12’nji Fewralda metbugat ýygnagyny gurnan Türkiýe’niň Türkmenistan’daky ilçisi Ahmet Demirok:
Türk kompaniýalary 2024’nji ýylda Türkmenistan’da 216 million dollarlyk şertnama baglaşdy. Häzirki wagtda umumy bahasy 4 milliard dollar bolan 25 taslamanyň gurluşygy türk kärhanalary tarapyndan dowam etdirilýär.
Şeýle hem ilçi, “Arkadag” şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryna türk kompaniýalarynyň gatnaşjakdygyna umyt bildirdi.
“Altyn Asyr” syýasatyny ýöredýänler, ähli statistiki maglumaty ýyllar boýy Türkmen halkyndan gizläp gelýärler. Ýöne käbir halatlarda, hiç garaşylmadyk ýerlerden, Türkmenistan’yň çykdaýjylary barada bilgi paýlaşylýar. Paýlaşylýan maglumatlar, Awaza, Aşgabat Howa Menzili, Olimpiýa şäherçesi ýaly esasan uly taslamalar we uly pullar barada bolýar.
Bir tarapdan statistikany gizlin saklamak, beýleki tarapdan-da, halky çörek nobatynda duran bir ýurtda, uly möçberde pullaryň harçlanýandygyny görkezmek bilen näme maksat edinilýär?
Türkmenistan Garaşsyzlyga çykany bäri, Türk kompaniýalary Türkmenistan’da umumy bahasy 50 milliard dollardan gowrak bolan, 1000’den gowrak taslamany üstünlikli tamamlady
-diýen Demirok’yň pikiriçe, bu Türkmenistan’yň Türk hyzmatdaşlaryna bildirýän ýokary ynamyny görkezýär.
Paýlaşylýan bu sanlar dünýäniň beýleki kompaniýalarynyň işdäsini çişirmäge ýetermi, kanunsyzlyk we biabraýlyk bilen tanalýan bu režim bilen işleşmäge karar bermeklerine ýetermi? – diýilen soraglar ýüze çykýar.
Ikitaraplaýyn kleptokratlaryň maksady, Türkmen halkynyň altyn rezerwlerini we tebigy resurslaryny yza gaýtargysyz gysyr obýektlere ulanmaklyk bilen, Turkmenistan döwletiniň bütindünýä guramalaryň öňünde, kanuny ýagdaýda ýöredilýän bir döwlet edip görkezmäge synanşykdyr.