Light
Dark

Her bir çaga beýik mugallyma mynasyp, ykbal gülüp bakany üçin däl, bolmalysy şeýledigi üçin.

Geliň, bu sözlemi böleklere böleliñ, we her sözüň arkasynda ýatan manysyna…

Geliň, bu sözlemi böleklere böleliñ, we her sözüň arkasynda ýatan manysyna syn edeliñ.

her bir çaga: käbir çaga däl, garyplygyñ nämedigini bilmeýän ýa-da diñe mümkinçiligi bolan ene-atalaryñ çagalary däl;

beýik mugallym: berk gatnaşyklary ösdürýän, umum mazmuna düşünip ony nädip öwretmelidigini bilýän we çagada galdyran täsirine baha berip bilýän mugallym. Bu barada çekeleşikli gürrüñler edilip biliner.

–  mynasyp: her bir çaganyň ýokary hilli bilim almaga hukugynyň bardygyna sübhesiz ynanýarys;

ykbal gülüp bakany ücin däl: çagalaryň  okuwy olaryñ şansly ýa-da şanssyzlygy bilen kesgitlenmeli däldir. Bir ýyl gowy mugallym, başga bir yyl ortaça ýa-da jahyl mugallymyñ okuwçysy bolmak çaganyñ şans eseri däl. Çagalaryň bilimi, mugallymyň bilim derejesinde ýa-da onuñ çekýän kynçylygynda galdyrylmaly däl-de, eýsem her çaganyñ özüne görä iñ ýokary derejesine çenli gidilmelidir.

bolmalysy şeýledigi ücin: erkin we azat pikirli çaga ýetişdirmek; wagtynda we täsirli öwreniş dizaýnlary bilen mümkindir. Taryh, işleýän we işlemeýän öwreniş usullarynyñ subutnamalary bilen dolydyr.

Şeýlelikde, her bir çaga özüne bolan ynamy we başarnygyny artdyrýan usullar bilen bilim almaga mynasypdyr we haklydyr.

Açar sözler:

Komentariýa

  1. Merdan Meredov

    2 years ago

    Takyk tespit.

Komentariýa ýaz

Your email address will not be published. Required fields are marked *