Light
Dark

Köneürgençde mekdebiň ady bar, emma binasy ýok

Türkmenistanda döwlet gurluşynyň ýokdygyny müňlerçe görnüşde aýtmak bolýar. Ol görnüşleriň içine ýene-de bir sany adatdan daşary görnüş goşuldy. Mekdep göz öňüňize getiriň; okuwçylary we mugallymlary bar, emma mekdebiň binasy ýok.

Köneürgenç’däki 50’nji mekdebiň ýeri

 

Bu hadysa Könürgenç şäherindäki okuwçylaryň başyna geldi. Şäheriň 50’nji mekdebi mundan 8-9 ýyl öň täzesiniň gurulmagy şerti bilen ýykylypdyr. Ýykylan 50’nji mekdebiň okuwçylary bolsa, wagtlaýynça 54 we 57’nji mekdeplere dargadylypdyr. Aradan esli ýyl geçmegine garamazdan ýykylan 50’nji mekdebiň gurluşygy hiç hili başlamandyr. Gurluşygyň bolmaly ýerinde bolsa gawyn-garpyz bazary döräpdir. Ýerli halk mekdebiň gurulmaly açyk meýdanynda, pursatdan peýdalanyp, hojalygynda öndüren önümlerini satuwa çykarýarlar. Emma bolsa, binasy bolmaýan 50’nji mekdep uçurumlaryny bermäge dowam edýär.

Başga tarapdan bolsa, bu ýagdaýdan nägile bolýan halk hem, “çagalaryň bilim almagy öňde durýar” diýip, akyl almaz wakany bize ýetirdi. Hemme zat ýolunda ýaly özüni alyp barýan mugallymlardan soň dereje nägilediklerini aýdýarlar. Propaganda kanallarda we telewideniýede her aý täze bir mekdebiň açylşyny görkezseler-de, hakykatda olaryň diňe adamlary güýmemek üçin edilýändigini 50’nji mekdep bize hemme zady öz-özünden nygtaýar.

Islendik mesele köpçülige çykarylandan soň çözülmäge başlanýandyr.

Bolup geçýän wakalary bize Telegram arkaly ýetirip bilersiňiz ýa-da täzeliklerden dessine habardar bolmak üçin Telegram kanalymyza ýazylyp bilersiňiz

Komentariýa ýaz

Your email address will not be published. Required fields are marked *