Genosid bu köpçülige garşy zulum etmegiň görnüşi bolup, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan berlen kesgitlemä laýyklykda haýsy-da bolsa bir…

Genosid bu köpçülige garşy zulum etmegiň görnüşi bolup, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan berlen kesgitlemä laýyklykda haýsy-da bolsa bir…
Genosid bu köpçülige garşy zulum etmegiň görnüşi bolup, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan berlen kesgitlemä laýyklykda haýsy-da bolsa bir milli, etniki, jynsy ýa-da dini topary doly ýa-da bölekleýin ýok etmek maksady bilen ýerine ýetirilýän amala düşünilýär.
Genosid:
Bu kesgitlemä laýyk gelýän zulum XIX asyrda Rus imperiýasynyň Hywa hanlygyny basyp alan döwründe Ruslar tarapyndan Türkmenlere garşy edilipdir. Has takyk aýdylanda Türkmenlere garşy genosid 1873-nji ýylyň Iýul aýynda amal edilipdir. Türkmenleriň aňynda bu zulum “Gazabat gyrgynçylygy” diýip galypdyr. Bu gyrgynçylyk bilen bagly wakalar barada şol döwürde Ýewropanyň we ABŞ-niň tanymal gazetlerinde (New York Herald, Daily News) birnäçe makalar çap edilipdir. ABŞ-niň Russiýadaky ilçihanasynyň işgäri Ýujin Şuler (Eugene Schuyler) özüniň alyp baran işi boýunça taýýarlan habarnamalarynda hem bu wakalar barada giňden beýan edipdir. Ýujin Şuler 1873-nji ýylda iş sapary bilen Orta Aziýada bolup, bu habarnamalaryny özüniň gören-eşiden zatlaryna esaslanyp ýazypdyr. Onuň 1876-njy ýylda ýazan “Turkistan: Notes of a Journey in Russian Turkistan, Khokand, Bukhara, and Kuldja” atly eserinde hem Ruslaryň Orta Aziýada eden gyrgynçylygy beýan edilipdir. Amerikanyň “New York Herald” gazetiniň harby korrespondenti J.A.Makgahan (Januarius Aloysius MacGahan) hem “Campaigning on the Oxus, and the fall of Khiva” atly 1874-nji ýylda çap edilen eserinde Gazabat gyrgynçylygy barada beýan edipdir. J.A.Makgahan harby korrespondent bolany üçin oňa Orta Aziýadaky Rus goşununyň ýanynda bolmaga rugsat berlipdir. Bu oňa bolup geçýän wakalaryň jümmüşinde bolup, gören zatlarynyň esasynda öz eserini ýazmaga mümkinçilik beripdir. Bulardan başga-da, Hywa hanlygynda diwanbegi wezipesini ýerine ýetiren Muhammad Ýusuf Bek Baýani “Şajarai Horezmşahi” atly eserinde hem-de general M.A.Terentýew özüniň “История завоевания Средней Азии” atly eserinde bu wakalar barada giňden beýan edipdirler.
Gazabat gyrgynçylygy barada ýazylan materiallaryň agramly böleginiň şol döwürde ýazylandygy, genosid sözüniň bolsa umumy ulanyşa XX asyrda girizilendigi sebäpli Türkmenleriň aýal-gyzlaryny, çagalaryny, garrylaryny Ruslaryň uçdantutma gyrgynçylyga bermegini şol materiallarda genosid diýlip atlandyrylmandyr. Şu günki ýagdaýda bolsa bu taryhy wakany has içgin öwrenip, Türkmenlere garşy genosid edilendigi baradaky meseläni gozgamaga doly esas bardygyny görmek bolýar.
Hywa hanlygy Rus imperiýasy tarapyndan basylyp alynanda türkmenlere garşy genosidiň edilendigini delillendirýän ýeterlik derejede maglumatlaryň bardygyny bellemek gerek. General Kaufmanyň general Golowaçýowa 06.07.1873 senedäki №1167 belgili, 10.07.1873 senedäki №1217 belgili we polkownik Sarançewa 06.07.1873 senedäki beren №1169 belgili Görkezmelerini genosidi tassyk edýän maglumatlar hökmünde getirip bolar. Şol döwürde Orta Aziýada “ýarympatyşa” ady bilen tanalan Türküstanyň general-gubernatory Kaufman özüniň iýul aýynyň 6-synda beren şol Görkezmelerinde Ýomutlary tutuş maşgalalary bilen ýok etmek, olaryň hojalyklaryny derbi-dagyn edip, başlaryna talaň salmak (rusçasy: “предать эти кочевья иомудов и семьи их полному и совершенному разорению и истреблению, а имущества их, стада и прочее – конфискованию”) barada öz serkerdelerine tabşyryk beripdir. Iýul aýynyň 10-yndaky Görkezmede bolsa general Kaufman
“tabyn bolmadyk bu tiräni tutuşlygyna gyryp, ýok etmek baradaky meniň buýrugymy ýerine ýetiriň”
(rusçasy: “приведите в исполнение приказание мое об окончательном уничтожении непокорного племени”) diýen sözleri ulanypdyr. Ýagny, Türküstanyň general-gubernatory Kaufmanyň çykaran bu resminamalary bir tiräni tutuşlygyna gyrmagy kanunlaşdyrypdyr.

Indi şu ýerde Orta Aziýada ýaşaýan milletleriň arasyndan diňe Türkmenleri gyrgynçylyga bermegiň sebäplerine seredip göreli. Onuň esasy sebäbini bolsa Hywa hanlarynyň hem-de hanlygy basyp alan Ruslaryň Türkmenleri tabyn edip bilmändiklerinde görmek bolýar. Ruslar goşun sürüp hanlygyň çäklerine gelenlerinde olara esasy garşylygy görkezen Türkmenler bolupdyr. Hat-da, Hywa hany Seýitmuhammet Rahym öz töweregindäki adamlaryň dönüklik edip, Ruslara garşylyk görkezmekden el çekendiklerini bilip, Türkmenleriň ýaşaýan obalaryna gaçyp barypdyr. Hywa Türkmenleri ir döwürden bäri hanlykda harby goşunyň esasyny düzýän esgerleriň wezipesini ýerine ýetiripdirler. Olar Hywa bilen Buhara hanlyklarynyň arasynda bolup geçýän uruşlarda esasy güýç bolup çykyş edipdirler. Türkmenleriň goldawyndan peýdalanýan Hywa hanlarynyň öz duşmanlaryndan üstün çykmagy adaty ýagdaý bolupdyr. Özlerini Hywa hanlygynyň ykbalyna täsir edýän güýç hasaplap, Türkmenler hanlygyň içindäki özara uruşlara, bulagaýlyklara hem gatnaşýan eken. Hywa hanlaryny tagta oturdýanam, agdarýanam Türkmenler bolupdyr. Olar hanlykda hakyky hojaýynlar bolup, hereket edipdirler. Hywa hanlygynda Türkmenler aýratyn hukuklardan peýdalanypdyrlar. Olaryň han gullugynda atly goşuny bolup, ýer salgydyny doly tölemändirler. Hat-da, Türkmeneler ilat üçin hökmany bolan ýaplary arassalamak borjuny ýerine ýetirmekden hem boşadylypdyrlar. Türkmenler jemgyýetiň harby bölegini düzmek bilen, hanlykda öz sözlerini ýöredipdirler. “Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.” eseriniň I tomunyň 26-njy sahypasynda N.I.Grodekow Türkmenleriň Hywa hanlygynda ýerine ýetirýän wezipesini pretorianlaryň Rim imperiýasyndaky, ýanyçarlaryň Osman imperiýasyndaky ýerine ýetiren wezipelerine meňzedipdir. Türkmenleriň “towugyna tok” diýmeýän hanlar öz şahsy howpsuzlygyndan arkaýyn bolupdyrlar. Tersine bolan ýagdaýynda Türkmenler şähere okdurylyp girip, güýç bilen hana öz talaplaryny ýerine ýetirdýän eken. Garşylyk görkezen hanlaryň başy ölümli bolupdyr. Muňa mysal edip, Gutlymyrat hanyň öz köşgünde öldürilmegini getirip bolar.
Türkmenleriň Hywa hanlygynda hojaýynlar bolup, hereket edýän döwründe hanlyk Ruslaryň eline geçipdir. Şonda general Kaufman Hywa hany Seýitmuhammet Rahymy tagtynda galdyryp, onuň bilen Hywa hanlygyny Rus imperiýasyna tabynlykda saklamak barada şertnama baglaşypdyr. Şol şertnama baglaşylmazdan öň Seýitmuhammet Rahym Türkmenlere diýen etdirip bilmeýändigini Kaufmana boýun alypdyr hem-de hanlygy Rus imperiýasynyň tabynlygynda saklamak üçin Türkmenleri gyrgynçylyga bermegiň zerurdygyny aýdypdyr. Başgaça aýdanyňda, başyna bela abananda türkmenleriň arasyna gaçyp baran Hywa hany sözüň doly manysynda Türkmenlere dönüklik edipdir. Şonda general Kaufman Türkmenleri jemgyýetiň aýratyn harby gatlagy derejesinden mahrum edip, hanlykda ýaşaýan beýleki milletleriň derejesine ýetirjekdigine, olara salgyt töletdirjekdigine söz beripdir. Bu maglumat Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň işgäri Waýnbergiň 1877-nji ýylda ýazan “Об отношениях туркмен к Хиве и к русской власти в Амударьинском отделе” atly gulluk namasynda beýan edilipdir.

M.A.Terentýewiň “История завоевания Средней Азии” atly eseriniň II tomunyň 270-271 we 281-284-nji sahypalarynda Türkmenleri gyrgynçylyga bermegiň başga-da bir sebäbi beýan edilipdir. Bu sebäp bolsa Ruslaryň Hywa hanlygyny basyp almak bilen bagly çykdajylaryny we ýitgilerini esaslandyrmak bilen bagly bolupdyr. Hywa hanlygyny basyp almak üçin taýýarlanan meýilnama laýyklykda bu ýöriş dört aýyň içinde tamamlanmaly eken. Emma, suw gytçylygy bilen bagly agyr ýol şertleri sebäpli bu meýilnama ýedi aýda ýerine ýetirilipdir. Bu ýörişe dört sany harby otrýad gatnaşdyrylýar. Şolardan polkownik Markozowyň baştutanlygyndaky Krasnowodsk otrýady Hazar deňziniň kenaryndan, polkownik Lomakinyň (1879-njy ýylda birinji Göktepe söweşinde ýeňlişe sezewar bolan Rus goşununyň komandiri) baştutanlygyndaky otrýad Maňgyşlak tarapdan, general Werýowkinyň baştutanlygyndaky otrýad Orenburg tarapdan we general Kaufmanyň baştutanlygyndaky Türküstan otrýady Taşkent tarapdan hereket edipdirler. Bu otrýadlara umumy baştutanlyk etmek general Kaufmanyň üstüne ýüklenipdir. Hywa barmak bilen bagly agyr ýol şertlerinde bu otrýadlarda ok, ýarag we beýleki serişdeleriň ýitgileri köp bolupdyr. Hat-da, Krasnowodsk otrýady harby üpjünçilik serişdeleriniň agramly bölegini çölde taşlap Hywa ýetmän yzyna gaýtmaly bolupdyr. Bu ýitgileriň ýol şertlerinde däl-de, söweş şertlerinde bolan ýaly edip görkezmek zerurlygy ýüze çykypdyr. Emma Hywalylar Rus otrýadlaryna uly bir garşylyk görkezmän şäheriň derwezeleriniň açarlaryny Ruslara beripdirler. Hywa şäheri tabyn bolandan soň hanlygynyň çäklerinde diňe Türkmenler paç tölemek, gullary azat etmek ýaly Ruslaryň yglan eden talaplaryny ýerine ýetirmändirler. Emele gelen bu şertlerde Rus goşununyň ýitgilerini aklamak, meýilnamada göz öňünde tutulmadyk artykmaç üç aýyň dowamynda goşuna gerek bolan maliýe serişdeleriniň çeşmelerini tapmak üçin general Kaufmana Türkmenleri oka tutup, mallaryny talamak gerek bolupdyr.
Indi şu ýerde Kaufmanyň Ýomutlary gyrmak we olaryň mallaryny talamak işini nähili ýerine ýetirendigine üns bereli. Ilki bilen ol Iýul aýynyň 5-ine Ýomut obalarynyň ýaşulularyny öz ýanyna çagyrypdyr we 300 müň rubl möçberinde olara paç salýandygyny yglan edipdir. Tölenmeli bu pajyň 100 müň rubl möçberindäki birinji bölegini 10 günüň dowamynda, ýagny iýul aýynyň 7-sinden 17-sine çenli, galan 200 müň rubly bolsa şondan soň 5 günüň dowamynda Iýul aýynyň 22-sine çenli tölenmegini talap edipdir. Şondan soň Iýul aýynyň 6-syna çagyrylan ýaşulularyň 5-isini öz obalaryna paç ýygnamak üçin iberip, 12 sany obanyň ýaşulularyny öz ýanynda girewde saklap galypdyr. Diýmek paç salmagy yglan etmek ýöne bir bahana bolupdyr. Asyl maksat paç ýygnamak bolan bolsa öz obalarynda paç toplajak adamlary girewde saklamagyň näme zerurlygy bolduka diýen sorag öz-özünden emele gelýär.
Kaufmanyň maksadynyň paç ýygnamak däldigini ýene bir delil tassyk edýär. Ol hem Iýul aýynyň 5-ine Ýomutlara paç salynýandygyny yglan etmegiň ertesi güni general Golowaçýowa (maglumat üçin: Golowaçýow Syrderýa oblastynyň harby gubernatory wezipesini ýerine ýetiren döwründe döwlet emlägini ogurlamakda aýyplanypdyr – “Кауфманский сборник” eseriniň LXXXIII sahypasy) we polkownik Sarançewa ýomutlary gyrmak baradaky ýokarda belgileri bellenen Görkezmeleriň berilmegidir. Has takyk aýdylanda, pajyň birinji bölegini Iýul aýyň 7-sinden 17-sine çenli tölenilmegine garaşman, Iýul aýyň 6-syna paç tölemeli Ýomutlaryň obalaryny gyrgynçylyga bermek barada görkezme berlipdir.

Şondan soň iýul aýyň 7-sine general Golowaçýowyň baştutanlygyndaky 800 atly hem-de 8 rota pyýada goşun 10 sany toplary we 8 sany raketa atyjy toplary bilen Ýomutlaryň obalaryny gyrgyna salmak üçin ýola düşýär. Gyrgynçylyk bilen bagly hereketlere geçmezden öň general Golowaçýow öz serkerdelerini Kaufmandan alan Görkezmesi bilen tanyşdyrypdyr hem-de Ýomutlaryň jynsyna, ýaşyna garamazdan ählisini öldürmek baradaky buýrugyň birkemsiz ýerine ýetiriljekdigine ynanýandygyny aýdypdyr.
Özleriniň üstüne goşun sürüp Ruslaryň gelýändigini eşiden Ýomutlar obalaryny taşlap gaçyp başlapdyrlar. Türkmenleriň yzyndan kowup gelýän kazaklar (Ruslaryň atly goşununyň esgerleri) Ýomutlaryň boşap galan Buzgömen, Ýaňýap we Bederket obalaryny ýakypdyrlar. Bu obalarda olar ilki bilen küdelenen bugdaý desselerini oda beripdirler. Gazabat kanalynyň boýunda ýerleşýän şol hem-de beýleki Türkmen obalarynyň ýaşaýjylary guma tarap gaçmaga synanşypdyrlar. Olar şol kanalyň giňäp köl bolup duran ýerine ýetenlerinden soň bu kölüň daşyndan aýlanyp, Alamançy obasynyň üstünden geçýän Ysmamut Ata obasyna tarap ýola düşmäge çalşypdyrlar. Emma yzlaryndan kowup gelýän kazaklary görenlerinden soň çagalara, aýallara we garrylara ruslaryň degmejekdigine ynanan Ýomutlaryň köp bölegi öz atlaryny münüp gaçypdyrlar. Göç arabalaryň ýanynda erkek adamlardan diňe garrylar we atlary bolmadyklar galypdyr. Şol arabalaryň yzyndan ýeten kazaklar göçüp barýan ýomutlary jynsyna, ýaşyna garamazdan gyryp başlapdyrlar. Kazaklaryň bu zulumyndan gaçjak bolup, ýomutlar özlerini suwa taşlapdyrlar. Gazabat kanalynyň köl bolup duran şol ýerinde suwuň akymy güýçli bolup, çuň ýerleri köp eken. Rus esgerleri suwa özlerini taşlan adamlaryň ýüzüp, kenara çykmagynyň öňüni almak üçin olary raketa atýan toplar bilen atyp başlapdyrlar. General Terentýewiň bellemegine görä şol gün bu kölde we onuň töweregindäki batgalyklarda gark bolan adamlaryň sany 2000 golaý bolupdyr. Suwda gark bolan Ýomutlaryň mallaryny (dowarlar 1925 baş, ir şahly malar 914 baş, göle 355 baş, düýe 18 baş, at 3 sany, eşek 13 sany) olja edinip, Ruslar has öňe giden Türkmenleriň yzyndan kowup başlapdyrlar. Barýan ýollarynyň ugurlarynda gabat gelen Işmaýa daban, Ýeprem, Alamançy, Badaran, Garpeşli, Akteke, Pullasoltan, Çaňly ýap, Garagulak, Derekli, Bişgir we beýleki obalary Ruslar oda beripdirler. Şolardan öň ýakylan obalary hasaba alnanda jemi 16 oba ýakylypdyr. Ruslaryň zulumundan gaçyp barýan oba ilaty Ysmamut ata obasynda hem durman Yzmyhşir obasyna, ondan soň hem Ýylanly obasyna süýşüpdirler. Olaryň yzyndan kowup gelýän general Golowaçýowyň goşuny Iýul aýynyň 11-ine Yzmyhşir obasyna barypdyr. Iýul aýynyň 13-ine bolsa olar Ýylanly obasynyň töweregindäki Çendir obasynyň golaýynda ýerleşipdirler. Şol gün Ruslaryň otrýadynyň üstüne Türkmenler çozup, 1 praporşigy, 4 sany kazagy öldürüpdirler hem-de 1 kazagy agyr ýaralapdyrlar.
Ertesi gün general Golowaçýowyň ýanyna oba ýaşululary baryp, gyrgynçylygy saklamagy, ýakylan emlägi we talanan mallary tölenmeli pajyň hasabyna almagy hem-de bir aý möhletiň berilmegini haýyş edipdirler. Golowaçýow oba ýaşulularynyň haýyşlaryny ýerine ýetirmän Kaufmanyň buýrugyna laýyklykda herekedini dowam etdiripdir.
Öz ýörişini dowam etdiren general Golowaçýowyň otrýady polkownik Sarançewiň baştutanlygyndaky Orenburg otrýady bilen birigip, herekete geçipdir. Iýul aýynyň 16-syna olaryň üstüne ýene-de Türkmenler çozupdyrlar. “История завоевания Средней Азии” atly eseriniň II tomunyň 275-nji sahypasynda general M.A.Terentýew şol gijeki söweş barada: “Türkmenler ar almak üçin janlaryndan geçip söweşýärdiler” diýip belleýär. Olar tüpeň oklaryna tutulsalarda gözleri gapylan ýaly elleri gylyçly, paltaly duşmanyň üstüne okdurylýan eken. Şol söweşde Rus serkerdelerinden: general Golowaçýow, polkownik Meýer, ştabyň naçalnigi podpolkownik Fride, kapitan Maýew ýaralanypdyrlar we bir serkerde öldürilipdir. Şol gijeki söweşde we ertesi güni edilen hüjümlerde Türkmeleriň 800-e golaýy janlaryny gurban edipdirler.
Iýul aýyň 17-sinde Ruslar Köneürgenç ýolunda göç edip barýan 300 arabaly oba adamlarynyň üstüne çozup, 200 adamy gylyçdan geçirpdirler. Rus goşuny şol ýol bilen hereketini dowam etdirip, ýolda 400 arabalyk, soňra bolsa 1000 arabalyk Ýomutlaryň göç kerwenlerini talap, bu kerwenlerdäki adamlaryň ählisini gyrypdyrlar. Talaňçylygyň netijesinde Ruslar 119 baş düýe, 5237 baş dowarlary ele geçiripdirler.
On gün töweregi dowam eden bu gyrgynçylyk diňe Kaufmanyň otrýadynyň general Golowaçýowyň we polkownik Sarançewiň otrýadlary bilen birigenden soň tamamlanypdyr. Iýul aýynyň 19-yna bu otrýadlar Ýylanly obasynda jemlenişipdirler.
Şu makalanyň başynda Gazabat gyrgynçylygy barada birnäçe makalalaryň, eserleriň ýazylandygy bellenilip geçildi. Şolarda Ruslaryň Ýomutlara garşy eden bu zulumynyň ýazgarylyp beýan edilendigini bellemek gerek. Emma bu ganly wakalara şol döwürde başgaça baha berýän awtorlar hem bolupdyr. 1878-1880-nji ýyllara degişli “Об отпуске полковника Гродекова” atly №34 belgili maglumatda Kaufmanyň Hywa Ýomutlaryny gyrgyna bermek bilen bagly hereketlerine degişli öwgüli setirler ýazylypdyr. Şol setirleriň awtory Grodekow Taşkentden Owganystana we Eýrana iş saparyny amala aşyrandan soň 1879-njy ýylyň Mart aýynyň 18-ine hasabat taýýarlapdyr. Şonda ol general Kaufmanyň Ýomutlary gyrmak baradaky buýrugyna adamzat taryhynda kabul edilen iň bir ynsanperwer kararlaryň biri hökmünde garamalydygy barada öz pikirini beýan edipdir. Grodekow Ýomutlary gyrmak baradaky buýrugyň millionlarça adamlaryň halas bolmagyna, eşretli durmuşda ýaşamagyna getirjekdigine ynanypdyr. Ol öz habarnamasynda Türkmenler ýer ýüzüniň gara tegmili hem-de bütin adamzadyň utanjy diýip belläpdir. Bulardan başga-da Grodekow şol hasabatda tekelere garşy hem şol usullary ulanmak bilen, olaryň ýol ugruna gabat gelenini gaýgyrman ýok etmek, ölmän galanlaryna bolsa ellerinden atlaryny alyp, agyr paç salmak barada öz teklibini beýan edipdir. Ol Ahalyň we Merwiň Tekelerini diňe Kaufmanyň Ýomutlary gyrgynçylyga berşi ýaly üçdantutma gyrmak bilen alamançylygy ýok edip bolar diýip ýazypdyr. Tekeleri gyrmak bilen Rus imperatorynyň iň ynsanperwer işleriniň biriniň amal boljakdygy baradaky aýylganç düşünjelerini Grodekow şol hasabatynda beýan edipdir.
Grodekowyň ýazan şol setirlerini okanyňda Rus serkerdeleriniň ynsanperwerlik, rehim baradaky düşünjeleriniň üýtgeşikdigine akyl ýetirýärsiň. Milletiň bir tiresiniň tabyn bolmaýandygy üçin şol tiräniň agzalaryny ýaşyna, jynsyna garamazdan gyrmak işine olar ynsanperwerlik diýip düşünipdirler. “Кауфманский сборник” atly 1910-njy ýylda şol general Kaufmana bagyşlanyp Moskwada çykarylan kitabyň VI sahypasyndaky: “Harby gullugyň kynçylyklary Kaufmanyň ýüreginden tebigy rehimi we ynsanperwerligi ýok edip bilmändir” diýen setirleri okanyňda bolsa Türkmenlere garşy zulumyň edilmegine Rus harbylary hakykatdan hem ynsanperwerlik we rehim etmek diýip düşünipdirler diýen pikir emele gelýär. Rus serkerdeleriniň ynsanperwerlik, rehim baradaky düşünjeleriniň tapawutlydygyny ýene bir mysal tassyk edýär. Ikinji Göktepe söweşinde general Skobelew Börme obasyny ýakyp, gaçyp ýetişmedik Türkmenleriň birinden Tekelere yglan haty iberipdir. Şol hatda ol: “Men, imperatoryň rehimi bilen ruhlanyp, size soňky sapar Ak patyşanyň keremine tabyn bolmagy teklip edýärin” (rusçasy: “Я, вдохновляемый добротой Государя Императора, в последний раз предлагаю сдаться на милосердие Белого Царя”), diýip ýazypdyr (“Война в Туркмении. Поход Скобелева в 1880-81 гг.”atly eseriň II tomunyň 76-njy we 77-nji sahypalary). Başgaça aýdylanda, Skobelew bir obany ýakyp, tabyn bolmadyk adamlary öldürenden soň özüniň imperatoryň rehimi bilen ruhlanýandygyny ýazýar.
Skobelewiň bu hereketleri Rus imperiýasynyň soňky ýyllardaky basybalyjylykly syýasatyny ýöredijiler üçin mekdep bolup galypdyr. Şol Rus imperiýasynyň dowamaty bolan Sowet soýuzy 1979-njy ýylda “Owgan halkyna kömek” şygary bilen Owganystana goşun sürüp girenden soň 1989-njy ýyla çenli dowam eden urşuň netijesinde şol ýurduň ilatynyň 1 milliondan gowrak adamlarynyň gyrylandygyna, ykdysadyýetiniň bolsa çökendigine taryh şaýatlyk edýär. Häzirki döwürde hem şol Sowet soýuzynyň hukuk oruntutary hasaplanylýan Russiýa Federasiýasynyň alyp barýan syýasatynyň Rus imperiýasynyň hem-de Sowet soýuzynyň beýleki ýurtlary öz tabynlygynda saklamak boýunça alyp baran syýasatlaryndan düýpli tapawutlanmaýandygyny görmek bolýar. Ukraina döwletine degişli bolan Krymy, Donbasy Russiýa federasiýasynyň öz çäkleri diýip yglan etmegi, 2022-nji ýylyň Fewral aýynda bu döwletiň üstüne çozmagy hem muny tassyk edýär. Dowam edýän bu uruşda her günde ýüzlerçe adam öldürilýär. Munuň asyl sebäbi bolsa Russiýa Federasiýasynyň Ukraina döwletini “Rus dünýäsiniň” tabynlygynda saklap galmak islegi bolup durýar.
Şol “Rus dünýäsiniň” täsirinde galýan Türkmenistanda hem häzirki döwürde Russiýa Federasiýasynyň bähbidine gelýän syýasat alnyp barylýar. Dünýäde tebigy gazyň gorlary boýunça dördünji orun eýeleýän Türkmenistanda kanunlaryň işlemeýändigi, müňlerçe adamlaryň türmelerde öldürilýändigi, ençeme ýyllaryň dowamynda ykdysady çökgünligiň höküm sürmegi şertlerinde ilatyň maddy-hal ýagdaýy ýylyň ýylyna ýaramazlaşýar. Ýurtda işsizlik artýar. Şonuň netijesinde bolsa ilatyň köp bölegi daşary ýurtlara göçüp gidýär. Bu ýagdaý bolsa “bir milli topary fiziki taýdan doly ýa-da bölekleýin ýok etmek üçin niýetlenen ýaşaýyş şertlerini bilkastlaýyn döretmek” boýunça genosidiň usullarynyň biriniň durmuşa geçirilmegine meňzeýär.