Light
Dark

Häzirki wagt Türkmenistan’da jenaýat bolan hünärler Gurujy Mejlis tarapyndan ykrar edildi

Gurujy Mejlis, ýurtda Konstitusion gurluşyň ýoklugy sebäpli häzirki ýagdaýda ýerine ýetirilende jenaýat hasaplanyljak hünärler baradaky ýygnanyşygyny ses berlişigiň esasynda karar kabul…

Gurujy Mejlis, ýurtda Konstitusion gurluşyň ýoklugy sebäpli häzirki ýagdaýda ýerine ýetirilende jenaýat hasaplanyljak hünärler baradaky ýygnanyşygyny ses berlişigiň esasynda karar kabul edip, ýyganşygy tamamlady.

Mejlis şu setirler bilen bu möhüm meseläni ele aldy: “Türkmenistan’da Konstitusion gurluşuň ýoklugy sebäpli ýurtda, döwletiň adyndan saglyk boýunça doktor, mugallym, hukuk goraýjy (ýerine ýetiriji) we kanun çykaryjy bolmak jenaýatdyr” diýilen maddany karara baglady.

Gurujy Mejlis işe giren gününde, Türkmenistan’da Konstitusion gurluşuň ýoklugy, şol sebapli hem döwlet, hökümet we beýleki gurluşlaryň bolup bilmejekdigi barada ençeme gezek üstünde durup geçipdi. Mejlis, bu ýygnanşygynda bolsa, Konstitusion gurluşyň ýok ýerinde bolmaýan (döremedik) döwletiň adyndan saglyk boýunça doktor, mugallym, hukuk goraýjy we kanun çykaryjy bolmaklygyň halka zyýan berýändigi sebäpli jenaýat diýip kabul etdi.

Mejlis ýygnanyşygyndaky orta atylan delillerden ýola çykylsa, Türkmenistan’da bolmaýan döwletiň adyny ulanyp:

  • Halky gorky astynda saklap ýören terrorçy organ (ýerine ýetirijiler) işgärleriniň,
  • Ýetişip gelýän ýaş nesle ters bilim berýän we hukuk-daşy terror hökümetiň propagandasyny, kitaplaryny mekdep kitaby hökmünde okadýan mugallymlaryň,
  • Ýurtda halkyň ýaşaýan ýerine ýakyn gurulan himiki zawodlaryň çykarýan zyýanly galyndysyndan ekologiýanyň zaýalanmagy netijesinde ynsan saglygyna zyýanlydygyny dile getirmeýän we halkyň saglygyny hije çykaran sowatsyz doktorlaryň,
  • Halkyň garşysyna ýöredilýän terrorçylykly syýasatda kanun çykaran bolup, ýalançy mejlislere gatnaşýan kanun çykaryjylaryň

edýän işleri diňe Guramaçylykly Terror Topar’yň (GTT) bähbidi üçin peýda getirýändigi jenaýatyň esaslary hökmünde Gurujy Mejlis tarapyndan ele alyndy.

Islendik mesele köpçülige çykarylandan soň çözülmäge başlanýandyr.

Bolup geçýän wakalary bize Telegram arkaly ýetirip bilersiňiz ýa-da täzeliklerden dessine habardar bolmak üçin Telegram kanalymyza ýazylyp bilersiňiz

Logo_1080x1080

HSM Habar Youtube'da

Ýurdumyzda bolup geçýän wakalary ähli detallary bilen paýlaşýan HSM Habar Youtube platformasynda-da özboluşly wideolary paýlaşýar. Kanalymyza ýazylyp, soňky çykan habarlardan siz ilkinji bolup habarly boluň.

Komentariýa

  1. GökTürk .

    2 years ago

    https://www.youtube.com/live/KUTxDPEIonk?si=_aT4YvhK85ufn0Xh. Gurujy mejlis gönibefiri

Komentariýa ýaz

Your email address will not be published. Required fields are marked *