Galaň gabawda bolan soňky günlerinde Türkmenler ölülerini jaýlamaga mümkinçiligi bolman, jesetleri eýesiz galan gara öýleriň içine ýerleşdiripdirler…

Galaň gabawda bolan soňky günlerinde Türkmenler ölülerini jaýlamaga mümkinçiligi bolman, jesetleri eýesiz galan gara öýleriň içine ýerleşdiripdirler…
1879-njy ýylyň ýanwar aýynda Russiýanyň Persiýadaky (Eýrandaky) ilçisi Zinowýew Ahaly basyp almak barada teklip taýýarlap, bu teklibi Rus hökümetine hödürleýär. Zinowýew şol teklipde Ruslaryň Türkmen topraklarynda ornaşyp başlanyna 10 ýyl geçen hem bolsa bu ýerleriň doly tertip-düzgüne salynmandygyny belläpdir. Munuň esasy sebäbini bolsa Ahalyň Tekeleriniň eýranlylaryň üstüne amala aşyrýan alamanlarynda we rus harby birikmelerine edýän çozuşlarynda görüpdir. Bu
teklibe 1879-njy ýylyň ýanwar aýynyň 21-ine Russiýanyň harby ministriniň, daşary işler ministriniň we baş ştabyň naçalniginiň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda garalyp, netijenama taýýarlanylýar. Şondan soňra ýanwar aýynyň 23-ine bu
netijenama Rus imperatory tarapyndan tassyklanypdyr (N.I.Grodekowyň “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň I tomunyň 134-nji we 135-nji sahypalary).
Ahaly basyp almak üçin uly harby “ekspedisiýa” taýýarlyk görlüp başlanylýar. “Ekspedisiýanyň” naçalnigi wezipesine general-adýutant Lazarew bellenilýär. Lazarew Çekişler obasyna gelenden soň, Tekeler Aşgabatda jumhuriýe (maslahat) geçiripdirler. Nurberdi han şol wagtlar Merwde eken. Şonuň üçin Ahalyň hany wezipesini onuň ogly Berdimyrat han ýerine ýetiripdir. Berdimyrat hanyň ýeterlik tejribesi bolmansoň oňa Nurberdi hanyň ýakyn adamlaryndan Orazmämmet
han we Kerimberdi işan ýardam beripdirler. Geçirilen maslahatda Ruslary Ahala goýbermeli däl diýen karar berlipdir. Şol maksat bilen, Bendesen geçelgesinde Tekeleriň 6000 adamdan ybarat pyýada we atly meýletin goşuny jemlenipdir. Hojagalaň töwereginde Rus goşuny bilen bolan çaknyşykdan soň tekeler Börme obasyna çekilipdirler. Şol ýerde Ahalyň ilatyny Göktepä ýygnamak we Nurberdi hana habar bermek karary alnypdyr. Göktepä goçýän ilaty goramak üçin meýletin goşun Börmede iki gün saklanypdyr. Börme we Gyzylarwat obalarynyň ýaşaýjylary Göktepä däl-de guma göçüpdirler. Arçman obasyndan göçmek mümkinçiligi bolmadyk hojalyklaryň altmyşa golaýy ýerlerinde galypdyrlar. Göktepe bilen Gäwers arasyndaky obalaryň ýaşaýjylary ýarag göterip bilýän adamlaryny Göktepä iberip, özleri ýerlerinde galypdyrlar. Göktepede ýene bir jumhuriýe maslahaty bolupdyr. Şonda Tekeler Diňli depäň daşynda gala gurup, soňky adama çenli goranmak barada karar kabul edipdirler. Karar kabul edilen badyna galaň gurluşygyna başlapdyrlar. Galaň adyny “Ýaňşäher” diýip atlandyrypdyrlar. Eýranlylar bu galaň adyny “Täze şäher” diýip tutupdyrlar. Nurberdi han öz hatlarynda bu galany “Ýaňteke” diýip belleýän eken (“Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň I tomunyň 146-nji sahypasy). Gurluşyk işleri Berdimyrat hanyň, Orazmämmet hanyň, Hezretguly hanyň we Öwezdurdy hanyň ýolbaşçylygynda alnyp barlypdyr. Her 10 hojalyga galaň bir bölegini gurmak tabşyrylypdyr. Galaň gurluşygyna hemmeler, hat-da aýallar we çagalar gatnaşypdyrlar.

Börmede kabul edilen karara laýyklykda goşun sürüp gelýän Ruslary saklamak maksady bilen, Sopy han bilen Dykma serdar Rus generaly bilen gepleşik geçirmäge iberilipdir. Karbunkul keseli bilen kesellän general Lazarew keselini bejertmek üçin gidenligi sebäpli gepleşik geçirmek üçin baran Sopy han bilen Dykma serdaryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti awgust aýynyň 13-üne knýaz Dolgorukow kabul edipdir. “История завоевания Средней Азии” eseriniň III tomunyň 13-nji we 14-nji sahypalarynda M.A.Terentýew gepleşik geçirmäge baran Dykma serdary Ruslaryň tarapyna geçip, galany basyp almak boýunça degerli maslahatlary berendigini belläpdir. Ol Dykma serdaryň dönükligi barada ýazan setirlerini general Grodekowyň sözlerine salgylanyp, geň görmek bilen ýazypdyr. Çünki, Dykma serdar Ruslaryň tarapyna geçen bolsa onuň özüniň we ogly Akberdiň ýaraglaryny we atlaryny ellerinden almagyň, ony tussag etmegiň, ştabs-kapitan Ýakubowyň Dykmaň sakalyndan çekip namysyna degmesiniň näme zerurlygy bolupdyr diýen sorag öz-özünden emele gelýär. General Terentýewiň bu meseläni geň görmesi ýene bir waka bilen bagly bolupdyr. Ol hem, ruslar bilen gepleşige barmagynyň 3 gün öň ýany Börme obasy Ruslar tarapyndan talanyp, şol talaňçylykda alnan Dykmaň emläginiň, atynyň gaýtarylyp berilmezligi bolupdyr.
Awgust aýynyň 14-ine general Lazarew Çat obasynda aradan çykypdyr. Şondan soň “ekspedisiýa” ýolbaşçylyk etmek wezipesi general-maýor Lomakine geçipdir. Lomakinyň baştutanlygyndaky Rus goşuny awgust aýynyň 28-ine Göktepe galasyna hüjüm edýär. Şol wagtlar galaň gurluşygy doly tamamlanmadyk ýagdaýynda bolup, içindäki gara öýleriň üçekleri görünýän eken. Ruslar gala goragçylarynyň üstüne top oklaryny ýagdyryp gyrsalarda soňky demine çenli söweşmäge karar beren Tekeler duşman hüjümini serpikdirmegi başarypdyrlar. “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň I tomunyň 150-nji sahypasynda Lomakinyň bu söweş barada ýazan habarnamasyndan getirilen sözler berlipdir. Şol habarnamada ol “Diňe ölüm Türkmenleri goranyşy bes etmäge mejbur edýärdi” diýip belläpdir. Bu söweş Ruslaryň tüpeňlerini taşlap gaçmagy hem-de ýüzlerçe adamlarynyň hatardan çykarylmagy bilen tamamlanypdyr. Türkmenleriň meýletin goşuny yza çekilen ruslaryň üstüne yzygiderli hüjüm edip, Ahalyň çäginden çykmaga mejbur edipdir.
Rus goşunynyň Awgust aýynyň 28-indäki hüjüminiň netijesinde gala goragçylarynyň arasynda uly ýitgiler bolupdyr. Ýaralanan we ölen (esasan top okundan) gala goragçylarynyň sany 2000 adam töweregi bolupdyr. Berdimyrat han agyr ýaralanandan soň aradan çykypdyr (“Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň I tomunyň 162-nji sahypasy).
Ruslar birinji harby “ekspedisiýadaky” ýeňilişiň esasy sebäbiniň taýýarlyk, üpjünçilik işleriniň pes derejede bolandygy barada netije çykaryp, 1879-njy ýylyň soňky aýlarynda täze ýörişe taýýarlyk görüp başlapdyrlar. Bu harby “ekspedisiýanyň” naçalnigi wezipesine general-adýutant Skobelew bellenilýär. Ruslaryň Ahaly basyp almak üçin has uly güýç bilen gelýändiklerini bilip, Tekeler 1880-nji ýylyň aprel aýynda Yzgant obasynda maslahat geçiripdirler. Bu maslahatyň geçirilmeginiň esasy sebäbi duşman bilen söweşmegi galada goranmak ýa-da gum tarapa göçüp, şol ýerden hüjüm edip alyp barmak meselesiniň çözülmänligi bolupdyr. Syçmaz we Beg taýpalary guma göçmegiň tarapdary bolan bolsalar, Bagşy-daşaýak we Wekil taýpalary galada ýygnanmak pikirinde bolupdyrlar. Bu meseläniň çözülmänligi taýpalaryň arasynda dawa-jenjele ýol açyp başlapdyr. Şonuň üçin belli bir karara gelmek zerurlygy ýüze çykypdyr. Şol maslahatda Ahallylar özlerine han edip Nurberdi hanyň ogly Magtymguly hany saýlapdyrlar.

Magtymguly hanyň ýeterlik derejede hanlyk tejribesi bolmansoň onuň esasy wezipesi wekilçilik etmek bilen çäklenipdir. Asyl häkimiýet bolsa tekeleriň Beg, Wekil, Syçmaz we Bagşydaşaýak taýpalarynyň hanlarynyň ellerinde jemlenipdir. Bu hanlar öz kararlaryny maslahatlarda çykarypdyrlar. Bu maslahatlarda Beg taýpasyna Orazmämmet han, Wekil taýpasyna Magtymguly han, Syçmaz taýpasyna Mämmetguly han we Bagşydaşaýak taýpasyna Hezretguly han wekilçilik edipdirler. Yzgantda geçirilen maslahatyň netijesi boýunça ilaty Göktepe jemlemek, galany goramak, şeýle hem Eýran tarapynyň serhedini asudalykda saklamak maksady bilen, Kürtleriň üstüne alamana gitmegi gadagan etmek barada karar kabul edilipdir. Tekeleriň dört taýpasynyň wekilleri bolan 1000 sany atly ýigitlere Ahalyň ýaşaýjylaryny galaň içine ýygnamak tabşyrylypdyr.
A.N.Kurapatkinyň “Завоевание Туркмении” eseriniň 149-njy sahypasynda – Ilaty Göktepä göçürilip getirilenden soň, galaň goragçylarynyň sanynyň 20.000-25.000 adama ýetendigi ýazylýar. Şolardan 5000 adam tüpeňler bilen, galanlary bolsa gylyç, pyçak, gyrkylyk we beýleki sowuk ýaraglar bilen üpjün edilendigi bellenilýär. Şeýle hem, şol eserde gala goragçylarynyň esasy böleginiň Göktepe galasynyň goragynda, Mämmetguly hanyň baştutanlygyndaky 1500 pyýadanyň Ýaňgalanyň goragynda bolandyklary barada beýan edilipdir.
1880-nji ýylyň Iýul aýynyň 6-syna Skobelew Göktepe galasyna aňtawjylyk maksady bilen hüjüm edýär. Skobelew bu hüjümi Tekeleriň urşa taýýarlygyny barlamak üçin amala aşyrýar. Bu hüjümde Rus otrýadynyň düzüminde 10 sany top, 8 sany raketa atyjy stanok, 128 sany top atyjy, 300 atly kazaklar we pyýada goşun bolupdyr. Tekeler bu otrýady Rus goşununyň öňdäki bölegi hasaplap, yzyndan uly goşun gelýändir öýdüpdirler. Skobelew bolsa bu hüjümiň uly töwekgelçilikdigini bilip, hüjümden öň, özüniň öldürilen ýagdaýynda Grodekowy oruntutar edip belleýändigi barada hat iberipdir. Şol söweşe Merwden gelen Tekeleriň 800 sany we saryklaryň 150 sany atlysy gatnaşypdyr. Merw tekelerine Berkeli han, saryklara bolsa Legenek serdar baştutanlyk edipdir.
Bu söweşde Ruslar top oklaryny ýagdyryp dursalarda Türkmenleriň jan aýaman söweşýändiklerini görüp yza çekilmeli bolupdyrlar. Yza çekilip barýan Rus otrýadynyň üstüne Bamy obasyna barýança Türkmenler häli-şindi çozuşlary ýerine ýetiripdirler. Skobelew bu aňtawjylyk hüjümden soň galany açyk hüjüm bilen alyp bilmejegine, Göktepe galasyny gabawda saklap top oklaryna tutmalydygyna, diwary partladylmasa galaň içine girip bolmajakdygyna, şeýle hem gala goragçylarynyň Diňli depäni soňky demlerine çenli goramaga taýýardyklaryna göz ýetiripdir.
Iýul aýynyň 6-syna we 7-sine bolan söweşlerde gala goragçylarynyň ýitgisi 200 adam töweregi bolupdyr. Ady belli adamlardan Bäherdenli Hudaýýar han, Börmeden Allanur we Nepes Garabela hem-de Merw Tekeleriniň hany Berkeli han wepat bolupdyrlar (“Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň II tomunyň 145-nji sahypasy).
Ruslaryň hüjüm otrýady Bamy obasyna tarap çekilenden soň Türkmenler şol ýerde ornaşan duşmany ýok etmegiň meýilnamasyny taýýarlapdyrlar. Bu meýilnama laýyklykda 2000 adamdan ybarat bolan pyýada goşun Bamy bilen Bendesiniň arasynda durup, Bamydan geljek kömegiň ýoluny kesmeli eken. Şol wagt ýene bir 2000 pyýada Bendeseni eýelemeli eken. Soňra bolsa bu goşunlar birigip, Bamyny eýelemegi meýilleşdiripdirler. Şonuň bilen bir wagtda Dykma serdaryň baştutanlygyndaky Merwden gelen Tekeleriň we saryklaryň 600 sany atlysy Hojagalany eýelemegi göz öňünde tutupdyrlar. (“История завоевания Средней Азии” eseriniň III tomunyň 115-nji sahypasy).
Strategiki taýdan örän gowy taýýarlanan bu meýilnama ýönekeý maglumat ýetmezçiligi üçin başa barmandyr. Bendesene tarap Göktepeden ýola düşen pyýada goşun Durun obasyna ýetende Ruslar uly goşun bilen Göktepä tarap barýarlar diýip habar gelipdir. Şonuň üçin olar yzlaryna Göktepä gaýtmaly bolupdyrlar. Göktepä barýan Ruslaryň uly goşuny diýilýäni Bamydan Arçmana tarap aňtawjylyk maksady bilen çykan kiçeňräk otrýad eken. Polkownik Weržbiskiň baştutanlygyndaky bu otrýad 4 sany toplar, 2 sany raketa atyjy stanoklar bilen üpjün edilen 2 rotadan ybarat eken.
Hojagalany eýelemeli Türkmenleriň atly goşuny bolsa meýilnama laýyklykda hereket etmäge çalşypdyrlar. Olar bu obany eýelemegi başarmasalarda hüjümiň netijesinde rus goşununyň üpjünçiligi üçin niýetlenen 720 baş goýunlary we 12 baş öküzleri olja edip alypdyrlar.
“История завоевания Средней Азии” eseriniň III tomunyň 142-144-nji sahypalarynda M.A.Terentýew Göktepe galasynyň gurluşygyna Iňlisleriň agenti kapitan Botleriň ýolbaşçylyk edenligi barada öz çaklamalaryny getirýär. Munuň şeýledigini Göktepe galasynyň Orta Aziýadaky hiç bir galalara meňzemeýändigi bilen düşündirýär. Galaň aşaky bölegi giň bitewi diwardan (galyňlygy 10 metr töweregi) ybarat bolup, onuň üstünde içki we daşky diwarlar gurulypdyr. Bu diwarlaryň arasynda däliz görnüşinde giň geçelge (ini 6 metrden gowrak) emele getirilip, onuň käbir ýerlerinde duşman galaň içine giren ýagdaýynda olardan goranmak üçin diwardan germewler gurulypdyr. Galaň içki diwarynyň käbir ýerlerinden çykalga edilip, basgançaklardan galaň içine inmäge mümkinçilik döredilipdir. Galaň demirgazyk tarapynyň diwarynda 3 sany çykalga bolup, uzynlygy 450 sažen (960 metr), günorta tarapynda 1 çykalga bolup, uzynlygy 240 sažen (512 metr), günbatar tarapynda 9 çykalga bolup, uzynlygy 600 sažen (1280 metr), gündogar tarapynda 8 çykalga bolup, uzynlygy 720 sažene (1536 metr) deň bolupdyr. Çykalgalaryň öňünde duşman okundan goraýan ýarym aý şekilinde diwardan germewler bina edilipdir. Bu çykalgalaryň köplügi hüjüme çykylanda gala goragçylarynyň müňlerçesine bir wagtda çykmaga mümkinçilik döredipdir. Galaň diwarynyň daşynda gorag garymlar hem gazylypdyr. Göktepe galasynyň daş töwereginde birnäçe kiçiräk galalar bolupdyr. Şolardan Mämmetguly han gala, Meretdurdy gala (Ruslar soňra “Мельничная” diýip atlandyrypdyrlar), Pürli meýdan gala (“Великокняжеская”), Taňryguly gala (“Правофланоговая”), Jummy Sopy gala, Ak atly gala, Jully gala (“Сад Петрусевича”) Göktepe galasyna iň golaý ýerleşenleri eken. Ruslar bu kiçi galalary eýelemezden Göktepe galasyny basyp alyp bilmejekdiklerine göz ýetiripdirler. Şonuň üçin uly ýitgileri çekselerde bu galalary eýelemek üçin jan edipdirler. Pürli meýdan galasynyň golaýyndaky ruslar tarapyndan “Охотничья” diýlip atlandyrylan galany eýelemek üçin dekabr aýynyň 29-yna bolan söweşde öz serkerdelerinden we esgerlerinden 61 adamy pida edipdirler. Türkmenler kiçi galalaryň goragyny üpjün edip, Göktepe galasynyň doly gabalmagynyň öňüni alypdyrlar. Bu galalaryň içinde goragçylarynyň sany az bolsada olaryň käbirleriniň Göktepe galasy synýança goranmaga dowam etdirendikleri bellenilýär. Şonuň üçin Göktepe galasynyň goragçylary soňky gününe çenli galaň demirgazyk tarapynda ýerleşen çykalgalardan çykyp, odun, azyk we beýleki zerur bolan ätiýaçyklarynyň üstüni ýetiripdirler. Hat-da, Merwden ýardama gelen Gajar Topaz hanyň baştutanlygyndaky 2000 adam hem dekabr aýynyň 11-ine gije şol çykalgalardan giripdirler we üçünji hüjümden soňra ýanwar aýynyň 5-ine çykyp gidipdirler (“История завоевания Средней Азии” eseriniň III tomunyň 143-nji sahypasy).
Galaň demirgazyk tarapynyň gabalman galanynyň esasy sebäbi Ruslaryň şol tarapda ýerleşýän Jully galany eýeläp bilmänliginde bolupdyr. Dekabr aýynyň 23-ine Jully galany eýelemek boýunça Skobelew tabşyryk beripdir. Şonda Jully galaň goragçylary bilen bolan dartgynly söweşde Ruslardan 72 adam we olaryň 28 baş aty hatardan çykarylypdyr. Şol söweşde Skobelewiň ýakyn ýardamçysy general Petrusewiç öldürilýär. Bu şowsuz hüjümden soň general Skobelew Göktepe galasyny doly gabawda saklap bilmejekdigine göz ýetiripdir.
Gala gabawda wagty Tekeler duşmanyň üstüne birnäçe hüjümleri ýerine ýetiripdirler. Bu hüjümlere gala goragçylary öz islegi bilen gatnaşypdyrlar we her hüjümden soň indiki hüjüme gatnaşmaga isleg bildirýänleriň sany has artýan eken. Mysal üçin, birinji hüjüme 4 müňden gowrak, ikinjisine 6 müň töweregi, üçünjisine bolsa 12 müňe golaý adam gatnaşypdyr (“История завоевания Средней Азии” eseriniň III tomunyň 165-179-nji sahypalary). Türkmenleriň hüjümleri agşam aralaşanda ýa-da doly garaňky düşenden soň amala aşyrylýan eken. Rus generallarynyň bellemeklerine görä Tekeler gijeki urşlary alyp barmaga örän başarnykly bolupdyrlar. Garaňkyda müňlerçe adamyň aýylganç ses çykaryp, guduz açan ýaly hüjüme girmegi Ruslary aljyraňly ýagdaýa düşürýän eken. Bu hüjümlere gatnaşanlaryň arasynda aýallar hem bolupdyr. Harby lukman A.W.Şerbakyň “Ахал-текинская экспедиция генерала Скобелева в 1880-1881 г.г.” eseriniň 144-nji sahypasynda – dekabr aýynyň 30-yndaky hüjümde wepat bolanlaryň arasynda elleri ujuna gyrkylyk berkidilen naýzaly bir garry aýalyň jesediniň bardygy we onuň ölmezden öň öldürilen ogullarynyň aryny aljakdygy barada kasam edendigi barada ýazylypdyr.
Dekabr aýyň 28-indäki gala gabawda wagty Tekeleriň amala aşyran birinji hüjümi esasan galaň günorta-gündogar tarapyndan bolupdyr. Şol günki hüjümde tekeler özleriniň okgunly hereketleri bilen ýanardagdan akýan akym kimin Ruslaryň öňdäki hatarlaryny ýok edipdirler. Şonuň netijesinde 127 adamy hatardan çykaryp, Apşeron polkunyň 4-nji batalýonunyň baýdagyny, 2 guty oky bilen 1 dag topuny olja alypdyrlar (A.N.Kurapatkinyň “Завоевание Туркмении” eseriniň 168-nji sahypasy).
Dekabr aýyň 30-yna Tekeler ýene bir üstünlikli hüjümi amala aşyrypdyrlar. Bu sapar hüjüm günorta-günbatar tarapdan bolupdyr. Hüjüm edýänleriň esasy bölegi birinji hüjümdäki ýaly aýaklary ýalaňaç, köýnekleriniň ýeňleri we jalbarlarynyň gonçlary çyzgalan ýagdaýda sowuk ýarag bilen ýaraglanan bolupdyr. Bu hüjüme elleri olja ýygnamak üçin haltaly ýetginjek oglanlar we aýallar hem gatnaşypdyrlar. Hüjüme gatnaşýanlaryň arasynda ýaralanlary we ölenleri ýygnaýanlar hem bolupdyr. Ýerine ýetirilen çozuşyň netijesinde 151 rus esgerleri we serkerdeleri hataradan çykarylypdyr. Şeýle hem, ýene bir topy, ençeme tüpeňi olja edinip, bir top atyjy esgeri hem ýesir alypdyrlar. Türkmenler bu esgeri Ruslaryň ellerinden alnan toplaryň mümkinçiliklerinden doly derejede peýdalanyp bilmändikleri üçin ondan öwrenmek üçin ýesir alypdyrlar (“Завоевание Туркмении” eseriniň 178-nji we 179-njy sahypalary).
Türkmenleriň Ýanwar aýynyň 4-ine amala aşyran üçünji hüjüminiň esasy zarby galaň günorta-günbatar tarapyndan bolupdyr. Hatardan çykarylan Rus harbylarynyň sany 79 adam bolup, 1 sany raketa atýan top olja alnypdyr. Bu hüjüme Ruslar has taýýarlykly bolupdurlar. Olar özleriniň goranyş taktikalaryny üýtgedip, hüjüm edýänleri garymyň içinde garşylaman, garymdan yzda durup tüpeň okuna tutupdyrlar. Şeýle bolanda sowuk ýarag bilen ýaraglanan hüjüm edýänleriň duşmana ýetmesi üçin ilki başda garymyň öňündäki gumuň üstüne çykmaly bolupdyrlar we şondan soň garymdan aşyp, duşmana ýarag salmaga olaryň mümkinçiligi bolupdyr. Bu taktika Ruslara uly artykmaçlyklary beripdir. Çünki diňe sowuk ýarag bilen hüjüm edýän Türkmenler iki sany päsgelçiligi aşýança tüpeňler bilen ýaraglanan duşmanyň nyşanynda bolupdyrlar. Bu hüjümde gala goragçylarynyň ýüzlerçesiniň janyny gurban edendigi bellenilýär (“Завоевание Туркмении” eseriniň 185-nji we 186-njy sahypalary).
Üçünji hüjümden soň duşmanyň bu çozuşlara taýýarlyklydygyny görüp, Türkmenler diňe galaň içinde boljak başa-baş urşa bil baglap başlapdyrlar. Galadan gaçyp çykan bir parsyň Ruslara getiren habaryndan galada 1-1,5 aýlyk azygyň galandygy, odunyň, etiň, gyzgyn naharyň ýetmezçilik edýändigi, gala goragçylarynyň arasynda ölenleriň, ýaralanlaryň örän köpdügine (esasan top oklaryndan) garamazdan olaryň soňuna çenli söweşmäge karar berendikleri belli bolupdyr.
Gala goragçylarynyň üçünji hüjüminden soň Ruslar galany top oklaryna tutmagy has-da işjeňleşdiripdirler. Galaň diwaryny ýykmak üçin diwaryň günorta tarapynda bir nokady nyşana alyp, 30 sany top bilen yzygiderli şol nyşany oka tutupdyrlar. Top oklarynyň partlamagynyň netijesinde diwaryň şol bölegine uly zeperler ýetirilip başlanypdyr. Şol ýagdaýda, ýagyp duran top oklarynyň astynda ölselerde gala goragçylarynyň jan aýaman zeper ýetýän diwary dikeldişlerini haýran galmak bilen rus generallary öz eserlerinde belläpdirler.
Galaň gabawda bolan soňky günlerinde Türkmenler ölülerini jaýlamaga mümkinçiligi bolman, jesetleri eýesiz galan gara öýleriň içine ýerleşdiripdirler. Ýanwar aýynyň 12-sindäki hüjüm güni jesetleriň sany has-da köpelipdir. Galaň diwary partladylan wagty diwaryň şol böleginde bolan gala goragçylarynyň bary wepat bolupdyr. Diwar ýykylandan soň ilkibaşda garaşylmadyk ýagdaýa düşen Tekeler tiz wagtda özlerine gelip, duşmany diwaryň ýykylan ýerinde garşylap, tüpeň okuna tutup başlapdyrlar, soňra bolsa başa-baş söweşe giripdirler. Ruslaryň yzygiderli atýan oklaryndan diwaryň ýykylan bölegini goramaga çalşan Tekeleriň hemmesi şol ýerde janlaryny gurban edipdirler. Soňra söweş gara öýleriň arasynda dowam edipdir. Gara öýleriň arasynda, diwaryň üstünde, ýerkümelerde we galaň ortasyndaky açyk meýdançadaky gala goragçylarynyň üst-üste ýatan jesetleri olaryň jan aýaman garşylyk görkezendigini subut edýärdi diýlip “Завоевание Туркмении” eseriniň 207-nji sahypasynda beýan edilipdir.

A.N.Kurapatkinyň “Завоевание Туркмении” eserinde Orta Aziýanyň şäherleriniň birnäçesiniň ruslar tarapyndan basylyp alnyşy barada hem beýan edilipdir. Şonda Pişpek şäheriniň (Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäheri) goragçylarynyň ellerinde 5 sany toplary bolup, bir gün gabawdan soň aman sorap duşmana boýun bolandyklary, Taşkent şäherinde 63 sany top bolup, şäheri goramakdan el çekip duşmana tabyn bolandyklary, Samarkand şäherinde 21 top bolup, Ruslaryň şähere urşsuz girendikleri ýazylypdyr (12-26-njy sahypalary).
Şu şäherleriň basylyp alnyşyny Göktepedäki ýagdaý bilen deňäniňde Türkmenleriň öz topraklaryny goraýşynda düýpli tapawudy görmek bolýar. Rus imperiýasy Göktepe galasyny basyp almak üçin 1879-1881-nji ýyllarda iki sany uly harby “ekspedisiýalary” gurapdyr. Bu “ekspedisiýalaryň” dowamynda Rus generallary tarapyndan gala goragçylarynyň adyna ençeme sapar tabyn bolmak barada yglan hatlary iberilipdir. Bu yglan hatlarynda tabyn bolmadyklara ölüm garaşýandygy barada ýazylsada Türkmenler galany goramakdan el çekmändirler. Hat-da, “ekspedisiýalaryň” birinjisinde uly güýç bilen gelen Rus goşunyny söweşde ýeňip, ýaraglaryny taşlap gaçmaga mejbur edipdirler. Ikinjisinde bolsa gala goragçylary ruslara Orta Aziýadaky alyp baran söweşlerinde görülmedik gaýduwsyzlygy görkezipdirler, olaryň ellerinden baýdaklaryny, toplaryny alypdyrlar. 1880-nji ýylyň iýul aýynyň 6-syndan 1881-nji ýylyň Ýanwar aýynyň 12-sine çenli enjeme gezek gala hüjüm edip, gala goragçylarynyň diňe hüjüm güni 8000-sini öldürenlerinden soň Ruslaryň Göktepe galasyny eýelemäge mümkinçiligi bolupdyr.
Rus generallarynyň Göktepe söweşi baradaky ýazan eserlerinde gala goragçylarynyň başa-baş söweşleri alyp barmakdaky başarnyklaryna, olaryň gaýduwsyzlygyna, mertligine, batyrlygyna köp setirler bagyşlanypdyr. Emma şeýle-de bolsa Türkmenlerde bar bolan bu artykmaçlyklaryň duşmandan üstün çykmaga mümkinçilik bermändigini görmek bolýar. Gala goragçylarynyň bilim derejesiniň ýeterlik bolmandygy olaryň alyp baran göreşinde uly kynçylyklary döredipdir. Ruslaryň bu söweşde Türkmenleriň ellerinde bolmadyk serişdelerden peýdalanyp ýeňiş gazanandygy barada netije çykarmaga doly esaslaryň bardygyny görýäris. Ruslarda bolup, Türkmenlerde bolmadyk telegraflar we geliograflar arkaly habarlaşmak ulgamlarynyň, inženerlik sungatynyň, döwrebap toplary ulanmak başarnygyň, harby ylmyň, bilimiň gala goragçylarynda ýetmezçilik etmegi olara uly bökdençlikleri döredipdir. Göktepe galasy barada ýazylan eserlerde munuň ençeme mysallary getirilipdir. Gala goragçylarynyň bilimleriniň ýeterlik bolmanlygy üçin Ruslaryň ellerinden gan döküp alan toplarynyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanyp bilmändikleri barada bu eserlerde beýan edilýär. Söweş şertlerinde örän möhüm bolan habarlary dessin alyşmak işinde hem Ruslaryň ulanan tehnologiýalarynyň artykmaçlyklaryny görmek bolýar. Ruslar habarlaşmakda geliograflary we telegraflary ulanan bolsalar bu tehnologiýadan baş alyp çykyp bilmeýän Türkmenler çapar iberip habarlaşypdyrlar. Iýul aýynyň 6-syndaky aňtawjylyk maksady bilen gelen otrýadyň arkasyndan Ruslaryň uly goşununyň gelmeýänini hem öz wagtynda bilmändirler. Maglumat ýetmezçiligi türkmenlere Skobelewiň bu otrýadyny ýok etmek boýunça aýgytly hereketlere geçmäge mümkinçilik bermändir. Şol gije Türkmenleriň uly güýç bilen öz otrýadynyň üstüne çozmagyndan Skobelewiň çekinendigi we howsala düşendigi barada “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň II tomunyň 138-nji sahypasynda hem beýan edilipdir. Türkmenleriň Bendeseni, Bamyny, Hojagalany eýelemek boýunça strategiki taýdan örän gowy taýýarlanan meýilnamasynyň ýönekeý maglumat ýetmezçiligi zerarly başa barmandygyny hem munuň ýene bir mysaly hökmünde getirip bolar.
Göktepe galasynyň diwarynyň partladylmasy bilen bagly wakalarda hem gala goragçylarynyň bilim, maglumat ýetmezçiliginden kösenendikleriniň tassygyny tapýar. Gala gabawda wagty onuň diwarynyň düýbünde Ruslaryň gazuw işlerini geçirýändiklerinden Türkmenleriň habarlary bolupdyr. Emma, gala goragçylarynyň bilim derejesi diwaryň düýbüne däri ýerleşdirip, ony partladyp bolýandygyna düşünmäge mümkinçilik bermändir. Ýogsa, Ruslar däri bilen diwar partlatmak tejribesini Göktepe söweşinden öň Orta Aziýadaky beýleki galalary ýykmakda hem ulanypdyrlar. 1853-nji ýylda Syrderýanyň ýakasyndaky Ak metjit galasynyň diwarynyň 40 put därini partlatmak bilen ýykylandygy muňa mysal bolup biler (“Завоевание Туркмении” eseriniň 10-njy sahypasy).
Ýokarda ýazylan setirlerde bir söweş şertlerinde pajygaly netijelere getiren gala goragçylarynyň bilim derejesiniň pesligini tassyklaýan mysallarynyň bir bölejigi getirildi. Şu meselä has giň seredilende Türkmenleriň bilim derejesiniň pesliginiň netijesinde olaryň şol döwürde döwletsiz, harby goşunsyz bolmagyna, milletiň öňüne düşüp bilýän, dünýägaraýşy giň bolan adamlarynyň ýoklugyna getirendigini görmek bolýar.
Gala goragçylarynyň bilim derejesiniň pesligi bilen bagly pikirleri dowam etmek bilen, şu meseläniň häzirki döwürde hem Türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň derwaýys meseleleriniň biri bolmagynda galýandygyny aýtmalydyrys. Dünýäde tebigy gazyň gorlary boýunça dördünji ýerde durýan Türkmenistanyň ilatynyň köp böleginiň daşary ýurtlarda talabançylyk bilen gazanç edýändigi milletiň bilim derejesiniň pesliginden habar berýär. Bu meseläni üns merkezinde saklamak bilen, Göktepe söweşinden soň şu güne çenli “Rus dünýäsiniň” tabynlygynda galýan Türkmenistanlylaryň bilim derejesiniň pesliginiň demokratik ýörelgelere esaslanýan öz döwletini gurmaga mümkinçilik bermeýändigine akyl ýetirýärsiň.
Komentariýa
Yeňiş
1860 ýylda Eýran gajarlary,Meryw Tekeleriniň üssüne uly goşun toplap Tekeleri dyza çökermek üçin ýola düşýär, 13000 pyýada urşujy,10000 atly urşujy we 3 sany top bilen gelen Gajar goşuny Tekeleri dyza çökerjegine gaty ynamlydy,ýöne şol söweşde ýeňilip masgara bolup gaçanlarynda diňe atly goşunyň bir bölegi öýlerine baryp bilipdir.Pyýada goşun we birgiden ýaraglar toplar Tekeleriň eline geçipdir.Ýesir düşen müňlerçe eýran esgerleri,Buharanyň gul bazarynda satylypdyr,ýesirleriň sanynyň juda köp bolmagy şol döwür Buhara bazaryndaky bir guluň bahasynyň 7 rubl 50 köpüge düşürüpdir.