Light
Dark

Köçä Zyňylan 35 Ýaşly Jemalyň Başyndan Geçenler

Çärjew şäheriniň 35 ýaşly ýaşaýjysy we 3 çaganyň ejesi bolan Jemal atly bir zenanyň köçede aklyny ýitiren…

Çärjew şäheriniň 35 ýaşly ýaşaýjysy we 3 çaganyň ejesi bolan Jemal atly bir zenanyň köçede aklyny ýitiren ýagdaýynda daşara kowulandygyny, başga bir Türkmenistanyň ýurtdaşy tarapyndan wideo düşürlip bize ýetirildi.

Jemalyň soňky ýagdaýy

Jemalyň başyndan geçirenleri bolsa, bize gürrüň berlişi boýunça şu aşakdaky ýaly:

Ilkinji ärinden aýrylşandan soň Türkiýä işlemäge gaýtmaly bolupdyr. Birnäçe wagtdan soň Mary welaýatynyň ýaşaýjysy bolan Parahat atly deň-duşy bilen tanyşýar.

Parahat bilen birnäçe wagt ýaşaşandan soň, Parahatyň alkagola ýatgyn bolandygy Jemala belli bolýar. Bize habar beren şaýatlaryň aýtmaklaryna görä, Jemal Parahatyň ýesiri bolupdyr. Ýygy-ýygydan Parahatyň zulumyna uçrapdyr. Hat-da Jemalyň pullaryny hem elinden alypdyr.

Haçan-da Parahat Türkmenistana gitmäge karar bereninde, Jemalyň telefonyny elinden alyp, SIM kartyny hem döwüpdir. Näme sebäpden bu hereketi edendigi bize mälim bolmady. Emma, şondan soň Jemal tanyşlary bilen habarlaşyp bilmändir. Şol wagtda bolsa, ol awtoulag heläkçiligine uçrapdyr. Ýolda gidip barýarka ony bir awtoulag kakypdyr.

Hassahana äkidilen Jemalyň ýakynlaryny tapyp bilmedik saglyk işgärleri, ony wagtlaýyn Türk watandaşynyň öýüne ýerleşdiripdirler. Şol wagt aralygynda, şaýatlaryň aýtmagy boýunça, onuň akyl saglygy erbetleşip ugrapdyr. Jemalyň soňky ýagdaýy bolsa, onuň ýakynlaryny hem gorkuzdy.

Islendik mesele köpçülige çykarylandan soň çözülmäge başlanýandyr.

Bolup geçýän wakalary bize Telegram arkaly ýetirip bilersiňiz ýa-da täzeliklerden dessine habardar bolmak üçin Telegram kanalymyza ýazylyp bilersiňiz

Logo_1080x1080

HSM Habar Youtube'da

Ýurdumyzda bolup geçýän wakalary ähli detallary bilen paýlaşýan HSM Habar Youtube platformasynda-da özboluşly wideolary paýlaşýar. Kanalymyza ýazylyp, soňky çykan habarlardan siz ilkinji bolup habarly boluň.

Komentariýa

  1. Merdan Meredov

    2 years ago

    Öz ýurdymyza eýe durmasak, beýle habarlaryñ yzy kesilmez.
    Bu dıne bilinýäni, bilinmeyänlaryñ sany näçedir?

Komentariýa ýaz

Your email address will not be published. Required fields are marked *