XX ýüzýylda Türkmenistanda kultura meseleleriniň ýüze çykmagy bilen dartyşylan esasy sorag dil we edebiýat baradadyr.
XX ýüzýylda Türkmenistanda kultura meseleleriniň ýüze çykmagy bilen dartyşylan esasy sorag dil we edebiýat baradadyr.
Bu gezekki makalamda Muhammet Geldiýewiň idealogiýasyna deginip geçmekçi. Muny Tahyr Aşyrowyň Türkçe ýazan makalasyny terijme we sadalaşdyrma edip, şol bir wagtyň özünde Geldiýewiň öňe sürýän idealogiýasyny hem durmuşa geçirmekçi. Onuň aýdyşy ýaly, Türkmen dilini beýleki diller ýaly özgerdip bolýar. Munuň üçin diliň üstünde köpräk iş geçirmeli. Diliň özgermegi üçin beýleki Türki dillerden dogry sözleriň biziň dilimize geçirilmegi gerekli. Men hem bu ýazgyny Geldiýewiň tutan ugry boýunça galama aldym.
Tahyr Aşyrow
XX ýüzýylyň başy Türkmenistan üçin kultura meseleleriň ýüze çykan we aýdyňlar tarapyndan dartyşylan bir döwür boldy. Ol döwürde iň dartyşylan meseleleriň biri-de dil bolupdy. Bu dartyşmalar, Türkmen kulturasynyň iň zerur meselesi bolan Türkmen dili baradaky köpçülige berilen ýaýlymlardaky we ýazylan ýazuwlardaky üns çeken düşünjeler, görüşler we teklipler şekilinde orta çykdy. Ol döwürde Türkmen diliniň üstünde geçirilen araşdyrmalar we dürli ýerlerde köpçülik bilen paýlaşylan ýaýlymlar adamlara bilgi edinmek mümkinçiligini beripdir. Ýazylan ýazuwlaryň başlyklarynyň aşagyna “Dartyşma usuly bile” diýen ýazgy goýulýar. Bu-da, temanyň dürli görüşler bilen dartyşylmaga açykdygyny aňladýar. Türkmen düşüniri (Filosofy) Muhammet Geldiýewiň (1889-1931) dartyşma temalaryna jogap bermek üçin kagyza geçiren ýazgylary ünsi çekýär. Bu ýazgyda düşüniriň “Türkmen dilini ýaşatmak, ony ilerletmek, giňişletmek, gerçek ýurt dili derejesine çykarmak” diýip içinde aýdyp geçen “Hemme Okuwlarymyzdamy ýa-da Diňe Orta Okuwlarymyzdamy? Haýsy Dil bilen Okatmak Temasy” ady bilen 1926-njy ýylda ýaýlyma beren makalasyna bagly görüşleri açyklamaga çalyşylar.
Türk dünýäsi – Türk boýlarynyň geografik boýunça düşünje we kultura meňzeşliginiň ýaşaýan topraklary diýip bilinýär. Buňa garamazdan bugünki günde Türk dünýäsinde ýaşaýan asly Türk bolan halklaryň birmeňzeş düşünjedeligini aýtmak dogry bolmaz. Türk dünýäsiniň birbirlerini dogry aňlamasy bolsa, dogabitdi bir zat, has dogrysy bir gereklilikdir. Bugünki halyna bakylsa welin, şol bir soýdan gelen we şol bir dili gürleýän Türk boýlarynyň birbirini ‘dilde’ aňlamajak, ‘düşünjede’ aňlaşyp bilmejek bir haly bar.
Türk boýlarynyň ýaşan topraklarynyň käbirileri imperiýalist güçleriň sömürgesine girmegi netijesinde, adaty bir Türk dünýäsiniň ýerine urug, kowum, şiwe we ş.m-lere görä ýasama toplumlar (köpçülik), serhetler, ýönetimler edilmegi netijesinde Türk soýly halklaryň arasynda uzaklaşma bolandygy gizläp bolmajak bir gerçekdir. Meselem Rusýa Imperatorlugy döwründe Zakaspi (Hazaryň ötesi) diýip bilinen ýönetimiň Maňgyşlak ili Türkmenlere degişli bir bölgedi. Kommunizm gelmeginden soňra bolsa, Gazaklaryň bir ili diýip kabul edilipdir. Emma şuny unutmaly däldiris, halk – şol bir halk , bölge – şol bir bölge, diňe üýtgän zat bagly bolan başkentleridir. Bular ýaly mysallara Sowýetler Bileleşigi döwründe örän köp duş gelmek mümkin. Bu-da Türk dünýäsiniň üstünde edilen esasy aýryşdyrmanyň görünýän başlangyjydygy aýdylyp biliner.
Ikinji ädim, Türk-Yslam kultura geleneginden, taryh bilinçliliginden, düşünjesinden çetleşdirilmegidir. Taryh bilinçliligi milletler üçin gerekli bir barlykdyr. Çünki bilinç, halklaryň zehininiň düýbünden şekillendirilen kultur we taryhy dowamlylykdadyr.
Üçünjisi bolsa, Türk dünýäsiniň ortak ullanýan diliniň şiwelere aýrylmagydyr. Çünki dil Türk dünýäsini birleşdiriji güýçlerden iň ulusydyr. Rus döwrüniň ýönetimi tarapyndan her agyza görä grammar düzgünleriniň kesgitlenilmesi ol dillere öz täsirini düýpli ýetirýär. Türk aýdyňy Zeki Welidi Toganyň ýazan “Lenine Ýazan Hatym” atly ýazgysynda bu temany şeýle düşündirýär: “… Ruslar, Latyn Alfabeti kabul edilse-de soňun-da ýerini Kyrila terk etjegini, sany kyrka çykan Türkleriň her biri üçin aýratyn alfabet ediljegini aýdypdyrlar… Artyk düşnüklidir, siz Welikorus (beýik orus) arkadaşlar, haýsy bir milletiň dili we imlasy bilen iş geçirip başladyňyzmy, doly Rus bolýança ol milletiň ýakasyny göýbermäň” (Togan,2012: 394)
Mundan soňraky ädim bolsa, elbetde, ene diliniň käbir sebäplere görä üýtgedilmegi gerekdigi pikiriň öňe sürülmegidir. Ine bulara garşy Muhammet Geldiýewiň alyp baran göreşlerini açyklamaga çalyşarys.
XX ýüzýylda Türkmenistanda kultura meseleleriniň ýüze çykmagy bilen dartyşylan esasy sorag dil we edebiýat baradadyr. Bu dartyşmalarda ünsi çeken düşünjeleri, görüşleri we teklipleri orta goýupdyrlar. Bu-da elbetde adamlara öz düşünjesini aýtmaga we bu barada bilgiler edinmäge mümkinçilik beripdir. Muhammet Geldiýewiň bu soraglara beren jogaplarynyň aýratyn orny bar.
Muhammet Geldiýew 1889-njy ýylda Çelekende dogulýar. Ilki bilen döwrüň şertlerine baglylykda ýakynyndaky bir medresede okapdyr. Türkistan Türkleriniň, aýratynam Türkmenleriň ýokary-ögretim we ylym merkezlerinden biri diýip bilinýän Buhara medreselerinde okapdyr. Soňra Başkyrdystanyň Ufa Şäherindäki Galiýa medresesinde okapdyr. (Karýerasy barada “Muhammet Geldiýew” atly postumyzdan doly okap bilersiňiz…)
Geldiýewiň Türkmen dili we edebiýaty baradaky ýazgylary şol döwrüň düşünje strukturasynyň aňlaşylmasynda zerur roly oýnapdyr we häzirem ol roly dowam etdirýär. Bu ýerde “Türk dilinde ýöreýän Türk kowumlarynyň birbiriniň edebiýatlaryndan ýararlanmak, her şiwede parallel bolanlarynyň öz aralarynda edebiýatlaryny birnäçe ýyllaryň içinde birleşdirip, bilinç – bilim ýolunda güç birikdirip, ilerlemegiň” gerekdigini öňe süren we “Pantürkist” diýilip günäkärlenjegini mälim eden Geldiýewiň “Ene Dili”, “Daýhan Elipbisi”, “Türkmen Diliniň Grammatikasy”, “Erteki we Matallar Ýygyndysy” ýaly zerur strukturalaryny dile getirmek mümkindir.
Geldiýew Türkmen diliniň ýurt dili bolmagyny “Hemme Okuwlarymyzdamy ýa-da Diňe Orta Mekdeplerimizdemi? Haýsy Dil bilen Okatmak Temasy” atly makalasynda öňe sürýär. Bu makaladaky görüşleri we düşünjeleri Türkmen taryhy üçin örän wajypdyr. Döwrüniň dartgynly temalaryna milli bir görüş orta goýan makalalardan biridir.
Geldiýew bu makalasynyň ýazylma sebäbini: “Bu ýazgy, Ali Börüýewiň Türkmenistanda Rus dilinde ýaýlymlanan “Türkmen Uçgunjygy” (Туркменская Искра) gazetiniň 78-nji sanynda “Ortaokuwyň dil temasy (dartyşma usuly bile)” (“О языке средней школы (в порядке обсуждения)”) ady bile ýazan makalasyna jogap edilip galama alyndy” – diýip açyklaýar. (Geldiýew,1926)
Geldiýew bu temany temelinden açyklamaga girişýär we ony-da aňlaýyşy ýaly açyklamaga çalyşjakdygyny beýan edýär. Makalada açyklanmaga we öňe sürülmäge çalyşylan temany 3 sany esasy başlyklar bilen toplamak mümkin.
Ilkinji bolup ol döwrüň Türkmen dili üstündäki edilen işleriniň tutumuny beýan edýär. Aýratynam Türkmen dili üstünde her dürli negatiw işleriň ele alynandygyny tankytlaýar. Bu beýanda, Türkmen diliniň ýetersizligini görkezmek adyna dürli işler, ýaýlymlaryň bolandygyny-da görkezýär. Bularyň iň soňkusy, birlikde iş ýöreden döwrüniň ýazarlaryndan Kümüş Ali Börüýew tarapyndan ýazylan “Ortaokuwyň dil temasy (dartyşma usuly bile)” atly makalasy bolandygyny beýan edýär.
Kümüş Ali Börüýewiň ýazgydaky öňe süren görüşi, Türkmenler arasynda goldaw bereniň bolmadygyny görkezýär. Geldiýew bolsa, bu makala jogap edip ýazan ýazgysynda esasy Türkmen ýazarlarynyň bu tema aýratyn bir görüşleriniň bardygyny orta goýýar. Bu görüş bolsa, milletiň ene dili bolan Türkmen dilinde bolmagydyr. Esasanam Türkmenleriň ýabany bir dilde okadylmagyna gyzgyn bakmaýandyklaryny düşündirmäge çalyşýar. Ýene-de Rusça okadylmagyny öňe süren Türkmen ýazarlarynyň-da, Rus düşünjesiniň Türkmenler tarapyndan dile getirilme şeklidigini görkezme berýär. Bunuň bile bilelikde ol döwrüň ýönetiminiň içinde bolan ýazyjylarynyň köpüsinde Türkmençe bilinçiň ýoklugy ýa-da azlygyndan gelýändigi aýdylyp biliner. Olaryň köpüsiniň Rus maşgalasynda ýa-da Rus mekdeplerinde ýetişendigi bilinýär. (Durdyýew, 1970).
Bütin dartyşmalara garamazdan, Türkmen topraklaryndaky düzüwli egitimiň we ögretimiň kemçiliginden söz açypdyr. Geldiýew ilkinji bilen egitim we ögretimiň köpçülik bolup alynýan başlangyç okuwynyň zerurlygynyny hem orta atýar. Eger-de düzüwli başlangyç okuwlary bolmadyk bir milletiň, düzüw we ýeterli orta okuwynyň bolmagynyň mümkin däldigini taryhyň açyk şekilde görkezýändigini aýdypdyr. Bu ýerde-de Geldiýew diliň sosial bir hadysadygyny we bir millet üçin ene diliniň nähili gereklidigini gaýta-gaýta ýaňsydypdyr. Bir milletiň sosiallaşmagy bilen bilinçliliginiň deňligini taryhyň özi görkezýänligini-de açyklaýar.
Geldiýew ýene-de, her bir zat degerlendirilen mahaly ol zadyň öz şertlerine görä ele alynmagy gerekdigini aýdypdyr. Türkmen dili hem öz ýagdaý şertlerine görä degerlendirilse dogry boljagyny aýdypdyr. Bu-da ol döwür Türkmeniň toplum gurluşy, Moskowa we Londonyň sosial gurluşy bilen meňzeş däldigini açyklaýar. Meňzeş ýagdaýyň okuwlarda-da bardygyny açyk dile getirýär we bu sebäp bilenem “Türkmen Okuwyndan we Intellektualyndan Meňzeş Zady Talap Edip Bilerismi?” diýip soraýar we oňa “müň gezek ýok” diýip jogap berýär. Gysgaça aýdylanda Geldiýew, Türkmen diliniň “bilim dilidigi ýa-da däldigini” soramak bilen, bunuň mümkinsiz dälde, hat-da Türkmençäni özgerden ýagdaýlarynda ony bilim dili edip biljekdiklerini aňlatmak isleýär. Bunuň üçinem Rus dilinde okadylmagynyň gerek däldigi pikirini öňe sürüpdir.
Geldiýew, Kümüş Ali Börüýewiň agzap geçen sebäpleri ugur alyp orta okuwlarda Rusça okatmak gerekli bolsa, edil şonuň ýaly başlangyç okuwlarda-da Rusça okadylmagynyň gerekdigini belleýär. Çünki başlangyç okuwlarda kitap we ögretmen ýokdy. Bundan soňra-da Börüýewiň teklibiniň gerçek bir sebäbe daýanmaýanlygy üçin yzyna almagy gereklidigini aýdýar. Şonuň üçinem ýazyjy, “Men bu makalanyň adyna ‘Hemme Okuwlarymyzdamy ýa-da Diňe Orta Okuwlarymyzdamy? Haýsy Dil bilen Okatmak Temasy’ diýip atlandyrdym” diýýär. (Geldiýew,1926: 5)
Geldiýew, käbir ýazyjylaryň orta okuwlarda Rus dilinde okatmagyň öňe gidişlik boljagyny aýdýandyklaryny makalasynyň içinde belläp, olara şeýle jogap berýär: “Ýene-de gaýtadan aýdýaryn. Ýoldaşlarymyz, orta okuwy orta çykarýan zadyň – sagdyn gurulan başlangyç okuwydygyny ýadyndan çykarmasynlar.” Bu ýerde düzüw başlangyç okuwy bolmadygyň, düzüwli orta okuwy bolmajagyny ýene-de gaýtadan ýatladypdyr. Bunuň sebäbi diňeje kitap we ögretmen ýoklugyndan däl, taýýar bolan ögrenijiniň tapylmaýandygy üçindigini bilmegiň gerekdigini aýdypdyr. “Bunuň üçinem orta mekdebi Rusça däl hat-da Iňlisçe okatsaňyz-da, bütin manysy bilen orta okuwy bolmaz. Çünki dil we kitapdan-da has zerury oňe düşünip biljek zehini taýýarlamakdyr. Bu ikisi düýbünden aýra mowzuklardyr. Bu sebäpdenem Türkmen diliniň üstüni çyzmagyň manysy ýokdur” diýip, Rusça okatmagyyň gerekli däldigini açyklyga çykarypdyr. (Geldiýew, 1926: 6).
Geldiýew taryhy sebäplere görä, Türkmenler arasynda kitap we ögretmen däl, şol bir wagtda orta okuwa taýýarlanan ögreniji gatlagyda ýokduguny belleýär.
“Buňa garamazdan Türkmen ýigitlerinden we Beýleki Ýewropaly dostlarymyzdan “Kitap ýok, ögretmen ýok…, bilýän birisi ýok” bahanalary bilen ‘guramalarda we okuwlarda Rus ýa-da başga bir ýabany dilini ýöretmesek bolmaz’ diýmeleri – özlerini we halky aldatmak, diýmekdir”
MUHAMMET GELDIÝEW
Geçiji ýabany dil barada Geldiýew: “dilimiň üstünde işlenilmedik” diýip, ýabany bir dili geçiji edip kabul etmek taryhda görülen bir waka bolmadygyny aýdypdyr. Şol bir wagtda halk arasynda Türkmen dili, resmi ýazyşmalar başda bolmak bilen okuwlarda we ýönetimde geçiji ýabany dilini ulanmak we bularyň arasynda-da Türkmen diliniň ilerlemegini we ýokary derejelere gelmegini umyt edip garaşmagy “el açyp ýatmak” diýip taryp edipdir. (Geldiýew, 1926: 6-7)
“Türkmen ýaşlarynyň Rus diline islegli bolmagynyň sebäbi, Rusýa Imperatorlugy zamanynda Rusça bilenleriň ýönetimde has gowy ýerlerde işlemeginden gelýär. Ol döwürde gowy ýerlerde işlän Rusça gürleýän Türkmenleriň aýratyn we özel hukuklary bardy. Eger ýönetimde Türkmençe has gerekli bolanlygynda bu isleg, öz-özünden ýok bolup gitjekdir.”
Geldiýew, 1926: 6-7
Rus dilini kabul etmegiň sebäplerinden biri-de ýewropa medeniýetiniň gazananlaryndan tizden-tiz ýararlanmak üçin ýabany diliň gerekdigi diýip açyklanypdyr. Geldiýew bu tema pozitiw ýakynlaşypdyr. Gerçekdenem ynsanlyk üçin edilen işleriň öz halkyna ýararly hala getirilmegi gereklidir. Emma bunuň üçin Türkmen dilini aýyryp, Rusça getirmegiň gereksizdigini, Rus diliniň onsuzam 4-nji klasdan başlap ýörite sapak edilip okadylýandygyny aýdypdyr. Aýratynam Rus dilinden beter ösen Iňlis, Fransuz, German dillerinde okatmak has ýaramly boljagyny belläpdir. (Geldiýew, 1926: 9).
Rus diliniň kabul edilmeginiň sebäplerinden biri-de halkara dil bolmagydyr. Emma Geldiýew oňa, halkara bir dil bolmagyň ýolundadygyny aýdýar. Ol döwri gözöňüne tutulsa Geldiýewiň kommentariýasy aýdyňlyga gowuşýar.
Geldiýew Rus diliniň baý birikmesiniň bardygyny bilýändigini boýnuna alýar. Emma köp sanly dilde birmeňzeş manydaky “Halkara sözleri” temasyna gelindiginde, “Türkmen diliniň hem gapysy açykdyr” diýip jogaplaýar. Bunuň üçin ýene-de Rus dilini kabul etmäge gerek ýokdygyny öňe sürýär. (Geldiýew, 1926: 8)
Rus dilinde okadylmagy gerekli görülen sebäplerden biri-de, Rus diliniň dilbilimi düzgünleriniň has gowy ulanylşly haldadygy öňe sürülýär. Geldiýew Türkmen diliniň-de birmeňzeş ulanylşa eýedigini, emma bu temada dilçileriň örän az iş edýändiklerini belleýär.
Geldiýew Türkmen topraklaryna gelip ýaşaýan daşary ýurtlylaryň (Ruslaryň) Türkmençe ögrenmeleri ýolunda-da işler alyp barýar. 1926-njy ýylda Aşgabatda “Rus okuwlarynda Ruslar üçin açylan wagytlaýyn kurslarda Türkmen dilini ögretmek üçin janly gürleme dersleri (Birinji Kitap)” ady bilen eser ýaýymlapdyr. Çünki Geldiýew Türkmen diliniň Ýurt dili bolmagyny we bu barada işler edilmeginiň gereklidigini aýdýar.
Geldiýew bu makalasynda, Türkmen diliniň ilerlemegi, aýratynam ýurt dili bolmagy bir gaçyp bolmajak gereklikdigi barada düşünjelerini orta goýýar. Türkmen diliniň özünde bir kemçiligiň ýokdugyny, emma onuň üstünde gerek bolan işleri edilmeýändiginini aýdýar. Rus dili ýa-da başga bir ýabany dilleriňki ýaly, ilerletme işleri, Türkmen diliniň üstünde hem alynyp barylan bolsady, has öňdäki derejelere ýetip biljekdigini subut edip bolardy.
“Türkmen dilini ilerletme döwründen geçirmek üçin gerekli şertleri ýaratmaýşymyz ýaly, “bu dili alyň, o dili alyň” diýmekde diňeje wagt ýitirmekden başga zat däl”
Geldiýew, 1926: 8
Muhammet Geldiýew,
“ Türkmen we Ýewropaly dostlarymyz, 5-10 ýylyň içinde Türkmen dilini sagdyn we düzüwli bir şekilde orta çykarmagyň gereklidigini aýdýarlar. Munuň bilen bilelikde Türkmen dilini ýaşatmak we ilerletmek üçin ony ýurt dili derejesine çykarmagyň zerurdygyny aýdýarlar. Buny başka biri tarapyndan taýýarlanyp berilmejegine görä, Dilimizde, Okuwymyzda, Kitabymyzda, Ögrediji we Ögrenijilerimizde, hemmesini-de bilelikde ýetişdirip, ol derejä ýetip biliner”
diýip aýdýar.
Geldiýewiň öňe sürýän pikiri Türkmençäni ýurt dili etmekdir. Ony diňeje kagyz ýüzünde ýa-da gündelik ulanyşda däl, eýsem iş durmuşunda-da ol barada köp işler geçirýär.
“Türkmen boýlarynyň şiwede parallel bolanlarynyň öz aralarynda edebiýatlaryny birnäçe ýyl içinde birleşdirmek, bilinç – bilim ýolunda güýç toplap ilerlemek gereklidir.”
Bu ýerde Geldiýewiň parallel şiwelerden ýararlanmak temasy sözler baradadygyny aýdyp bolar.
Parallel bolan şiwelerden ýararlanmak, olaryň ýazuw we edebiýatyny kabul etmek ýolu bilen däl-de, Türkmençe bolmaýan sözleri aýyrmak we öz parallelinde bolan şiweden gerekli sözleri almak, olar bilen ýakyn aralyklary saklamak ýollary bilen gerçekleşdirmek gerekdigini aýdýar. Geldiýew, bu ädim ädilen wagtynda, Türkmen şiweleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň berkleşjekdigini düşünüpdir. Bunuň bile bilelikde Türkmen dili ýabany dilleriň aýagynyň astyndan çykarylyp halas ediler. (Geldiýew, 1926: 12).
Türkmen taryhy, dil tarapyndan bakylanda-da esasy temalardan biri bolup durýar. Edil şonuň ýaly bugünki günde-de özgerdilmesi gerekli temalardan biridigi bellenilýär. Emma Geldiýew bu makalasynyň soňunda,
“Bular ýaly düşünjeleri öňe sürenleriň garşysyna, elbetde, syýasat bilen garşy çykarlar”
diýip aýdyp geçipdir. Dogrudanam, buny etmäge synanyşmak Pantürkizmi janlandyrmak diýip düşünülýändiginiň aşagyny çyzypdyr. Geldiýew özüniň-de Pantürkist edilip tanaldyljakdygyny belleýär. Bu barada: – “Emma bu, köne ýarag bilen täze söweş meýdanyna çykmak” -diýip baha berýär. (Geldiýew, 1926: 12).
Komentariýa
Merdan Meredov
Muhammet Geldiýew we Ýoldaşlary Türkmen elipbisiñiñ ýolyny görkezip ýetişipdir,
Yola goýmak bize galdy.