Light
Dark

“Raýatlar Maňa Gulak Asanok”

Ozalam yssydan essi aýylyp duran halka “Raýatlar” sözüni eşitmek hasam agyr degdi. Adamlar bu sözden soň, gohy has ula ýazdyrdylar. Şeýlelik bilen halk köpçülik bolup, tämizlik işgärine “Raýat” sözüni gaýdyp agzyna almajak derejä ýetirdiler.

Daşoguz welaýat klinikasynda halkyň gymmatly wagtyny ýitirip, tomusyň jokrama yssysynda, darajyk korridoryň içinde, gerege ýaramajak 100-nji ýerde durýan kepilnamalar üçin, adamlary birnäçe sagatlap nobata duruzyp köseýärler.

Klinikanyň tämizlik işçisi öz işlerini ýerine ýetirmek üçin, nobata duran adamlary daşary kowmak isledi, emma bu ýagdaý nobatyny ýitirmek islemeýän adamlarda nägilelik döretdi.

Netijede, tämizlik işgäri bilen nobata duranlaryň arasynda dawa başlandy. Bu batly çykýan seslere otaglarda işläp oturan lukmanlar çykdylar we bu goha näme sebäp bolanyny soradylar. Tämizlik işgäri “Raýatlar maňa gulak asanoklar” -diýdi.

Ozalam yssydan essi aýylyp duran halka “Raýatlar” sözüni eşitmek hasam agyr degdi. Adamlar bu sözden soň, gohy has ula ýazdyrdylar. Şeýlelik bilen halk köpçülik bolup, tämizlik işgärine “Raýat” sözüni gaýdyp agzyna almajak derejä ýetirdiler.

“Raýat” sözüni kemsidiji söz hökmünde kabul eden halkyň durumyna şaýat bolan watandaşymyz, bu dawany wideoýazga geçirdi, emma haýsydyr bir tehniki näsazlyklara görä ýazgy edilmänligi üçin yzyna gaýdyp, ýene gaýtadan ýazga aldy.

Türkmenistanda kemsidiji dramalaryň häli-şindi bolup durýandygy hemmelere mälim, emma bu jenjelli ýagdaý wideoýazga düşmese-de, watandaşymyzyň dilden beren gürrüňleri ýeterlik boldy.

Islendik mesele köpçülige çykarylandan soň çözülmäge başlanýandyr.

Bolup geçýän wakalary bize Telegram arkaly ýetirip bilersiňiz ýa-da täzeliklerden dessine habardar bolmak üçin Telegram kanalymyza ýazylyp bilersiňiz

Logo_1080x1080

HSM Habar Youtube'da

Ýurdumyzda bolup geçýän wakalary ähli detallary bilen paýlaşýan HSM Habar Youtube platformasynda-da özboluşly wideolary paýlaşýar. Kanalymyza ýazylyp, soňky çykan habarlardan siz ilkinji bolup habarly boluň.

Komentariýa ýaz

Your email address will not be published. Required fields are marked *