Ýurduň bir tarapynda “Arkadag City” gurulyp, meşhur aýdymçylar we ýegenler Mekgede ybadat edýärkä, ýurduň beýleki tarapynda bolsa halk şekerli çaýa çörek batyryp iýýär.
Bu wideo bize Çärjew şäheriniň Himik raýonundan gelip gowuşdy. Wideonyň eýesi, çagalarynyň ertirlik edip bilmekleri üçin şekerli çaýyň ýanyna çörek gerekdigini aýtdy. Onuň aýtmagy boýunça, ýurduň köp hojalyklarynyň ertirligi şekerli çaý we çörekden ybarat. Onuň hojalygy hem şolardan biridigini dile getirdi.
Onuň we ýene-de başgalaryň aýtmagyna görä, ýurtdaky işsizlik sebäpli halk ala-garaňkyda çörek nobatlarynda durmaly bolýarlar. Ýogsam, başga gerek-ýaraga pullarynyň ýetmeýändigini aýdýarlar.
Ýurduň bir tarapynda “Arkadag City” gurulyp, meşhur aýdymçylar we ýegenler Mekgede ybadat edýärkä, ýurduň beýleki tarapynda bolsa halk şekerli çaýa çörek batyryp iýýär.
Nebit we Tebigy gaza baý bolan ýurtda, iň bir adaty bolan çörek iýmitiniň çäkli bolmagy halkda uly nägilelik döredýär. Ol pullaryň nirä we kime gidýändigi hemmäniň gyzyklanýan bir meselesine öwrüldi.
Ýurtda işsizligiň we adalatsyzlygyň möwç almagynyň netijesinde ýurdy taşlap gitmekçi bolýanlaryň sany günbe-gün köpelýär. Emma, ýurduň daşynda hem bir çözgüdiň ýokdygy barada köp adamyň henize çenli doly habary ýok. Pandemiýadan soňra, dünýäde göç meslesine başgaça baha berilip başlandy. Şonuň netijesinde, garyp ýurtlardan ösen ýurtlara göç etmek soň dereje kynlaşdy.
Garyplyk we adalatsyzlyk sebäpli ýurdy terk edýän türkmen halky üçin agyr günleriň ýurduň içinde boluşy ýaly, ýurduň daşynda hem bar.
Ýurdumyzda bolup geçýän wakalary ähli detallary bilen paýlaşýan HSM Habar Youtube platformasynda-da özboluşly wideolary paýlaşýar. Kanalymyza ýazylyp, soňky çykan habarlardan siz ilkinji bolup habarly boluň.