Light
Dark

Göktepe söweşi: Dykma serdar

Göktepe söweşi bilen bagly wakalarda möhüm wezipeleri ýerine ýetirip, onuň taryhynda yz galdyran şahsyýetler…

Göktepe söweşi bilen bagly wakalarda möhüm wezipeleri ýerine ýetirip, onuň taryhynda yz galdyran şahsyýetler köp bolupdyr. Şolaryň arasynda Dykma serdaryň şahsyýeti aýratyn öwrenilmäge mynasypdyr. Çünki, birinji Göktepe söweşinde Dykma serdaryň dönüklikde aýyplanmagy, ikinji Göktepe söweşinde bolsa gala goragçylaryna ýolbaşçylyk etmegi onuň örän çylşyrymly şahsyýetdiginden habar berýär.

Dykma serdaryň çyn ady Öwezmyrat bolup, ol 1825-nji ýylda Börme obasynda dogulypdyr. Onuň kakasy Mämmetnazar aga (syçmaz taýpasyndan) örän gurply, il arasynda uly abraýdan peýdalanýan adam bolupdyr. Dykma serdar 7 ýaşynda wagty onuň kakasy Ýomutaryň üstüne öwez alamana (alaman edenlerden ar almak üçin guralýan alaman) gidende wepat bolupdyr. Onuň uly agalary Atamyrat we Öwezdurdy kakalaryndan galan mirasy paýlaşanlarynda Dykma serdara diňe ýerden we suwdan bir paý beripdirler.

Dykma serdar 13 ýaşyndan başlap Jandurdy serdaryň baştutanlygynda amala aşyrylýan alamanlara gatnaşyp başlapdyr. Şol alamanlaryň birinde ol Kürtlere ýesir düşüp, Bujnurtda Mämmetrahym hanyň zyndanynda 6 aý saklanylypdyr. Şonda Börmeliler ilatdan ýygnalan puluň hasabyna 1000 tümen töläp, ony yzyna alypdyrlar.

Azatlyga çykan badyna Dykma serdar alamana gidip başlap, iki aýyň içinde özüni ýesirlikden boşatmak üçin tölenen puly obadaşlaryna gaýtaryp beripdir.
Dykma serdar ýatkeşligi, yzarlap tapmak ukyby bilen tapawutlanansoň ol eýýäm on ýedi ýaşynda alamana gidýän 100 adamlyk topara baştutanlyk edip başlapdyr. Bu topar bilen ol Börmeden 800 wýerst (853 km töweregi) uzaklykda ýerleşen Eýranyň Ýezd şäheriniň töweregine alaman gurap, 40 müň goýun olja we birnäçe adam ýesir alypdyr. Bu onuň ilkinji guran alamany bolupdyr. Şol alamandan soň ony serdar hasaplap, onuň baştutanlygynda alamana gitjek höwesekler has hem köpelipdir.

Dykma serdar özüniň bütin ömrüni alamanlarda geçiripdir. Bu ýagdaý onuň harby zehininiň açylmagyna, köpçülige ýolbaşçylyk etmek ukybynyň ösmegine getiripdir. Onuň bu başarnyklary köp üstünlikli alamanlary amala aşyrmaga mümkinçilikleri beripdir. 1843-nji ýylda ol öz töweregine ýygnan 500 adamlary bilen Tähran bilen Maşadyň arasyndaky ýolda iki sany kerweniň üstüne çozup, ýükli 900 sany düýeleri olja we 300 adamy ýesir alypdyr. Olar şol alamandan gaýdyp gelýärkäler Mämmet Hasan hanyň goşuny bilen garşylaşmaly bolupdyrlar. Birnäçe gije-gündiz dowam eden söweşden soň 2000 adamdan ybarat bolan pyýada goşuny gylyçdan geçirilen Mämmet Hasan han gaçyp gitmeli bolupdyr. Dykma serdar bolsa bary-ýogy 60 adamyny ýitirip, alan oljasy we ýesirleri bilen Ahala sag-salamat gaýdyp barypdyr (“Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň II tomunyň 193-194-njy sahypalary).

Dykma serdar diňe uly alamanlary guraýan eken. Ahalda ony örän batyr we iň gowy serdar hasaplapdyrlar. Şeýlede bolsa onuň özbaşdaklygy we adyllygy goldan berýän ýeri köp bolany üçin ony ýigrenýän adamlar köp bolupdyr. Onuň bu
häsiýetlerinden Nurberdi hanyň hem nägile bolan ýerleri köp bolupdyr. 1878-nji ýylda Dykma serdar gökleňleriň üstüne alaman gurapdyr. Şondan soň, Nurberdi han Dykma serdaryň bu etmişi üçin ony jogapkärçilige çekmek maksady bilen, Börme obasyna 300 atly nökerlerini iberipdir. Çykgynsyz ýagdaýa düşen Dykma serdar Börmäni taşlap gaçmaly bolupdyr we Nurberdi han Merwe gidýänça obasyna dolanman alamanlarda bolupdyr.

Rus goşuny Hazar deňiziniň Türkmen kenarynda ornaşyp başlanyndan soň Dykma serdaryň ady Ruslaryň arasynda hem belli bolupdyr. 1870-nji ýylyň Oktýabr aýynyň 20-sine Ruslaryň Mihaýlowskiý berkitmesine Tekeler çozuş edipdir. Şonda
Ruslar ilkinji sapar Dykma serdaryň adyny eşidipdirler. Dykma serdaryň ýolbaşçylygyndaky atly we pyýada nökerleriniň Mihaýlowskiý aýlagynda 1871-nji ýylyň aprel aýynda Ruslaryň üstüne yzygiderli ýerine ýetiren çozuşlary barada Skobelewiň “Письмо начальника экспедиции к начальнику военных сообщений, М.А.Анненкову, 10 октября 1880 года, №6527.” atly hatynda hem beýan edilipdir.

Göktepe söweşi barada eserleri ýazan käbir awtorlar Dykma serdaryň Ruslar bilen gönüden-göni gatnaşyk edip başlamagyny 1879-njy ýylyň mart aýynyň 23-ine onuň ogly Akberdiň general Lazarewiň ýanyna Çekişler obasyna barmagy bilen baglanyşdyrypdyrlar. Dykma serdaryň oglunyň Lazarewiň ýanyna barmagynyň asyl maksady Ruslarda ýesirlikde bolan on dört sany Teke-Türkmenleri boşatmagy haýyş etmek bolupdyr. Ol bu Türkmenleri boşatmak üçin ýany bilen Türkmenlere ýesir düşen iki sany top atyjy Rus esgerini alyp barypdyr. General Lazarew ýöne bir bu haýyşy ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, Dykma serdara her aýda altyn pul görnüşinde 100 rubl, Akberdiň özüne bolsa 50 rubl möçberinde gulluk haky belläpdir. Akberdi gaýdanda bolsa Dykma serdar üçin niýetlenen bir hat iberipdir. Lazarewiň bu hatynda alamançylygy ýatyrmak, asudalygy dikeltmek üçin özüniň Ahala goşun sürüp barýandygyny Dykma serdardan ilata düşündirmegi haýyş edilipdir. Dykma serdara aýlyk belläninden soň ony Ruslaryň gullugynda hasap edip, oňa Tekeleriň arasynda ýaýratmak üçin yglan hatlary hem iberipdir. Bu hatlarda Ruslara tabyn bolmak talap edilipdir. Her biri alty sahypadan ybarat bolan şol yglan hatlaryň ählisini Tekeler öz tüpeňlerini ok bilen doldurmak üçin ulanypdyrlar. (“История завоевания Средней Азии” eseriniň III tomunyň 8-nji we 9-njy sahypalary).

Dykma serdaryň özüniň Rus harbylarynyň baştutanlary bilen ilkinji duşuşygy 1879-njy ýylyň awgust aýynyň 13-ine bolupdyr. Şol sapar ol Gyzylarwadyň hany Sopy han bilen bilelikde Türkmen wekilýetine ýolbaşçylyk edip, goşun sürüp gelýän Ruslary saklamak üçin gepleşik geçirmäge barypdyr.

“История завоевания Средней Азии” eseriniň III tomunyň 13-nji we 14-nji sahypalarynda M.A.Terentýew gepleşik geçirmäge baran Dykma serdar Ruslaryň tarapyna geçip, galany basyp almak boýunça degerli maslahatlary berendigini belläpdir. Ol Dykma serdaryň dönükligi barada ýazan setirlerini general Grodekowyň sözlerine salgylanyp, geň görmek bilen ýazypdyr. Çünki, Dykma serdar Ruslaryň tarapyna geçen bolsa onuň özüniň we ogly Akberdiň ýaraglaryny we atlaryny ellerinden almagyň, ony tussag etmegiň, ştabs-kapitan Ýakubowyň Dykmanyň sakalyndan çekip namysyna degmesiniň näme zerurlygy bolupdyr diýen sorag öz-özünden emele gelýär. General Terentýewiň bu meseläni geň görmesi ýene bir waka bilen bagly bolupdyr. Ol hem, Ruslar bilen gepleşige barmagynyň 3 gün öň ýany Börme obasy Ruslar tarapyndan talanyp, şol talaňçylykda alnan Dykma serdaryň emläginiň, atynyň gaýtarylyp berilmezligi bolupdyr.
1879-njy ýylyň awgust aýynyň 28-ine Rus goşuny Göktepe galasyna hüjüm edýär. Bu söweş Ruslaryň tüpeňlerini taşlap gaçmagy hem-de ýüzlerçe adamlarynyň hatardan çykarylmagy bilen tamamlanypdyr. Türkmenleriň meýletin goşuny yza çekilen Ruslaryň üstüne yzygiderli hüjüm edip, Ahalyň çäginden çykmaga mejbur edipdir. Yza çekilip barýan Rus goşuny Sentýabr aýynyň 8-ine Bendesene barypdyr. Şonda Dykma serdar we onuň bilen bilelikde gepleşige baran Sopy han, Akberdi hem-de Türkmen wekilýetiniň beýleki agzalary Ruslardan gaçmagy başarypdyrlar.

Dykma serdaryň we Sopy hanyň Ruslaryň arasynda bir aý töweregi wagt galmagy olaryň dönüklikde aýyplanmak meselesini has-da çylşyrymlaşdyrypdyr. Bu ikisiniň dönüklikde aýyplanmagy olaryň obadaşlaryna bolan ýigrenji döredip, Ruslary kowup barýan Türkmen atlylary tarapyndan Börme bilen Gyzylarwadyň talanmagyna getiripdir.

Bu meseläni aradan aýyrmak maksady bilen, Sopy han bilen Dykma serdar Nurberdi hanyň ýanyna baryp, Ruslaryň arasynda köp wagtlap bolmaklarynyň sebäplerini düşündiripdirler. Olar şol ýerde ötünç sorap, Ruslar bilen söweşjekdikleri barada kasam edipdirler. Garagan obasynda geçirilen maslahatda Nurberdi han Dykma serdara we Sopy hana ynanmagy jemagatdan haýyş edipdir. Maslahata gatnaşanlar Ruslar bilen urş etmegiň usullaryny diňe Dykma serdaryň bilýändigini göz öňünde tutup, Nurberdi hanyň haýyşy bilen ylalaşypdyrlar. Şondan soň Dykma serdar Ruslara dynç bermän, olaryň üstüne yzygiderli hüjümleri guramak boýunça öz hyzmatlaryny teklip edipdir. Şeýdip ol Ahaly Ruslaryň täze ýörişinden goramagy göz öňüne tutupdyr.

Garaganda bolan maslahatdan soň Dykma serdar öz töweregine esasan alamana gidip tejribe gazanan adamlardan atly topar ýygnap, Krasnowodskiň töwerendäki Ýomutlaryň üstüne alaman gurapdyr. Birnäçe şowly alamanlardan soň onuň baştutanlygynda gulluk etmek isleýänleriň sany artyp başlapdyr. Il arasynda öňa ynam artyp, harby hereketlere bolan täsiri ýokarlanyp başlapdyr. Nurberdi han ölenden soň Ruslaryň çozmak howpunyň artmagy bilen ilat Dykma serdara Ahala abanýan howpdan halas etjek serdar hökmünde garap başlapdyr.

Dykma serdaryň amala aşyrýan söweş üstünlikleri baradaky gürrüňler Rus goşununa ýaramaz täsirini ýetirýän eken. Şol sebäpden, Dykma serdaryň şöhratynyň artmagyny örän howply hasaplap, Skobelew Rus harbylarynyň arasynda onuň adynyň tutulmagyna gadaganlyk girizipdir.

1880-nji ýylyň iýul aýynyň 6-syndaky aňtawjylyk maksady bilen Skobelewiň Göktepä eden hüjüminden soň, taýýarlanan meýilnama laýyklykda Türkmenler Bendeseni, Bamyny we Hojagalany eýelemegi göz öňünde tutupdyrlar. Şonda Dykma serdar Merwden gelen Tekeleriň we Saryklaryň 600 sany atlysyna ýolbaşçylyk edip, Hojagalada ýerleşen Ruslaryň üstüne hüjümi gurapdyr. Türkmenler bu hüjümde Rus goşununyň üpjünçiligi üçin niýetlenen 720 baş goýunlary we 12 baş öküzleri olja edip almagy başarypdyrlar. (“История завоевания Средней Азии” eseriniň III tomunyň 115-nji sahypasy). Bu ýagdaý Dykmanyň serdar hökmünde diňe Ahalyň ilatynyň arasynda ykrar edilen bolman, başga ýerden gelen meýletin goşuny yzyna düşürmegi başarýan şahsyýetdiginden habar berýär.

1880-nji ýylyň awgust aýynda Bendesen geçelgesinde Dykma serdar öz nökerleri bilen Skobelewiň Türkiýeden getiren “Şeýnowa” atly ak atyny almagy başarypdyr. Ruslar bilen bolan şol çaknyşykda Dykma serdar boýnundan ýaralanypdyr. Öz atyny aldyran Skobelew şonda şeýle ýagdaýlaryň gaýtalanmazlygyny öz harbylaryna tabşyryp, ähli seresaplyklary göz öňünde tutmak boýunça ýörite görkezmeleri berýär. “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň II tomunyň 208-nji sahypasynda – Ýaraglanan garşydaşyň üstüne okdurylmaga taýýar baştutany bolan duşmanyň aýratyn üns berilmäge mynasypdygy baradaky Skobelewiň şol çaknyşykdan soň aýdan sözleri getirilipdir.

Dykma serdar Rus goşununyň üpjünçiligine ýardam edýän Kürtleri we Türkmenleriň beýleki tirelerinden bolan wekilleri Rus gullugynda hasap edip, olaryň üstüne yzygiderli alamanlary guraýan eken. Ol öz nökerleri bilen 1880-nji ýylyň oktýabr aýynyň 7-sine Bujnurtdan gelýän kerweniň üstüne çozup, 2000 baş goýun, 100 çuwal ýük olja almagy we Kürtlerden hem-de Nohurlylardan bolan 40 adamy ýesir etmegi başarypdyr. Kerwen goragçylaryndan 10 adam öldürilipdir. Galany bolsa Nohur obasyna gaçypdyrlar. Şonda Dykma serdar öz adamlary bilen Nohuryň ýerleşen jülgesiniň günorta tarapyny ýapypdyr. Dykma serdaryň Arçmandan çykan beýleki topary bolsa obanyň demirgazyk tarapyny ýapmak bilen, bu obany gabawa salyp, ähli Nohurlylaryň Göktepä göçmegini talap edipdir. Diňe podpolkownik Gaýdarowyň ýolbaşçylygyndaky atly we pyýada goşuny Nohurlylary goramak üçin gelenden soň Dykma serdar öz niýetinden el çekipdir.

Göktepe galasyny Skobelewiň goşuny gabawa alan wagty Dykma serdar galaň goragyna ýolbaşçylyk edipdir. 1881-nji ýylyň Ýanwar aýynyň 7-sine Ruslar ak baýdak galdyryp, gala goragçylaryna ýaraglaryny tabşyrmak we tabyn bolmak barada teklip edipdirler. Şonda Magtymguly hanyň öýünde maslahat geçirilipdir. Maslahatda Ruslaryň boýun egmek barada tekliplerini kabul etmegiň tarapdarlary hem tapylypdyr. Bularyň garşysyna Dykma serdar emele gelen ýagdaýda Ruslaryň bu teklibini kabul etmegiň giç bolandygy barada öz sözüni aýdypdyr. Bu sözleri esas edinip hem-de ýaş ýigitleriň urşuň dowam etdirilmegini talap edýändigini göz öňünde tutup, maslahata gatnaşyjylar Ruslaryň bu teklibini ret etmek barada karar kabul edipdirler.

Gala gabawda wagty Dykma serdaryň ogly Akberdi gala goragçylarynyň amala aşyran gijeki hüjümlerine gatnaşyp, wepat bolupdyr. Ýanwar aýynyň 7-sine ak baýdagyň galdyrylan güni Ruslar bilen Tekeleriň arasynda jesetleri aýyrmak barada ylalaşyk gazanylypdyr. Galaň daşynda galan jesetleriň arasynda Kerimberdi işanyň we Akberdiň jesetleri hem bar eken. Dykma serdaryň oglunyň we Kerimberdi işanyň jesetleri ýygnalanda gala goragçylarynyň bu merhumlara görkezen aýratyn hormaty “История завоевания Средней Азии” eseriniň III tomunyň 184-nji sahypasynda beýan edilipdir.

Göktepe galasy gabawda wagty oglunyň ölümini gören Dykma serdar gala synandan soň hem agyr günleri başyndan geçiripdir. Onuň 2000 atly ýigitlerini jemläp Merw şäheriniň goragyna goşulmak barada teklibini Merwliler kabul etmändirler. Hat-da, ony gorkaklykda aýyplap, galadan gaçyp gaýdan hasaplapdyrlar. Merwlileriň düşünjesine laýyklykda hakyky mertler gala goragynda wepat bolupdyrlar. (“История завоевания Средней Азии” eseriniň III tomunyň 213-nji sahypasy).
Merwlilerden goldaw tapmadyk Dykma serdar nohurly Molla Aly kazyň araçy durmagynda Skobelewe birnäçe hatlary iberipdir. Dykma serdar şol hatlarynda atyny we ýaragyny öz ygtyýarynda galdyrsalar Skobelewiň ýanyna barmaga we gulluk etmäge taýýardygy hem-de Skobelewiň Şeýnowo atly atyny gaýtaryp berjekdigi barada ýazypdyr. Bulardan başga-da ol özünden başga Tekeleriň arasynda hiç bir adamyň Ruslara zyýan berip biljeginiň ýokdugy barada ýazýan eken. Skobelewiň adyna ýazylan bu hatlaryň netijesinde Dykma serdara onuň günäsini geçmek barada söz berlipdir.

1881-nji ýylyň mart aýynyň 27-sine Skobelew Dykma serdary Aşgabatda kabul edip, onuň günäsiniň geçilýändigi barada yglan edipdir. Öňa şol ýerde milisiýanyň maýory çini berlip, aty we ýaraglary özünde galdyrylypdyr. Dykma serdara pul görnüşinde sowgatlar hem berilipdir. N.I.Grodekowyň “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň IV tomunyň “Отчет о расходе экстраординарной суммы, ассигнованной на Ахалтекинскую экспедицию 1880-1881гг” atly № 6 belgili goşundysynda Dykma serdara 1537,50 rubl möçberinde pul sowgady berlendigi bellenilipdir. Dykma serdar öz gezeginde Skobelewiň atyny gaýtaryp berip, ak patyşa gulluk etjekdigi barada kasam edipdir (“История завоевания Средней Азии” eseriniň III tomunyň 217-nji sahypasy).

Skobelew Dykma serdaryň Rus gullugyna geçmegini özi üçin uly üstünlik hasaplapdyr. General Terentýewiň ýazmagyna görä, Tekeleriň esasy baştutany hasaplanýan Dykma serdaryň Rus tarapyna geçmegi bilen “Ahalteke ekspedisiýasy” tamamlanypdyr. Göktepe galasynyň synandygyna garmazdan, Dykma serdaryň il arasyndaky abraýy hiç bir peselmändir. Ol Ahala gaýdyp baranyndan soň ony ýerli ilat uly hormat bilen garşylapdyr.

Rus gullugyna geçen badyna Dykma serdar Moskwany we Peterburgy görmegi isleg bildiripdir. Dykma serdaryň baran ýerinde ilat tarapyndan şowhun bilen kabul edilýäninden habarly bolan Skobelew ondan gyssagly ýagdaýda dynmak maksady bilen, Dykma serdaryň Russiýada kabul edilmegini mart aýynyň 31-ine telegraf arkaly haýyş edipdir. Şondan soň aprel aýyň 9-yna Dykma serdaryň we Tekeleriň birnäçe beýleki abraýly adamlarynyň Peterburga gelmegine ak patyşanyň rugsady berlipdir.

Peterburga gidip gelenden soň Dykma serdar türkmen wekilýetiniň ak patyşa tarapyndan kabul edilşi barada başda Aşgabatda, soňra bolsa Merwde köp gürrüň berýär. Russiýanyň beýikligi we kuwwaty barada aýdyp berýär. Tekeleriň geljekki ykbalynyň diňe özlerine baglydygyny, garşylyk görkezmeseler eşretli durmuşda ýaşajakdyklary barada düşündirýär. Harby gullukda bolany üçin ol Merwde köp eglenmän öz obasyna gaýdyp gelýär. Şol ýerde hem ol 1882-nji ýylyň Iýun aýynda aradan çykypdyr.

Dykma serdaryň geçen durmuş ýoly bilen tanyşanyňda şol döwürde Türkmen topraklarynda ýaşan adamlaryň dünýägaraýşy, olaryň ruhy gymmatlyklary barada düşünjeleriň emele gelmegine mümkinçilik döreýär. Onuň döwründe ýaşan Türkmenleriň hiç bir adama hasabat bermän, öz hereketlerine özleriniň karar berip ýaşandyklaryny görmek bolýar. Diňe zerurlyk çykanda ýa-da bähbit bar ýerinde olar başga birine tabyn bolupdyrlar. Türkmenler özleri barada: “Hakyky Türkmen ne agajyň kölegesine ne-de häkimýetiň penasyna mätäçdir” diýýän eken. Olar biziň düşünjämizde bar bolan düzgün-tertibe esaslanýan döwletiň garamagyndaky adamlaryň durmuşunyň ýerine alamanlar bilen bagly howply erkin durmuşy saýlap ýaşapdyrlar.

Şol döwrüň Türkmenleri maldarçylyk we ekerançylykdan başga Eýranyň, Owganystanyň goňşy welaýatlaryna, Hywa we Buhara taraplara alamana gitmek bilen güzeran görýän eken. Kä halatlarda olar dawaly meseleleri bahanalap, öz kowumdaşlarynyň üstüne alamana gitmekden hem çekinmeýän eken. Şonuň üçin Türkmenleriň tire-taýpalarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň dawasyz bolan wagtlary az bolupdyr.

Uly möçberdäki guramaçylykly talaňçylyga alaman, ýeke-täk adamlar tarapyndan edilýän garakçylyga galtamançylyk diýlip atlandyrylypdyr. Türkmenler alamana ýöne bir gazanç etmek maksady bilen däl-de, urşujyň abraýyna hem-de batyr adyna eýe bolmak üçin gidipdirler. Bu kär jemgyýet tarapyndan ýazgarylmaýan eken. Onuň tersine halk arasynda bu käre edermenligi, batyrlygy, gaýratlylygy döredýän pişe hökmünde garalypdyr.

Ösen jemgyýetleriň adamlarynyň gözi bilen garanyňda Türkmenleriň alamançylyk bilen bagly durmuşyny, ol rehimsizligi aklamak mümkin däldigini görýäris. Alamançylygyň şol döwürde güzeran görmegiň adaty görnüşine öwrülmeginiň sebäplerine düşünmek üçin Türkmenleriň ýaşaýan şertlerini öwrenmeli bolýar. Ekerançylygyň ösmegi üçin ýeterlik derejede suw serişdeleriniň ýoklugy, gurak ýyllaryň bolmagy bilen bagly maldarçylykdaky kynçylyklar, öndüriji güýçleriň ösüş derejesiniň pesligi Türkmen topraklarynda ýaşamak mümkinçiliginiň agyr ýagdaýyny şertlendiripdir. Tebigatyň agyr şertleri, suw ýetmezçiligi Türkmenlere ýaşaýan ýerlerini taşlap, göçmäge mejbur edýän eken. Uzboýyň suwunyň azalmagy hem-de gazaklar tarapyndan Türkmenleriň Maňgyşlakdan gysylyp, çykarylmagy sebäpli XVIII we XIX asyrlarda Türkmen obalarynyň uly böleginiň göçüp, Köpetdagyň eteklerine, Murgap derýasynyň kenarlaryna ýerleşmegi muny tassyk edýar. Suw ýetmezçiligi Tekeler bilen saryklaryň arasynda ençeme ýyllaryň dowamynda dawaly ýagdaýlaryň döremegine sebäp bolupdyr.

Türkmenleriň ýaşaýyş şertleriniň agyrlygy goňşy bolup ýaşaýan beýleki milletler tarapyndan abanýan howp bilen hem bagly bolupdyr. Goňşy döwletler Türkmenleriň ýaşaýan topraklaryna goşun sürüp, olary öz raýatlaryna öwürmäge çalşypdyrlar. Döwleti bolmadyk erkin ýaşap ýören Türkmen tireleri şeýle ýagdaýda jemlenşip, duşman bilen uly söweşleri edipdirler. Tekeler 1855-nji ýylyň Mart aýynda Sarahs galasyny gorap, Hywa hany Mädemin hanyň goşununy derbi-dagyn edipdirler. 1861-nji ýylda 33 sany topy, 13 müň pyýada, 10 müň atly goşuny bilen Merwe gelen Eýran leşgerleri bilen söweşen Tekeler urşda ýeňiş gazanyp, duşmanyň toplaryna eýe çykypdyrlar, esgerlerini ýesir edipdirler. Şol söweşden soň Hywa we Buhara şäherleriniň bazarlarynda ýesir düşen parslar 7,5 rubl bahadan satylypdyr (“История завоевания Средней Азии” eseriniň III tomunyň 2-nji sahypasy). 1868-nji ýylda Garrygalaň golaýyndaky Monjuk depede bolup geçen söweşde Nurberdi han Tekelerden we Gökleňlerden jemlenen nökerlere baştutanlyk edip, Bujnurdyň hany Japarguly hanyň goşununy derbi-dagyn edipdir. Tekeleriň Göktepe söweşindäki ady belli mis topy Monjuk depedäki çaknyşykda olja edilip, Eýranlylaryň ellerinden alnypdyr.

Tebigatyň ilaty eklemek mümkinçiliginiň çäkliligi, urş şertlerinde ýaşamak Türkmenlerde adamyň janyna ähmiýet bermezlik häsiýetleriň emele gelmegine, olarda rehimsizligiň kada öwrülmegine getiripdir. Şol döwürde bu häsiýetler goňşy bolup ýaşaýan milletlerde hem şeýle eken.

Türkmen topraklaryndaky ýaşaýşyň agyr şertleri Türkmenleriň köp bölegini alamançylyk bilen meşgullanmaga iteripdir. Şol bir wagtda alamançylyk Türkmenlerde batyrlygy, gaýduwsyzlygy, söweşjeňligi terbiýeläpdir. Olaryň arasyndan köpçüligiň öňüne düşüp bilýän serdarlary çykarypdyr. Şeýle serdarlaryň biri hem Dykma serdar bolupdyr.

Dykma serdaryň suraty (“Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň II tomunyň 192-nji sahypasy)

Dykma serdar Rus basybalyjylaryna garşy alyp baran göreşinde alamanlarda gazanan söweş tejribesinden netijeli peýdalanmagy başarypdyr. Ol ömrüniň on ýylyny bu göreşe bagyş edip, Göktepe galasynyň goragçylarynyň baştutany bolupdyr. Emma şeýle-de bolsa gala synandan soň käbir şertleriň täsiriniň netijesinde köp ýyllaryň dowamynda göreşen duşmanyna onuň gulluk edip başlandygyny görýäris. Ol Rus gullugunda bolan wagty Russiýanyň beýik we kuwwatly döwletdigi, Ruslara garşylyk görkezmeseler Türkmenleriň eşretli durmuşda ýaşajakdyklary barada düşündiriş işlerini ilat arasynda geçirýän eken.

Ruslary diňe ady bilen eýmendiren Dykma serdaryň sözüň doly manysynda ak patyşa gulluk edip başlamagyny Skobelewiň “Aziýalylary diňe ýeňsesine urmak bilen çäklenmän, olaryň aňyna täsir etmelidir” diýen sözleriniň durmuşa geçirilmeginiň netijesi diýip hasap edip bolar. Göktepe galasynyň synmagy, gala goragçylarynyň gyrgyna berilmegi, ogly Akberdiň öldürilmegi Dykma serdar üçin “ýeňsesine urulmak bolupdyr”. Dykma serdaryň Russiýa äkidip-getirilmegine, oňa Peterburg şäheriniň, ondaky köşkleriniň görkezilmegine, onuň ak patyşa tarapyndan kabul edilmegine bolsa “Aňyna täsir etmek” diýip düşünmek bolar. Çünki, Orta Aziýa we Eýranyň çäklerinden çykyp görmedik Dykma serdaryň aňynda Rus imperiýasynyň ähli baýlygy jemlenen ýerleri görmek uly täsir galdyrypdyr. Şol täsiriň netijesindede ol Rus imperiýasynyň syýasatynyň wagz edijisine öwrülüpdir.

Skobelewiň “Aziýalylary diňe ýeňsesine urmak bilen çäklenmän, olaryň aňyna täsir etmelidir” diýen sözleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýänini biziň şu günlerimizde hem görmek bolýar. Rus dikmeleriniň Türkmenistanda alyp barýan syýasaty bilen ylalaşmaýan adamlaryň türmelere basylmagy, olaryň yzarlanmagy hem-de öz ýurtlaryny taşlap, ýat ýurtlara göçüp gitmäge mejbur edilmegi “ýeňsesine urmak” syýasatynyň amal edilmeginiň mysalydyr. “Aňyna täsir etmek” syýasaty bolsa telewideniýede, radioda, gazetlerde häkimýetiň syýasatyny wagz etmek arkaly durmuşa geçirilýär. Alnyp barylýan bu işleriň netijesinde Türkmenistanyň ilatynyň uly bölegi şu güne çenli “Rus dünýäsiniň” täsiriniň astynda galmagyna dowam edýär.

Açar sözler:

Komentariýalar

  1. Merdan Meredov

    2 years ago

    Türkmeniñ Ýigit ogly, mejbury rus pogon
    dakynmaly boldy.Suratda, ahmyr edýäni görünýär.Ogly Oraz serdar hem gyzyl ruslaryñ garşysyna söveşdi.

  2. Garagum çöli

    2 years ago

    Mert adam bolan ekeni. Biz bu taryhy hiç ýerde okap görmedik. Ýazyja ullakan sag bolsun aýdýan!

Komentariýa ýaz

Your email address will not be published. Required fields are marked *