Russiýa Ukrainanyň üstüne sebäpsiz çozandygyny dile getiren Prigožin hatardan çykaryldy.
Ýadyňyzda bolsa, Russiýanyň watansöýüjisi Prigožin, Ukrain-Rus söweşi başlan badyna, öz şahsy goşuny bilen Ukraina topragyna giripdi. 5-6 aýlap Bahmut şäherini basyp almak üçin 60,000-den gowrak harby esgerini, ýüzläp-müňläp harby tehnikasyny ýitiripdi.
Urşuň ähli aldym-berdimli döwrüni başdan geçiren Prigožin ok-däri ýetmezçiligi sebäpli ýitiren esgerleriniň sanyny dile getirip, Şoýguny, Gerasimowy we Putini kötekläpdi. Ol Russiýanyň bu söweşi ýersiz-ýere başlandygyny, Ukrainleriň Maýdan söweşinde-de hiç hili eliniň ýokdugyny, Ukraina tarapyna atylan ähli günäleriň ýerliksizdigini, Putine edýän işini bilmeýän “Garry-mudak” ýagny, akly-huşy giden garry diýip, kemsidiji sözler bilen özüniň telegram kanalynda häli-şindi wideorolik arkaly çykyş edipdi.
Şol ýitgiden soň Prigožin öz goşunyny Ukrainadan çykaryp, Moskwa tarap ýola düşüpdi. 24 sagatda Moskwa baryp ýetmegi planlaşdyran Prigožini, ýetmeli menziline biraz galanda, ony yrmak Lukaşenko başardypdy. Şeýlelikde, Lukaşenko Prigožine “Sen maňa goşunyň bilen gerek, biziň harbylarymyz bilen türgenleşik geçirseň minnetdar bolardym” – diýdi.
Prigožiniň dabaraly ýörişiniň mazasy sowulmanka, Russiýanyň baş kanallarynda onuň bu eden-etdiligi hiç bir kada-kanuna gabat gelmejek ahlaksyzlykdyr – diýen jümleler bilen ýazgarma äheňde gysgaça täzelikler ýaýyna berlipdi. Putiniň özi hem resmi ýagdaýda Rus halkyna ýüzlenip, Prigožiniň dabaraly ýörişini “harby gozgalaň” – diýip, atlandyrdy we
“Beýle watan dönüklige ýol bermeris, hökman çäresini göreris”
– diýipdi.
Şol wakadan 2 aý gaçenden soň, Prigožiniň şahsy uçagy Twer sebitiniň howa çäginde partladyldy. Netijede, uçakda Prigožinden başga-da, Wagneriň düýbüni tutujy Waleriý Utkin we ýene 8 adam bar diýlip çaklanylýar.
Prigožin öldürülmezinden öň, öz dabaraly ýörişi bilen öňdenem gowşak Russiýa sistemasyna has-da goşant goşup, Putiniň rejiminiň gylyň üstünde durandygyny subut etdi. Wagner, Putin üçin uly howpdy, ony ýolundan aýyrmak üçin islendik jenaýata ýüz urup biljekdigi ikuçsyzdy.












