaglaryny aýyrmaly,
  2. Her nahardan 1 sag. öň, ajöze, 300mg CDP Kolini, gündelik kabul etmeli,
  3. Krahmal, şekerli, çörek, makaron, bürünç, kartoşka ýaly önümleri aýryp, ýerini ýabany balyklar, ot bilen bakylan mal eti, öri meýdanlarda ýetişdirilýän towuk ýumurtgasy, kükürde baý önümler, sarymsak, sogan, turp,(leeks, лук-порей, asparagus, broccoli, Brussels sprouts- брюссельская капуста, cauliflower-цветная капуста), bilen doldurmaly,
  4. Detoksikasiýa üçin, günde 2-3 sapar 150mg süýt tikeni ekstraktyny kabul etmeli,
  5. Uzak günki iýiljek iýmiti 4 sagadyň dowamynda iýip, 20 sagatlap agyz beklemegi, şeýlelik bilen bagra arakesme berilmegi gerekli,
  6. Gan damardaky şekeriň derejesini ýola goýmaly:
    1 nahar çem. alma sirkesi + 2 n. çem. çig limon turşusy + 500ml suwa garyp, her gün ir bilen, ajöze içilmegi maslahat berilýär!

*Bellik: Eger sizde ýokardaky alamatlar görünýän bolsa, onda ilki bilen doktoryňyza ýüz tutmagyňyz gereklidir!

CDP Kolini
Süýt tikeni ekstarkty
Açar sözler:

Komentariýa

  1. Garagum çöli

    2 years ago

    Hökman paýlaşmaly tema ekeni

Komentariýa ýaz

Your email address will not be published. Required fields are marked *