Light
Dark

Russiýa Hakyky Duşmanyny Tapdy

“Polşanyň kimiň territoriýasyny eýeläp oturandygyny, Demirgazyk bölegini Staliniň sowgat berendigini Polşanyň resmilerine ýatlatmaly boljak”

Ukraina urşunyň başlanyna 1.5 ýyl geçenden soň Russiýanyň hakyky duşmany Ukraina däl-de, Polşa bolup çykdy.

Ýaňy-ýakynda Sankt-Peterburgda geçirilen foruma Belorussiýanyň prezidenti Lukaşenko hem gatnaşdy. Ol bu ýygnanşyga eli kartaly gelip, Polşanyň Belorus bilen araçäginde harby taýýarlyklary görýändigini, has döwrebap tehnikalar bilen üpjin edýändigini we Polşanyň Ýaragly Güýçleriniň Belorussiýa garşy hüjüme geçmeginiň gaty ähtimaldygyny habar berdi.

Şeýle-de, Lukaşenkonyň Belorus topragyna kabul eden Wagner toparynyň ýolbaşçysy, Prigožiniň Polşa tarap ýola düşmekçi bolýandygyny dile getirdi. Gürrüňiniň arasynda ol Putine ýüzlenip, Prigožiniň hiç-kimi diňlemeýändigini, ony saklap bilmejekdigini, Putiniň özi hem Prigožini köşeşdirmäge synanyşmaly boljakdygyny ýaňsytdy.

Özara gürrüňdeşlikden soň, Russiýanyň prezidenti Putin özüniň adaty taryhy çykyşlaryna başlady, onuň aýtmagyna görä, Russiýanyň Ukraina bilen duşmançylygy ýok. Ol:

“Biziň Ukraina bilen hiç-hili işimiz ýok. Olary ýarag bilen üpjün edip, biziň garşymyza küşgürýän NATO bilen göreşýäris”

– diýip, nobatdaky ritorikasyny dowam etdirdi.

“Polşa bu konfliktde uly rol oýnaýar, gerekli tehnikalar, ok-ýaraglar bilen Ukrainany üpjün edýär. Olaryň Russiýa garşy duşmançylykly göz bilen garaýandygy göze ýiti ilýär”

– diýip, belläp geçdi.

 

Sözüniň soňuny bolsa,

“Polşanyň kimiň territoriýasyny eýeläp oturandygyny, Demirgazyk bölegini Staliniň sowgat berendigini Polşanyň resmilerine ýatlatmaly boljak”

– diýen, hemle bilen tamamlady.

Islendik mesele köpçülige çykarylandan soň çözülmäge başlanýandyr.

Bolup geçýän wakalary bize Telegram arkaly ýetirip bilersiňiz ýa-da täzeliklerden dessine habardar bolmak üçin Telegram kanalymyza ýazylyp bilersiňiz

Logo_1080x1080

HSM Habar Youtube'da

Ýurdumyzda bolup geçýän wakalary ähli detallary bilen paýlaşýan HSM Habar Youtube platformasynda-da özboluşly wideolary paýlaşýar. Kanalymyza ýazylyp, soňky çykan habarlardan siz ilkinji bolup habarly boluň.

Komentariýa ýaz

Your email address will not be published. Required fields are marked *