Tebipler ady bilen bilinýän maşgalanyň agzasy bolan 56 ýaşly Baýram, şeker hassalygy zerarly ölüm-galym arasynda göreş berýär. Hossarsyz galandygy sebäpli, ony bu kynçylykly ýagdaýdan çykaryp biljek töwereginde hiçkimi ýok. 2007’nji ýylda tuberkulýoz sebäpli aradan aýrylan aýaly we ogly onuň durmuşyna ýaramaz täsir edipdir. 2012’njy ýylda bolsa, özüniň hem şeker hassasy bolandygyny anyklamagy ony doly umytdan düşüripdir. Bu waka Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynyň Watan daýhan birleşiginde bolup geçýär.
1990’njy ýyldan bäri daýhan birleşigiň potrat ýerinde traktor sürüjisi bolup işlän Baýram, bu gün bolsa aýlyksyz we hiç hili kömeksiz bir özi şu öýde ýaşap gelýär. Şu wagta çenli oňa sosial taýdan hiç hili kömek edilmändir, hat-da saglygy zerarly oňa aýlyk pul kömegi hem edilmeýär ekeni.
Iň soňky gezek doktora ýüz tutanda, oňa aýagynyň kesilmegi gerekdigini aýdypdyr. Türkmenistan’da adamyň gymmaty bolmandygy üçin, Baýram ýaly jepa çekýänler sosial taýdan hiç hili kömek görmeýärler. Şol sebäpli kömegi töweregindäki halkdan gözläp, bu ölüm-galym meselesinden sag çykmaga synanşýar.