Light
Dark

Gurujy Mejlis Halkyň Baglanan Elini Çözjek Karary Kabul Etdi

Gurujy Mejlisiň (GM) Türkmenistandaky hukuk-daşy hökümetiň raşizme doly gulluk edýändigi we şol sebäpli hem Türkmenistanda anarhizmiň barlygy, Türkmenistanda halkyň öz-özüni we ýurduň barboluşyny goramaga mejbur bolmagy baradaky ýygnanyşygy ses berlişik esasynda kararyň kabul edilmegi bilen tamamlandy.

Ses berlişige gitmezden ozal GURUJY MEJLIS agzalary dogry çözgüde we karara gelinmegi üçin sekiz gezek bir arada ýygnanyşdylar.

Ýygnanyşyklaryň dowamynda Türkmenistanyň 1881-nji ýyldan bäri Rus imperýasynyň gol astyndadygy we häzirki sözde “garaşsyzlyk” döwründe hem hukuk-daşy oturdulan hökümetiň doly raşizme gulluk edip, Türkmen halkynyň garşysyna işleýändiginiň birnäçe subutmamalary aýdylyp geçildi.

Türkmen halkynyň üstünde alynyp gelinýän birnäçe ahlaksyz we ynsanlyk-daşy çäreleriň garşysyna halkyň öz-özüni we Türkmenistanyň barboluşuny goramak üçin halkyň öz kanunlary boýunça hereket etmäge doly haky bardyr we halkyň öz-özüni halas etmek ugrunda alyp barýan hereketine päsgel bermäge gatnaşan her bir elementi täsirsiz ýagdaýa getirmäne ygtyýarlydyr diýip Gurujy mejlis kararyny kabul etdi.

Islendik mesele köpçülige çykarylandan soň çözülmäge başlanýandyr.

Bolup geçýän wakalary bize Telegram arkaly ýetirip bilersiňiz ýa-da täzeliklerden dessine habardar bolmak üçin Telegram kanalymyza ýazylyp bilersiňiz

Komentariýa ýaz

Your email address will not be published. Required fields are marked *