Light
Dark

“Hukuk döwletiniň” “hukuk namalary”: Türkmenistan’da bag ekmek hakyndaky kararlaryň seljerişi

Türkmenistanda bag ekmek hakyndaky her ýyl çykarylýan şeýle kararlar,
göräýmäge ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da
baýlaşdyrmak boýunça wezipeleri çözmäge gönükdirilen ýaly bolup görünýär.

2017’nji ýylyň Awgust aýynyň 26’syna kabul edilen “Hukuk namalary hakynda” Türkmenistan’yň kanunynda hukuk namasynyň kesgitlemesi berlen. Şonda, hukuk namasy – kadalaşdyryjy ýa-da beýleki häkimlik ediji hukuk tabşyryklaryny özünde saklaýan, kanunçylykda bellenilen tertipde kabul edilen bellenilen görnüşli ýazmaça resminama diýlip bellenen.

“Türkmenistan’da 2024’nji ýylda bag ekmek hakynda” “Türkmenistan’yň prezidentiniň” 2024’nji ýylyň Fewral aýynyň 9’yna çykaran № 867 belgili karary hem şeýle hukuk namalaryň biri hasaplanylýar. Bu karara laýyklykda ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralara, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we welaýatlaryň häkimliklerine hem-de beýleki edaralara jemi Türkmenistan boýunça 3 million düýp saýaly, pürli, miweli baglaryň, üzümiň nahallarynyň ekilmegini üpjün etmek tabşyrylan. Şeýle hem, bu kararda ekilýän bag we üzüm nahallaryny satyn almak, olara ideg etmek hem-de damjalaýyn suwaryş ulgamyny gurnamak üçin çykdajylary Türkmenistan’yň Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistan’yň Döwlet býujetiniň we býujetden daşary serişdeleriň, hojalyk hasaplaşygyndakylar bolsa, öz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmelidigi bellenen.

Türkmenistan’da bag ekmek hakyndaky her ýyl çykarylýan şeýle kararlar, göräýmäge ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak boýunça wezipeleri çözmäge gönükdirilen ýaly bolup görünýär. Emma bu kararyň goşundusy bilen tanyşanyňda onuň Türkmenistan’yň Konstitusiýasyna we birnäçe kanunlaryna garşy gelýändigine we şonuň netijesinde ýurduň ösüşine ýaramaz täsir edýändigine akyl ýetirýärsiň.

Kararyň bu goşundusy – “Ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň hem-de beýleki edaralaryň 2024-nji ýylda ekmeli saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallarynyň möçberleri” diýlip atlandyrylan. Goşundynyň jetwel görnüşinde berlen sanawyndan “beýleki edaralar” diýlip atlandyralanlary saýlap alsak ol şu aşakdaky görnüşde bolar:

Bellik: Kararda ýalňyş ýazylypdyr. “Türkmenistan’yň prezidentiniň” 2021’nji ýylyň Iýul aýynyň 9’yna çykaran № 2316 belgili kararyna laýyklykda «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşi üýtgedilip, «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankyna öwrüldi.

Sanawdan görnüşi ýaly “Türkmenistan’yň prezidenti” bu resminamada Türkmenistan’yň Demokratik partiýasyna, Türkmenistan’yň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşi’ne, Türkmenistan’yň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşi’ne öz serişdeleriniň hasabyna bag, üzüm nahallaryny satyn almagy, olary ekmegi we ideg etmegi hem-de damjalaýyn suwaryş ulgamyny gurnamagy tabşyrýar.

Bu ady bellenen partiýalar özlerini syýasy partiýa diýip atlandyrýarlar. Umumy kabul edilen kesgitlemä laýyklykda bolsa, syýasy partiýa – döwletdäki syýasy häkimiýeti ele almak ýa-da döwlet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryndaky wekilleriniň üsti bilen oňa gatnaşmak meselesini gönüden-göni özlerine wezipe edinýän adamlaryň birleşen toparydyr.

Şu ýerde, döwletdäki syýasy häkimiýeti ele almagy özlerine wezipe edinýän partiýalara “Türkmenistan’yň prezidentiniň” bag ekmegi, olara ideg etmegi tabşyrýandygy bilen bagly düşnüksiz ýagdaýyň emele gelýändigini görmek bolýar. Bu kararyň ýerine ýetirilişine Türkmenistan’yň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary’nyň, Türkmenistan’yň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Sekretary’nyň, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleriniň hem-de Türkmenistan’yň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň gözegçilik edýändigi bolsa bu meseläni has-da çylşyrymlaşdyrýar. Çünki, “Türkmenistan’yň prezidenti” syýasy partiýalara öz serişdeleriniň hasabyna bag ekdirmek bilen çäklenmän, döwletiň wezipeli adamlaryny bu işiň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmäge ygtyýarlandyrýar.

“Türkmenistan’da 2024’nji ýylda bag ekmek hakyndaky” kararyň 2012’nji ýylyň Ýanwar aýynyň 10’na kabul edilen “Syýasy partiýalar hakyndaky” Türkmenistan’yň kanunyna hem garşy gelýändigini aýtmak gerek. Bu kanunyň 9’njy maddasynyň 2’nji böleginde “Döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň syýasy partiýalaryň işlerine gatyşmaklaryna, şonuň ýaly-da syýasy partiýalaryň görkezilen edaralarynyň we wezipeli adamlarynyň işlerine gatyşmaklaryna ýol berilmeýär” diýlip bellenilen. Bu ýerde bolsa “Türkmenistan’yň prezidentiniň” syýasy partiýalara öz serişdeleriniň hasabyna bag ekdirmek bilen, olaryň işlerine göniden-göni gatyşýandygyny görýäris.

2011’nji ýylyň Maý aýynyň 11’ine kabul edilen “Türkmenistan’yň Prezidenti hakyndaky” kanunyň 16’njy maddasynda Türkmenistan’yň Prezidentin’iň haýsy ýagdaýlarda ygtyýarlyklarynyň bes edilýändigi beýan edilýär. Şol maddanyň 3’nji böleginde bolsa “Türkmenistan’yň Prezidenti Türkmenistan’yň Konstitusiýasy’ny we kanunlaryny bozan halatynda. Bu ýagdaýda Türkmenistan’yň Mejlisi Türkmenistan’yň Prezidenti’ne ynamsyzlyk bildirip biler” diýlip bellenilipdir. Şeýlede bolsa, Türkmenistan’yň Mejlisi’niň deputatlarynyň kanun bozulmalara yzygiderli ýol berýän “Türkmenistan’yň prezidentine” ynamsyzlyk bildirmegiň ýerine dik durup çapak çalýandyklaryny häli-şindi görmek bolýar.

Bulardan başga-da, ýokarda ady bellenen karar bilen “Türkmenistan’yň prezidenti” birnäçe paýdarlar täjirçilik banklaryna, Türkmenistan’yň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna öz serişdeleriniň hasabyna bag ekmegi we olara ideg etmegi tabşyrýar. Indi şu ýerde, Türkmenistan’yň Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň mysalynda şol bankyň şu karary ýerine ýetirmek üçin sarp etmeli serişdeleriniň hasabyny çykarmaga çalşaly. Karara laýyklykda çykdajylar bag nahallaryny satyn almak, damjalaýyn suwaryş ulgamyny gurnamak, baglary ekmek we olara ideg etmek bilen bagly bolmaly. Bankyň satyn almaly bag nahallarynyň kararda kesgitlenen sanyndan we 3 ýyllyk bir bag nahalynyň ortaça bahasynyň 30 manat nyrhyndan ugur alyp, jemi nahallary satyn almak üçin azyndan 558 müň manat (18600*30=558000) möçberindäki çykdajylaryň boljakdygyny hasaplap bolýar. Türkmenistan’yň döwlet haryt-çig mal biržasynda hasaba alnan şertnamalardaky damjalaýyn suwaryş ulgamynyň 1 inedördül metr ýer bölegi üçin bahasynyň 2,5 Amerikan dollary nyrhyndan hem-de 1 gektara ortaça 500 düýp saýaly, pürli we tut agaçlarynyň ekilýändiginden ugur alyp, damjalaýyn suwaryş ulgamyny satyn almak üçin 3 255 000 manat çykdajylaryň boljakdygyny hasaplap bolýar. Bu hasaplama aşakdaky görnüşde çykarylýar:

18600 (ekilmeli bag nahallaryň sany) : 500 (bir gektara ekilmeli nahallaryň sany) = 37,2 gektar;
37,2 (bag ekilýän ýer böleginiň meýdanynyň jemi, gektarda) * 10 000 (1 gektardaky inedördül metr) = 372 000 m2;
372 000(bag ekilýän ýer böleginiň meýdanynyň jemi, inedördül metrde) * 2,5 (damjalaýyn suwaryş ulgamynyň 1 inedördül metr ýer bölegi üçin bahasy, ABŞ-niň dollarynda) = 930 000 ABŞ-niň dollary;
930 000 (damjalaýyn suwaryş ulgamynyň bahasynyň jemi, ABŞ-niň dollarynda) * 3,5 (amerikan dollarynyň resmi hümmeti, manatda) = 3 255 000 manat.

Türkmenistan’yň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň 2023’nji ýylyň Iýul aýynyň 26’syndaky 04/1518 belgili hatynyň 8’nji goşundusyndaky baglara ideg etmek işini ýerine ýetirmek boýunça bir işçiniň kada boýunça baglara ideg etmeli ýer böleginiň 6 gektar, zähmet hakynyň bolsa aýda 1940 manat kesgitlenen möçberlerinden ugur alyp, baglara ideg etmeli işçileriň zähmet haklaryna sarp ediljek serişdeleriň hasaplamalaryny aşakdaky görnüşde çykaryp bolar:

37,2 (bag ekilýän ýer böleginiň meýdanynyň jemi, gektarda) : 6 (baglara ideg etmek işini ýerine ýetirmek boýunça bir işçiniň kada boýunça baglara ideg etmeli ýer böleginiň ölçegi, gektarda) = 6 işçi;
6 (kada boýunça işçileriň jemi sany) * 1940 (kada boýunça baglara ideg etmeli bir işçiniň aýdaky zähmet hakynyň möçberi, manatda) = 11640 manat;
11640 (baglara ideg etmeli 6 işçiniň aýdaky zähmet hakynyň möçberi, manatda) * 12 (bir ýyldaky aýlaryň sany) = 139 680 manat.

Bag ekilen meýdanlarda ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmek, nahallary ekmek, dürli tehnikalary ulanmak bilen bagly we beýleki çykdajylary hasaba almanyňda diňe 2024’nji ýylyň dowamynda Türkmenistan’yň Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň ýokarda ady agzalan karary ýerine ýetirmek üçin çykdajylarynyň (558 000+3 255 000+139 680) = 3 952 680 manat möçberinde boljakdygyny görmek bolýar. Bag ekmek baradaky “Türkmenistan’yň prezidentiniň” kararlarynyň her ýyl çykarylýandygyny nazara almak bilen, bu bankyň ýüz müňlerçe düýp bag ekilen meýdanlarynyň bardygyny göz öňüne getirip bolýar. Şol bag ekilen ýer bölekleriniň bu bankyň eýeçiliginde däldigini hem ýeri gelende bellemek gerek.

Bag ekmek baradaky şeýle kararlar bilen edara-kärhanalaryň bag ekmek we olara ideg etmek bilen borçlandyrylmagy Türkmenistan’da adaty ýagdaý hasaplanylýar. Bu ýagdaý özüni hukuk döwleti diýip yglan edýän (Türkmenistan’yň Konstitusiýasy’nyň 1’nji maddasy) Türkmenistan’yň halkara derejesindäki abraýyna, onuň ykdysadyýetine we maýa goýum babatyndaky özüne çekijiligine örän ýaramaz täsirini ýetirýär. Döwletiň iň ýokary wezipeli adamlary tarapyndan döwlet eýeçiliginde bolmadyk edara-kärhanalara öz serişdeleriniň hasabyna bag ekmek ýa-da başga bir işi etdirmek bilen bagly kararlarynyň çykarylmagy kanunlaryň hökmürowanlygyny bozýar.

Maýa goýum syýasatyny netijeli ulanmagy başarýan ýurtlaryň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösýändigini dünýä tejribesi görkezýär. Bir ýurduň ykdysadyýetine maýa goýum goýjak kompaniýalar özleriniň şol maýa goýumlardan gazanjak girdejilerini hasaplamak üçin şol döwletiň kanunlarynyň, salgyt ulgamynyň işleýşini öwrenmeli bolýarlar. Türkmenistan’a maýa goýum etmäge çalyşýan kompaniýalar bolsa kanunlarda bellenen hukuklarynyň bozuljakdygyny, salgytlardan daşgyn, möçberi belli bolmadyk (mysal üçin: bag ekmek bilen bagly) çykdajylar bilen garşylaşjakdyklaryny görýärler.

Türkmenistan’da hereket edýän bu düzgün adamzat taryhynyň irki döwürlerinde ilata ýap arassalatdyrmak, derýalaryň boýunda gurlan bentleri dikeltdirmek borçlaryna meňzeýär. Şol döwürlerde suwarymly ekerançylygyň bolan ýurtlarynda ilatdan hem dürli görnüşlerdäki salgytlary tölemek hem-de umumy ulanylýan ýaplary, kanallary, bentleri arassalamak we dikeltmek borçlarynyň ýerine ýetirilmegi talap edilýän eken. Şeýle-de bolsa, şol döwürlerde ilat haýsy ýaplary arassalamalydygyny we haýsy bentleri dikeltmelidigini öňünden anyk bilýän eken. Häzirki Türkmenistan’da bolsa her ýyl çykarylýan karara laýyklykda kime näçe bag ekdiriljegi öňünden belli edilmeýär. Mysal üçin, “Türkmenistan’yň prezidentiniň” karary bilen 2020-nji ýylda Türkmenistan’yň Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankyna 127 250 bag nahallarynyň ekdirilendigini şol ýyla degişli kararlardan (31.01.2020 senedäki №1617 we 29.10.2020 senedäki №1977) belli bolýar. Diýmek, şol bankyň 2020-nji ýylda “bag ekmek” kararlaryny ýerine ýetirmek bilen bagly çykdajylarynyň ýokarda eden hasaplamalarymyzdakydan 6 esseden hem köp bolandyr diýip bolýar.

2000’nji ýylyň Iýun aýynyň 15’ine kabul edilen “Kärhanalar hakyndaky” Türkmenistan’yň kanunynyň 4’nji maddasynyň 3’nji böleginde “Kärhananyň işine döwlet edaralarynyň ýa-da olaryň wezipeli adamlarynyň gatyşmagyna ýol berilmeýär, muňa Türkmenistan’yň kanunçylygy tarapyndan göz öňünde tutulan halatlar girmeýär” diýlip bellenilen. Bag ekmek bilen bagly kararlarda bolsa, “Türkmenistan’yň prezidentiniň” Türkmenistan’yň kanunçylygynda göz öňünde tutulan haýsy halatlara esaslanyp, Türkmenistan’yň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny hem-de paýdarlar jemgyýetlerini her ýyl bag ekmäge borçlandyrmagynyň esaslary belli edilmeýär.

Türkmenistan’yň Konstitusiýasy’nyň 8’nji maddasynda: “Konstitusiýa’a garşy gelýän kanunlaryň we gaýry hukuk namalarynyň ýuridik güýji ýokdur. Kadalaşdyryjy hukuk namalary kanunda göz öňünde tutulan tertipde döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilýär ýa-da gaýry usul bilen hemmeleriň dykgatyna ýetirilýär. Adamyň we raýatyň hukuklaryna we azatlyklaryna täsir edýän kadalaşdyryjy hukuk namalary hemmeleriň dykgatyna ýetirilmese, olar kabul edilen pursadyndan hereket etmeýärler” diýlip bellenilen. Konstitusiýa’da beýan edilen bu şertlere garamazdan, “Türkmenistan’yň prezidentiniň” çykarýan kararlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilmeýändigini ýa-da gaýry usullar bilen hemmeleriň dykgatyna ýetirilmeýändigini görmek bolýar. “Türkmenistan’yň prezidentiniň” ähli kararlarynyň, şol sanda döwlet syrlaryny ýa-da kanun arkaly goralýan başga syry özünde saklamaýan kararlarynyň hem nusgalaryny almak gadagan edilmegi (aşakda ýerleşdirilen kararyň skanirlenen görnüşinde görmek bolýar) has-da düşnüksiz ýagdaýy emele getirýär. Şeýle-de bolsa bu kararlaryň ýerine ýetirilişine Türkmenistan’yň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlarynyň we döwlet häkimiýetine degişli dürli edaralaryň gözegçilik edýändigini gündelik durmuşda görmek bolýar.


(Kararyň skanirlenen görnüşi)

Jemleýji söz

Türkmenistan’da kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň biri-birine garşy gelýänligi, olaryň köp bölegine gizlinlik derejesiniň berilmegi, kanunlaryň işlemeýänligi bilen bagly ýagdaýlar soňky ýyllarda has-da köp gabat gelýär. “Bag ekmek” ýaly kararlaryň çykarylmagy “Türkmenistan’yň prezidentiniň” abraýyna ýaramaz täsir edýän bolsa-da şol karara meňzeş “hukuk namalaryň” çykarylşy yzygiderli artýar. Bu bolsa, şol “hukuk namalara” gol çekýäniň hem-de olary işläp taýýarlaýanlaryň bu ýagdaýa akyl ýetirip bilmeýändigini aňladýar. Ýogsa, döwlete dahylsyz taraplara öz serişdeleriniň hasabyna bag ekdirmegi “hukuk nama” bilen resmileşdirjek bolsalar gözboýagçylyk edip, “ygtyýar bermeli” diýen sözleri ulanmak arkaly karar çykarmak tejribäni hem ulanyp bilerdiler.

Türkmenistan’yň kanunçylygynda bar bolan meseleler, döwletimiziň halkara derejesindäki abraýynyň pesligi, ykdysadyýetde ösüşiň ekstensiw usullarynyň ulanylmagy, ekologiýa bilen bagly we şuňa meňzeş ençeme beýleki meseleler gönüden-göni Türkmenistanlylaryň bilim derejesiniň pesligi bilen bagly bolup durýar. Ilatyň bilim derejesiniň pesligi häkimýeti ele alan topara ýurduň tebigy baýlyklaryny talamaga mümkinçilik döredýär. Şonuň üçin bu topar ilaty mümkin boldugyça sowatsyz saklamaga çalyşýar. Emele gelen bu ýagdaý demokratik ýörelgelere esaslanýan täze döwlet gurmak zerurlygyny talap edýär. Şol täze döwletde bolsa türkmenistanlylaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak ileri tutulýan wezipeleriň biri bolmalydyr.

Açar sözler:

Komentariýa ýaz

Your email address will not be published. Required fields are marked *