Putin, Günorta Afrikada geçiriljek 15-nji BRICS summitine gatnaşmagy ýüregine düwüpdi. Çünki, ýaňy-ýakynda Sankt-Peterburgda geçirilen Rus-Afrika forumynda ol, Afrika döwlet baştutanlarynyň öňünde taýýarlykly çykyş edipdi.
Olaryň SSSR döwründen galan $23 milliard dollar bergisini geçjekdigi, 10 müňlerçe tonna däne mugtuna eltilip beriljekdigi barada nygtap geçipdi.
Netijede, Afrikaly myhmanlaryň agyryly ýerini tutandygyna, olaryň Russiýa rakyp boljakdygyna we özleri bilen dostlukly aragatnaşyklaryň mundan beýläk has hem berkejekdigine ynamy döräpdi.
Putin gelen delagatlaryň öňünde, foruma degişli bolan, ykdysadyýet tezisleriniň çäginden çykyp, gürrüňini asla foruma degişli bolmadyk Ukrain urşy barada dowam etdirdi. Putiniň bu hereketleri Afrikaly myhmanlary haýran galdyrdy. Putin bir sagatlap Ukrain halkyny, harbylaryny, prezident Zelenskini diskreditasiýa etmäge çalyşdy, hat-da, sözüniň arasynda – Zelenskiý jöhitleriň adyna ysnat getirýär, bu jöhitler üçin uly masgaraçylyk-diýip, etniki milletaýyrma çenli degindi.
Bu çäkden çykmalyk, Putiniň prezidentlik etikasyna gabat gelmejek hereketlerini görkezdi. Putiniň öz çykyşyndan soň, Afrikaly döwlet baştutanlarynyň ýumşak damaryny tutandyryn diýen tamasy artdy. Emma, näçe jan etse-de, ol eden tamasy, Günorta Afrikanyň prezidenti Ramafosanyň çykyşyndan soň puja çykdy.
-Bize “sowgat” gerek däl, bize dünýäniň asudalygy gerek
Siril Ramafosa
Şeýle-de käbir Afrika döwletleri bu “sowgatdan” ýüz öwürdiler.
Forumdan soň, Ramafosa Kremle, 22-24-nji Awgustda, Günorta Afrikada geçiriljek, 15-nji BRICS summitine Putiniň gelmezligini tabşyrdy.
-Eger Putin Afrika geläýse, biz ony tussag etmeli bolarys
-diýip, berk tabşyryk berdi.
Bu habar, prezident Putiniň ýüzüne urlan şarpykdan has agyr degdi. Çünki, Halkara Jenaýat Kazyýetiniň çykaran kararyny çynlakaý kabul etmedik Putin, bu ýetirilen habardan soň çüňňür pikirlenmäge mejbur boldy.
Afrika döwletlerine basyş görkezmek üçin, Putiniň administrasiýasy we rus propagandistleri ýerli-ýerden,
-Bu äsgermezçilikli sözleri üçin, Afrika garşy uruş yglan ederis
-diýip, ultimatum hökmünde jogap gaýtardylar.
Emma, Günorta Afrika, beýleki birnäçe döwletleriň hatarynda, gol çekilen şertnama esasynda, Halkara Jenaýat Kazyýetiniň (ýagny GAAGA-nyň) Putini tussag etmeklik barada çykaran kararyny ýerine ýetirmäge borçly.
Şeýlelik bilen, Ramafosa tarapyndan bu ýetirilen habar, Putine, Halkara Jenaýat Kazyýetiniň çykaran kararynyň özi üçin hakykatdanam uly howplydygyna göz ýetirmäge mejbur etdi.
Komentariýalar
Aşgabat
Putin urşy ýeňmese haksyzam galar. Ýöne urşy ýeňip biljege meňzänok
Sohbet
putinin bu siyasaty haçana çenli dowam eder we dowam edsede onun güyji bolarmy ?
Garagum çöli
Putiniň özem gutardy, Rossiýanam gutardy
Yeňiş
Putin yeke galdy
Yeňiş
Putin gutardy