Light
Dark

Hytaýa Gaz Satyldykça Halk Garyplaşýar

Türkmenistandan Hytaýa soňky 8 aýda 6 milliard Amerika dollary möçberinden köpräk tebigy gazyň satylandygy…

Türkmenistandan Hytaýa soňky 8 aýda 6 milliard Amerika dollary möçberinden köpräk tebigy gazyň satylandygynyň hasabatyny Ruslaryň TASS habar agentligi berdi. Bu möçber geçen ýylyň görkezijisi bilen deňeşdireniňde 5%-lik artyş görünýär.

TASS habar agentligi

10 ýyllardan bäri satylyp gelinýän tebigy gazyň hasabatyny Türkmenistanda ýaýymlanmagyny görmek mümkin däl, ýurduň girdejileriniň ýurda gelip-gelmeýänligi nämälim. Ýöne, çykarylyp bilinjek bir netije-de şudyr, halkyň ýarymy daşary ýurtlarda işläp gazanç edýär. Galan ýarysy bolsa ýurduň içinde garyplyk içinde ýaşamaga dowam edýär.

Aşakdaky suratlar Çärjewiň Gök bazarynyň çykyşynda düşürildi. Çagaly aýllaryň we garrylaryň dilegçilik edýän ýurdunda sosial hyzmatlaryň ýokdugyny arkaýynlyk bilen aýtmak kyn däl. Sosial hyzmatlaryň ýokly bir ýana, çäresizlikden dilegçilek edýänleri hukuk-daşy işleýän sözde polisiýanyň agzalary yzygiderli basyş edýär. Şol basyş edýänleriň birisiniň ady Maksat diýip bize habar berildi.

Dünýäde tebigy gazy boýunça birinji onlugyň içine girýän ýurduň halky garyplykdan we çäresizlikden ejir çekýärkä, ýurtda “asuda asman” syýasatynyň hem dowam edýän bolmagy adamlary ep-esli pikirlendirýär. Türkmenistanyň tebigy resurslary kime ýa-da nirä gidýär diýilen sorag-da barha manydar bolmagyny güýçlendirýär.

Islendik mesele köpçülige çykarylandan soň çözülmäge başlanýandyr.

Bolup geçýän wakalary bize Telegram arkaly ýetirip bilersiňiz ýa-da täzeliklerden dessine habardar bolmak üçin Telegram kanalymyza ýazylyp bilersiňiz

Logo_1080x1080

HSM Habar Youtube'da

Ýurdumyzda bolup geçýän wakalary ähli detallary bilen paýlaşýan HSM Habar Youtube platformasynda-da özboluşly wideolary paýlaşýar. Kanalymyza ýazylyp, soňky çykan habarlardan siz ilkinji bolup habarly boluň.

Komentariýa

  1. Merdan Meredov

    2 years ago

    Türkmenistan,Orsýetiñ koloniyasydyr,
    Elbetde malıye serişdeleri hojaýin ýurtda galmakda bolmaly.

Komentariýa ýaz

Your email address will not be published. Required fields are marked *