Bu gün 1-nji Sebtýabr güni ýurduň hemme ýerinde çagalar tarapyndan gyzgalaňly garşylandy. Ene-atalaryň çagalaryny höweslendirip ugradýan iň möhüm ýerlerinden biri bolan mekdebiň ilkinji güninde çagalara portret görkezip,
“Kim tanaýar şu adamy kim bilse 5-lik goýjak”
– diýip, Türkmenistanyň bikanun prezidentiniň suratyny görkezipdirler.
Bize bu maglumaty beren hossar gaharyna zordan çydap durupdyr.
“Çagamyň elinden tutyp şol wagtyň özünde mekdepden daşlaşmak isledim”
– diýip, bize gürrüň berdi.

Waka Aşgabat şäheriniň 52-nji ýöriteleşdirilen mekdebinde bolup geçipdir. Okuwyň ilkinji güninden başlap, şahsyýet kulty zäherini günäsiz çagalara pürkmegi tötänden däldir. Ýurduň neslini pikirlenip bilmez ýaly edip ýetişdirilmegiň, ýurtda bidüzgünçilikleriň dowam etmegi üçin soň dereje möhüm çäredir.