Her gezek ekrana çykandan soň, Kakageldi Allanazarowyň öýündäki ýakynlaryna GRES şäherçesiniň Ýaşaýyş Öýleri Dolandyryş edarasyndan sebäpsiz ýere jaň gelýärdi. Soraýan zatlary bolsa, Kakageldiniň nirededigi we näme işler edýändigi.
Iň soňunda, Kakageldä jaň edýänleriň telefonuny almak başardyp, olara jaň etmek hem nesip boldy. Telefonuň ol ujynda Oguljan adynda bir işgäriň oturandygy mälim bolandan soň, Kakageldi oňa gerekli soraglary berip, ony hem ses ýazga alypdyr.
Oguljan ilki bada hadysa düşünip bilmese-de, soňy bilen hemme zady boýnuna aldy. Hakykatdan hem jaň edendigini kabul eden Oguljan, jaňy Migrasiýa gullugynyň buýrugy boýunça edendigini anyk bir görnüşde düşündirip berdi.
Migrasiýa sözüni eşiden Kakageldi, olaryň näme üçin buýruk boýunça özüni sorandyklaryny biljek bolup Oguljana sorag berdi. Oguljan sebäbini bilmeýändigini aýtsa-da, dowamyndaky gürrüňlerinde bilgeşleýin ýurt daşyndaky adamlaryň ýakynlaryna jaň etdirýändiklerini aýtdy. Ýogsam olaryň özlerinde ýeterlik maglumat bar, hiç zady soramaklaryna gerek ýok diýilen manyda sözlem gurdy.
Telefon arakaly bolan gepleşigiň soňynda, Kakageldiniň Oguljandan şol Migarasiýanyň özüniň jaň etmegini isläp, jaňly gepleşigi soňlandyrdy. Emma, Kakageldä Migrasiýadan jaň eden bolmady.
Kakageldiniň mysaly müňlerçe mysallardan diňe biri bolup, şu wagta çenli syýasy platformalarda çykyş edenleriň hiç birine Migrasiýa gullugy gönimel jaň edip bilenok. Onuň ýerine, olaryň Türkmenistandaky ýakynlaryna jaň edip, Häkimlige ýa-da Ýaşaýyş Öýleri Dolandyryş edarasyna gelip gitmeleri talap edilýär.
Mundan başga-da, şol GRES şäherçesine degişli Müjöwür obanyň uçastkowoýy Begenç Hezretgulyýew hem Migrasiýa gullugynyň buýrugy boýunça obada çäre geçipdir. Çärede, Hezretgulyýew halky şu 3 maddany etmezlikleri üçin duýdurdy:
-Daşary ýurtdakylara ýurt barada maglumat bermeli däl
-Daşary ýurdakylara surat we wideo ugratmaly däl
-Daşary ýurtdakylar bilen wideo arkaly gürleşmeli däl”
Emma, nägile halk gijä galman bu habary biziň kanalymyza ýetirdi we bu režime garşy çykmak üçin elinden gelenini etjekdigini aýtdy.