Türkmenistanda Latyn alfabetiniň kabul edilmesinde beýik rol oýnan, Türkmençäniň ilkinji grammatikasyny ýazan Muhammet Geldiýew…
Türkmenistanda Latyn alfabetiniň kabul edilmesinde beýik rol oýnan, Türkmençäniň ilkinji grammatikasyny ýazan Muhammet Geldiýew…
Bu eseri men size Soner SAGLAM’yň “Türkiýe Daşyndaky Türk Dünýäsi Türkologlary” atly kitapdan Muhammet Geldiýew barada çykaran makalasyny Türkmençä hem terjime etdim, hem dürli synpdaky okaýjylar üçin sadalaşdyrdym.
Serdar ATAÝEW
(1889-1931)
Türkmenistanda Latyn alfabetiniň kabul edilmesinde beýik rol oýnan, Türkmençäniň ilkinji grammatikasyny ýazan Muhammet Geldiýew, 1889-njy ýylda Hazar deňizi ýakasyna ýakyn bolan Çelekende bir balykçy maşgalada doguldy. Ilki oba mekdebinde, soňra Buhara medreseleriniň birinde, soňunda Başkyrdystanyň Ufa şäherindäki meşhur Galiýa medresesinde okap tälimini tamamlady.
Galiýa medresesi ol döwürde iň üstün derejede tälim beren gurumlardan biridir. Başkyrt, Tatar, Özbek, Gazak, Gyrgyz, Türkmen, Adygeý, Çerkez we başga halklardan bolan örän köp Türk milletlerinden bolan aýdyňlar bu medresede okapdyrlar. Muhammet Geldiýew-de, Tatarystanyň meşhur dilçileri Galymjan Ibragimow, Gyýbad Alparow, Abdyrahman Sagdy, Başkyrdystanyň öňde gelen ýazarlary Mejit Gafury, S. Kudaş, Raşit Nigmati ýaly aýdyň kişiler bilen bilelikde okaýardy.
Muhammet Geldiýewiň gysga karýerasy uniwersiteti tamamlandan soňra Tatar-Başkyrt okuwlarynda ögrediji (mugallym) bolmak bilen başlaýar. Nekrologlardan we Berdi Kerbabaýewiň şygyrlaryndan ýola çykylsa ol döwür 1917-1921-nji ýyllar arasynda bolupdyr. 1921-nji ýylda Aşgabada gelip partiýa okuwunda we institutynda ögrediji bolup işe başlaýar. Uzak wagt geçmänkä Türkmen diline degişli örän köp işlerde (Türkmen Bilim Konsulynda (1922-1926), Türkmen Bilim Sowetinde (1926), Türkmen Medeniýet Institutynda (1928-1930) Türkmen dili we Edebiýaty bölümlerinde) ýöneldiji (menejer) bolup işleýär. Mundan başga-da, Türkmenistan Sowet Sosialist Jemhuriýeti (TSSJ) Merkezi Ýönetme Komitet Baştutanlyk Diwanyna agza kabul edilen Geldiýew, birinjisi 1921-iň sonuňda Aşgabatda, ikinjisi-de 1922-niň Aprel aýynda Daşkentde bolan Türkistan ASSR-niň Magaryf Halk Komissiýonerligine bagly Ýurt Ylym Adamlary Birliginiň ýanynda döredilen Türkmen Bilim Komissiýasynyň agzalygyna saýlanýar. 1924-de Türkmenistan SSJ-iniň gurulmagy bilen Ýurt Ylym Adamlary Birligi TSSJ Magaryf Halk Komissiýonerligine bagly bolup açylýar. Geldiýew, bu komissiýa agzalaryndan biri bolýar. Ol 1928-nji ýylyndan başlap ömrünüň soňuna çenli Türkmen Medeniýet Institutunda işleýär.
Ol XX asyryň başlarynda Türkmenistanyň ögredijilik we guşanym (hemme taraplaýyn ýetişmek) boyunça iň ökde dilçisidi. Bu sebäpdenem partiýa we hökümet baştutanlary – Gaýgysyz Atabaýew, Nedirbaý Aýtakow we ş.m – onuň bilen ýakyn gatnaşyk sakladylar. Ol ýyllarda Türkmenistanda ylym çärelerinde liderlik eden Kümüşaly Börüýewde Geldiýewi özünüň iň ýakyn ýardamjysy diýip hasaplaýardy.
Alfabeta we ýazuw üstünde alyp baran işleri we teklipleri, Türkmen edebi dilini özgertmek üçin durmuşa geçiren çalyşmalary Muhammet Geldiýewiň adyna uly şöhrat getirýär. 1922-nji ýylyň 17-nji Aprelinde Daşkentde Türkmen Bilim Komiteti guruldy we bu komitet tarapyndan Daşkende çagyrylan Geldiýew, ol ýerde örän gerekli işlere gol çekdi. Türkmen Bilim Komiteti, Türkmen edebi dilini şekillendirmek esasynda Türkmen mekdeplerinde okadylmak üçin ders kitaplaryny ýazmak, ögredijiler üçin kylawuz (ýol görkezen) kitaplaryny taýýarlamak ýaly işlere çäre gözleýärdi. Komissiýanyň iň tejribeli we guşanymly atlaryndan biri bolan Geldiýew, ýöredilen çärelere liderlik edýär we döwrüň öňde gelen dilçileri bilen tanyşyp, olar bilen birlikde işlemegi oňa, Türkmen dilbilminiň örän köp meselesini çözmegi üçin uly mümkünçilikler berýär.
Muhammet Geldiýewiň taýýarlan bildirişi dogrusynda Türkmen Bilim Komiteti, taryhda ilkinji gezek Arap elipbisi bilen ýazylan Türkmen edebi diliniň ýazuwunda reforma geçirdi. Bu reforma 1923-de täzeden gözden geçirilýär, käbir düzeltmeler edilenden soňra uýgunlamaga goýulýar. Geldiýew, Türkmençedäki her bir fonemanyň (sesiň) ýazgyda görkezilmegi gerekdigini orta atýar. Munuň üçin hem öňünçä, Türkmençede näçe sany wokal (üstünde işlenen sesler, düzeldilen sesler; “notalar”) bardygyny kesgitlenmeli soňra-da bu wokallaryň nähili şekilde görkezilip bilinjekdigini kesgitlenmelidi. Eýýäm Tatarlar we Gazaklar Sowet rewolýusiýasyndan öňünçä bu temany gündeme getirdiler we Arap harplaryna daýanan alfabetiň üstünde düzeltme işlerini alyp bardylar. Olary ýakyndan yzarlaýan Geldiýew, bu düzeldiş Türkmençe üçin hem örän gereklidigini düşünýär we beýleki Türk halklarynyň eden işlerinden ýararlanmagy-da başarýar. Bildirişdäki tema diňeje alfabetiň düzeldilmegi meselesi däldi, aýratynam bu bildiriş dogrusunda Türkmen ýazuw diliniň käbir ýazuw düzgünlerinde orta goýuldy. Başga bir aýdyşda, Türkmençäniň fonetik sistemasynyň ylmy metodlar bilen öwrenilmegi we öwredilmegi Geldiýewiň bu bildirişi bilen başlandy.
Daşkentde ýaşan döwründe Geldiýew, täze açylan Türkmen okuwlary üçin ders kitaplary taýýarlaýar. “Tebigat okuw” , “Iş Terbiýesi we Iş Mekdebi”, “Hasap 2,3,4. Synp” ýaly birnäçe ders kitabyny Türkmençä terjime edýärdi. S. Işan we Ö. Atabaýew tarapyndan toplanan sözli edebiýat önümleriniň redaktorlygyny etdi we “Erteki we Matallar Ýygyndysy” ady bilen ýaýymlady. Meşhur Tatar dilçisi Gyýbad Alparow bile bilelikde alfabet düzeldilmegi bile bagly bolan “Ululara Alfabet”, we “Türkmen Diliniň Ýazuwy” ýaly kitaplary ýazdylar. Ýene Alparow bilen bilelikde birnäçe ders kitaplary ýaýymladylar. Ögredijilik we Ögrenmegiň gerekdigine ynanan bir aýdyň hökmünde Türkmenistanda açylan okuwlara we okuwlarda okadyljak kitaplara, uýgunlanjak metodlar üçin köp pikirlenýärdi. Bu temada makalalary ýazýardy.
Sowetler Birligine bagly edilip gurulan Türkmenistan Sowet Sosialist Jemhuriýetinden (TSSJ) soňra Geldiýew, Taşkentden Aşgabada çagyryldy. 1925-1930 ýyllary arasynda , ilki Türkmen Ylym Komitetinde soňra Türkmen Medeniýet Institutynda bilim ynsany bolup işlän Geldiýewiň bu ýyllary döredijiliginiň doly gül açan döwrüdir. 1925-de Türkmen atasözü we matallarynyň bir arada toplanan “Atasözü we Matallar Külliýaty (Atalar sözi toplumy)” atly kitaby çykarýar. Şol ýylyň 14-nji Iýulynda TSSJ Halk Komissiýonerlik Mejlisi, Arap elipbisiniň Magarif Halk Komissiýonerligi we Ýurt Ylym Adamlary Birligi tarapyndan taýýarlanan täze reformany makullaýar. Bu reforma dogrusynda okuwlar üçin ders kitaplary taýýarlanýar, öňküler täzeden düzeldilýär. M. Geldiýew bütin gaýraty bilen alfabetiň düzeldilmegi üçin işleýärdi.
Ol 1926-da geçirilen Baku Türkologiýa Gurultaýyna gatnaşdy. Türk soýly halklaryň alfabet meselesi gurultaýdaky iň kän üstünde durulan meseledi. Gurultaýa gatnaşan wekiller Türk soýly halklarynyň öz edebi dillerini özgertmek üçin Latyn harplary esasynda bir alfabete geçilmeginiň peýdaly boljagy hakyndaky pikirleri öňe sürüpdirler. Munuň üçin ediljek işleriň täk bir merkez tarypyndan ýöredilmegi we kontrol edilmegi adyna bir komitet (Täze Türk Alfabetiniň Birlik Komiteti) we bu komitete bagly bir akademik maslahat mejlisiniň gurulmagy kararlaşdyrylýar. Bu merkez komitete Türkmenistandan K. Börüýew we M. Geldiýew hem saýlanýar. Geldiýew, akademik maslahat mejlisine-de agza saýlanýar.
M. Geldiýewiň alyp baran işleriniň netijesinde, TSSJ Merkezi Komiteti we Halk Komissiýonerligi Mejlisi Latyn harplary esasyna görä taýýarlanan alfabeti ýurt resmi alfebeti diýen karary kabul edýär (3.01.1928ý). M.Geldiýewiň Latynlaşdyran alfabetine görä ýazylan harplar 1928-1930 ýyllarynda “Elipbiý (Balalar üçün)”, “Daýhan Elipbisi” atlary bilen ýaýymlanyp, giň halk köpçüligine ýetirilýär. 1929-njy ýylda M. Geldiýewiň Tatar bilimçisi, dilçi Gyýbad Habibollowiç Alparow (1888-1936) bilen taýýarlan “Türkmen Diliniň Grammatikasy (Sarf-Nahiw)” atly eseri, Türkmençäniň fonetik, morfologik we sintaksis tarapy bilen ele alynan we inçelenen, Türkmençäniň ilkinji ylmy grammatika kitaby diýip kabul edilýär.
Gündelik metbugatyň sahypalarynda-da halkyň okadylmagy, dil we edebiýat meseleleri üstünde gerekli ýazgylary galama alan Geldiýew, Türkmen halk döredijiligi we klasik edebiýatynyň öwredilmegi üçin örän kän gerekli çäreler durmuşa geçirdi. Modern Türkmen edebiýatyny özgertmek üçin hem gerekli işler etdi. Ýaş şahyr we ýazarlar bilen ýakyndan gyzyklandy. Türkmenistandaky okuwlarda okadyljak ders kitaplarynyň içerikleriniň (kontent) döredilmegi we özgerdilmegi babatynda Ýurt Ylym Adamlary Mejlisi we Türkmen Medeniýet Instituty tarapyndan ülkäniň belli sebitlerinde gurulan dialoktologiýa we falklor işlerine jany-teni bilen goşulan Geldiýew, Türkmençäniň agyzlar üstündäki saýlamalaryny-da geçirýär. Türkmen edebi diliniň emele gelmeginde Türkmen agyzlarynyň (şiwe) ünse alynmagy gerekdigini, bu temada ylmy metodlar bilen işlemeler geçirilmegini dile getirýär. Geldiýew, eldäki bar bolan dil işlemeleri bile bagly resmi dokumentlere görä, beýleki dilçiler bilen birlikde Türkmençe-Rusça we Türkmen dialektleriniň deňeşdirilmeli sözlüklerini taýýarlama işine girişýär. Emma, gynandyryjy tarapy, bu sözlükler tamamlanmandyr.
1931-nji ýylyň 3-nji Ýanwarynda işdä rahatsyzlygy sebäpli aradan çykan Geldiýew, 5-nji Ýanwarda Aşgabatdaky Piwo zawodynyň Demirgazyk-Gündogaryndaky mazarlyga gömüldi. Onuň ölümine degişli “Türkmenistan” gazetiniň 1931-nji ýylyň 4-5-nji Ýanwar taryhyndaky sanlarynda jemi sekiz sany nekrolog ýazgysy basyldy. Geldiýewiň jynazasynda, XX. ýüz ýyl Türkmen edebiýatynyň görnükli şahsyýetlerinden Berdi Kerbabaýew, şu setirleri öz içine alan bir şygyr okaýar:
Türkmen dilin kada salyp başlan sen,
Dil ugrunda on bäş ýyllap işlän sen.
Dil tamynyň düýbün tutduň, eý ussa.
Şägirtleriň hökman bitir ol tamy.
Dört taýyndan ganatlaýyn galdyrylyp,
Dil düzeler, galmaz onuň bir kemi.
Şuralar ilinde ösdükçe ylym
Ussadyny ýada saljakdyr dilim.
"Türkmenistan” gazeti, 5-nji Ýanwar 1931
M. Geldiýewiň aýalynyň ady Halbibidir. Ondan Abdyrahman (1922-1955) atly bir ogly Aky atly bir gyzy bolýar. Abdyrahmanyň bolsa üç ogly bolýar. Olar (Oleg, Bolodýa we Ewgeniý) Aşgabatda ýaşamagyny dowam etdirýärler. M. Geldiýewiň gyzy Aky, Nebitdag şäherinde ýaşaýar. Mugallym bolýar. Maşgalasyndan alynan bilgä görä, Geldiýewiň örän baý kitaphanasy barmyş. Emma onuň hakynda çykan “halk duşmany”, “pantürkist”, “milliýetçi” ýaly asylsyz töhmetlerden howatyrlanan doganlary onuň kitaphanasyny ýakýar. Örän gymmatly kitaplar bilen bilelikde Geldiýewiň ýaýlyma berilmedik kän-kän işleri-de ýok bolýar.
M. Geldiýew we özi ýaly Jeditçi (Täzelikçi) Türkmen aýdyňlarynyň birlikte işlän Türkmen Bilim Soweti we Türkmen Medeniýet Instituty ýaly gurumlaryň çäreleri 1930-njy ýyllaryň başlaryndan Sowet hökümeti tarapyndan tankyt edilmäge başlandy. Bu gurumlarda işlän kişiler milliýetçilik etmek, pantürkist bolmak ýaly sebäpler bile günäkärlenmäge başlandy we olar hakynda derňewler edildi. Bu şahsyýetleriň birnäçesi beýleki Türk soýly halklaryň watansöýer aýdyňlary ýaly Staliniň zulumuna uçraýardylar, öldürülýärdiler ýa-da sürgünde dünýäden ötýärdiler. Geldiýewiň ölümünden soňra ol hakyndaky günäkärlemeler hasam artýardy. O. Wepaýew, G. Atabaýew, N. Aýtakow we başgalary ýaly öňdebaryjy Türkmen aýdyňlarynyň zähmetleri bilen bilelikde, M. Geldiýewiň işlemelerindenem gürrüň etmek gadagan edilýärdi. Sowetler Birligi Komunist Partiýasynyň 20-nji Gurultaýyndan soňra M. Geldiýewiň durmuşy we işlemeleri öwredilmäge başlandy. Türkmenistan Ylymlar Akademiýasynda işlän bilim ynsanlarynyň gyzyklanma we zähmeti bilen 1972-nji ýylyň Awgust aýynda M. Geldiýewiň eserlerini herkim üçin açyk hala getirildi. Onuň hormatamynasyp ady täzeden ýatladyldy. Bu taryhdan başlap Türkmen dilçileri, Türkmen dil bilim gurujusy bolan Geldiýewiň çalyşmalaryny her tarapdan araşdyrmaga, öwrenmäge gaýrat edýärdiler. Aýratynam Ord. Prof. Dr. Myratgeldi Söýegow hem Geldiýew hakynda öňdegelen makalalar ýazýar. Adyny agzan bu işlerimiz Geldiýew hakyndaky edilen işlerden käbirleridir.
Komentariýalar
Aşgabat
Bu adam barada hiç kim maglumat berenokdy
Merdan Meredov
Yürtsever aýdyñ.