Ukrain resmileriniň habar bermegine görä, Russiýa harby üpjünçilik üçin Kerç köprüsini esasy gatnaw ýoly hökmünde ulanýar. Ähli ok-ýaraglary, tehnikalary Krym ýarymadasyna Kerç köprüsiniň üsti bilen gatnadýar.
Prezident Zelenskiý,
“Ukrainanyň Krymy yzyna gaýtaryp aljakdygy ikuçsyz, biz 1991-nji ýyldaky gol çekilen territoriýamyza çykmalydyrys. Ukrainanyň territoriýasy eldegrilmesizdir”
-diýip, gaýta-gaýta dile getirýär. Şeýlelik bilen, Kerç köprüsini partlatmaklyk, Russiýadan gelýän harby tehnikalaryň dowamyny kesmek üçin ulanylan ýalňyz çykalgady.
Muňa jogap edip, Putin merkezi telewideniýede “Ukraina gaýtarjak jogabymyz rehimsiz boljakdyr” – diýdi we Ukrainanyň iň ejiz, goranmaga ukypsyz sebitlerine, galla ugradyljak deňiz portlaryna uzak menzilli ok-ýaraglaryny ulanyp, yzygiderli bombalaýar.
Ukrainanyň Krymy yzyna gaýtaryp almaga çyny bilen çemeleşýändigine göz ýetiren Russiýa FSB-si, Krymdan Russiýa gidýän ýeke-täk alternatiw ýolunda bilkastlaýyn ulag traffigini döredýär. Adamlary her dürli bahanalar bilen 24-48 sagatlyk nobatlarda saklaýar. Ýaşaýjylary we turistleri Krymdan çykarmagyň ýerine, turistlere arzan baha “dynç alyş biletlerini” satyp, Krymy turistlerden doldurmak isleýär. Maksat, Ukrainanyň Krymy bombalamagynda kynçylyk çykarmak.
Häzirlikçe, Ukrain resmileri Krymyň ýaşaýjylaryna we turistlere Sosial Medialaryň üsti bilen Krymy taşlap gitmeklerini isläp, duýduryş berýärler we ýarag, tehnika, ýangyç ambarlaryny bombalaýarlar.
Putine öňki oýnaýan oýunlary ýaly ýene-de bir oýun garaşýar. Ol hem “galla” oýny. Belki bu oýunda utup bilerin diýen maksady bolan Putin, ele düşen kartyny hilegärlik bilen orta oklaýar.
Ol, özüniň öňe süren talapnamalary berjaý edilmese, onda “galla” şertnamasyndan çykjakdygyny aýdyp, nobatdaky hemlesini atdy.
Talapnamada:
- Russiýanyň sanksiýalardan boşadylmagyny,
- Esasy banklaryň Swift-leriniň gaýtarylyp berilmegini,
- Russiýa bilen dünýä ykdysady söwdalarynyň dikeldilmegini talap etdi.
Garaşsyz ekspertleriň aýtmagyna görä, Putiniň Ukrainany dünýä bazaryndan daşlaşdyryp, özi onuň ornuny eýelemek. Şeýlelik bilen Ukrainany häzirki agyr döwürde galladan gelýän ýeke-täk girdejisinden kesmek. Bu bolsa diňe ukrain halkyny göniden-göni genoside itermek däl, eýsem Afrika we Arap ýurtlarynyň esasy iýmiti bolan gallanyň öňüni kesip, emeli açlygyň döremegine sebäp bolýar.