Light
Dark

Göktepe söweşi: Skobelew

Skobelew baradaky bar bolan maglumatlary has giňişleýin öwreneniňde onuň aşa derejede meşhur edilmeginiň sebäplerini imperiýada höküm sürýän syýasy
pikirleriň …

1879-njy ýylda bolup geçen 1-nji Göktepe söweşinde Russiýanyň Tekelerden ýeňilmegi, imperiýanyň halkara derejesindäki abraýyna ýaramaz täsirini ýetiripdir. Ýewropa döwletleriniň gazetlerinde Russiýa imperiýasynyň Türkmenleriň bir tiresinden ýeňilendigi barada gyjalat beriji äheňdäki makalalar peýda bolupdyr. Türkmenleriň bu gaýduwsyzlygy, Russiýanyň Orta Aziýada basyp alan hanlyklarynyň Ruslara garşylyk görkezmek mümkinçiliklerini artdyrypdyr.

Emele gelen ýagdaýy düzetmek, şeýle hem Hindistany basyp almak üçin ýol arçamak maksady bilen, Ruslar ýeňilşiň esasy sebäbiniň taýýarlyk, üpjünçilik işleriniň pes derejede bolandygy barada netije çykaryp, 1879-njy ýylyň soňky aýlarynda täze ýörişe taýýarlyk görüp başlapdyrlar. Ruslaryň Ahal-teke otrýadynyň komandiri wezipesine general Tergukasow bellenilýär. Tergukasow Ahaly basyp almagyň dört ýyllyk meýilnamasyny taýýarlaýar. Bu meýilnama laýyklykda obalar yzygiderlilikde basylyp alnandan soň ol ýerlere rus harbylarynyň maşgalaryny göçürip, koloniýalar emele getirilmelidi. Tergukasowyň kesellemegi netijesinde öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirip bilmändigi sebäpli onuň taýýarlan meýilnamasy durmuşa geçirilmän galýar. Tergukasowyň ýerine bolsa Ahal-Teke otrýadynyň komandiri wezipesine general Murawýow wagtlaýyn bellenilýär.

Ahaly basyp almak boýunça guralýan täze ýörişiň goşun ýolbaşçysy wezipesine Rus generallary tarapyndan Rus-Türk urşunda tapawutlanan komandirleriň birini bellemek barada teklipleriň orta atylmagyna garamazdan Aleksandr II Orta
Aziýadaky söweşlerde uly tejribäniň eýesi bolan Skobelewi bu wezipä mynasyp görüp, ony Zakaspiý ülkesinde hereket edýän goşunyň wagtlaýyn-komanduýuşisi wezipesine belleýär. 1880-nji ýylyň Ýanwar aýynyň 12-sine Aleksandr II Skobelewi
kabul edip, söhbetdeşlik geçirende duşmany äsgermezçilik etmeli däldigi barada degerli maslahatlary berýär. N.I.Grodekowyň “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň I tomunyň 180-nji sahypasynda Aleksandr II bu
söhbetdişlikde:

“Maňa berilýän hasabatlardan Tekeleriň üýtgeşik söweşjeň milletdigi barada netije çykarmak bolýar”

diýen sözleri getirilipdir.

Hakykatdan hem Skobelew harby tejribesiniň agramly bölegini Türkler bilen söweşlerde däl-de, Orta Aziada birnäçe ýyllaryň dowamynda eden gullugynyň netijesinde gazanypdyr. Ol Orta Aziýadaky gullugyny general Kaufmanyň ýolbaşçylyk edýän Türkestan harby okrugynda ştabs-rotmistr harby çininde başlapdyr. 1871 ýylda Krasnowodsk otrýadynda gulluk edip, Hywa barýan ýollary öwrenmek üçin aňtawjylyk ýörişlere gatnaşypdyr. 1873-nji ýylda polkownik Lomakinyň ýolbaşçylygyndaky Mangyşlak otrýadynyň düzüminde Hywany basyp almak üçin guralan ýörişe hem gatnaşypdyr. Şular barada, aşakda maglumat hökmünde ulanylan materiallarda şeýle beýan edilipdir:

  • “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriň I tomunyň 99-njy sahypasynda – Krasnowodsk otrýadynyň komandiri polkownik Stoletow tarapyndan şol döwürde ştabs-rotmistr harby çininde bolan Skobelewiň Daşarwatgaladan Sarygamyşa barýan ýollary öwrenmek üçin iberilendigi beýan edilýär;
  • “Письмо начальника экспедиции к начальнику военных сообщений, М.А.Анненкову, 10 октября 1880 года, №6527.” atly Skobelewiň ýazan hatynda – 1871-nji ýylyň Aprel aýynda Dykma Serdaryň ýolbaşçylygyndaky atly we pyýada nökerleri bilen bolan çaknyşyklara Skobelewiň gatnaşandygy beýan edilýär;
  • N.I.Grodekowyň “Хивинский поход 1873 года” eseriniň 96-njy sahypasynda – 1873-nji ýylda Skobelewiň polkownik harby çininde Hywa ýollarynda ýerleşen Zmukşirden Ortaguýa çenli hüjüm bilen edilen aňtawjylyk ýörişine gatnaşandygy beýan edilýär;
  • şol eseriň 238-nji sahypasynda – Skobelewiň Hywa ýörişinde naýzalar we gylyçlar bilen ýedi ýerinden ýaralanandygy beýan edilýär;
  • şol eseriň 276-nji sahypasynda – general Werýowkinyň buýrugy esasynda Skobelewiň Hywa ýörişinde Ruslara esasy garşylygy görkezen Türkmenleriň obalaryny ýok etmek işine gatnaşandygy beýan edilýär.

Skobelew, 1877-1878-nji ýyllarda bolup geçen Rus-Türk urşuna çenli häzirki Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň çäklerinde ýerleşen şäherleri basyp almak bilen bagly söweşlere gatnaşyp, birnäçe medallar, ordenler bilen sylaglanypdyr. Orta
Aziýadaky gullugyny şatbs-rotmistr harby çininde başlan Skobelewe şol ýyllarda general-maýor çini berlipdir.

Zakaspiý ülkesinde hereket edýän goşunyň wagtlaýyn-komanduýuşisi wezipesine bellenenden soň üstüne ýüklenen wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen, Skobelew üçin ýörite gözükdiriji taýýarlanylýar. 1880-nji ýylyň Mart aýynyň 15-ine tassyklanan bu gözükdürijä laýyklykda Skobelewe ägirt uly ygtyýarlyklar berilýär. Oňa basyp alnan ýerlerde imperatoryň adyndan salgyt salmak, ölüm jezasyny bermek we ş.m. hukuklardan peýdalanmak ygtyýarlyklary berlipdir. Bu gözükdiriji “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň I tomunyň Goşundylarynyň 63-nji sahypasynda doly görnüşinde berlipdir.

Özüne berlen bu ygtyýarlyklardan, şol sanda ölüm jezasyny bermek hukugyndan doly derejede peýdalanan Skobelew beýleki serkerdeleriň rehim etmek häsiýetlerini hiç bir ýagdaýda goldamandyr. Ol zalymlygyň we ilatyň gözüne gorky
salmagyň tarapdary bolupdyr. Munuň şeýledigine aşakda berlen materiallardan netije çykarmak bolýar:

  • «Резолюция Скобелева по делу об угоне верблюдов 2 мая 1880 года» atly kararnamada – ýesir düşen tekeleriň general Tergukasow tarapyndan azat edilmegini ýazgarýandygy barada Skobelewiň sözleri we mundan beýläk ýesirlere ölüm
    jezasynyň beriljekdigi hakyndaky karary beýan edilipdir;
  • “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriň II tomunyň 42-nji sahypasynda – Orta Aziýanyň ykdysady usullary ulanyp tabyn edilmändigi, onuň güýç bilen basylyp alnandygy barada Skobelewiň sözleri getirilipdir;
  • şol eseriň II tomunyň 76-njy sahypasynda – Skobelewiň Grodekowa Börme obasyny ýakmak, ekinleri ýok etmek hakynda buýruk berendigi beýan edilýär;
  • M.A.Terentýewiň “История завоевания Средней Азии” eseriniň III tomunyň 109-njy sahypasynda – Rus goşununyň yza çekilende küdelenen bugdaý desselerini, ýygylmadyk bugdaýlary ýok edendigi, üç sany obany ýakandygy barada
    beýan edilýär;
  • şol eseriň III tomunyň 113-nji sahypasynda – her bir öldürilen Teke-Türkmeniň kellesini getirene goşun ştabynyň 3 rubl berýändigi (Maglumat üçin: şol döwürde 1 goýunyň ortaça bahasy 3 rubl bolupdyr) barada beýan edilýär. Şeýle hem, eger buýruk berilse Tekeleri öldürişi ýaly öz watany bolan Rýazanyň erkek adamlaryny hem gynanman atyp öldürmäge taýýardygy barada Skobelewiň sözleri getirilýär;
  • Skobelewiň 1880-nji ýylyň noýabr aýynyň 15-indäki №7589 belgili Görkezmesinde – Etrek derýasynyň kenarynda peýda bolýan Ýomutlary we Gökleňleri her sapar rugsat almazdan ýok etmek barada general-maýor Bronewskoýa Skobelewiň beren tabşyrygy getirilýär.

Rehimsizligiň, zulumyň tarapdary bolan Skobelew öz ýanynda ilata garşy şol usullaryň ulanylmagyny goldamaýan serkerdeleriň öz otrýadyndan çetleşdirilmegini talap edipdir. Hat-da öz ştabynyň naçalnigi bolan Gudim-Lewkowiçiň hem
otrýatdan gitmegine sebäp bolupdyr. “История завоевания Средней Азии” eseriniň III tomunyň 91-nji sahypasynda – Skobelewiň ýesirleri öldürmek baradaky buýruklaryna garşy bolan ştabyň naçalnigi Gudim-Lewkowiçiň otrýatdan gitmeli
bolandygynyň asyl sebäpleri doly beýan edilipdir.

Skobelew öz zalymlygyny, ýesirlere rehimsizligini diňe Türkmenler bilen bolan söweşlerde däl-de, 1877-1878-nji ýyllarda bolup geçen Rus-Türk urşunda hem görkezipdir. Onuň ýesir düşen Türkleri öz nökerlerine çapdyryşy “История
завоевания Средней Азии” eseriniň III tomunyň 92-nji sahypasynda beýan edilipdir.

1880-nji ýylyň dekabr aýynyň 28-indäki we 30-yndaky Tekeleriň ýerine ýetiren üstünlikli hüjümlerinden soň rus goşununyň uly ýitgilere sezewar bolanyna garamazdan Skobelew at-şohrata kowalaşyp, galanyň gabawda saklanylmagyny
dowam etdirmegi talap edipdir. Harby nazaryýete laýyklykda hereket etmek, yza çekilmek baradaky maslahatlary kabul etmändir. Hat-da galaň gabawyny aýyrmak barada öz pikirini aýdan bir serkerdäni wezipesinden çetleşdiripdir. (A.N.Kurapatkinyň “Завоевание Туркмении” eseriniň 182-nji sahypasy)

Rus imperiýasynyň harbylarynyň iň ýokary wezipeli adamlary hem Skobelewiň şohratparaz häsiýetleriniň bardygyny belläp, korrespondentleriň ýazýan makalalarynyň hasabyna onuň adynyň meşhur bolandygy barada pikir ýöredipdirler. Hat-da, “История завоевания Средней Азии” eseriň III tomunyň 139-njy sahypasynda – şöhrat gazanmak maksady bilen Skobelewiň edýän netijesiz hereketleriniň öňüni almak, öňünde goýlan asyl wezipelere onuň üns bermegini gazanmak üçin bu ekspedisiýä barada makalalary çap etmegi şol döwürde gadagan edilendigi beýan edilýär.

Skobelewiň şöhratparazlygyny Göktepe galasynyň hüjüm gününiň gyssagly ýagdaýda bellenilmeginde hem görmek bolýar. 1880-nji ýylyň dekabr aýynyň 23-inde Tekeler tarapyndan general Petrusewiçiň öldürilmegi bilen, Skobelew Petrusewiçiň ýerine özüne Kawkazdan kömekçi iberilmegini haýyş edýär. Şol haýyşy ýerine ýetirmek maksady bilen, bu wezipä öň Skobelewiň naçalnigi bolan general-leýtenant Pawlow bellenilýär. Pawlowyň Krasnowodska ýanwaryň 10-12-si
aralygynda gelmegine garaşylýandygyny göz öňünde tutup, ýeňiş şöhratyny hiç kim bilen paýlaşmak islemeýän Skobelew hüjümi Pawlow gelmezden öň geçirmegi maksat edinýär. Hat-da diwaryň aşagyna partlaýjy ýerleşdirmeli esgerlere bellenen güne ýetişdirseler 4 sany medallaryň we 3000 rubl möçberinde pul baýragynyň berilmegi barada buýruk berýär. (“История завоевания Средней Азии” eseriň III tomunyň 183-nji we 186-njy sahypalary)

Hüjüm gününiň aýyň 12-sine bellenilmeginiň ýene bir sebäbi bolupdyr. Bu, Ýanwar aýynyň 12-sine Rus imperatory Pawel I Hindistana ýöriş guramak hakyndaky buýrugynyň segsen ýyllyk senesiniň bolmagydy. Şol senäni göz öňünde tutup, Skobelew Hindistany basyp almagyň 1-nji tapgyryny geçen goşunbaşynyň şöhratynyň eýesi bolmagyny özüne maksat edinipdir.

Skobelew duşman barada degerli maglumatlary ýygnamak işine aýratyn ähmiýet beripdir, ýerli ilatyň aňyna täsir etmek usullary ulanyp, Tekeleri söweşsiz boýun egdirmäge çalşypdyr. Şol maksat bilen, öz bähbidine gelýän ýalan habarlary ýaýratdyrypdyr, içalylardan maglumat almak işini ýola goýupdyr. Bu barada “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eserinde şeýle beýan edilýär:

  • II tomunyň 36-njy sahypasynda – Ruslaryň Iňlisleri Owganystandan çykmaga mejbur edýändigi hakyndaky habary Skobelewiň Orta Aziýanyň bazarlarynda ýaýratdyrandygy barada beýan edilýär;
  • II tomunyň 97-nji sahypasynda – aziýalylary diňe ýeňsesine urmak bilen çäklenmän, olaryň aňyna täsir etmelidigi barada Skobelewiň sözleri getirilýär;
  • II tomunyň 155-nji sahypasynda – tabyn bolanlaryň ählisiniň patyşa tarapyndan günäleriniň geçiljekdigi barada Skobelewiň myş-myşlary ýaratdyrandygy beýan edilýär;
  • II tomunyň 168-nji, 169-njy sahypalarynda – içalylaryň zerurlygy, olar üçin pul gaýgyrmaly däldigi barada Skobelewiň sözleri getirilýär;
  • III tomunyň 40-njy sahypasynda – Ruslaryň harby birikmeleriniň üstüne çozmak üçin Göktepede uly topar jemlenýändigi hakynda içalylardan Awgust aýynyň ahyrlaryna habaryň gelendigi beýän edilýär.

Skobelewiň içalylary esasan başga milletlerden we Türkmenleriň käbir beýleki tirelerinden bolupdyr. 1879-1881-nji ýyllarda bolup geçen urşlarda Tekeleriň arasyndan öz milletine dönüklik eden bir adamyň hem bolmandygy we şol sebäpden
hem Orta Aziýadaky urşlaryň arasynda bu urşlaryň aýratyn orunlary eýeleýändigi barada “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň I tomunyň 58-nji sahypasynda beýan edilipdir.

Üstünlik gazanmak üçin Skobelew hilegärlik usullaryny ulanmakdan hem el çekmändir. Türkmenleriň Japarbaý we Atabaý tirelerinden bolan abraýly adamlaryny öz tarapyna çekmek üçin olara zähmet haklary bellenen gulluga kabul edipdir,
medallar bilen sylaglapdyr. Bu barada “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň II tomunyň 44-nji, 45-nji sahypalarynda beýan edilipdir. Soňra bolsa şol adamlary tussag edip, girewde saklap, çykgynsyz ýagdaýa salyp, öz
tirelerinden bolan kerwenbaşylaryna mejbury ýagdaýda Rus goşunynyň ýüklerini Bama çenli daşalmagyny üpjün etdiripdir. “Война в Туркмении. Поход Скобелевав 1880-81 гг.” eseriniň II tomunyň 60-njy, 61-nji sahypalarynda – Skobelew
Türkmenleriň garşylyk görkezýändigi barada habary alandan soň, Japarbaýlardan we Atabaýlardan bolan ady belli adamlarynyň 11 sanysyny tussag etdirip, “Týulen” gaýygynda Aşurada adasyna ibertdirendigi we öz ildeşlerine Ruslaryň talap edýän
zatlaryny ýerine ýetirmekleri, garşylyk görkezen ýagdaýynda bolsa olaryň obalarynyň talanjakdygy, özleriniň bolsa Sibire sürgün ediljekdigi barada olara mejbur ýagdaýda hat ýazdyrmagynyň netijesinde kerwenbaşylara Ruslaryň harby ýüklerini daşatdyrandygy barada beýan edilipdir

Girewine alnan şol adamlara ölüm jezasyny bermek barada polkownik Arsişewskiň adyna Skobelewiň №857 belgili görkezmesi hem bolupdyr. “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň II tomunyň 97-nji sahypasynda – Ruslaryň harby berkitmelerine ýa-da ulaglaryna Etrek derýasynyň aňyrsyndaky Türkmenleriň hüjüm eden ýagdaýynda “Týulen” gaýygyndaky girewine alnanlardan ýa-da ýesir düşenlerden saýlap, olara ölüm jezasyny bermek barada Skobelewiň şol Görkezmede ýazan sözleri getirilipdir.

Skobelew musulmanlaryň ady belli adamlarynyň şöhrat gazanmagynyň Rus goşununa ýetirýän ýaramaz täsirinden çekinýän eken. Şonuň üçin şeýle adamlaryň şohratynyň artmagynyň garşysyna hereket edýän tabşyryklara uly ähmiýet beripdir.
Dykma serdaryň amala aşyrýan söweş üstünlikleriniň netijesinde onuň şöhratynyň artýandygyny göz öňünde tutup, Skobelew Rus harbylaryna onuň adynyň tutulmagyna gadaganlyk girizýär we Bendesen obasynyň golaýynda özüniň Türkiýeden getirilen “Şeýnowa” atly ak atyny Dykma serdara (şol çaknyşykda ol boýnundan ýaralanypdyr) aldyrandan soň şeýle ýagdaýlaryň öňüni almak boýunça degişli görkezmeleri berýär. Bu barada “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň II tomunda şeýle beýan edilýär:

  • 208-nji sahypada – Ýaraglanan garşydaşyň üstüne okdurylmaga taýýar baştutany bolan duşmanyň aýratyn üns berilmäge mynasypdygy baradaky Skobelewiň sözleri we oňa garşy ähli seresaplyklary göz öňünde tutmak baradaky onuň öz harbylaryna beren tabşyryklary getirilýär;
  • 201-nji sahypada – Musulmanlaryň ady belli adamlarynyň şöhratynyň artmagynyň howplydygy hem-de Dykma Serdaryň adyny tutmagy gadagan etmek barada Skobelewiň sözleri getirilýär.

Rehimsizlik, şöhratparazlyk häsiýetleri bilen tapawutlanan Skobelew öz sözünden dänmegi hem kyn görmändir. Ol Göktepe galasyna hüjüm etmezden öň Tekelere iberen yglan hatynda tabyn bolanlara parahat durmuşda ýaşamaga şert
dörediljekdigi barada ýazsa-da, olaryň ýurtlaryna talaň salmagy, özlerini bolsa tussag edip deňziň kenaryna sürgüne ibermegi meýilleşdiripdir. (“Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň IV tomunyň 4-nji sahypasy).

Skobelewiň Tekelere iberen şol yglan hatynda Rus goşununa tabyn bolmak talapy bilen bir hatarda işanlary, serdarlary girew hökmünde bermek, taryhy resminamalary we golýazmalary tabşyrmak, abraýly maşgalalardan bolan ýaş
oglanlary girew hökmünde Russiýa ibermek, Russiýanyň athanalary üçin atlaryň we baýtallaryň 1000 sanysyny tabşyrmak we ş.m. talaplar hem edilipdir.

Skobelew Göktepe galasyny basyp almagy meýilleşdirende diňe şol topraklary eýelemek bilen çäklenmän ol ýerde ýaşaýan ýerli ilaty Ruslaryň tabynlygyndaky bolan raýatlara öwürmegi maksat edinipdir. Şol maksat bilen galaň diwary partladylyp, ýykylan güni Türkmenleriň gözüne gorky salmak üçin galaň içinde Tekeleriň erkek kişileriniň ählisi öldürilipdir. Şol pajygaly günden soň galada aýallardan we çagalardan başga hiç kimiň galmandygyna garamazdan Rus harbylaryna üç günüň dowamynda talaňçylyk etmäge Skobelewiň buýrugy bilen rugsat berlipdir. Şular barada aşakda ady bellenen eserlerde şeýle beýan edilýär:

  • “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň IV tomunyň 4-nji sahypasynda – geljekki nesilleriň aňynda galjak weýrançylygyň bolandygy we şonuň netijesinde hiç-bir häkimýete tabyn bolmadyk Tekeleri raýata öwürmek mümkinçiligiň boljakdygy hakyndaky Skobelewiň arzuwlarynyň durmuşa geçirilendigi barada N.I.Grodekowyň buýsanç bilen ýazan sözleri getirilipdir;
  • “Завоевание Туркмении” eseriniň 210-njy sahypasynda – Skobelewiň hut özüniň atly we pyýada goşuna ýolbaşçylyk edip, galadan çykyp gaçyp barýan ilaty 15 wýorsta çenli (15 kilometr töweregi) gylyçdan geçirendigi barada ýazylypdyr. A.N.Kurapatkinyň ýazan bu setirlerinde Skobelewiň bu hereketlerini gahrymançylyk ýaly edilip beýan edilýändigini görmek bolýar.

Bu kitaplaryň awtorlarynyň garaýşy bilen ylalaşman düýbünden başga pikiri öňe süren awtorlar hem bolupdur. G.K. Gradowskinyň “М.Д.Скобелев. Этюд по характеристике нашего времени и его героев” atly eseriniň 94-nji sahypasynda — Içinde diňe aýallar we çagalar galan Göktepe galasynda üç günlük talaňçylygyň edilmegi Skobelewiň abraýyna abraý goşmajakdygy we edilen zulumyň diňe duşmançylygyň artmagyna, Rus goşununyň arasynda azgynlygyň başlamagyna getirjekdigi barada awtoryň pikiri beýan edilipdir.

Göktepe galasy synandan soň, Skobelew onuň weýran edilmeginiň, harabalyga öwrülmeginiň tarapdary bolupdyr. “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriň IV tomunyň 9-njy sahypasynda Skobelewiň Göktepe galasyny tekizlemek, topragyny agdarmak, sürmek barada sözleri getirilipdir.

Ruslaryň tabynlygynda köp ýyllaryň dowamynda hakyky raýata öwrülen Türkmenler Skobelewiň galany harabalyga öwürmek boýunça başlan işini häzirki döwürde dowam etdirýärler. Watana bolan söýgüň, gaýduwsyzlygyň simwoly bolmaly Göktepe galasynyň içiniň agdarylandygyny, sürülendigini göreniňde Skobelewiň şol döwürde eden arzuwlarynyň biziň günlerimizde durmuşa geçirilýändigine akyl ýetirýärsiň. (Surata seret:gyzyl çyzyk bilen Göktepe galasynyň çäkleri bellenen.)

Sürülen (agdarylan) meýdan Diňli depäň galyndylary

Skobelew Türkmenleri “oňurgasyz”, “ötsüz” millete öwürmek boýunça alyp barýan işini Göktepäni basyp alanyndan soň hem dowam etdiripdir. Gala synyp, ilatyň ýaşaýan ýerlerine gaýdyp gelmegi bilen, Göktepäni dolandyrmak boýunça gözükdirijisi taýýarlanylyp, Skobelew tarapyndan ýerli ilata jogapkär edip bellenen maýor Spolatboga iberilýär. Şol gözükdirijä laýyklykda, ýerli ilatyň arasynda ýolbaşçylar bellenende Haj parzyny ýerine ýetiren, gurply adamlary bu wezipelere
bellenmegi Skobelew tarapyndan gadagan edilýär, aksakallar bilen miraplaryň  gatnaşyklarynyň dawaly bolmagyny gazanmak maksady bilen, olaryň ygtyýarlyklarynyň anyk kesgitlenmezligi talap edilýär. Skobelew ruhanylaryň, din adamlarynyň ornuny peseltmek boýunça ýerine ýetirmeli işleri kesgitläpdir, abraýly, sözi geçýän adamlaryň sanawlaryny düzmegi, olaryň hersi barada häsiýetnama taýýarlamagy tabşyrypdyr, ýerli ilatyň Rus çinowniklerini “hudaýa golaý” adam hasaplamaklary üçin olaryň sanynyň az bolmagyny talap edipdir. Skobelewiň bu Gözükdirijide beren tabşyryklary “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880- 81 гг.” eseriniň IV tomunyň 25-nji, 26-njy we 27-nji sahypalarynda berlipdir.

Skobelew Göktepe söweşinden bir ýarym ýyl geçenden soň Moskwanyň “Angliýa” myhmanhanasynda garaşylmadyk ýagdaýda 39 ýaşyny doldurman aradan çykýar. Skobelew ýogalandan soň, onuň adynyň aşa derejede meşhurlyga eýe bolandygyny şu günler hem görmek bolýar (Skobelew “Suworowa taý gelýän goşunbaşy” diýip atlandyrylýar). Onuň goşunbaşy hökmünde bitiren işlerini içgin öwreneniňde bolsa Skobelewiň bu meşhurlyga mynasyplygyna ikirjiňlenme
döreýär. Bu ikirjiňlenmäniň döremeginiň esasy sebäpleri şulardan ybarat:

  • birinjiden – Skobelewiň Göktepe söweşinden başga hiç bir söweşlerde, şol sanda 1877-1878-nji ýyllardaky Rus-Türk urşunda hem özbaşdak hereket etmäge ygtyýar berlen goşunbaşy hökmünde çykyş etmändigi;
  • ikinjiden bolsa – Göktepe söweşinde döwleti we harby goşuny bolmadyk Türkmen milletiniň bir tiresiniň garşysyna Rus imperiýasynyň ägirt uly ykdysady we harby güýjüni ulanmagyň hasabyna Skobelewiň ýeňiş gazanmagydyr.

Bulary tassyklaýan ýeterlik derejede maglumatlar bar. Tekelerde bar bolan serişdeler bilen deňeşdirilende Skobelewiň golastynda ady belli Kawkaz goşunlarynyň, demir ýollaryň, telegraflaryň, geliograflaryň, inženerlik sungatynyň, ägirt uly mukdardaky toplaryň, harby ylmyň we beýleki serişdeleriň bolandygy barada “М.Д.Скобелев. Этюд по характеристике нашего времени и его героев.” atly eseriniň 93-nji sahypasynda G.K. Gradowskiý hem belläpdir.

Skobelew baradaky bar bolan maglumatlary has giňişleýin öwreneniňde onuň aşa derejede meşhur edilmeginiň sebäplerini imperiýada höküm sürýän syýasy pikirleriň netijesidigine akyl ýetirýärsiň. Höküm sürýän syýasy pikirler bolsa
imperiýa üçin täze ýerleri basyp almak syýasaty bilen bagly bolup durýar. Şol maksat bilen, “Rus dünýäsiniň” wekilleriniň Skobelew ýaly goşunbaşylary döredýändikleri hem-de olary baýdak edip ulanýandyklary barada netije çykarmak
bolýar. Žurnalist G.K. Gradowskinyň 1884-nji ýylda ýazan “М.Д.Скобелев. Этюд по характеристике нашего времени и его героев.” atly eseriniň 1-nji, 2-nji sahypalaryndaky –

“Kimdigi belli bolmadyk duşmanlardan, hyýallarda görülýän howplardan halas ediji hökmünde Skobelewiň öňe çykarylýandygy, Ýewropanyň Russiýadan gorkýandygy we Ruslaryň eşretli durmuşyna görübilmezlik edýändigi”

baradaky sözleri okanyňda bolsa şol döwürde Russiýada höküm sürýän syýasy pikirleriň häzirki döwürde hem ýaşaýandygyna göz ýetirýärsiň.

Açar sözler:

Komentariýalar

  1. Aşgabat

    2 years ago

    Rus imperiýasy şol öňki häsiýetini üýtgetmändir. Ukrainany başyna gelenler 140 ýyl mundan öň biziň hem başymyza gelipdir.

    • Baris

      2 years ago

      🙋‍♂️

  2. Merdan Meredov

    2 years ago

    Şu güne çenli: Ýurtogullary-Gyzlary dönük görkezildi.
    Çyn dönükler: Watansever görkezildi.

Komentariýa ýaz

Your email address will not be published. Required fields are marked *