Gürrüňüniň arasynda Gurbanguly Berdimuhamedow hakda-da şulary aýtdy: “Gurbanguly bir gara Mercedes mikroawtobusda gezýär

Gürrüňüniň arasynda Gurbanguly Berdimuhamedow hakda-da şulary aýtdy: “Gurbanguly bir gara Mercedes mikroawtobusda gezýär
Bir saý-sebäp bilen Türkmenistanda 2015/2016 ýyllar arasynda Rejepowlar maşgalasynda işläp gaýdan bir Türk watandaşy bilen gürrüňdeş boldum. Gürrüň beren zatlary meniň şu ýazgyny ýazmagyma sebäp boldy.
Onuň gürrüň bermegine görä, 2015 ýylda Türkmenistanda işläp ýören bir inžener dostyndan gelen teklip esasynda Türkmenistana gidipdir. Teklip edilen iş bolsa Ahal welaýatynyň Ýaşlyk etrabynda Nazar Rejepowyň maşgalasyna teplisa gurup bermek we Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda-da ýene şolara degişli maldarçylyk fermasyny gurup bermek.
Baran günleri Ýumpaş söwda merkeziniň garşysyndaky telekeçilik binasynyň onbirinji gatynda oňa bir ofis beripdirler. Ofise çykmak üçin lifte münüpdir we ýanyna ýene-de bir ýaş adam münüpdir. Ondan, “Sen kim, nirä barýaň, kimiň ýanyna barýaň?” – diýip, gödek sorag beripdir. Ol hem ol ýaş adama gaýtargy berip, “Saňa nä, adam ilki salam berer, özüni tanyşdyrar, seň özüň kim? – diýip sorapdyr. Bu dartyşykly lift ýolagçylygy onbirinji gataçenli dowam edipdir. Az wagtdan soň sekretar ofisine gelip, “Sen liftde kim bilen dartyşdyň? – diýip sorapdyr. “Men tanamok. Bir zyndygyň biri, özüni gödek alyp bardy” diýipdir. Soňra onuň Nazar Rejepowyň ogly Şammy (Şamyrat Rejepow) diýdi.

Telekeçiler binasynyň onbirinji gaty Nazar Rejepowlara degişli eken, ýöne ony geň galdyran zat bolsa, Nazaryň ol ýerde özüne degişli kabineti ýok ekeni. Kabinetiň ýerine onuň üçin bir çüňkde kiçijek bir otag edipdirler, şonuň içinde sessizje oturyp işgärleri synlaýan ekeni. Hat-da ýygnak bolan wagty özüni bir tämizlikçi ýaly alyp baryp, bir çetjagaşda kiçijek oturgyçda oturýar, ýygnagyň dowamynda kimiň näme gürleýänligini diňleýär, we soňra ýeke-ýekeden öz ýanyna çagyryp, “Sen näme ýaňy şeý diýdiň, beý diýdiň” – diýip, işgärlerini soraga çekýän ekeni.
Bularyň hemme kompýuterlik işlerini-de bir orus oglan edýär, özleriniň hiç zatdan başy çykmaýar. Şammy diýilýäni bir sapyk (bozuk) adam ekeni. Bir sapar Gyzylarbatdaky mal ferma ýerinde şagalaň etdiler. Ol ýere bir gijelik keýp çekmek üçin Günorta Koreýadan uçak bilen gyz getirdiler, we ertesi irden ýene uçak bilen yzyna ugratdylar.
Aýlyklaryny Türkiýedäki bank hasabyna dollar görnüşünde ýatyrýan ekenler. Bir gezek bankdan gyzyklanmaly bolupdyr, pulyň nireden ýatyrylýänlygy barada. “Amerikadan bir reklam firmasy tarapyndan ýatyrylýar” – diýip onuň banky maglumat beripdir.
Gürrüňüniň arasynda Gurbanguly Berdimuhamedow hakda-da şulary aýtdy: “Gurbanguly bir gara Mercedes mikroawtobusda gezýär we her gün irden çykanda ulagyň yzyna uly gara çemodanlardan dört sanysyny ýükleýärler, agşam öýüne gelende-de düşürýärler. Şol çemodanlaryň içinde näme bardyr diýýäňiz? Içi doly dollary ýanynda daşaýan ekeni, sebäbi birden bir zat bolaýsa, az bolsa-da nagyt pullar bilen gaçaryn maksady bilen. Şammynyň töweregindäki ýoldaşlary maňa ýaşajyk gyzlary getirip berýärdiler, hat-da köpüsi okuwçy gyzlardy” – diýip, gaty namysa degiji gürrüňleri aýdyp berdi.
Şul zatlary gürrüň beren adam şu wagt eli kuwally beton döwüp ýör, özem kireýli jaýda ýaşaýar. Indi siz pikir edip görüň niräniň bir öz ýurdunda sana geçmeýän adamsynyň biziň ýurdumyza baryp, biziň şol ýegenler diýip ýören ahlaksyz maşgalanyň arasyna girip, olaryňam ony arşa galdyrşyna serediň, nämemişin, Türkmişin! Maňa bu gürrüňlerden soňra olaryň samsyk we işbilmezdigi hasam aýdyň boldy. Türkmen halky öz ýurduny topragyny we milliligini şu ahlaksyz gorkaklardan halas etmelidir, ýogsa-da kim biler ýene haýsymyzyň gyzymyzy, aýalymyzy, jigimizi haýsy gelmişegiň aşagyna sokjaklaryny.