Göktepe söweşinden soň bir ýarym asyra golaý wagt geçendigine garamazdan Russiýa bilen Eýranyň türkmen topraklaryny paýlaşandan soň…
Göktepe söweşinden soň bir ýarym asyra golaý wagt geçendigine garamazdan Russiýa bilen Eýranyň türkmen topraklaryny paýlaşandan soň…
Russiýa imperiýasy bilen şol döwürde Persiýa diýlip atlandyrylýan Eýranyň arasynda 1826-1828-nji ýyllarda bolup geçen urşuň tamamlanmagyna getiren Türkmençaý şertnamasy 1828-nji ýylyň fewral aýynyň 10-yna Tebriziň golaýyndaky Türkmençaý obasynda baglaşylypdyr. Bu şertnama Rus-Eýran gatnaşyklarynyň esaslary bolup, Oktýabr sosialistik rewolýusiýasyna çenli hereket edipdir.
Türkmençaý şertnamasy Eýranyň geljekki ykbalyna, aýratyn-da ykdysadyýetine ýaramaz täsirini ýetiripdir. Şertnama laýyklykda Eýran tarapy şol döwür üçin ägirt uly bolan kümüş puly görnüşinde 20 million rubl möçberindäki öwez tölegini Russiýa tölemeli bolýar. Şeýle hem, Hazar deňzinde Persiýanyň harby flotunyň bolmagy hukugyndan mahrum edilýär. Türkmençaý şertnamasy Eýranyň syýasy taýdan çökmeginiň başy bolup, şahyň imperiýasyny has güýçli goňşusyna garşy göreşmek hat-da oňa garşylyk görkezmek hukugyndan hem mahrum edipdir.
Rus-Eýran gatnaşyklarynyň şeýle ýagdaýynda Russiýa imperiýasy Orta Aziýada alyp barýan basybalyjylykly syýasatyny işjeňleşdirýär. Hywa hanlygyny boýun egdirmek üçin amala aşyran birnäçe şowsuz ýörişlerinden sapak edinip, Russiýa 1873-ýylda Hywany basyp almak üçin soňky ýörişini guraýar. Şol maksat bilen, dört sany harby otrýad: polkownik Markozowyň baştutanlygynda Krasnowodsk otrýady, polkownik Lomakinyň (1879-njy ýylda birinji Göktepe söweşinde ýeňilişe sezewar bolan Rus goşununyň komandiri) baştutanlygynda Maňgyşlak otrýady, general Werýowkinyň baştutanlygynda Orenburg otrýady we general Kaufmanyň baştutanlygynda Türkistan otrýady emele getirilýär.
Şol döwürde Orta Aziýanyň çäklerinde kerwen ýollaryndan başga ýollaryň bolmandygy şeýle harby ýörişleri amala aşyrmak üçin düýe üpjünçiligi meselesine aýratyn üns berilmegini talap edipdir. Örän köp mukdarda düýe zerur bolupdyr. Mangyşlakdan, Orenburgdan getirilen düýeleriň sany ýeterlik bolmansoň, Rus harbylary aldaw we talaňçylyk usullaryny ulanyp, Ýomutlaryň ellerinden düýelerini we beýleki mallaryny alypdyrlar. Rus harbylary şeýle talaňçylyk işini şol döwürdäki
Rus-Eýran ylalaşyklaryna laýyklykda Eýranyň çäkleri hasaplanýan Etrek we Gürgen derýalarynyň kenarlarynda ýaşaýan Ýomutlara garşy hem ulanypdyrlar. Şunda, Eýran häkimýetleri ruslaryň Eýranyň çäklerindäki edýän talaňçylygyna hiç-hili
garşylyk görkezmändirler
General N.I.Grodekowyň “Хивинский поход 1873 года” eserinde bu barada şeýle beýan edilýär:
Şeýle talaňçylyk 1879-njy ýyldaky Lomakinyň ýolbaşçylygyndaky Göktepä garşy ýörişinde hem dowam etdirilipdir. General N.I.Grodekowyň “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň I tomunyň 147-nji sahypasyndaky: “Awgust aýynyň 23-ine Rus harby birikmesiniň Danata we Köne Kerim guýularynyň ýanynda goş tutan Atabaýlaryň 1250 baş düýelerini zorluk bilen ellerinden alyp, awgust aýynyň 29-yna Hojagala barandygy” barada beýan edýän setirler muny tassyk edýär.
Ruslaryň şol 1879-njy ýyldaky ýörişiniň öň syrasynda Eýran hökümeti tarapyndan Daşary işler ministrliginiň wezipeli adamy Seýit Mürze Ryzany Merw şäherine gepleşik geçirmek üçin iberilipdir. Şol gepleşiklerde Merwlilere Eýranyň tabynlygyna geçmek we 1861-nji ýylda bolan söweşde alnan 33 sany toplary Eýran tarapyna gaýtaryp bermek teklip edilipdir. Şonda Merwliler bu teklibi Tekeleri ýaragsyzlandyrmak maksady bilen, Russiýanyň Eýran bilen dildüwüşliginiň netijesi hasaplap, kabul etmändirler (“Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň I tomunyň 165-nji sahypasy).
Türkmen topraklaryny basyp almak boýunça Russiýanyň we Eýranyň hyzmatdaşlygy Skobelewiň ýolbaşçylygyndaky Göktepä garşy ýörişinde has hem işjeňleşdirilipdir. Bu N.I.Grodekowyň “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň III tomunyň 28-nji sahypasyndaky: Russiýanyň Eýrandaky konsuly Şelkunowyň Astrabadyň general-gubernatory bilen geçiren gepleşikleriniň netijesinde türkmenlere Astrabadyň töwereginde düýe bakmagyň gadagan edilendigi we bu şertlerde Ýomutlar düýe sürülerini Etrek derýasynyň sag kenaryna Ruslaryň hojaýynçylyk edýän çäklerine göçürmeli bolandyklary baradaky setirlerde öz beýanyny tapýar.
Eýranyň çäklerinde Rus harbylarynyň Türkmenlere garşy alyp barýan talaňçylyk işine ne Eýranyň şasy ne-de welaýat hanlary hiç-bir päsgelçilik döretmändirler. Hat-da käbir ýagdaýda ýardam eden ýerleri hem bar. Bu barada “Хивинский поход 1873 года” eseriň 70-nji sahypasyndaky: Gürgen derýasynyň kenarynda ýerleşýän Eýranyň “Akgala” atly galasynyň komendantynyň Eýranyň çäklerine rugsatsyz geçen Rus harby otrýadyna galaň içinden aýdym aýdyp geçip gitmäge rugsat berendigi baradaky setirlerde beýan edilýär.
Eýran tarapy Rus basybalyjylaryna maglumat bilen üpjün etmekde, maslahat bermek işinde hem köp ýardam edipdir. Şular hakynda “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň I tomunyň 167-nji sahypasyndaky: “Bir aýlyk azyk bilen üpjün edilen Tekeleriň 700 sanysynyň ruslaryň eýelän çäklerine ýörişe ugrandyklary barada Bujnurdyň häkimi Ýarmuhammet hanyň Ruslary habardar edendigi” baradaky setirlerde beýan edilipdir. Şol eseriň III tomunyň 144-nji sahypasynda bolsa: “Göktepe urşuna gatnaşjak Rus goşununyň 100 sany topy we 20 000 esgeriniň boljakdygy barada Grodekowdan bilenden soň Ýarmuhammet han bu goşunyň ýeterlik däldigi, galany doly gabawa alyp, Tekeleri açlykdan surnukdyrmak barada maslahatlary berendigi, Tekeler bilen özüniň ömür boýy urşup gelýändiginiň netijesinde olary has gowy tanaýandygy we gaýduwsyzlykda Tekelere taý geljek başga milletiň dünýäde ýokdygy” baradaky Ýarmuhammet hanyň sözleri getirilýär. “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň IV tomunyň 175-nji sahypasyndaky setirlerde: “Ruslaryň azyk ammarlaryny Ýaňgalada ýerleşdirmegiň örän töwekgelçiliklidigi, galalary basyp almakda Tekeler ýaly başarnykly milletiň ýokdugy, eger Ruslar Tekelerden üstün çykaýsa Bujnurdyň halky Ruslaryň Eýranda toplan azyk ammarynyň haltalaryny eginlerinde Göktepä eltip berjekdigi” baradaky Bujnurdyň häkiminiň sözleri hem getirilipdir. General A.N.Kurapatkinyň “Завоевание Туркмении” eseriniň 149-njy sahypasynda bolsa: “Tekeleriň ölýänçäler urşmaga karar berendikleri, olaryň çagalaryny we aýallaryny ýerzeminlerde gizlejekdigi, Ruslar galaň diwarlaryna golaý gelenlerinde hüjüme çykjakdygy, öz üstünliklerini başa-baş urşmakda görýändikleri, hüjüm edip Ruslaryň ellerinden birnäçe toplaryny almagy göz öňüne tutandyklary” barada Bujnurdyň häkimi Ýarmuhammet hanyň ýazandygy hem bellenilipdir.
Eýranlylaryň berýän maglumatlaryndan we maslahatlaryndan Rus basybalyjalary ýeterlik derejede peýdalanmagy başarypdyrlar we şol maglumatlaryň we maslahatlaryň esasynda Tekeler bilen söweş etmegiň gözükdirijisi taýýarlanypdyr. Skobelew tarapyndan taýýarlanan bu gözükdiriji “Инструкция для офицеров отряда” diýlip atlandyrylyp, 1880-nji ýylyň dekabr aýynyň 19-yna otrýadyň harbylaryna paýlanylypdyr. Şol gözükdirijidäki: “Duşmanyň örän batyrdygy, başa-baş urşda elden bermez başarnygynyň bardygy, mergendigi, hili gowy sowuk ýarag bilen üpjün edilendigi” baradaky setirler A.N.Kurapatkinyň “Завоевание Туркмении” eseriniň 151-nji sahypasynda berilipdir. Bu eseriň 152-nji sahypasyndaky: “Çagalykdan sowuk ýarag ulanmagy başarýan, ajaýyp atlary bolan duşman bilen Rus atly goşununyň başa-baş urş etmeli däldigi” baradaky setirlerde bolsa, şol gözükdirijiden alnan sözler hem getirilipdir.
[/cmsmasters_text][cmsmasters_text shortcode_id=”pupfox0psw” animation_delay=”0″]
Rus basybalyjylarynyň weýrançylykly ýörişiniň netijesinde 1880-nji ýylyň sentýabr aýynda Ahallylar Horasanyň general-gubernatoryna Eýranyň çäklerine göçüp barmaga we Horasanyň serhetýaka ýerlerinden bugdaý satyn almaga rugsat sorap ýüzlenipdirler. Eýran hökümeti tarapyndan Tekeleriň Eýrana göçüp barmagyna we ol ýerden bugdaý satyn almagyna gadaganlyk girizilendigi sebäpli, bu işe ýol berilmändir. Munuň üstesine Skobelewiň haýyşy boýunça Kürtler Tekeleriň üstüne alamanlary gurapdyrlar, zerurlyk bolmadyk wagtynda bolsa olary togtadypdyrlar. Bu barada aşakda ady bellenen eserlerde şeýle beýan edilýär:
“Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň III tomunyň 139-njy sahypasynda Russiýanyň Eýrandaky ilçisi Zinowýewiň haýyşy boýunça Eýranyň hökümetiniň Horasanda Tekelere bugdaý satmagy gadagan edendigi, şeýle
hem Ahalyň Tekeleriniň Eýranyň çäklerine göçüp barmagyny gadagan etmek barada şazada Rukhudoula tabşyrylandygy hakynda ýazylýar.
“История завоевания Средней Азии” eseriniň III tomunyň 110-njy sahypasynda Rus goşununyň Göktepä golaýlamagy bilen Ruslaryň üstünlikleri barada myş-myşlaryň ýaýramagynyň netijesinde Eýranlylaryň Tekelere bugdaý satmagy gadagan etmek bilen çäklenmän, olaryň üstüne alamana gitmäge karar berendikleri we bu karary Skobelewiň gollandygy hem-de onuň alamana gitjek Kürtlere ok-däri kömegini bermek barada wada berendigi hakynda ýazylýar.
Şol eseriň 148-nji sahypasynda bolsa Tekeleriň üstüne Kürtleriň alamana gitmäge taýyn bolan wagty Skobelew bu alamanyň gijä galandygyny göz öňünde tutup, ilçi Zinowýewiň ýardamy bilen Eýranyň hökümetine Kürtleriň bu ýörişini
togtatdyrandygy barada ýazylýar.
“Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň III tomunyň 150-nji sahypasynda Ýegenbatyr galany Rus goşunynyň eýelemegi bilen Tekeleriň bar ünsüniň şol tarapa bolandygyndan peýdalanyp, Kuçan welaýatynyň Kürtleriniň
Aşgabat ýolunda galtamançylyk edip başlandygy barada ýazylýar.
Eýran tarapy telegraf aragatnaşygyny ýola goýmakda, Rus goşununyň azyk üpjünçiligine hem ýeterlik derejede ýardam edipdir. Bu ýardamyň netijesinde 1880-nji ýylda diňe azyk önümleri 2380 tonna golaý mukdarda Eýranda
toplanypdyr. Bu barada aşakda ady bellenen eserlerde şeýle beýan edilýär:
General M.A.Terentýewiň “История завоевания Средней Азии” eseriniň III tomunyň 8-nji sahypasynda Kawkaz bilen telegraf aragatnaşygyny ýola goýmak üçin Çekişlerden Astrabada çenli telegraf siminiň çekilendigi, Astrabat bilen Julfa
aralygynda ýerleşýän menzillere Ruslaryň barmagyna rugsat berýän konwensiýanyň Eýran bilen Russiýanyň arasynda baglaşylandygy, şeýle hem serhetýaka ýerlerden azyk satyn almaga Ruslara ýardam etmek üçin Eýran hökümeti tarapyndan ýörite wekil iberilendigi barada ýazylýar.
Şol eseriň 76-njy sahypasynda Skobelewiň haýyş etmegi bilen Russiýanyň Eýrandaky ilçisi Zinowýewiň şahyň birinji ministrine ýüzlenendigi we şonuň netijesinde Rus agentleriniň azyk satyn almak işine ýardam etmek hakynda Bujnurdyň hem-de Kuçanyň häkimlerine ministriň görkezmesiniň bolandygy barada ýazylýar.
General A.N.Kurapatkinyň “Завоевание Туркмении” eseriniň 212-nji sahypasynda – Hazar deňzi bilen Göktepäň arasyndaky ýollary Türkmenleriň eýelemeginden çekinip, ýörişe başlamazdan öň, ätiýaçlyk azyk goruny emele getirmek maksady bilen, bahasy 282 000 rubl bolan 146 000 put azygyň Eýranda taýýar edilendigi barada ýazylýar.
Eýran hökümeti Ruslaryň Ahalda eden gyrgynçylygyna doly ýardam eden bolsa-da Iňlislerden çekinip, bu işi Eýran hanlaryň başlangyjy bilen, serhedi goramak we serhetýaka ýerlerinde tertibi saklamak zerurlygyndan ugur alyp edilýän ýaly edip gurapdyrlar. Bu barada “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň IV tomunyň 185-nji sahypasynda beýan edilipdir.
Rus harbylary Eýranyň şazadasyna, hanlaryna we din adamlaryna para-peşgeş bermek bilen, öz goşuny üçin zerur bolan azygy gysga wagtda toplapdyrlar, şeýle hem Eýranyň hanlaryna onuň goragyny üpjün etdiripdirler. Bu barada general M.A.Terentýewiň “История завоевания Средней Азии” eserinde şeýle beýan edilipdir:
III tomunyň 79-njy sahypasynda – Maşat şäherinden azyk satyn almaga şahyň permanynyň ýoklugyndan peýdalanyp, Iňlisleriň agenti Abbas hanyň ýardamy bilen, mollalaryň gozgalaň turuzandyklary, Oktýabr aýynyň 5-ine Ruslaryň un ýüklenen kerweniniň şäheriň derwezesinden çykarylman saklanandygy bellenilýär. We şondan soň Grodekowyň Ymam Ryza metçidine 200 ýarymimperial möçberinde pul bagyşlandygy we şazadanyň isleg bildiren paýtunyny sowgat etmäge söz berendigi beýan ediliýär. Şeýle hem, Grodekowyň bu hereketiniň netijesinde ýagdaý düýpgöter üýtgäp, metçidiň öz ammaryndan 15 000 put bugdaý satyn almak barada ylalaşygyň bolandygy, hat-da un ýüklenen kerweni şäherden çykarmak bilen çäklenmän, Ruslaryň bugdaýlary doly üwelip gutarýança musulmanlara un üwetdirmegiň gadagan edilendigi ýazylýar.
III tomunyň 80-nji sahypasynda – Emir Hüseýn hanyň serhediň goragyny güýçlendirjekdigi barada söz berendigi, Eýrandaky Ruslaryň azyk ammarynyň howpsuzlygyny kepillendirendigi, Grodekowyň haýyşy boýunça azyk ammarynyň ýerleşýän obasynyň arçyny emiriň doganoglany Mustafaguly aganyň ammaryň goragy üçin hakyna tutma 30 sany mergenleri maşgalasy bilen göçürüp getirendigi ýazylýar.
Ruslar Eýranyň serhetýaka welaýatlaryndan azyk satyn almak işini gysga wagtda amala aşyrmagy maksat edinip, ýerli hanlaryň göwnüni tapmak üçin olaryň wejeralykda geçýän meýlislerine gatnaşmaly bolupdyrlar. “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň IV tomunyň 169-njy sahypasynda Grodekowyň Skobelewe ýazan telegrammasyndan alnan sözler getirilipdir. Şol telegrammada Kuçanyň häkimi Şujaudoul bilen iş etmek üçin onuň bilen spirtli içgileri içmelidigi, guraýan şady-horramlyklaryna gatnaşmalydygy, onuň serhoş ýagdaýdaky gürrüňlerini diňlemelidigi, şeýle hem, onuň wagşylyk bilen özüni alyp barşynyň ýigrenç döredýändigi barada ýazandygy beýan edilýär.
Göktepe galasy synandan soň ýykylan galany höwes bilen görmäge gelen Eýranyň Kürtlerini Skobelewiň buýrugy bilen hakyna tutup, olara jesetleri gömdiripdirler. Ýerinden gozgap bolmaýan gaty zaýalanan 190 sany jesetleri bolsa fotogen ulanyp, şol Kürtlere ýakdyrypdyrlar. Şonda bu işe çekilen Kürtler Tekeleriň galada galan aýallaryny wagşylyk we zorluk bilen kösäpdirler. Bu barada aşakda ady bellenen eserlerde şeýle beýan edilýar:
General M.A.Terentýewiň “История завоевания Средней Азии” eseriniň III tomunyň 201-njy sahypasynda – Galaň gabawda bolan soňky günlerinde ölülerini jaýlamaga Tekeleriň mümkinçiligi bolman, jesetleri eýesiz galan gara öýleriň içine
ýerleşdirendikleri, hüjüm güni jesetleriň has-da köpelendigi bellenilip, bu jesetleri Skobelewiň buýrugy bilen hakyna tutulan Kürtlere gömdürilendigi barada ýazylypdyr. Şeýle hem, şol Kürtleriň galada bolmak pursatyndan peýdalanyp, Tekelere sütem edendikleri, aýallaryň bileziklerini almak üçin gollaryny çapandyklary, gulaklaryny ýyrtyp, gulak halkalaryny alandyklary beýan edilipdir.
General A.W. Wereşaginyň “Дома и на войне” eseriniň 594-nji sahypasynda- Galaň synan gününiň ertesi Tekeleriň emlägini talamak üçin topar-topar Kürtleriň eňişip gelendigi, olaryň şeýle ýigrenji, bihaýa milletdigi, eger-de Tekeler däl-de Ruslar ýeňilen bolsa şol Kürtleriň uly höwes bilen Ruslary talajakdygy, olaryň hakykatdan hem şagal sypatyndaky adamlardygy, irdenden agşama çenli galaň içinde talaňçylyk edendikleri beýan edilipdir.
Eýran şasynyň haýyşy boýunça Skobelewiň ştabynda polkownik Zulfikar han harby agent hökmünde Eýran tarapyna wekilçilik edipdir. Zulfikar han Rus harbylarynyň ýanynda bolup, gala synýança öz wezipelerini işjeň ýerine ýetiripdir.
Şol Zulfikar han Göktepe galasy synandan soň Tekeleriň ýesir düşen iň owadan gelin-gyzlaryny saýlap öz ýany bilen Eýrana alyp gidipdir. General M.A.Terentýewiň “История завоевания Средней Азии” eseriniň III tomunyň 202-nji sahypasynda Eýranly ýesirleriň boşadylyp, tabşyrylmagyna Zülfikar han kaýyl bolman, ýesir düşen Eýranly aýallar bahanasy bilen Tekeleriň iň owadan gelin-gyzlaryny saýlap alandygy beýan edilipdir.
Gala synandan soň Eýranyň Kuçan welaýatynyň hany Emir Huseýn han Göktepä Skobelew bilen duşuşmana gelýär. Şonda Ruslar Eýran hanynyň galany basyp almakda bitiren işini göz öňünde tutup, ony toý dabara bilen garşylaýarlar. Emir Huseýn han we Eýranyň beýleki hanlary öz gezeginde Diňli depäň synmagynyň şanyna Skobelewe dürli sowgatlar iberipdirler. Bu “История завоевания Средней Азии” eseriniň III tomunyň 213-nji sahypasyndaky: Rus goşuny üçin Eýranda azyk satyn almak işine uly ýardamlary beren Kuçan welaýatynyň häkimi bilen Skobelewiň Diňli depede duşuşandygy, gadyrly myhman üçin feýerwerkler, toplar atylyp, galaň sahnalaşdyrylan illýuminasiýaly hüjüminiň guralandygy, bol mukdarda konýaklaryň, şampanskileriň, likýorlaryň berlendigi, Emir Hüseýn hanyň Skobelewe iki sany ajaýyp atlary sowgat edendigi we bu atlary Deregiň häkiminiň sowgat eden atlary hem-de Horasanyň häkiminiň sowgatlary bilen bilelikde Tiflise iberilendigi baradaky setirlerde beýan edilipdir.
Ýulian ýyl hasaby bilen 1881-nji ýylyň dekabr aýynyň 9-yna Tehran şäherinde Eýran bilen Russiýanyň arasynda konwensiýa gol çekilýär. Eýranyň daşary işler ministri Mürze Seýit han we Russiýanyň Eýrandaky ilçisi Zinowýew tarapyndan gol çekilen bu konwensiýa Türkmenleriň topragyny paýlaşmak, olary gol astynda saklamak boýunça iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy tassyklaýan resminama bolup çykyş edýär. Bu konwensiýanyň 6-njy maddasynda Türkmen tarapyna ýaraglaryň geçirilmegine ýol bermezlige taraplaryň borçlanmagy; 7-nji maddasynda Eýranyň serhet nokatlarynda ruslaryň agentleriniň bolmagyna hukuk berilýändigi bu hyzmatdaşlygy tassyklaýar. Şol konwensiýa gol çekilmezden öň Türkmenleriň topraklaryny paýlaşmak meselesinde Eýranyň daşary işler ministri Russiýanyň ilçisi Zinowýew bilen söhbetdeş bolanda Aşgabady Eýrana degişli etmek boýunça teklipleri hem öňe sürüpdir. “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň II tomunyň 19-njy sahypasyndaky: “Garrygalany ýitirmek bilen çekýän zeleliňiziň öwezini dolmagyny nämede görýärsiňiz” diýip Zinowýew soranda Eýranyň daşary işler ministri “Aşgabady sylag hökmünde Eýrana berilmeginde” diýip jogap berendigi hakyndaky setirlerde bu beýan edilipdir. Bu teklip durmuşa geçirilmän, Aşgabat häzirki Türkmenistanyň çäklerinde galsada, Türkmenleriň topraklaryny paýlaşmak boýunça Eýran bilen Russiýanyň alyp baran işleriniň netijesinde gadym döwürde Girkaniýa ady bilen tanalan, Gürgen derýasynyň ýakalaryndaky bol suwly, mes toprakly ekin meýdanlary we tokaýlary bolan Gökleňleriň ýurdy Eýranyň çäklerinde galdyrylypdyr. Limon, apelsin, hoz agaçlaryna bürelen, bu ýerlerde ýerleşýän obalara öz wagtynda Ikender Zülkerneýiň hem aşyk bolandygy barada “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň I tomunyň 29-njy sahypasynda beýan edilipdir.
1881-nji ýylyň Fewral aýynyň 19-yna Rus imperatory Aleksandr II tarapyndan “За взятие штурмом Геок-тепе” medaly esaslandyrylýar. Mukdary 30 müňden köp bolan bu medallardan diňe 3 sanysynyň altyn bolandygy maglumatlarda bellenilýär. Şol altyn medallar bilen 1881-nji ýylyň maý aýynyň 7-sine Aleksandr III permany bilen, Eýranyň şasy Nasreddin we Eýranyň harby ministri Sapehsalar Azam Mürze Hüseýn han, şol ýylyň awgust aýynyň 17-sine bolsa Eýranyň daşary işler ministri Mürze Seýit han sylaglanypdyrlar. Eýranyň iň ýokary wezipeli adamlarynyň bu altyn medallar bilen sylaglanylmagyna Göktepe galasyny basyp almakda Eýranyň bitiren işine berlen ýokary baha hökmünde garamak bolýar.
Göktepe söweşinden soň bir ýarym asyra golaý wagt geçendigine garamazdan Russiýa bilen Eýranyň Türkmen topraklaryny paýlaşandan soň emele gelen serhediň iki tarapynda galan Türkmenler şu güne çenli dogan-garyndaşlyk gatnaşyklaryny
saklamakda kynçylyklary çekýärler. Russiýany özüniň strategiki hyzmatdaşy diýip hasaplaýan Türkmenistana türistik wiza alyp gelýän Eýranly Türkmenleriň sany bir ýylyň dowamynda barmak basyp sanardan köp däldigini görmek bolýar. Internet arkaly habarlaşmakda hem serhediň iki tarapynda galan Türkmenler uly kynçylyklary çekýärler. Türkmenistanda WhatsApp, Telegram we birnäçe beýleki habarlaşma ulgamlaryň VPN-siz işlemeýändigini, Eýranda bolsa IMO, Skype VPN-siz işlemeýändigini göz öňüne tutsaň munuň ýörite edilýändigi barada netije çykarmak bolýar.
Taryhda bolup geçen şu wakalara syn salanyňda häzirki döwürdäki Eýranyň we Russiýanyň alyp barýan syýasatyny göz öňünde tutup, olaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň tebigy gazynyň Ýewropa eksport edilmegine päsgelçilik döretmek, serhetýaka suwlaryň biziň ýurdumyzyň çäklerine akýan mukdaryny azaltmak, Eýranda we Türkmenistanda ýaşaýan Türkmenleriň arasyndaky gatnaşyklary çäklendirmek we şuňa meňzeş beýleki görnüşlerde dowam etjekdigine göz ýetirýärsiň.