2022’nji ýylda “Milli Howpsuzlyk” Altymyrat Jumadurdyýew barada gyzyklanyp, ony soraga çekip, Aşgabada gatnadyp başladylypdyr
2022’nji ýylda “Milli Howpsuzlyk” Altymyrat Jumadurdyýew barada gyzyklanyp, ony soraga çekip, Aşgabada gatnadyp başladylypdyr
Türkmenistan’daky ýetginjekleri hem-de ýetginjek ýaşyndan geçenleri ýurduň uniwersitetleri we institutlarynyň giriş synaglaryna taýýarlaýan, ýörite öýünde orta mekdep derslerinden bilim berýän Sakarçäge etrabynyň öňki Sowet raýonunyň ýaşaýjysy bolan Altymyrat Jumadurdyýew 2022’nji ýylda şübheli ýagdaýda ölendigi barada adamlar özarasynda aýdyşýarlar.
Habary ýetirýänler Altymyrat Jumadurdyýew’iň zäherlenip öldürilen bolup biljekdiginden şübhelenýärler. Ol 1970’nji ýylda, Sakarçäge etrabynyň öňki Sowet raýonunda dogulan, Aşgabat’daky Oba Hojalyk uniwersitetini tamamlan we 3 gyzy bilen 2 ogly bar.
Altymyrat Jumadurdyýew köp ýyllardan bäri öýünde çagalary orta mekdep döwründen okadyp başlap, Türkmenistan’daky uniwersitetleriň we institutlaryň giriş synaglaryny gazanyp bilmekleri üçin taýýarlaýardy we birnäçe ýaş ýetginjekler, Alty mugallymyň öwreden derslerinden peýdalanyp, Türkmenistan’daky universitetleriň hem-de institutlaryň giriş synaglaryny gazanmagy başardylar. Hat-da şolaryň içinde okuwlaryny tamamlap, häzirki wagtda döwlet işinde işleýänleri hem az däl. Orta mekdep çagalary ýetişdirmegiň daşynda, Altymyrat Jumadurdyýew esgerlik borjuny gutaryp gelen ýaş ýigitleri Türkmenistan’yň “Milli Howpsuzlyk” gullugunyň, “İçeri İşler” gullugyň Polisiýa Akademiýasy’nyň, hem-de Türkmenistanyň “Harby institutynyň” we beýlekileriniň giriş synaglaryna taýýarlaýardy. Alty mugallymyň taýýarlan köp sanly okuwçylary şol institutlary gazanyp we okuwlaryny tamamlap, häzirki wagtda “İçeri İşler”, “Milli Howpsuzlyk” hem-de Türkmenistan’yň “Harby” gulluklarynda işleýänleri bar.
Bize ýetirilen habarda aýdylşyna görä, 2022’nji ýylda “Milli Howpsuzlyk” Altymyrat Jumadurdyýew barada gyzyklanyp, ony soraga çekip, Aşgabada gatnadyp başladylypdyr. Soraga çekilmeginiň sebäbi bolsa, onuň okuwçy ýetişdirmegi bolup durýar. Gynansakda Türkmenistan’yň häzirki jenaýatkär hukuk-daşy hökümetiniň esasy alyp barýan jenaýatlarynyň birisi hem, şular ýaly halka bähbitli ýagdaýlaryň öňüne geçmek. Bir söz bilen aýtsak bilimli bolmak we bilimi ýaýaratmak gadagan hasaplanylýar.
Türkmenistan’daky “Milli Howpsuzlyk” bütin ýurt boýunça ynsanlyga garşy alyp barýan jenaýatlary sanardan has köp. Esasan hem Altymyrat Jumadurdyýew ýaly mekdepleriň ýetişdirip bilmedigi okuwçylary öýünde ýetişdiren adamlar MHM’niň nyşanynda durýar. Şol sebäpli, Alty mugallym hem şolar tarapyndan zäherlenip öldürülen bolup biljekdigi esasy şübheleriň arasynda. Ýurtda ynsan gymmatlygynyň, ylaýta-da şol döwletiň watandaşy bolan halkyň, hiç bir gymmatlygynyň ýokdugyny belläp geçmegimiz gerekli. Bu bolsa, Türkmenistan’y dolandyryp oturan sözdäki “hökümetiň” aç-açan terrorçylykly hereket alyp barýandygynyň subutnamasy.
Komentariýalar
Merdan Meredov
Rus dikmeleri, Ýurdy adamlaryny ýok etmänä dowam edýär.
Garagum
Türkmene bilim gadagan!