Türkiýeden yzyna dolanyp baran bir ildeşimiz Çärjewiň Gök Bazarynyň gapdalynda ýerleşen ýaşaýyş jaýlaryna degişli umumy…
Türkiýeden yzyna dolanyp baran bir ildeşimiz, Çärjewiň Gök Bazarynyň gapdalynda ýerleşen ýaşaýyş jaýlaryna degişli umumy tualetiň ýagdaýyny görkezýän bir wideony bize iberdi.
Ýaşaýjylaryň şikaýatlaryna garamazdan hiç hili arassaçylyk işi geçirilmedik umumy tualet, adamlaryň gündelik ulanýan ýerlerinden biri bolup durýar. Wideony bize ugradan kişiniň aýtmagy boýunça,
“Sanstansiýanyň işgärleri Gök Bazarda oturan satyjylaryň günde üstünde. Emma ençeme şikaýatlara aldyryş etmän bazaryň ýanyndaky tualeti görmezden gelýärler.”
Bu iberilen wideoda görlüşi ýaly, bu tualet daş töwerekdäki ýaşaýjylary soň dereje rahatsyz edýär. Wideony iberen kişi bu hapaçylygyň tiz wagtda ortadan aýrylmagyny isleýär. Bu zadyň utanç beriji bir ýagdaýdygyny hem belläp geçdi.
Birnäçe aý mundan öň, Çärjew şäheriniň dürli ýerlerinden şuňa meňzeş ýagdaýy görkezýän suratlar gelipdi.Bu gezek bolsa Çärjew şäheriniň Üçpunkt raýonundan ugradylan suratdaky gapylary bolmaýan we töweregi adamlaryň zyňan hapalary bilen gurşalyp alnan umumy tualetiň ýagdaýy ýene görenleri haýran galdyrypdy.
Ýurdumyzda bolup geçýän wakalary ähli detallary bilen paýlaşýan HSM Habar Youtube platformasynda-da özboluşly wideolary paýlaşýar. Kanalymyza ýazylyp, soňky çykan habarlardan siz ilkinji bolup habarly boluň.
Komentariýalar
Umida
Sen aşaga seretme,tuvalet önemli däl,önemli olan asmanymyz arassa.
Garagum çöli
Ähli adamyň jogaby şol. Gynandyryjy. Altyndan diwarlaryň aňyrsyny görmedik baştutanlarymyz bar
Garagum çöli
Utanç dälmi bu zatlar? Haýsy asyrda biz?