Light
Dark

Gülşat Hamraýewa’ny hem işden çykardylar hem öýünden çykarmakçy bolýarlar

8 çaganyň enesi Gülşat Hamraýewany öňi bilen işden gysyp çykardylar, ondan soň ýaşap ýörän öýüni elinden aljak bolýarlar…

8 çaganyň enesi Gülşat Hamraýewany öňi bilen işden gysyp çykardylar, ondan soň ýaşap ýörän öýüni elinden aljak bolýarlar. Bu waka Çärjew şäherinde bolup geçýär.

Gülşat bolan wakalary bize jikme-jik düşündirdi

Çärjewde dokma senagatyna degişli ýüpek önümçiligiň pile kelepleýjisi bolup işleýän Gülşat Hamraýewa’ny Ahmet atly teknik işgär ahlak daşy teklipler bilen ony dowamly ýagdaýda rahatsyz edip başlapdyr. Rahatsyz edijini şikaýat edip ýüpek önümçiligiň başlygyna ýüz tutupdyr, emma ondan ynsanlyk derjesinde bir jogap alyp bilmändir.

Ondan soň, şäher häkimligine ýüz tutan Gülşat’a, häkimligiň işgäri bolan Gülnara Hydyrberdiýewa utanç beriji sözleri jogap hökmünde ulanypdyr. “Ganjyk guýrugyny bulamasa, köpek yzyna düşmez” – diýen Gülnara’nyň sözleri Gülşat üçin umyt beriji bolmandyr. Häkimlik’de şikaýatlara seredýän bölümiň jogapkäri Mahmut Ýaňybaýew hem bu meselede sessizlogini gorapdyr. Şeýlelik bilen Gülşad’yň hakyny gorajak ne bir gurama, ne-de bir şahs bolmandygy üçin ýüpek önümçiligi işinden iň soňunda gysylyp çykarylypdyr.

“Öýi Boşat, Ýogsadam Çagalaryňy Köçä Zyňarys”

Gülşat we onuň 8 çagasynyň başyna gelenler bu ýerde-de soňlanmandyr. Işden çykarlandan soň hassahana düşen Gülad’a nätanyş belgiden jaň gelip, oňa tiz wagtda öýi boşatmagyny tabşyrypdyr. Indi bolsa hiç ýerde işlemeýän Gülşad’y, iň kiçisi 8 ýaşynda bolan 8 çagasy bilen günde öýden çykarylma haýbaty edilýär. “Ene mähri” medaly bilen sylaglandyrylmagyna garamazdan näme sebäpden öýden çykmagy gereklidigi barada gönümel düşündiriş berilmändir. Emma, 5’nji Öýleri Dolandyryş Edarasy (ÖDE) bu adalatsyzlygyň arkasynda durandygy bize mälim boldy. Şol edaranyň başlygy A. Joraýew şäheriň kazyýetine Gülşat barada tabşyryklar berýär. Muňa kazyýet işleri bilen meşgullanýan Ramaz adyndaky şahs, “Bizi 5’nji ÖDE goýanok” diýip öz agzy bilen gürrüň berdi.

Eýýämden elitrik üpjünçiligi kesilen öýiň ýagdaýy hem öwerlik däl. Köne Sowet gurluşygy bolan bu öýde ýaşamagyň özi hem hopwly görünýär. Muňa garamazdan, näme üçin 8 çagaly bir enäni ol öýden iş edinip çykarjak bolýandygy uly sorag alamaty bolup galýar.

Işini ýitirenden soň, öýüni hem ýitirmejek bolup hemme ýere ýüz tutan Gülşat Hamraýewa’nyň ýalbaryşlary jogapsyz galdy. Türkmenistanyň sözde “Döwlet” diýilýän ähli gurluşy 8 çagaly işsiz galan bir zenanyň daşayny gabap, ony düt-müt etjek bolýarlar.

Islendik mesele köpçülige çykarylandan soň çözülmäge başlanýandyr.

Bolup geçýän wakalary bize Telegram arkaly ýetirip bilersiňiz ýa-da täzeliklerden dessine habardar bolmak üçin Telegram kanalymyza ýazylyp bilersiňiz

Logo_1080x1080

HSM Habar Youtube'da

Ýurdumyzda bolup geçýän wakalary ähli detallary bilen paýlaşýan HSM Habar Youtube platformasynda-da özboluşly wideolary paýlaşýar. Kanalymyza ýazylyp, soňky çykan habarlardan siz ilkinji bolup habarly boluň.

Komentariýalar

  1. GökTürk .

    2 years ago

    Biz Türkmenistanlylar ýaly bir birini gyryp ýok edýän milet görülüp eşidilen däldir bu günecenli .

Komentariýa ýaz

Your email address will not be published. Required fields are marked *