Aşgabat şäheri howa meniziliň işgärleri bir talyp gyzy aýratyn otaga çekip, “Gowurgaňy ber, ýogsam biletiňi ýyrtarys” diýipdirler. Talyp öz adynyň gizlin galmagyny isländigi üçin, köpräk bolan wakanyň jikme-jigine deginmekçi.
Bu waka 1-nji Sentýabr güni, gije 02:00-03:00 sagatlary aralygynda Aşgabat-Stambul arasy uçuşy üçin howa menzile baran talybyň başyndan geçipdir. Hemme zat onuň ýüküniň 2 kg agyr gelmegi bilen başlapdyr. Ýüküň 2 kg agyr gelmegi şol ýerdäki 3 işgäriň özlerini başgaça alyp barmagyna sebäp bolupdyr.
Hiç zat ýok ýerinde, “Sumkaňda näme bar?” diýipdir, içlerinden biri.
Talyp gyz sumkanyň içindäki zatlary sanap başlapdyr. Sananlarynyň içinde gowurga sözi hem geçipdir.
Gowurga sözüni eşiden işgärler, “Gowurga gadagan, gowurga bolanok” diýipdirler. Talyp gyz, “Gowurgany talyp joralarym üçin alyp barýan” diýip jogap beripdir. “Talyplar üçin aýratyn kanun barmy” diýip içlerinden biri gyzjagazyň üstüne gygyrypdyr.
Soň, olar talyp gyzy aýratyn bir otaga alyp gidipdirler. Ol otagda gyza garşy uly psihologiki basyşlar edilipdir. Ýöne, gep-gürrüň aýlanyp-öwürlip iň soňunda ýene şol gowurganyň howa menzili işgärleri tarapyndan özleri üçin talap edilmegi nokadyna gelip durupdyr.
“Gowurgaňy ber, ýogsam biletiňi ýyrtarys”
diýip, batly sesler bilen nobatlaşyp gyzyň üstüne arkaýyn gygyryp bilipdirler.
Joralaryna söz berendigi üçin gowurgadan ýüz öwürmekçi bolmaýan talyp, “Onuň deregine pul bersem bolmazmy” diýipdir. “Näçe pulyň bar?” diýip, howa menziliň işgärleri hiç çekinmän sorapdyrlar.
Sumkasynyň agzyny açan badyna, olar hem üç bolup sumkanyň içine girjek ýaly bolup seredipdirler. Jemi 3 sany 100 manatlyk puly bar ekeni. Sumkasyndan her bir 100 manatlygy çykardykça, “Ýene-de ber! Başga ýokmy?” diýşip, hiç bir utanç duýgulary ýok ýaly, bir-birinden batly we elleri hereketli ýagdaýda dilenipdirler.
Bu we muňa meňzeş wakalar soňky ýyllarda öňküsinden has-da köpelip, bize Türkmenistanyň kultura we medeniýet derejesiniň ýok bolandygyny görkezýär. Döwlet sypatyndaky galtamançylyk hiç hili çäk tanaman, ýurtda sosial ahlagy, ynsanlyk ahlagyny we Türkmenistanyň geljegini ýok etmäge dowam edýär.
Komentariýalar
Merdan Meredov
Talañçy sürüsi.
Garagum çöli
Uniformaňyzdan bir utansadyňyz, tamojnikler