– Türkmen topraklaryna ruslaryň ornaşmagy bilen, häkimiýet astynda ýaşamaga öwrenişmedik türkmenleriň belli bir böleginiň öz ýurtlaryny terk edip göçüp gitjekdigi, ýene bir böleginiň öz topraklaryny gelmişeklere goýup, çöllerdäki çopanlaryň durmuşuny saýlajakdygy…
Rus goşununyň Türkmen topraklarynda ornaşmagy 1869-njy ýylyň ahyrynda Krasnowodsk aýlagynyň kenarynda polkownik Stoletowyň baştutanlyk etmegindäki bir otrýadyň ýerleşmegi bilen başlanypdyr. 1871-nji ýylda polkownik Stoletowyň ýerine Krasnowodsk otrýadynyň komandiri wezipesine podpolkownik Markozow bellenilýär. Markozow bellenenden soň Çekişler obasynda ýene bir Rus harby gornizony emele getirilipdir. Ilkinji harby gornizonlar gurlandan soň Rus imperiýasynyň Ahalyň çäklerine aralaşmasyna 10 ýyl gerek bolupdyr. Rus harbylary şol ýyllary Ýomutlar, Gökleňler, Tekeler bilen çaknyşyklarda geçiripdirler. Şol çaknyşyklar barada, şeýle hem Türkmen obalaryny talamak, ýerli ilata garşy zulum etmek bilen Ruslaryň bu topraklarda ornaşyşy barada general M.A.Terentýewiň “История завоевания Средней Азии”, N.I.Grodekowyň “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” we “Хивинский поход 1873 года” eserlerinde jikme-jik beýan edilipdir.
Ahaly eýelemegi çaltlaşdyrmak maksady bilen, 1879-njy ýylda 1-nji harby “ekspedisiýa” taýýarlanýar. Rus goşununyň komandiri wezipesine Karsyň gahrymany ady bilen tanalan general-adýutant Lazarew bellenilýär. “Ekspedisiýa” gatnaşan goşun döwrebap toplar, tüpeňler we beýleki ýaraglar bilen ýeterlik derejede üpjün edilipdir. Bu “ekspedisiýanyň” öňünde goýlan wezipeleri gysga wagtda amala aşyrmak maksady bilen, Rus-Türk urşunda uly abraýa eýe bolan Kawkaz goşunlary gatnaşdyrylýar. A.N.Kurapatkinyň “Завоевание Туркмении” eseriniň 98-nji sahypasynda – 1-nji harby “ekspedisiýa” üçin Zakaspiý ülkesinde 17,5 batalýonlaryň, 20 sany eskadronlaryň jemlenendigi hem-de olaryň adam sany 12 000, top sany 34 we at sany 4230 ybaratdygy bellenilýär.
Rus goşuny serkerdeler bilen hem doly üpjün edilipdir. Bu goşunyň diňe generallar düzüminde dört adam bolup, bu düzüm general-adýutant Lazarewden, general-maýor Lomakinden, general-maýor graf Borhdan we general-maýor Zeýn-Witgelşteýn-Berleburgdan ybarat bolupdyr. Aňrybaş ýaraglanan goşununa daýanyp, Türkmenleri urşsyz boýun egdirip biljekdiklerine ynanan general Lazarew Tekelere bu barada yglan haty iberipdir. Boýun bolmagyň ýerine Tekeler alty sahypadan ybarat bolan yglan haty ýazylan kagyzlary tüpeňlerini ok bilen doldurmakda ulanypdyrlar. Tekeleri urşsyz boýun egdirip bilmedik Lazarew karbunkul keseli bilen kesellemeginiň netijesinde Göktepä ýetmän yzyna gaýdypdyr. Awgust aýynyň 14-ine ol Çat obasynda aradan çykypdyr. Şondan soň “ekspedisiýa” ýolbaşçylyk etmek wezipesi general-maýor Lomakine geçipdir.
Ýeňiş şöhratynyň eýesi bolmaga howlugyp, general Lomakin awgust aýynyň 28-ine Göktepe galasyna hüjüm edýär (şol wagtlar galaň gurluşugy doly tamamlanmadyk ýagdaýynda bolup, içindäki gara öýler görünýän eken). Galaň goragçylarynyň söweş tälimlerini doly öwrenip ýetişmedik Ruslar garaşylmadyk ýagdaýa duçar bolupdyrlar. “История завоевания Средней Азии” eseriniň III tomunyň 24-nji sahypasynda – Tekeleriň gaýduwsyzlygyny, batyrlygyny görüp, Rus serkerdeleriniň we esgerleriniň aljyraňly ýagdaýa düşendikleri bellenilýär. Ruslar bu ýerde Taşkent şäheriniň basylyp alnyşyna meňzeş bir tejribäniň gaýtalanmagyna garaşypdyrlar. Taşkentde şäheriň goragçylarynyň sany 200 müň adamdan ybarat bolup, 1,5 müň Rus esgerine garşy durup bilmändigi üçin Ruslar olary “halatniki” diýip atlandyrypdyrlar. Göktepede bolsa Tekeleriň görkezen garşylygy görüp, Ruslaryň aňkasynyň aşandygy bellenilýär.
Ruslar bu söweşde ýeňilendiklerini bilip, uly ýitgilere sezewar bolup, gelen ýerlerine gaýtmaly bolýarlar. Şol söweşde Tekeleriň eline düşen Rus tüpeňleriniň sanynyň Ruslaryň ýaralanan we ölen esgerleriniň sanynynyň jeminden 200 sany köpdügini hasaplap, Ruslaryň aljyraňly ýagdaýda tüpeňlerini taşlap gaçandyklary barada awtor şol sahypada netije çykarýar.
Şu ýerde, ýaraglaryny, ölen we ýaralanan esgerlerini taşlap aljyraňly ýagdaýda gaçanlaryň general Lomakinyň baştutanlygyndaky Kawkaz goşunlarydygyna üns bermek gerek. Çünki, Lomakin Hywa ýörişinde Mangyşlak otrýadyna ýolbaşçylyk edip Gazaklar, Özbekler we Mangyşlak we Hywa arasynda ýaşaýan beýleki milletler bilen bolan çaknyşyklarda uly tejribe gazanan serkerde hökmünde tanalypdyr. Kawkaz goşunlarynyň esgerleri bolsa Türkler bilen söweşlerde uly abraýa eýe bolan harbylardygyny bellemek gerek. Diýmek, bu Rus goşuny öz tejribesindäki hiç bir söweşlerinde-de Göktepedäki ýaly batyr we gaýduwsyz duşman bilen garşylaşyp görmandigi barada netije çykarmak bolýar. “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň I tomunyň 150-nji sahypasynda Lomakinyň bu söweş barada ýazan habarnamasyndan getirilen sözler berilipdir. Şol habarnamada ol
“Diňe ölüm Türkmenleri goranyşy bes etmäge mejbur edýärdi”
diýip belläpdir.
General Annenkow
Ruslar bu ýeňilşiň esasy sebäbiniň taýýarlyk, üpjünçilik işleriniň pes derejede bolandygy barada netije çykaryp, ikinji harby “ekspedisiýa” taýýarlyk görüp başlapdyrlar. N.I.Grodekowyň “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň I tomunyň 231-nji sahypasynda ikinji “ekspedisiýa” üçin niýetlenen diňe Hazar deňziniň üsti bilen daşalmaly ýüküň agramynyň 2 000 000 put (32 000 tonna) ýetýändigi, şol ýükleri daşamak hem-de ýerleşdirmek işini guramak general Annenkowa tabşyrylandygy beýan edilýär. Bulardan başga bu “ekspedisiýa” üçin Eýranyň Göktepä golaý obalarynyň birinde 146 000 put (2380 tonna golaý) mukdarda azyk önümleriniň goşmaça ätiýaçlyk gory emele getirilipdir (A.N.Kurapatkinyň “Завоевание Туркмении” eseriniň 212-nji sahypasy). Ruslar bu “ekspedisiýa” gatnaşýanlaryň azyk üpjünçiligi meselesini üns merkezinde saklamaga çalşypdyrlar. Munuň üçin azyk bilen üpjünçiliginiň has gowulandyrylan “deňizçileriň azygy” atly görnüşini ulanypdyrlar. Esgerleri täze çörek bilen gündelik üpjün etmek maksady bilen, harby birikmeleriň bar ýerlerinde çörek bişirilýän ýerleri gurapdyrlar. N.I.Grodekowyň “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň I tomunyň 250-nji sahypasyndaky – adamlary bolelin iýmitlendirmek, artyk alnyp, iýilmän zaýalanýan azyga gynanman hasapdan öçürmek hakynda karar kabul edilendigi barada ýazylan setirler hem muny tassyk edýär.
“История завоевания Средней Азии” eseriniň III tomunyň 41-nji sahypasynda – “Orta Aziýada guralan “ekspedisiýalarynyň” hiç biriniň hem Göktepe urşundaky ýaly gerekli serişdeler bilen üpjün edilen däldigi” barada general M.A.Terentýewiň ýazan sözleri getirilýär. Hakykatdan hem, şol şertlerde göz öňüne getirmesi kyn bolan buz öndürüji maşynlar, esgerleri temmäki we temmäki üçin gaplar, limon bilen üpjün etmek ýa-da düýelere un bermek ýaly meseleleri hem ruslar çözmegi başarypdyrlar. Bu barada “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň IV tomunyň Goşundusynyň 105-nji sahypasynda – Rus goşuny üçin gerek bolan beýleki üpjünçilik serişdeleri bilen bir hatarda buz öndüriji maşynlaryň ulylaryndan 3 sanysynyň we elde işledilýän kiçilerinden 30 sanysynyň, 4000 sany limonlaryň, 1000 put temmäkiniň, 1500 sany temmäki gaplarynyň iberilendigi ýazylýar. Şol eseriň II tomunyň 51-nji sahypasynda bolsa – ähli ýolbaşçylara düýelere ideg edilşini üns merkezinde saklamak, olara kesgitlenen mukdarlarda ot-çöpden daşary unyň berilmegi Skobelew tarapyndan tabşyrylandygy beýan edilipdir.
Howa yssy wagty üçin niýetlenen buz öndürüji maşynlar bilen üpjün etmegi başaran Ruslar, gyş paslyna hem ýokary derejede taýýarlykly bolupdyrlar. Rus goşuny çadyrlar, gyş üçin niýetlenen egin-eşikler, aýakgaplar bilen doly üpjün edilipdir. “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň III tomunyň 129-njy sahypasyndaky – Rus goşununyň alyp baran hiç bir urşunda-da gyş üçin üpjünçiliginiň Göktepe urşundaky ýaly bolmandygy baradaky setirler muny tassyk edýär.
Goşun üpjünçiliginiň möhüm bir bölegi bolan gospital üpjünçilik tabeline hem ikinji “ekspedisiýa” üçin ýörite üýtgetmeler girizilipdir. Hassalary mümkin boldugyça mydama täze süýt bilen üpjün etmek talap edilipdir, Şwesariýanyň goýaldylan süýdi tabele girizilipdir. Iýmitiň dürlüligini gazanmak we tagamyny gowulandyrmak üçin zerur bolan azygyň görnüşleri kesgitlenipdir. Bulara gök otlardan bolan konserwalar, hren, kişdelenen miweler, hoşroý ysly guradylan otlar, ekstragon, maioran, Martensiň klýukwa ekstrakty degişli edilipdir. Şeýle hem, serkerdeler üçin şol sanawa kofe, kakao we şokolad goşulypdyr (“Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň I tomunyň 264-nji sahypasy).
Gospital üpjünçilik tabelinde ýer alan serişdeleriniň atlaryny okanyňda olaryň köp ýurtlaryň XXI asyra degişli goşun üpjünçiliginde hem bardygyny göz öňüne getirmek kyn. Rus goşununyň gospital üpjünçilik tabelinde bellenen azygyň mukdarlaryny üýtgetmezden, bu sanawa ýerli şertlerde peýdaly hasaplanyp, spirtli içgiler bolan gyzyl şerap, konýak, heres, wermut goşulupdyr (“Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň IV tomunyň 316-njy sahypasy). Lukmançylyk serişdelerine salisil kislotasy, katehu, Alpespeýr plastyri, amigdalin, ergotin, muskus, hoşroy ysly parafin ýagy, Doweri tozy, suwsyzlandyrylan 90% spirt, wazemin, weratriniň we ş.m. goşulandygy, şeýle hem tirýegiň, kastor ýagynyň, gummi-arbikanyň we kükürtli atropinyň mukdarlarynyň artdyrylandygy şol eseriň IV tomunyň 319-njy sahypasynda bellenilýär. Şeýle hem, Ruslaryň lukmançylyk punktlarynyň çaý, şeker bilen bir hatarda arak, konýak, rom we kofe bilen üpjün edilendigi barada şol eseriň IV tomunyň 359-njy sahypasynda ýazylypdyr.
Esgerleriň saglyklaryny dikeltmek bahanasy, şeýle hem olary höweslendirmek maksady bilen, Skobelewiň tabşyrygyna laýyklykda Rus goşununyň esgerleri Astrahan we Baku şäherlerinden getirilen jelepler bilen hem üpjün edilipdir. Jelepler bilen üpjün etmek meselesiniň örän möhüm wezipeleriň biri hasaplanylýandygy hem-de olaryň harby birikmelerinde ýeterlik derejede bolmalydygyny gazanmak barada Skobelewiň sözleri “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň II tomunyň 120-nji 121-nji sahypalarynda getirilipdir. “История завоевания Средней Азии” eseriniň III tomunyň 57-nji sahypasynda bolsa, esgerleriň dynç alýan wagtlarynda ýürekleri gysmaz ýaly goşmaça serişdeleriň hasabyna harby birikmeleriniň sanyna görä dürli görnüşdäki pökgi, kegel ýaly oýun esbaplaryny, teatr sahnalarynyň serişdelerini satyn almaly edilendigi barada ýazylypdyr.
Ikinji harby “ekspedisiýa” üçin zerur bolan serişdeleri Göktepä golaý bir ýerde jemlemek maksady bilen, Ruslar esasy ammarlaryny Bamy obasynda ýerleşdiripdirler. Şol ammarlardan Rus goşuny ýarag, azyk we beýleki serişdeler bilen üpjün edilipdir. “История завоевания Средней Азии” eseriniň III tomunyň 121-nji sahypasynda – Bamydaky ammarda her bir tüpeň üçin niýetlenen oklaryň sanynyň 300 mukdarynda jemlenendigi we esgerleriň ýerlerdäki ok üpjünçiligini goşanyňda her bir tüpeň üçin niýetlenen oklaryň sanynyň 420-480 mukdarynda üpjün edilendigi ýazylýar.
Göktepe söweşi tamamlanandan soň general-maýor Wasilýewiň ýolbaşçylygynda ýörite topar döredilip, söweşiň netijeleri boýunça seljeriş işleri geçirilipdir. Şonda öldürilen Teke-türkmenleriň 8000 adam sanyndan ugur alyp hasaplananda her bir Tekäni öldürmek üçin 590 sany tüpeň oky we 2,5 top okynyň harç edilendigi hasaplanyp çykarylypdyr. General M.A.Terentýew “История завоевания Средней Азии” eseriniň III tomunyň 223-nji sahypasynda şulary beýan etmek bilen, munuň ägirt uly mukdardygyny belläpdir.
“Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň III tomunyň 82-nji sahypasynda 1880-nji ýylyň dekabr aýynyň 1-ne çenli Bama Türkestan otrýadyndan 4 sany uzak ara atýan toplaryň, 10 sany mortirleriň we 2 sany dag toplarynyň goşmaça getirilendigi hem-de şonuň netijesinde galany hüjüm etmek üçin 97 sany toplaryň jemlenendigi bellenilipdir. Ruslaryň şol 97 sany toplarynyň garşysyna çykarylan 1 sany mis topy bilen tekeler Göktepe galasy synýança söweşmäni başarypdyrlar. Galaň gabawunyň soňky günlerinde top oklaryny ýasamaga demir tapylmandygy üçin Tekeler şol mis topdan keçä dolanan daşlar bilen atypdyrlar. (Maglumat üçin: bu top 1868-nji ýylda Garrygalaň golaýynda Monjuk depede bolup geçen söweşden galan olja. Bu söweşde Nurberdi han tekelerden we gökleňlerden jemlenen nökerlere baştutanlyk edip, Bujnurdyň hany Japarguly hanyň goşununy derbi-dagyn edipdir.)
Birinji “ekspedisiýadaky” bolşy ýaly Rus goşununyň esasy düzümi Kawkaz goşunlaryndan ybarat bolupdyr. Bulardan daşgyn Orenburg we Türküstan harby okruglarynyň esgerleriniň belli bir bölegi hem bu “ekspedisiýa” gatnaşypdyr. “История завоевания Средней Азии” eseriniň III tomunyň 85-nji sahypasynda – Orenburgdan getirilýän düýeleriň goragyny üpjün eden Orenburg harby okrugunyň 5-nji polkunyň 300 esgeriniň Krasnowodskide galdyrylyp, bu “ekspedisiýa” goşulandygy ýazylýar.
Türküstan harby okrugunyň harbylary bolsa Ahalyň topraklaryny basyp almak işine birnäçe otrýad bolup gatnaşypdyrlar. Olardan birinjisi polkownik Kurapatkinyň ýolbaşçylygyndaky otrýad gönüden-gönü Göktepe galasynyň hüjümine gatnaşypdyr. Ikinji otrýad bolsa Amyderýaň akabasyny Hazar deňzine öwürmek mümkünçiligini öwrenmek maksady bilen guralan ylmy ekspedisiýany goramak üçin emele getirilipdir. “Ylmy” diýlip atlandyrylsada şol ekspedisiýanyň düzümünde hiç bir alymyň bolmandygy, şeýle hem onuň asyl wezipesiniň demigazyk tarapdan Tekelere ýardama geljekleriň öňüne böwet bolmak üçindigi “История завоевания Средней Азии” eseriniň III tomunyň 129-njy sahypasynda beýan edilipdir. Ylmy ekspedisiýa general-maýor Gluhowskoý ýolbaşçylyk edipdir. Bulardan başgada Türküstan harby okrugunyň ýene bir otrýady Çärjew tarapyndan Merw şäherine hüjüm etmäge taýýar edilip goýulypdyr. Bu otrýad Skobelewiň haýyşy boýunça Türküstan harby okrugunyň komanduýuşisi general-adýutant Kaufman tarapyndan emele getirilýär. Çärjewden Merw şäherine ediljek hüjüme taýýarlanyp, Merwiň Tekeleriniň Ahalyň Tekelerine kömege barmazlyklaryny gazanmak şol otrýadyň ýerine ýetirmeli wezipesi bolupdyr.
Ruslaryň amala aşyran bu işleriniň netijesinde Ahalyň Tekeleriniň çykgynsyz ýagdaýa düşürilendigi barada netije çykarmak bolýar. Çünki Hazar deňzi tarapyndan Kawkaz goşunlarynyň, häzirki Daşoguz we Lebap welaýatlary tarapyndan Türküstan harby okrugunyň otrýadlarynyň, Eýran tarapyndan bolsa Ruslar bilen dildüşük edip Tekeleri öz çäklerine goýbermeýän Eýranlylaryň bilelikdäki hereketleriniň netijesinde Ahalyň Tekeleri gabalan ýagdaýa getirilipdir. Merwiň Tekeleriniň arasyna göçüp barmagyň hem mümkinçiligi bolmandyr. Sebäbi Ahalda bugdaý ekinleriniň Ruslar tarapyndan ýakylmagy, Eýranda Tekelere bugdaý satmagyň gadagan edilmegi Merwde açlyk bolma mümkinçiligini emele getiripdir.
Bu işleriň strategiýasyny taýýarlamak ikinji “ekspedisiýa” gatnaşan serkerdeler düzümine degişli bolupdyr. Bu “ekspedisiýanyň” generallar düzümine Zakaspiý ülkesinde hereket edýän goşunyň wagtlaýyn-komanduýuşisi wezipesindäki general-adýutant Skobelew, onuň ştabynyň naçalnigi general-maýor Grodekow (1880-nji ýylda general-maýor çini berlipdir), general-maýor Petrusewiç (1880-nji ýylyň dekabr aýynyň 23-inde galaň goragçylary tarapyndan öldürilýär), harby ýollaryň naçalnigi wezipesinde bolan infanteriýa generaly Annenkow(1880- nji ýylyň dekabr aýynyň 18-ine Ýaňgala söweşinde ýaralanýar), general-maýor Bronewskoý (Etrek ugruna jogapkär edilip bellenen) degişli bolupdyrlar. Türküstan harby okrugunyň komanduýuşisi general-adýutant Kaufman we general-maýor Gluhowskoý ikinji “ekspedisiýa” gatnaşmasalarda onuň öňünde goýlan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegine giňden ýardam berendiklerini bellemek gerek. Bu “ekspedisiýa” gatnaşmagy özlerine abraý bilip, Rus imperiýasynyň harby ministriniň gyzy Milýutina (şepagat uýasy wezipesini ýerine ýetripdir), Türküstan harby okrugunyň komanduýuşisiniň ogly Kaufman (ştabs-rotmistr harby çininde) Göktepe galasyny basyp almak işine öz goşantlaryny goşupdyrlar.
Rus goşununyň harby lukmanlar bilen hem ýeterlik derejede üpjün edilendigini bellemek gerek. 1880-nji ýylyň ahyrynda 1881-nji başynda otrýadyň düzüminde lukmanlaryň 44 sanysy, feldşerleriň 84 sanysy, farmaseftleriň 16 sanysy bolup, harby düzümiň her 356 harbylaryna 1 lukmandan, her 180 harbylaryna 1 feldşerden, her 1325 harbylaryna 1 farmaseftden ýetýändigi barada “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň IV tomunyň 334-nji we 335- nji sahypalarynda bellenilipdir. Ady bellenen eseriň bu sahypalarynda berlen maglumatlardan peýdalanyp, ikinji “ekspedisiýa” gatnaşan harbylaryň sanyny çykarmak bolýar. Şunda, 44 sany lukmalaryň sanyny 356 köpeltmek bilen 15664 adam, 84 sany feldşerleriň sanyny 180 köpeltmek bilen 15120 adam, 16 sany farmaseftleriň sanyny 1325 köpeltmek bilen 21200 adamdan ybarat bolan Rus otrýadynyň harby düzüminiň biri-birine ters gelýän sanlary orta çykýar. Bu maglumatlarda ýalňyşlyk bolmak mümkinçiligini göz öňünde tutup, şeýle hem şol eseriň IV tomunyň 357-nji sahypasynda ikinji “ekspedisiýadaky” Rus otrýadynyň adam sanynyň 14000 diýlip bellenendigini nazara alyp, bu otrýadyň harby düzüminde azyndan 14 müň adamyň bolandygy barada çak etmek bolýar. Sany müňlerçe bolan bu harbylaryň üpjünçiligine Ruslaryň armiýasynda intendanstwo diýlip atlandyrylýan gulluk jogap beripdir. Rus goşununyň bu gullugynyň alyp barýan işinde ogurlyk, korrupsiýa ýaly kanunbozmalar yzygiderli ýüze çykarylypdyr. M.A.Terentýewiň “История завоевания Средней Азии” eseriniň III tomunyň 60-njy sahypasynda – Rus goşununy azyk, egin-eşik, ýangyç, ulag we beýleki serişdeler bilen üpjün edýän gulluklarynda ogurlygyň, korrupsiýanyň ösendigi barada ýazylýar. Skobelewiň buýrugy bilen geçirilen derňew işiň netijesinde magazin wahtýorynyň öýüniň howlusynda 685 put (11 tonna golaý) ogurlanan ýarmanyň tapylandygy bellenilýär. Şeýle hem, magazin işgärleriniň, poruçik Trirogowyň, podpolkownik Şerbinyň kazyýet jogapkärçiligine çekilendigi ýazylýar
Şol eseriň III tomunyň 61-64-nji sahypalarynda üpjünçilik gulluklaryň hili pes harytlary ýokary hilli ýazyp, gymmat bahadan satyn almak, azyk harytlaryň käbir görnüşlerine suw goşup, agramyny artdyrmak, dildüwüşlik etmek bilen, emeli gytçylygy döredip, gymmat bahadan satyn almak we ş.m. kezzaplyk usullary ulanýandyklary ýazylypdyr. Artdyrylan, ogurlanan harytlary bolsa söwdagär Ermenileriň dükanlarynyň üsti bilen ýerlenilýändigi barada ýazylypdyr.
“Ахал-текинская экспедиция генерала Скобелева в 1880-1881 г.г.” eseriň 37-nji sahypasynda – telegraf aragatnaşygyny guramak üçin goýberilýän pul serişdelerini “tygşytlamak” maksady bilen, Rus goşuny Sumbar derýasynyň kenarynda ösýän ýarym asyr ýaşan agaçlary kesip, olary telegraf diregleri hökmünde ulanandyklary we şonuň netijesinde bu ýeriň tebigatynyň ýok edilýändigi beýan edilipdir.
Şol eseriň 89-njy sahypasynda – intendanstwo diýlip atlandyrylýan üpjünçilik gullugynyň gullukçylarynyň edýän ogurluklarynyň “ekspedisiýanyň” işine ýetirýän zyýanyny göz öňünde tutup, kitabyň aftory harby lukman A.W.Şerbak bu gullugy ähli harby kompaniýalaryň içerki duşmany hasaplap, ony iriňläp duran ýara deňäpdir. Şeýle hem, eseriň bu sahypasynda ol intendanstwo gullugyny wampirler guramasy diýip atlandyrypdyr.
Ýokarda ady bellenen eserlerden ruslaryň türkmen topraklaryna özleriniň ogurlyk, kezzaplyk, korrupsiýa bilen bagly adatlary bilen gelendikleri barada netije çykarmak bolýar. Rus gullukçylarynyň ýerli ilat bilen işleşmeginiň netijesinde kezzaplyk, ogurlyk adatlary Türkmen jemgyýetinde hem ornaşdyrylypdyr.
N.I.Grodekow “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň I tomunyň 87-nji sahypasynda – Türkmen topraklaryna ruslaryň ornaşmagy bilen, häkimiýet astynda ýaşamaga öwrenişmedik türkmenleriň belli bir böleginiň öz ýurtlaryny terk edip göçüp gitjekdigi, ýene bir böleginiň öz topraklaryny gelmişeklere goýup, çöllerdäki çopanlaryň durmuşuny saýlajakdygy, ýene bir böleginiň bolsa ýok bolup gitjekdigi barada öz pikirini beýan edipdir. Şeýle hem, Rus häkimiýetine boýun bolup ýaşajak Türkmenleriň gylyk häsiýetlerinde düýpli üýtgeşmeleriň boljakdygy barada öz çaklamalaryny getiripdir.
Ýeri gelende şu ýerde awtoryň şol eseriň I tomunyň 85-nji sahypasynda ýazan sözlerini getireli. Ol bu sahypada – Türkmen jemgyýetinde ogurlyk masgaraçylykly jenaýat hasaplanyp, bu jenaýat üçin ölüm jezasynyň berilýändigi barada ýazýar. Şu günki gün bolsa, Ruslaryň getiren jemgyýetçilik gurluşy ornaşdyrylan Türkmen jemgyýetinde ogurlygyň geň görülmeýän adaty hereketleriň biri bolup galandygyny görmek bolýar. Türkmenleriň gylyk häsiýetlerinde bolup geçen bu üýtgeşmeleri göz öňünde tutup, Türkmen jemgyýetiniň geljegi hakyndaky çaklamalarda N.I.Grodekowyň düýpli ýalňyşlyk goýbermändigini aýtmak bolar.
Olar indi ors agzalarynyň ýurduna gulçulyga gidip barýarlar
Aman
2 years ago
Örän gynanyšly,biziñ Ata babalarymuzy ölduren su orslar!!
Aşgabat
2 years ago
Atalarymyzyň gyranlara bu gün käbir yallakylar aga diyip ýörler
Sohbet
2 years ago
Jogapsyz zad bolmaz. Esasan hem bir imperiyanyn Bir Milletinin yok edjek bolmasy bagyşlanmaz.
Yeňiş
2 years ago
Bu taryhy owrendikçe damarlarymda atalarymyň gany oýanyp aýlanmana başlaýar,we bilinç astyndaky mundan öňki ähli dogry hasaplan zatlarym halda şübhelenmä e we soraglamana başlaýan,bu oýanyşyň ilkinji ädimleriniň alamatlary.
Komentariýalar
Merdan Meredov
Hany, Rus aşyklary nirede siz?
Aşgabat
Olar indi ors agzalarynyň ýurduna gulçulyga gidip barýarlar
Aman
Örän gynanyšly,biziñ Ata babalarymuzy ölduren su orslar!!
Aşgabat
Atalarymyzyň gyranlara bu gün käbir yallakylar aga diyip ýörler
Sohbet
Jogapsyz zad bolmaz. Esasan hem bir imperiyanyn Bir Milletinin yok edjek bolmasy bagyşlanmaz.
Yeňiş
Bu taryhy owrendikçe damarlarymda atalarymyň gany oýanyp aýlanmana başlaýar,we bilinç astyndaky mundan öňki ähli dogry hasaplan zatlarym halda şübhelenmä e we soraglamana başlaýan,bu oýanyşyň ilkinji ädimleriniň alamatlary.