Light
Dark

Göktepe söweşi: netijeler we taryhy sapaklar

Bu makalalar toplumynda bolsa şol kitaplardaky materiallary ulanyp, bolup geçen wakalara taryhy baha bermek maksat edinildi. Şol sebäpden hem bu makalalar toplumy “Göktepe söweşi: netijeler we taryhy sapaklar” diýlip atlandyryldy…

Magtymguly Pyragy:
Magtymguly, sözle herne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň
Taraşlap şaglatgyn köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar.

Sözbaşy

XIX asyryň ikinji ýarymynda Rus imperiýasynyň Orta Aziýadaky basybalyjylykly syýasatynyň netijesinde Türkmen halky Göktepede pajygaly wakalary başyndan geçiripdir. Şol döwürden bäri 140 ýyldan gowrak wagt geçendigine garamazdan basybalyjylaryň täsiri astynda galýan Türkmenistanlylardan bu wakalar baradaky maglumatlar gizlenilip saklanylýar we bolan maglumatlar bolsa halk köpçüligine ýoýulyp ýetirilýär. Munuň şeýledigini bar bolan maglumatlary has içgin öwrenilende görmek bolýar.
Bu söweş baradaky berilýän maglumatlarda söweşe gatnaşan Rus goşunynyň sanynyň 7 müň adama ýeter-ýetmez bolandygy bellenilýär (N.I.Grodekowyň “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” III tomunyň “Штурм Денгиль-тепе 12 янв. 1881 г.” atly goşundysy). Şol bir wagtda Rus imperiýasynyň “За взятие штурмом Геок-тепе 12 января 1881года” medalynyň sanynyň 30 müňden köp (11301 sany kümüş, 18923 sany bürünç, 3 sany altyn medal – “Императорский монетный двор” JÇJ-niň maglumaty) bolandygy, maglumatlarda nätakyklygyň bardygyny ýüze çykarýar. Bu söweşe gatnaşan rus harbylarynyň hersine bir medal berlende-de galan 23 müňden gowrak medallary kimlere berildikä diýen sorag öz-özünden emele gelýär.

Rus imperiýasynyň “За взятие штурмом Геок-тепе 12 января 1881года” medaly

Maglumatlaryň ýoýulyp berilýändigini Ruslaryň özleri hem belläpdirler. Hat-da, general M.A.Terentýew hem, “История завоевания Средней Азии” eseriniň III tomunyň 22-nji sahypasynda – Ruslaryň öz ýitgilerini azaldyp görkezýändigi we şonuň netijesinde  maglumatlaryň biri-birine çapraz gelýändigi sebäpli bu eserini ýazanda kynçylyk çekendigini beýan edipdir. Şol döwürde Russiýada Ýulian kalendary ulanylyp, Göktepe galasynyň synmasynyň ýanwar aýynyň 12-ne bolup geçeni bellenilýär. 1918-nji ýyldan başlap häzirki döwüre çenli ulanylýan Grigorian kalendara geçilmegi bilen bu sene Ýanwar aýynyň 25-i diýlip bellenilmelidi. Emma muňa garamazdan, 1991-nji ýyldan söň, köp ýyllaryň dowamynda Göktepe söweşinde wepat bolanlary ýatlamak üçin Türkmenistanda Hatyra güni Ýanwar aýynyň 12-sine bellenildi. Munuň şeýle edilmegini bu taryhy senäniň mukaddes bir senä öwrülmeginiň öňüni almak boýunça alnyp barylan işiň netijesi diýip düşünip bolar. 1917-nji ýylyň Oktýabr aýynyň 25-inde Russiýada bolup geçen sosialistik rewolýusiýasynyň Grigorian kalendara geçilmegi bilen, Oktýabr aýynyň 25-inde däl-de, Noýabr aýynyň 7-sinde bellenilýärdi. Şeýle-de bolsa, Göktepe söweşinde wepat bolanlaryň Hatyra gününi Ýanwar aýynyň 12-sine bellenilmelidigini halk köpçülügine ynandyrypdyrlar. Bu iş soňky ýyllarda-da dowam etdirilip, Göktepe söweşi bilen bagly wakalary unutdyrmak üçin Hatyra günini Matam güni bilen birleşdirip, Oktýabr aýynyň 6-syna bellenilip başlandy.

Taryhyny unutdyrmak maksady bilen, obalaryň, şäherleriň atlary üýtgedilýär. Bu işiň has irki döwürden başlanmagynyň netijesinde Mollagara şäheriniň hakyky adynyň Molla kary bolandygyny Türkmenistanlylara unutdyrylandygy muňa mysal bolup biler.
Russiýa imperiýasy Ahalyň topraklaryny basyp almak, ilatyna boýun egdirmek üçin 1879-njy we 1880-1881-nji ýyllarda eden urşlaryny 1-nji we 2-nji Ahalteke ekspedisiýalary diýip atlandyrypdyr. Ýüze golaý toplar bilen üpjün edilen, düzüminde aňrybaşy ýaraglanan müňlerçe esgeri bolan harby goşun bilen bir ýurduň çäklerinde edilen urşuň ekspedisiýa diýlip atlandyrylmagyny, şol wakalar barada maglumaty ýoýup bermek işiň bir bölegi diýip hasaplamaga doly esas bolup bilýar. Maglumaty ýoýup bermek işiniň häzirki döwürde hem dowam etdirilip, Ukraina döwletiniň çäklerinde edýän urşuny Rus tarapynyň “Spesialnaýa Operasiýa” diýip atlandyrýandygyny ýeri gelende aýtmak bolar.

Göktepe söweşi baradaky maglumatlaryň ýoýulyp berilmegini

  • “Marylylar kömege gelmändir”,
  • “Ruslaryň Türkmen topraklaryny basyp almak pikiri bolmandyr. Olar Owganystana, Hindistana geçmek maksady bilen, gelenlerinde Türkmenler olara garşylyk görkezipdirler”,
  • “Türkmenler şol döwürde söweşjeň, batyrgaý millet bolan bolsa olaryň nesillerinde hem bu aýratynlyklary görmek bolardy”,
  • “Ýomutlar Rus goşununy düýe bilen üpjün edipdirler”

we şuňa meňzeş hakykatdan daşda bolan, Türkmen tire-taýpalarynyň arasynda agzalalyga ýol açýan düşünjeleriň halk arasynda ýaýradylmagynda hem görmek bolýar.
Syýasat bilen azda-kände gyzyklansaň bu ýagdaýyň Türkmenistanlylary patyşalyk Russiýanyň, onuň dowamaty bolan SSSR-iň, şeýle hem häzirki döwürdäki Russiýa Federasiýasynyň “Rus dünýäsiniň täsirinde saklap galmak” syýasatynyň netijesidigine akyl ýetirmek kyn däldigine göz ýetirýärsiň. Bu syýasatyň ýaramaz täsirini belli bir derejede ortadan aýyrmak maksady bilen, Göktepe söweşi barada bar bolan maglumatlary has içgin öwrenip, olary halk köpçüligine ýetirmek zerurlygyndan, şeýle hem “Geçmişiňi bilmän, geljege göz ýetirmek mümkin däl” düşünjesinden ugur alyp, şu makalalar toplumy taýýarlanyldy.

Makalalar toplumynda esasan Göktepe galasyny basyp almakda möhüm wezipeleriň birini ýerine ýetiren general N.I.Grodekowyň “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” we “Хивинский поход 1873 года”, general A.N.Kurapatkinyň “Завоевание Туркмении” we “Туркмения и туркмены”, harby lukman A.W.Şerbakyň “Ахал-текинская экспедиция генерала Скобелева в 1880- 1881 г.г.”, general A.W. Wereşaginyň “Дома и на войне”, general M.A.Terentýewiň “История завоевания Средней Азии”, şeýle hem G.K.Gradowskiniň “М.Д.Скобелев. Этюд по характеристике нашего времени и его героев” kitaplarynda berlen materiallar ulanyldy. Köp ýyllaryň dowamynda okyjylar köplüginden gizlenip, saklanan bu kitaplarda şol döwürde bolup geçen wakalar rus harbylarynyň nukdaýnazaryna laýyklykda baha berlip, suratlandyrylypdyr.

Bu makalalar toplumynda bolsa şol kitaplardaky materiallary ulanyp, bolup geçen wakalara taryhy baha bermek maksat edinildi. Şol sebäpden hem bu makalalar toplumy “Göktepe söweşi: netijeler we taryhy sapaklar” diýlip atlandyryldy. Şeýle hem, şu makalalar toplumynda umumy ykrar edilen “Gökdepe” adynyň ýerine, şol döwürde ilat arasynda tutulan “Göktepe” ady ulanyldy.
Bu toplumda ýer alan makalalarda, okyjylar özlerini gyzyklandyrýan esasy soraglaryna jogaplary taparlar diýip awtor umyt edýär.

Açar sözler:

Komentariýalar

  1. GökTürk

    2 years ago

    Arada bir Seýdili oglana diýdim sen aslyñ orusmy hawa dedi men dedimki señ atalaryñ gelip biziñ atalarymyzy gyrdylar desem sen gök depelimi dedi serediñ bir gelmişek orusuñ çagasy bizden gowy bilýär taryhymyzy 🤬

  2. GökTürk

    2 years ago

    Arada bir Seýdili oglana diýdim sen aslyñ orusmy hawa dedi men dedimki señ atalaryñ gelip biziñ atalarymyzy gyrdylar desem sen gök depelimi dedi serediñ bir gelmişek orusuñ çagasy bizden gowy bilýär taryhymyzy 🤬

  3. Garagum çöli

    2 years ago

    Men taryhdan 4-5-lik baha bilen okan adamdym, emma 1 saparam taryh mugallym Görtepe barada gürrüň açmandy ýa-da hiç bir mekdep programmasynyň taryh kitaplarynda şol döwrüň «специальная операциясы» barada ýazgy ýokdy. Bar bolan rus bn türkmen gapma-garşylyklarynda-da şol ýurdyny goran türkmenlere “басмачи» ady berilipdir

    • Aşgabat

      2 years ago

      Urakinlara nazi diýişleri ýaly bize de öz topraklarymyzda basmaçy diýdiler

  4. Aşgabat

    2 years ago

    Düşünşim boýunça makalanyň dowamy bar ýaly. Dowamy bolsa gowy bolardy.

  5. Altybay

    2 years ago

    Hanydy şu bilinmän yatan taryhlarymyzy hemne okap düşünüp bilsedi!

  6. Merdan Meredov

    2 years ago

    Gök-depe goragy dövründe, ruslara hyzmat eden “Türkmen” dönükleri şu vagt hem sahnada.
    Aýdym aýdyp, özlerini magtap şagal meslikde.
    Nesliniñ genosid edilmegiñi görmek islemeýäler.

Komentariýa ýaz

Your email address will not be published. Required fields are marked *