Light
Dark

Faşistik Germaniýa we Sowet Soýuzynyň dost-doganlyk ylalaşygy.

Iki totalitar režimiň dost-doganlyk sözleşmesi, Polşa we Baltika ýurtlarynyň garaşsyzlygyny paltalap, bölmegi maksat edinýär…

1939’njy ýylda Faşistik Germaniýa bilen Sowet Soýuzy arasynda “Çozuş etmezlik” şertnamasy baglanyşyldy. Molotow–Ribbentrop şertnamasy 1939’njy ýylyň 23’nji Awgustynda Sowet Soýuzynyň daşary işler komissary Wýaçeslaw Molotow bilen Germaniýa’nyň daşary işler ministri Ýoahim fon Ribbentrop tarapyndan gol çekildi. Resmi taýdan şertnamada taraplaryň biri-birine hüjüm etmezligine we üçünji ýurtlaryň eden hüjümlerine goşulmazlygyna ylalaşandygy beýan edildi.

1939’njy ýyl, Moskwa. Stalin’iň gatnaşmagynda Molotow-Ribbentrop şertnamasyna gol çekilýär.

Ýöne, şertnamanyň gizlin protokoly bardy, onda Gündogar Ýewropa paýlaşyldy:

  • Germaniýa we Sowet Soýuzy Polşa’ny özara bölüşdi; Germaniýa günbatar Polşa’ny, Sowet Soýuzy gündogar bölegini aldy.
  • Baltika ýurtlary – Estoniýa, Latwiýa we Finlýandiýa Sowet häkimiýetiniň täsir zolagyna girizildi.
  • Molotow–Ribbentrop şertnamasynyň ikinji goşmaça protokolyna laýyklykda, Germaniýa’nyň täsiri astynda bolan Litwa 1939’njy ýylyň 28’nji Sentýabrynda Sowet Soýuzyna berildi.
  • 1940’njy ýylyň 28’nji Iýunynda Bessarabia (häzirki Moldowa çäginde) Sowet Soýuzynyň düzümine goşuldy.

1’nji Sentýabr 1939’da Germaniýa “Fall Weiß” operasiýasy bilen Polşa hüjüm etdi. 17’nji Sentýabrda bolsa, Sowet goşunlary Polşa’nyň gündogaryna girdi. Şeýlelikde, Polşa iki döwletiň arasynda bölündi. 22’nji Sentýabrda Brest–Litowsk’de, taraplaryň çäkleriň demarkasiýasy duşuşyklaryndan soň, Germaniýa bilen Sowet Soýuzynyň bilelikdäki harby ýörişi we şowhunly harby tehnika geçidi geçirildi. Şeýlelik bilen, iki tarap Molotow–Ribbentrop şertnamasyna wepalydygyna birek-biregi ynandyrmaga çalyşdy.

1940’njy ýylyň Iýun – Awgust aralygynda Baltika döwletleri basylyp alnandan soň, Sowet režimi bu ýurtlardan 200.000’den gowrak adamy deportasiýa etdi. 1939–41’nji ýyllarda Polşa’dan 140.000’den gowrak harby serkerdeler we syýasy aktiwist Stalin’iň Gulag’laryna iberildi. 1940’njy ýylyň Aprelinde 22.000 Polşaly ofiser NKWD tarapyndan öldürildi.

Bu şertnama II Jahan Urşunyň başlamagynda örän möhüm ähmiýete eýe boldy. Sebäbi Germaniýa Sowetler bilen uruşma ähtimallygyny aradan aýyryp, günbatara garşy batly hereket etdi. Ýöne, Sowet režiminiň Demirgazyk Bukowina’ny (häzirki Bolgariýa bilen Ukraina’nyň aralygyndaky) hem basyp almagy, Bolgariýa’nyň ähli topraklaryny islemegi ýaly, toprak işdäsiniň Germaniýa’ny rahatsyz ediji derejä çykmagy zerarly, bu hyzmatdaşlyk uzak dowam etmedi. Adolf Gitler “Barbarossa operasiýasy” bilen Sowet topraklaryna hüjüm edip ylalaşygy bozdy.

Şeýlelikde 1941’nji ýylyň 22’nji Iýunynda Faşistik Germaniýa’nyň, Sowet soýuzyna eden hüjümi bilen bu şertnama resmi taýdan güýjüni ýitirdi. Germaniýa’nyň bu ädimi netijesinde Sowet Soýuzy başlangyç döwründe uly ýitgiler çekdi. Ýöne Sowet režimi golastyndaky Orta Aziýa we Kawkaz halklaryna, şol sanda häzirki gün uruş alyp barýan Ukrain halkyna, şol döwür mobilizasiýa yglan edip, Faşistik Germaniýa garşy söweşdiler. Sowet režiminiň naratiwleri we ýöredýän propagandasy saýasynda, halklary bu urşy “Beýik Watançylyk urşy” diýip ynandyryp bildi.

Molotow-Ribbentrop paktynyň netijesinde birnäçe ýurduň ykbaly üýtgedi. Baltika ýurtlary sowetleriň düzümine girizildi, Polşa bolsa iki diktator tarapyndan ikä bölünip, millionlarça adam öýünden, ene topragyndan jyda düşdi. Şeýlelikde, bu şertnama kiçi döwletleriň garaşsyzlygynyň ýitmegine sebäp bolmak bilen ýetinmän, II Jahan urşunyň düýbini esaslandyrdy.

Açar sözler:

Komentariýa ýaz

Your email address will not be published. Required fields are marked *