Ruslaryň Türkmen topraklaryna aralaşmazyndan öň Hywanyň günbatar-günortasynda ýaşaýan Türkmenler Hywa hanlygynyň…
Ruslaryň Türkmen topraklaryna aralaşmazyndan öň Hywanyň günbatar-günortasynda ýaşaýan Türkmenler Hywa hanlygynyň…
Ruslaryň Türkmen topraklaryna aralaşmazyndan öň Hywanyň günbatar-günortasynda ýaşaýan Türkmenler Hywa hanlygynyň, gündogar-günortasynda Amyderýaň kenarlarynda ýaşaýanlar Buhara hanlygynyň, Etrek bilen Gürgen derýasynyň kenarlarynda ýaşaýan Ýomutlar we Gökleňler Eýranyň tabynlygynda hasaplanylypdyrlar. Diňe Ahalyň we Merwiň ilaty özbaşdaklygyny saklaýan eken.
1873-nji ýylda Hywa hanlygynda 250 müň Türkmen ýaşaýan eken. Bu san Hywa hanlygyny Ruslar basyp alandan soň general Kaufman tarapyndan ýerli ilata paç salmak üçin hasaplanyp çykarylypdyr. Hywa hanlygynda ýaşaýan ýomutlaryň öý sany 20 müň, çowdurlaryň 17 müň, ýemrelileriň we garadaşlylaryň 10 müň, atalaryň 6 müň, alilileriň 1 müň hem-de beýleki tireleriň wekilleriniň 1,5 müň mukdarynda öý sanlary hasaba alnypdyr. (“Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň I tomunyň 26-njy sahypasy).
Hywa Türkmenleri ir döwürden bäri hanlykda harby goşunyň esasyny düzýän esgerleriň wezipesini ýerine ýetiripdirler. Olar Hywa bilen Buhara hanlyklarynyň arasynda bolup geçýän uruşlarda esasy güýç bolup çykyş edipdirler. Türkmenleriň goldawyndan peýdalanýan Hywa hanlarynyň öz duşmanlaryndan üstün çykmagy adaty ýagdaý bolupdyr. Özlerini Hywa hanlygynyň ykbalyna täsir edýän güýç hasaplap, Türkmenler hanlygyň içindäki özara uruşlara, bulagaýlyklara hem gatnaşýan eken. Hywa hanlaryny tagta oturdýanam, agdarýanam Türkmenler bolupdyr. Olar hanlykda hakyky hojaýynlar bolup, hereket edipdirler. Hywa hanlygynda türkmenler aýratyn hukuklardan peýdalanypdyrlar. Olaryň han gullugynda atly goşuny bolup, ýer salgydyny doly tölemändirler. Hat-da, Türkmeneler ilat üçin hökmany bolan ýaplary arassalamak borjuny ýerine ýetirmekden hem boşadylypdyrlar. Türkmenler jemgyýetiň harby bölegini düzmek bilen, hanlykda öz sözlerini ýöredipdirler. Türkmenleriň “towugyna tok” diýmeýän hanlar öz şahsy howpsuzlygyndan arkaýyn bolupdyrlar. Tersine bolan ýagdaýynda Türkmenler şähere okdurylyp girip, güýç bilen hana öz talaplaryny ýerine ýetirdýän eken. Garşylyk görkezen hanlaryň başy ölümli bolupdyr. Şeýle ýagdaýda Gutlymyrat han öz köşgünde bogulyp öldürilipdir.
Şol döwürde Buhara hanlygyna degişli ýerlerde ärsarylar, sakarlar we çowdurlar ýaşaýan eken. Amyderýaň kenarlarynda göç edip, ýaşaýan sakarlaryň öý sany 3 müň, çowdurlaryň 2 ýüz we ärsarylaryň 30 müň mukdarynda hasaplanyp çykarylypdyr. Olara Buhara hany tarapyndan kesgitlenen salgydy tölemek bellenýän eken.
Eýranyň çäkleri hasaplanýan Gürgen bilen Etrek derýalarynyň kenarlarynda ýomutlar bilen Gökleňler ýaşapdyrlar. Bu ýerlerdäki çarwa we çomry ýomutlar atabaýlara hem-de japarbaýlara bölünip, olaryň jemi öý sany 15 müň mukdarynda bolupdyr. Olar ekerançylykdan we maldarçylykdan başga balykçylyk bilen hem meşgullanypdyrlar. Hazar deňziniň kenarlarynda ýaşaýan Ýomutlaryň dürli görnüşdäki 5 ýüze golaý gaýyklary bolupdyr. Olar bu gaýyklarda hem balyk tutupdyrlar hem-de Çelekenden duz we nebit daşamak bilen güzeran görüpdirler. Bulardan başgada Ýomutlar şol gaýyklarda Eýranyň kenarýaka şäherlerine we obalaryna alamana gidipdirler, eýranlylaryň gaýyklaryny talapdyrlar.
Ýomutlaryň ýerleşen ýerleriniň gündogar tarapynda Gökleňleriň obalary başlaýan eken. Gökleňleriň ählisi çomry bolup, Eýran şahyna salgyt töläp ýaşapdyrlar. Olaryň öý sany 6 müň mukdarynda hasaba alnypdyr. Ir döwürde Girkaniýa ady bilen tanalan, Gürgen derýasynyň ýakalaryndaky bol suwly, mes toprakly ekin meýdanlary we tokaýlary bolan Gökleňleriň ýurdy Eýranyň çäklerindäki iň gözel ýerleriň biri hasaplanylypdyr. Limon, apelsin, hoz agaçlaryna bürelen, bu ýerlerde ýerleşýän obalara öz wagtynda Iskender Zülkerneýiň hem aşyk bolandygy barada “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň I tomunyň 29-njy sahypasynda beýan edilipdir.
Gyzylarwat bilet Gäwersiň arasyndaky obalarda Ahalyň Tekeleri ýaşapdyrlar. 1881-nji ýylyň birinji ýarymynda Ahalyň ilatyna jogapkär bellenen podpolkownik Spolatbogyň bellemegine görä bu ýerde ýaşaýan Tekeleriň öý sany 18 müň töweregi bolupdyr. Tire-taýpa bölünişigi boýunça tekeler utamyş bilen togtamyşa bölünipdirler. Utamyşlara bagşy-daşaýak we syçmazlar, togtamyşlara bolsa beg hem-de wekil degişli bolupdyr. Beg taýpasynyň tekeleri Gäwers, Bagyr, Gökçe, Gypjak, Gorjow, Kelejar, Bamy, Köşi, Durun, Änew obalarynda ýaşapdyrlar. Wekil taýpasynyň Türkmenleriniň öýleri Aşgabatda, Köşide, Yzgantda, Babarapda, Tilkide, Ganjykda, Bükride, Gagşalda, Mehinde, Kärizde, Keletede, Aktepede, Garaganda, Gyzylarwatda, Durunda, Änewde ýerleşýän eken. Syçmazlar Göktepede, Ýarajyda, Börmede, Änewde ýaşapdyrlar. Bagşy-daşaýak taýpasynyň wekilleri Mirawa, Herrikgala, Ýasmansalyk, Büzmeýin, Bäherden, Mürçe, Sünçe, Arçman, Änew obalarynda ýaşapdyrlar (“Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň IV tomunyň №90 belgili goşundysy).
Bulardan başgada göç edip ýaşaýan 3 müň töweregi hojalyklary Ahalyň Tekelerine degişli edilip, jemi 21 müň öý hasaplanyp çykarylypdyr.
N.I.Grodekow “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň I tomunyň 35-nji sahypasynda poruçik Alihanowyň hasaplamalaryna salgylanyp, Murgap derýasynyň kenarynda ýaşaýan Merwiň ilatyny 48 müň öý diýip belläpdir. Şolardan tekelere 36 müň öý, galan 12 müň öý bolsa Saryk, Salyr we beýleki tirelere degişli edilipdir.
Merw 1784-nji ýyla çenli Eýranyň tabynlygynda bolupdyr. Şol ýyl tagta oturan Buharaň emiri Masum Merwe goşun sürüp, üç ýylyň dowamynda şäheri basyp alypdyr hem-de onuň ýaşaýjylaryny Buhara göçürüpdir. Şondan soň 1794-nji ýylda Merwe Saryklar göçüp barypdyrlar. 1834-nji ýyldan soň Ahaldan göçüp gelen Tekeler birnäçe ýyllaryň dowamynda Saryklary Merw şäherinden gysyp çykarypdyrlar. (A.N.Kurapatkinyň “Туркмения и туркмены” eseriniň 40-njy sahypasy).
Murgap derýasynyň çep kenarynda ýaşaýan utamyşlaryň we sag kenarynda ýaşaýan togtamyşlaryň esasy ekinleri bugdaý, jöwen, künji, bakja, pagta, arpa bolupdyr. Bularda başgada olar üzüm we miweli baglary ýetişdiripdirler. Merwli Tekeleriň ekinleri Tejen derýasynyň boýunda hem bolupdyr. Emma eýranlylar bilen häli-şindi bolup geçýän çaknyşyklaryň netijesinde her birnäçe ýyldan tekeler Tejen derýasynyň kenarlaryndaky oturumly ýerlerini taşlap, Merwe göçüp barmaly bolýan eken.
Eýranlylar bilen bolup geçýän çaknyşyklardan salyrlar hem köp kösençlikleri görüpdirler. XIX asyryň otuzynjy ýyllarynda salyrlar Sarahsda ýaşaýan eken. N.I.Grodekow “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” Eseriniň I tomunyň 44-nji sahypasynda polkownik Aminowyň berýän maglumatlaryny esas edinip, salyrlaryň öý sanyny 2500 mukdarynda kesgitläpdir. Eýran tarapdan howp abanan ýyllary Salyrlar Murgap derýasynyň kenarlaryna mejbury ýagdaýda göçýän eken.
Murgap derýasynyň boýunda Ýolötenden başlap Owganystanyň çäklerine çenli saryklar ýaşapdyr. Olar derýada guran bentleriniň kömegi bilen, derýaň suwuny çişirip, kanallar bilen ekin meýdanlaryna suw beripdirler. Murgap derýasynyň suwy ýeterlik bolmansoň Saryklaryň, Tekeleriň, Salyrlaryň we Jemşitleriň arasynda ýer-suw dawalary köp bolupdyr.
Murgap oazisiniň gündogar tarapynda Şybyrganda, Balhda, Amyderýaň boýundaky Kelife çenli alililer ýaşapdyrlar. Bu ýerlerde ýaşaýan alililer amala aşyrýan alamanlaryny esasan Owganlylaryň üstüne gurapdyrlar. Owganystanyň hökümeti bu alamanlardan goranmak üçin öz serhedinde uly goşun saklamaly bolupdyr. Alilileriň 500 öýden ybarat bir bölegi şol döwürde Kakada hem ýaşaýan eken.
Türkmenleriň ähli tirelerinde hem gara öýlerde ýaşamak ileri tutulypdyr. Palçykdan ýasalan öýlerde diňe has garyp bolanlar ýaşapdyrlar. Gurply Türkmenler palçykdan jaýlara bede, saman basypdyrlar, mallaryny ýerleşdiripdirler.
Türkmenler oturumly ýaşaýyş durmuşyny alyp barýan çomrylara hem-de göçüp-gonup ýören çarwalara bölünipdirler. Ahalyň çomrylary obalarda ýaşap, ekerançylyk we alamanlar bilen güzeran görüpdirler. Çarwalar bolsa gumdaky 128 sany guýularyň töwereginde ýaşap, dowardarçylyk we düýedarçylyk bilen meşgullanypdyrlar. Çarwalaryň belli bir bölegi obalarda hem ýaşapdyrlar. Gyzylarwat, Akdepe, Ýarajy, Tilki we Gorjow obalarynda çarwalaryň sany çomrylaryňkydan has köp bolupdyr.
Ahalda ýaşaýan Tekeleriň arasynda diňe bagşy-daşaýak taýpasynyň Türkmenleri oturumly ýaşaýyş durmuşyny alyp barypdyr. Galan üç taýpada çomruda, çarwada bar eken.
Türkmenler çarwa durmuşyny oturumly ýaşaýyşdan has ileri tutupdyrlar. Çünki çomrylaryň öz ekin ýerlerine, öýlerine bagly bolmagy daşyndan häli-şindi abanan howplardan gaçmaga we öz emlägini goramaga mümkinçilik bermändir. Çarwalaryň bolsa islendik wagty öz emlägi bolan mallaryny we öýüni gysga wagtda göçürmäge mümkinçiligi bolupdyr. Şonuň üçin mal edinmegi başaran Türkmenler höwes bilen çarwaçylyga geçipdirler. Malsyz galanlar bolsa mejbury ýagdaýda çomry durmuşunda ýaşamaly bolupdyrlar.
Çarwalar çomrylara görä has gurply bolupdyrlar. Şeýlede bolsa olaryň atlary çomrylaryňkydan has az bolupdyr. Olar alamanlara köp gitmändirler. Ruslar bilen bolan urşlara çarwalaryň gatnaşygy az bolupdyr. Şol sebäpli bu urşlaryň agramy esasan çomrylaryň gerdenine düşüpdir.
Ruslaryň Türkmen topraklaryny basyp almazyndan öň Türkmenler hiç bir adama hasabat bermän, öz hereketlerine diňe özleri karar berip ýaşapdyrlar. Diňe zerurlyk çykanda ýa-da bähbit bar ýerinde olar başga birine tabyn bolupdyrlar. Türkmenler özleri barada:
“Hakyky Türkmen ne agajyň kölegesine ne-de häkimýetiň penasyna mätäçdir”
diýýän eken. Olar biziň düşünjämizde bar bolan düzgün-tertibe esaslanýan döwletiň garamagyndaky adamlaryň durmuşunyň ýerine alamanlar bilen bagly howply erkin durmuşy saýlap ýaşapdyrlar.
Şol döwrüň türkmenleri maldarçylyk we ekerançylykdan başga Eýranyň, Owganystanyň goňşy welaýatlaryna, Hywa we Buhara taraplara alamana gitmek bilen güzeran görýän eken. Kä halatlarda olar dawaly meseleleri bahanalap, öz kowumdaşlarynyň üstüne alamana gitmekden hem çekinmeýän eken. Şonuň üçin türkmenleriň tire-taýpalarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň dawasyz bolan wagtlary az bolupdyr.
Uly möçberdäki guramaçylykly talaňçylyga alaman, ýeke-täk adamlar tarapyndan edilýän garakçylyga galtamançylyk diýlip atlandyrylypdyr. Türkmenler alamana ýöne bir gazanç etmek maksady bilen däl-de, urşujyň abraýyna hem-de batyr adyna eýe bolmak üçin gidipdirler. Bu kär jemgyýet tarapyndan ýazgarylmaýan eken. Onuň tersine halk arasynda bu käre edermenligi, batyrlygy, gaýratlylygy döredýän pişe hökmünde garalypdyr.
Türkmenler esasan Horosan taraplara has köp alamanlara gidipdirler. Olar şol alamanlardan getirýän müňlerçe ýesirlerini we mallaryny Hywa we Buhara şäherleriniň bazarlarynda satýan ekenler. Bu alamanlaryň öňüni almak hem-de parslary Türkmenlerden goramak maksady bilen, 1730-njy ýyllarda Eýranyň şahy Abbas Mürze kürt milletinden bolan 75 müň adamy Horasanyň demirgazyk taraplaryna, Turan serhedine golaý ýerlere göçürip getiripdir. Eýran bilen Turanyň arasyndaky urşlar has ir döwürden bäri dowam edip gelýän eken. Turanlylardan goranmak üçin ir döwürlerde eýranlylar daşdan diwar hem gurupdyrlar. Abbas Mürze şol serhede Kürtleri göçürip getirende: “Ata-babalarymyzyň guran daşdan diwary berk bolarmy ýa-da meniň guran “janly” diwarym” diýenmiş diýen gürrüň hem halk arasynda şol döwürlerde ýaýrapdyr. Şondan soň göçürilip getirilen Kürtler Türkmenleriň her bir alamanyna jogap edip, alaman gurap başlapdyrlar. (A.N.Kurapatkinyň “Туркмения и туркмены” eseriniň 39-njy sahypasy).
Tekeler Eýran tarapa yzygiderli alamanlary gurasalarda, gaýduwsyzlygy, mertligi, batyrlygy üçin eýranlylaryň arasynda uly abraýdan peýdalanypdyrlar. Hat-da Göktepe galasy synandan soň hem Eýranyň çäklerine baran Tekeleri Kürtler duz-çörek bilen garşylapdyrlar. Parahatçylykly maksatlar bilen Horosana barýan Tekeleri her sapar eýranlylar hem myhmansöýerlik bilen garşylapdyrlar hem-de olaryň öňünde ýaranjaňlyk edipdirler (“Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň I tomunyň 75-nji sahypasy). Alamançylyk tekeleriň maddy hal-ýagdaýyny gowulanmagyna ýardam etmek bilen, olaryň syýasy taýdan derejesiniň ýokarlanmagyna getiripdir. Buhara emiri Tekeleriň eýeleýän at-abraýyny göz öňünde tutup, Ahaly basyp almak üçin Rus goşununyň 100 müň adamdan az bolmaly däldigini aýdýan eken.
Eýranyň, Owganystanyň goňşy welaýatlarynyň, Hywanyň we Buharanyň hanlary öz aralaryndaky dawalarda söweşjeňligi, batyrlygy we gaýduwsyzlygy bilen tapawutlanýan Türkmenleriň hyzmatlaryndan peýdalanypdyrlar. XIX asyryň ortalarynda Buharaň emiri Nasrulla Tekeleriň we salyrlaryň kömegi bilen Kokandy derbi-dagyn edipdir. Horosanyň we Astrabadyň hökümdarlary bolsa öz bähbitleri üçin Türkmenlere Eýrana degişli obalary talatdyrypdyrlar. 1873-nji ýylda Eýranyň Kuçan welaýatynyň hökümdarynyň ogly Abdylhasan han Tekeleriň hyzmatlaryndan peýdalanyp, öz Kürtleriniň ençeme obalaryny talaňa salypdyr.
Alamançylyk Türkmenlerde gaýduwsyzlygy we söweşjeňligi terbiýeläpdir hem-de olaryň arasyndan özüniň tejribesi, batyrlygy, ýolbeletligi bilen tapawutlanýan serdarlary çykarypdyr. Olja paýlaşylanda serdarlara has uly paý berlipdir. Emma alamandan gaýdyp gelenlerinden soňra serdarlaryň höküm etmek hukugy öz-özünden güýjüni ýitirýän eken.
Alamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy öňa gatnaşyjylardan gizlinligi talap edipdir. Ahallylarda bir adat bolupdyr. Ol adata laýyklykda egerde taýýarlanylýan alaman barada haýsy-da bolsa bir adam duşmana habar beren bolsa ol adamy islendik ahallynyň öldürmäge hukugy bolupdyr. Şeýle adamyň maşgalasy we garyndaşlary Ahaldan çykarylyp, kowulýan eken, emlägi ýok edilýän eken. Tekelerde dönüklik etmek iň uly jenaýat hasaplanypdyr. “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň I tomunyň 58-nji sahypasynda – 1879-1881-nji ýyllarda bolup geçen uruşlarda Tekeleriň arasyndan öz milletine dönüklik eden bir adamyň hem bolmandygy we şol sebäpden hem Orta Aziýadaky uruşlaryň arasynda olaryň aýratyn orun eýeleýändikleri barada beýan edilipdir.
Türkmenleriň örän çydamly hem ýüwrük atlary bolupdyr. Olar atlaryny sürülerde saklaman, Araplaryňky ýaly öz öýleriniň ýanynda ideg edip, terbiýeläpdirler. Şonuň üçin Türkmenleriň atlary eldeki bolup, örän düşbiligi bilen tapawutlanypdyr. Türkmenler öz atlaryny ähli zatdan zyýada görüp, aýap saklaýan eken. Şonuň üçin, köne keçe bilen basyrylan gara öýüň ýanynda sal-sal egin-eşikli öý eýesini we onuň maşgalasyny hem-de örän gowy hilli atkeçeli we gymmat bahaly basyrykly atyny görmek adaty ýagdaý bolupdyr.
Dünýäniň gurak ýerlerinde ýerleşýän Türkmenleriň ýaşaýan topraklarynda suw serişdelerine hem aýawly garalýan eken. Ahalyň obalarynyň içinden akyp geçýän tebigy çeşme suwlary oba ilatyna degişli bolupdyr. Olar şol suwy deň paýlaşypdyrlar. Her öýe kesgitlenen sagatlarda suw goýberilýän eken. Türkmenler suwly ýaplaryň boýunda suwuň akar güýji bilen hereket edýän harazlary hem gurupdyrlar. Tebigatyň agyr şertleri hem-de Türkmenleriň alamançylyk bilen bagly ýaşaýyş durmuşy olardan ýarag bilen üpjün bolmagyny talap edipdir. Şonuň üçin Tekeleriň ählisiniň diýen ýaly ýarag ýasamak başarnygy bolupdyr. Olaryň arasynda has ussatlary daşky görnüşi boýunça öwerlikli bolmadyk ýaraglary ýasasalarda, şol döwürde Ruslaryň goşun üpjünçiliginiň iň döwrebap ýaragy hasaplanýan Berdan tüpeňine meňzeş ýaraglary ýasamagy başarypdyrlar. Tekeleriň şol Berdan tüpeňlerine bolýan oklary ýasamakda hem başarnyklary uly bolupdyr.
Tekeleriň erkek admalary ýarag ýasamakda ussat bolan bolsalar olaryň aýallary ýokary hilli halylary, kendir matalary, kilimleri dokamagy başarypdyrlar, keçe öndüripdirler. Olar halylardan başga önümleri diňe öz hojalyklarynda ulanmak maksady bilen öndüripdirler. Teke halylaryny edinmegi özlerine uly abraý hasaplaýan Eýranlylar we Hywalylar bu halylary höwes bilen satyn alypdyrlar. Tekeleriň satlyga çykarýan esasy harytlaryna bolsa düýeler we atlar degişli bolupdyr.
Tekeleriň maşgalasynda erkek adam maşgalabaşy bolup, sözüň doly manysynda aýalynyň hojaýyny hasaplanypdyr. Şonuň üçin aýalynyň razylygyny almazdan, islendik wagty äriniň aýalyny taşlap gitmäge hukugy bolupdyr. Şol bir wagtda, aýalynyň günäsi bolmadyk ýagdaýynda oba maslahaty aýala we onuň çagalaryna oňňut serişdelerini bermäge ärini borçlandyrýan eken. Aýaly biwepalyk eden ýagdaýynda ärine aýalyny we onuň oýnaşyny öldürmäge hukuk berlipdir. Ýöne şeýle ýagdaýda äri diňe aýalyny öldürmek bilen çäklenen bolsa onda ol aýalynyň garyndaşlarynyň ganym duşmanyna öwrülip, Ahaldan gaçyp gitmeli bolupdyr ýa-da kesgitlenen tölegi tölemeli edilýän eken.
Tekeleriň ene-atalar bilen çagalaryň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrýan kanunlary bolmandyr. Şonuň üçin öz çagasyny öldüren adam jogapkärçilige çekilmeýän eken. Tekeleriň çaga, esasan hem ogullaryna bolan söýgüsiniň örän uly bolany üçin şeýle ýagdaýlar gabat gelmeýän eken.
Teke aýallar örän zähmetsöýer bolupdyrlar. Agyr we gara işleriň ählisi aýallara degişli bolupdyr. Hat-da, öý dikmek işi hem doly aýallaryň boýnunda bolupdyr. Şol bir wagtda teke aýallary beýleki musulman milletleriniň aýallaryndan tapawutlylykda keseki erkek adamlardan öz ýüzlerini ýapmandyrlar. Olar maslahatlara gönüden-göni gatnaşmasalarda jemgyýetçilik işleriniň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly ýygnanşyklarda erkekler bilen deň derejede öz pikirlerini beýan edipdirler.
Teke aýallary özboluşly syýasy hukuklardan hem-de özbaşdaklykdan peýdalanyp, batyrlykda öz ärlerinden kem galmandyrlar. Ruslaryň Ahaly basyp almak üçin guran birinji we ikinji “ekspedisiýalarynda” Teke aýallarynyň batyrlygyny tassyk edýän subutnamalaryň ençemesi bolupdyr. Birinji Göktepe söweşinde aýallar galaň diwaryndan Rus esgerleriniň üstüne daş ýagdyryp, gaýnag suw guýupdyrlar. Şol söweşlerde galaň içinde aýallaryň bolmagyny Tekeler aýallaryň batyrlary ruhlandyrmak, gorkaklary bolsa utandyrmak üçindigi bilen düşündiripdirler.
Türkmenler gan arassalygy boýunça gazaklary we özbekleri özlerinden pes hasaplap, bu milletler bilen nikalaşmaýan eken. Şol bir wagtda Türkmenleriň Teke, Saryk, Ärsary, Salyr we Ýomut tireleriniň erkekleri diňe öz tohum-tijine degişli gyzlara öýlenip, beýleki tireleriniň wekillerine gyz bermändirler. Türkmenleriň beýleki has kiçi tireleri hem şu düzgüni berjaý etmäge çalşypdyrlar.
Şol döwrüň Türkmenleri ählisiniň boýlarynyň uzynlygy we bedenleriniň daýawlygy bilen tapawutlanypdyrlar. Munuň sebäbini general Grodekow Türkmenleriň göçüp-gonup ýaşamak bilen bagly agyr şertlerde dogulýan saglygy gowşak çagalaryň kämillik ýaşyna ýetmezden ölýändigi bilen düşündirýär (“Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň I tomunyň 81-nji sahypasy). General A.W. Wereşagin bolsa özüniň “Дома и на войне” atly eseriniň 595-nji sahypasynda tekeleriň örän görmegeý we gelşikli syratlarynyň bardygyny, ýüz keşpleriniň ýakymlylygy bilen tapawutlanýandygyny belleýär. Şeýle hem, ol şol sahypada tekeleriň ýiti akyllarynyň bardygyny we üşüklidiklerini belläp, olar bilen çaý başynda söhbetdeş bolmagyň örän lezzetlidigini ýazýar.
Türkmenler hiç-hili spirtli içgileri içmändirler we süýjüli çaý içmäge örän höwesek bolupdyrlar. Uzak ýollarda, alamana gidenlerinde türkmenler ýeterlik bolmadyk, az mukdardaky azyk bilen öňňut edipdirler. Emma mümkinçilik bolan wagty dört adamyň iýjegini iýmegi başarypdyrlar. (“Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň I tomunyň 83-nji sahypasy).
Şol döwürde Türkmenler bilen köp ýyllaryň dowamynda iş salyşan rus harbylary Tekeleri häsiýetlendirip, olarda bolan özboluşly aýratynlyklary geň görmek bilen belläpdirler. Mysal üçin podpolkownik Spolatbog aýtmagyna görä tekelerde töhmet atmak düşünjesi düýbünden bolmandyr. Şonuň üçin kazyýetlerde ýa-da maslahatlarda günäkärlenýän tarap hiç haçan üstüne ýüklenýän günäni inkär etmeýän eken. Ol özüni aklamak üçin arz edýän tarapyň şikaýatyna tapawutly düşündirişi bermäge çalyşýan eken. Şol sebäpden hem egerde haýsyda bolsa bir adam töhmet ataýsa ony islendik adamyň öldürmek hukugynyň boljakdygy barada hiç kim şübhelenmändir.
Bulardan başgada Rus harbylary Tekeleriň obalarynda ogurlygyň ýokdugyny belleýärler. Türkmen jemgyýetinde ogurlyk masgaraçylykly jenaýat hasaplanyp, bu jenaýat üçin ölüm jezasy berilýän eken. (“Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň I tomunyň 85-nji sahypasy).
Türkmenlerde myhmansöýerlik mukaddeslik derejesine ýetirilip, parz hasaplanypdyr. Şonuň üçin Tekeleriň öýüne myhman bolan, milletine we dinine garamazdan islendik adamyň özüniň we emläginiň howpsuzlygyna doly ynamy bolupdyr. Tekeleriň arasynda öz öýüne myhman hökmünde giren nätanyş adamy gorap bilmezlik uly masgaraçylyk hasaplanypdyr. Şol döwrüň Türkmenleriniň Russiýa barada özboluşly düşünjeleri bolupdyr. Olar Russiýany iň uly we güýçli döwlet, ilatyny bolsa azan millet hasaplapdyrlar. Olaryň pikiriçe Russiýada bütin ýyl gyş bolupdyr. Şol sebäpden hem Ruslaryň ýyly pasyllary görmek üçin musulmanlaryň ýurtlaryna çozup, ýaşaýjylaryny öldürýändiklerine Tekeler ynanypdyrlar. Tekeler Ruslary gara ygtykatly adamlar hasaplap, olary “garakapyr” diýip atlandyrypdyrlar. Iňlislere bolsa musulmana ýakyn görüp, “musulmankapyr” diýipdirler.
Möhüm meseleleri çözmek üçin Tekeler jumhuriýe maslahatyny geçiripdirler. Bu jumhuriýe maslahatyna her obadan atly-abraýly bir adam, şeýle hem şonuň ýany bilen şol obada ýaşaýan beýleki taýpalaryň wekillerinden bir ýa-da iki aksakal gatnaşýan eken. Bulardan başga-da bu jumhuriýe maslahatynyň düzüminde hemme işanlar bolupdyrlar.
Bu maslahatlarda iri alamanlar, goranyş we hüjüm etmek bilen bagly meselelere seredilipdir. Käbir halatlarda bir şahsyýet tarapyndan adaty bozmak ýaly düzgünbozulmalara hem bu maslahatlarda garalypdyr. Jumhuriýe maslahatlarynda durmuşda emele gelýän ýönekeý hukuk we kazyýet meselelere hem garalypdyr. Maslahatlarda, gatnaşýanlaryň biragyzdan goldamagynyň esasynda çözgüt çykarmaga çalyşypdyrlar. Jumhuriýe maslahatynda gozgalýan mesele boýunça dürli pikirler bolan ýagdaýynda doly ylalaşyk gazanylmadyk mesele boýunça maslahatlaşmak üç gün dowam edipdir. Eger üç günüň dowamynda hem maslahata gatnaşyjylar bir pikire gelmedik bolsalar, bu mesele çözülmedik hasap edilip, jumhuriýe maslahatyň geçirilmegi kesgitlenilmedik möhlete ertelenipdir. Ilatyň durmuşy bilen bagly örän möhüm meseleler boýunça maslahata gatnaşyjylaryň dürli pikirleri bolup, üç günüň dowamynda çözgüt çykaryp bilmeseler, onda bu mesele ähli ilatyň gatnaşmagynda çözülmäge degişli edilipdir.
Tekeler öz aralaryndan hanlary saýlapdyrlar. Kä halatlarda hanlyk nesilden nesile geçipdir. Hanlar hormatlanylýan, sylaglanylýan şahsyýetler bolupdyrlar. Hanlaryň maslahatlary bar bolan adatlara ters gelmeýän bolsa olara buýruk hökmünde garalyp, bir kemsiz ýerine ýetirilýän eken. Egerde han adaty bozan bolsa ol ynamdan gaçyp, öz wezipesinden çetleşdirilýän eken. Tekeler adata örän möhüm orun beripdirler. Olar adaty bozan adama jenaýatkär hökmünde garapdyrlar. Şeýle adamy bozan adatyny ýerine ýetirmäge mejbur edipdirler ýa-da obadan kowup çykarypdyrlar. Şonuň üçin hanyň ýa-da oba ýaşulusynyň maslahatyny ýerine ýetirilmeýän ýagdaýlar örän seýrek bolupdyr.
Ahalda her obanyň saýlaw esasynda seçilen öz kethuda ýaşulysy bolupdyr. Saýlaw geçirilende öň kethuda bolan adamlaryň çagalaryna we garyndaşlaryna artykmaçlyklar berlipdir. Şol bir wagtda, dalaşgäriň başarnygyna we jemgyýetiň öňünde bitiren işlerine has uly ähmiýet beripdirler.
Bitiren harby hyzmatlary üçin obanyň kethuda ýaşylysyna hanlyk derejesi berlipdir. Onuň han adyna eýe bolmagy Ahalyň ähli obalarynda ykrar edilipdir. Her obada ýaşaýjylaryň hemme taýpalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda aksakallaryň maslahaty geçirilipdir. Oba maslahatlarynyň çözgütleri hökmany suratda ýerine ýetirilmeli eken.
Obalaryň ýaşulylaryna öz obalarynda, Ahalyň hanyna bolsa her obada ilat tarapyndan olaryň zähmeti üçin bir bölek ýer we suw paýy berlipdir. Ahalyň hanynyň gullugynda 40 sany ýigitleri (perraşlary) bolupdyr. Hanyň perraşlaryna hem-de serdaryna Ahalyň ilaty tarapyndan 1000 tümen (3000 rubl) möçberinde zähmet haky tölenipdir. Perraşlar jumhuriýe maslahatlarynda kabul edilen kararlaryň ýerine ýetirilmegine ýardam edipdirler. Maslahatyň kararyny ýerine ýetirmekden boýun gaçyrýan adam obasyndan kowulýan eken we mejbury ýagdaýda Nohurda ýa-da Hywada gizlenip ýaşamaly bolýan eken. Çünki, Ahalyň hiç bir obasy şeýle adamy kabul etmeýän eken. Göktepe we Gowşuthan galalarynyň gurluşuklaryndaky ýaly aýratyn halatlarda han ýaltalary işletmek üçin taýak ulanýan eken.
Şol döwrüň Türkmen jemgyýetiniň dolandyryş ulgamynda din adamlary hem-de kazylar möhüm wezipeleriň birini ýerine ýetiripdirler. Olar ähli musulman jemgyýetlerine mahsus bolan şerigat boýunça hereket edip, kazyýete degişli meseleleri çözüpdirler. Ýöne Türkmenlerde yňdyrma dindarlyk, takwalyk bolmansoň kazylaryň çykarýan çözgütleri bar bolan adatlara esaslanmaly bolupdyr ýa-da maslahatyň karary bilen tassyklanmaga degişli edilýän eken. Şol talaplara laýyk gelmeýän kazylaryň çözgütleriniň şerigata esaslanyp çykarylan bolsada güýji bolmandyr. Kazylar miras bilen bagly dawaly meseleleri, är-aýalyň arasyndaky düşünişmezlikleri, nika bozmak we adaty durmuşda gabat gelýän şolara meňzeş meseleleri çözüpdirler.
XIX asyrdaky Türkmen jemgyýetiniň dolandyryş ulgamynyň aýratynlyklary öwrenilende, onuň demokratik ýörelgelere esaslanyp gurulandygyny görmek bolýar. Şol dolandyryş ulgamda häzirki döwürde demokratik döwletlerde bar bolan häkimýetiň biri birinden garaşsyz hereket edýän häkimýetiň üç şahasynyň bolandygyny görýäris. Ýerine ýetiriji häkimýetiň ornuny tutýan hanlaryň bolmagy, kanun çykaryjy häkimýetiň wezipesini ýerine ýetirýän jumhuriýeleriň we maslahatlaryň bolmagy hem-de kazyýet häkimýetiň wezipesini ýerine ýetirýän kazylaryň we maslahatlaryň bolmagy muny tassyk edýär. Türkmenler il bähbitli meseleleriň ählisi boýunça jemgyýetiň saýlanyp iberilen wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän maslahatlarda çözgütleri çykarypdyrlar. Munuň şeýle bolmagy jemgyýetiň dolandyryş ulgamynyň diňe ilatyň erki, islegi esasynda hereket edendigini aňladýar. Şu ýerde muňa tassyknama hökmünde Dykma serdaryň we Sopy hanyň dönüklikde aýyplanmagy meselesiniň çözülişini mysal edip getireli. Şonda Dykma serdar we Sopy han Nurberdi hanyň ýanyna baryp, bolan ýagdaýy düşündirip, ötünç sorapdyrlar. Şeýlede bolsa Nurberdi han bu meseläni özi çözmän, maslahatyň garamagyna geçiripdir. Şondan soň Garagan obasynda maslahat geçirilip, Dykma serdara we Sopy hana ynanmaly diýen karar kabul edilipdir. Bu waka Türkmen jemgyýetinde adamyň günäkärligini ýa-da günäkär däldigini şol döwürde kazyýet häkimýetiniň gurluşy hökmünde hereket eden maslahatlaryň çözendigini subut edýär.
Ahal Ruslaryň tabynlygyna geçenden soň türkmen jemgyýetiniň dolandyryş ulgamy düýbünden üýtgedilip, karar kabul edýän adamlar saýlanylman, Ruslar tarapyndan bellenilip başlapdyr. Gala synyp, ilatyň ýaşaýan ýerlerine gaýdyp gelmegi bilen, Göktepäni dolandyrmak boýunça gözükdiriji taýýarlanypdyr. Şol gözükdirijä laýyklykda, ýerli ilatyň arasynda ýolbaşçylar bellenende Haj parzyny ýerine ýetiren, gurply adamlaryň bu wezipelere bellenilmegi Skobelew tarapyndan gadagan edilipdir, aksakallar bilen miraplaryň gatnaşyklarynyň dawaly bolmagyny gazanmak maksady bilen, olaryň ygtyýarlyklarynyň anyk kesgitlenmezligi talap edilipdir (“Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň IV tomunyň 25-nji, 26-njy we 27-nji sahypalary).
Häzirki döwürde hem, Türkmenistanda ruslaryň 140 ýyl mundan ozal ornaşdyran dolandyryş ulgamynyň hereket edýändigini görmek bolýar. Köp ýyllaryň dowamynda karar kabul edýän adamlaryň saýlanylman, “ýokardan” bellenilmegi jemgyýetde geň görülmeýän ýagdaýy emele getirdi. Saýlawlaryň “kagyz ýüzünde” geçirilmegi bolsa adaty ýagdaý boldy. Türkmen jemgyýeti halkyň erk-islegi esasynda dolandyrylýan jemgyýetden bir adamyň karary bilen dolandyrylýan jemgyýete öwrüldi. Şonuň netijesinde häzirki Türkmenistanda orta asyrlara mahsus bolan dolandyryş ulgamy emele geldi.
Türkmenistanda ornaşdyrylan döwletiň dolandyryş ulgamy ýylyň ýylyna özüniň netijesizligini tassyklap gelýär. Ýurdumyzyň ilatynyň uly böleginiň gazanç üçin, çagalarynyň geljegi üçin daşary ýurtlara göçüp gidendigi muny subut edýär. Iş üpjünçiligiň örän pes derejesi, ýurduň ykdysadyýetiniň çökgünlük ýagdaýynda bolmagy halkyň maddy hal-ýagdaýynyň has-da ýaramazlaşmagyna getirýär. Emele gelen bu ýagdaý bolsa ösüşin demokratik ýörelgelerine esaslanýan, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze döwleti gurmak zerurlygyny talap edýär.
Komentariýa
Garagum çöli
Berekella ildeş! Elleriňe sagňyk! Galamyň ýiti bolsun!