Putiniň we KGB-ň gurnan sistemasy, Rus halkynyň döwlet sütüni bolup durýandygyny kabul etmeýän bir mehanizme öwrüldi. Ol mehanizm netijesinde, özleriniň üstünden isledikleriçe agalyk sürülýändigine garamazdan göz ýumup gelýän halky görse bolýar.

Ýyllar geçdikçe Putiniň şahsyýet kultynyň berkeýändigini, onuň tagtynda ymykly ornaşandygy, rus jemgyýetinde bolup geçýän akyl almajak hadysalardan çak etse bolýar.
Putiniň döwlet başyna gelen zamanasyndan bäri, Rus halkynyň has-da düýpli gorky älemine siňendigini, onuň gurnan sistemasyna asla gaýtawul berip bilmeýändigini, bolýan syýasy oýunlardan netije çykarsa bolýar.
Halkyň bir bölegi garyplykdan, gün-güzeranyny zordan dolandyrmakdan syýasata baş galdyrmaýan bolsa, beýleki bir bölegi, Putiniň Leningraddaky “köçe ülpetleri”, ýagny, 90-njy ýyllardan bäri eden-etdilikden, şu güne çenli milliardlap pul gazanmagy, islendik ýurtlaryň watandaşlygyny almagy başaran Russiýanyň ykbalyny başyndan aýlap uran bölegi. Näme-de bolsa, halkyň aç bölegi bolsun, ýa-da puldan gerk-gäbe doýan bölegi bolsun, olary ata watanyň ykbaly az gyzyklandyrýar.
Putiniň we KGB-ň gurnan sistemasy, Rus halkynyň döwlet sütüni bolup durýandygyny kabul etmeýän bir mehanizme öwrüldi. Ol mehanizm netijesinde, özleriniň üstünden isledikleriçe agalyk sürülýändigine garamazdan göz ýumup gelýän halky görse bolýar.
Rus halkyny gözünden düşüren Putin, Prigožin bilen hem islendik oýunlary oýnap, içi näbelli jesetli tabydy mazarlyga gömüp, halkyň gözüne ýene-de adaty çöpi atmagy başardy. Rus halky bu oýnalýan spektakllara ynanmasa-da, “seniňki nädory” -diýip, bilmäge bogny ysman, ýene-de ýalan ertekini sessiz ýuwudýar.
Köp sanly maglumatlara görä, Prigožin özüniň öldürüljegini bilýän bolara çemeli, sebäbi Putin özüniň garşydaşlaryny diri galdyrmajagy Prigožine-de bellidi. Bu oýnalan oýunda Prigožin özüniň utulandygyny duýýardy. Moskwa ýöriş etmezinden öň, özüniň Putin we onuň KGB sistemasy tarapyndan oýnalanyny, gerekli ýerinde ulanyp, gerek däl ýerinde-de zyňyndy hökmünde zyňylandygyny bilip, başyny etegine salyp ýola düşdi.
Putin özüne wepaly adamlaryňam hiç birini tagty üçin aýamajakdygy hemmä mälimdi.
Rus halky Putine, RF-yň Konstitusiýasyny islendik tarapa çekip, isledigiçe goşup-aýryp bolýandygyny, doguran çagalarynyň hem özleriniňki däldigini, sessiz hereketleri bilen subut edýärler.
Elbet-de, Putine geregem şoldy. Gynansagam, Rus halkyna-da geregi şol ýaly görünýär.
Komentariýalar
Merdan Meredov
Dogry tespit.
Mankurt bolan Rus halky.
Garagum çöli
Bäbenegi aksyn